ALLAHYŇ DOSTLARY
Ebu Hureýra (radyýAllahu anhu) rowaýat edýär: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurýar: „Saçy dargan (daralmadyk), keçelenen, tozanly we gapylardan kowlan nije adamlar bardyr. Allahyň lutfyny umyt edip, bir zat barada „Şeýle bolar“ diýip ant içse, Allah (jelle jelaluhu) onuň andyny ýerine ýetirer, dilegini kabul eder“. (Müslim rowaýat edýär). Şerhi: Adamlaryň ölçegleri (adama baha bermekde) köp halatda Allah Tagalanyň ölçegleri bilen deň gelmeýär. Emma mu'min we musulman adamyň garaýyşy we baha berişi bilen deň bolmak mejburiýetindedir. Yslamdan uzak adamlar bir ýana, hatda musulmanlaryň arasynda hem adama köplenç geýnişi, saçy-sakaly, dünýewi käri, jemgyýet içindäki ornuna we wesipesine, gurbuna görä baha berýärler. Emma Allah Tagala adamyň takwasyna görä baha berýär. Ol kalplara we amallara sereder. Bu babatda köp hadyslar bar. Ynsan şu babatda diýseň hikmetli we gözi açyk bolmaly. Adamlara garaňda hiç wagt tekepbirlik we göwniýetmezçilik etmeli däl. Allahyň söýýän adamlaryny men hem Allah razylygy üçin söýýän. Hawa! Olaryň üsti-başy tozanly,saçy-sakgaly daralmadyk,köp halatda olary mejlislere hem goýbermezler, kowarlar „onuň ýeri däl“, „ol nämä gerek“ diýerler. Ýöne ol mu'minler bir hem kemsinmezler, şol mejlislere alynmaýarys diýip amallaryny peseltmezler, yhlaslary gaçmaz. Sebäbi olaryň amallary diňe söýýän ilahlary-ýeke täk bolan Allah Tagala üçindir. Aslynda olaryň emir bolmak, ýolbaşçy bolmak, uly at-abraýly mejlislere gatnaşmak ýaly aladasy ýok. Bu adam Töwhydy we yhlasy öz içine (tenine) siňdirip, şonuň bilen ýaşaýar. Şonuň üçin Allah Tagala ony söýýär we söýen adamsynyň tutýan eli, ýöreýän aýagy, görýän gözi bolýar (hadysda aýdylyşy ýaly). Ony doly penasyna alýar, hemaýat edýär. Yhlas-adama ylym ýollaryny, hikmet syrlaryny açýar, ony beýgeldýär, gitdigiçe Allah Tagala golaýlaşdyrýar we kalbynda muhabbet-söýgüni artdyrýar. Şonuň üçin şeýle adamyň dilegi kabul bolýar. Dilegleriň kabul bolmagy adamyň yhlas we takwa derejesine baglydyr. Pasyk we günäkär adamyň dilegi kabul bolmaz. Emma kalbynda birjik hem riýa we dünýewi bähbit bolman Allaha päk yhlas bilen gulluk-ybadat edip ýören adamyň dilegleri we kasam eden (ant içen) zatlary inşallah bolar durar. Iň esasy zat amaly Allahyň bilmegidir. Mu'min hiç wagt adamlara peseldiji göz bilen seretmeli däl we adamyň daşky görnüşine görä baha bermeli däl. Belki ol adam Allahyň söýýän bendesidir we senden hem Allaha ýakyndyr. Şu döwürde hatda musulmanlaryň arasynda şol ölçeg ýitip başlady. Dünýewileşme tupanyna düşüp, diňe dünýäni kowalaýan musulmanlaryň ölçegleri hem üýtgedi. Musulmanlaryň köpüsi hem takwa we yhlasly bendeler bilen dost bolanyndan, baý we peýdalanyp boljak adamlaryň daş-töwereginde jemlenişýärler. Din Yslama hyzmata özüni beren adamlar bilen oturşyp-turuşmak olar üçin gyzykly däl. Hatda şeýle bir derejä geldi welin şol mu'minler bilen bilelikde görünmäni, salamlaşmany we bile ýöremäni hem özlerine utanç bilýärler. Bu Yslam ölçegleriniň ýatdan çykarylýandygyna delil dälmidir? Diňe Allahy söýýän adamlar Robbleriniň söýýän adamlaryny Allahyň razylygy üçin söýerler, olara hormat-sylag goýarlar, köpräk şol adamlar bilen bile bolmaklykdan täsirlenerler, häsiýetlerinden we ylymlaryndan peýdalanarlar we doga-dileglerini aljak bolarlar.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir