Iwany suda çagyrýarlar-da, goňşusyna "doňuz" diýip sögeni üçin 100 manat jerime salýarlar. - O nähili beýle bolýar? Geçen gezek hut şol söz bilen sögemde 50 manat töledipdiňiz-ä? - Siz näme, doňuzyň gymmatlanyny bileňzokmy? * * * Komandirowkadan gaýdyp gelen äri aýalynyň içki jaýda nätanyş erkek kişi bilen bile wagty üstünden barýar. - ??? Aýaly sojap dem alyp, ýüzüni tutýar: - Ana, indi, öýkemisiň-de kinedir, müňkürligem üstüne. * * * - Wasýa, Iwanyň doglan gününe kitap satyn alaýsak nädýär? - Goýsanaý, onda öňem biri bar-a. * * * - Goňşy, mellege çyksaň, aýalym menem öýde oturdanok. Hars urmasana beýdip?! - Onda senem maşynyňy sat... * * * Möjek, şagal we pyşdyl arak içmekçi bolýarlar. Möjek bilen şagal hinde galyp, dükana pyşdyly iberýärler. Bir sagat geçýär, pyşdyl ýok. Iki sagat geçýär, pyşdyl ýok. Möjek: - Bu çaka çenli men iki gezek baryp gelerdim! - diýýär. Şagal: - Eý, mytdyllap barýarka bir çöpüň kölegesinde uklap galandyr-da. Sen nä pyşdyla näbeletmi? - diýýär. Birden hiniň agzyndan pyşdylyň kellesi görünýär-de, ol şeýle diýýär: - Beýdip, yzymdan gybatymy etjek bolsaňyz, asla gitjegem däl! Türmäniň gözegçisi tussaglara ýüzlenýär: - Bu gün ertirligiňize diňe çaý beriljekdir. Tussaglaryň biri: - Ýanynyň gandy bilenmi? - diýip soraýar. - Belkem gury çaýam atmalydyr - diýip, gözegçi azgyrylýar. * * * Iki sany garga şahada otyr. Olaryň biri şeýle teklip edýär: - Ýör, gidip serçeleri ürküzeli. Beýlekisi garşy çykýar: - Goýsan-aý, gowusy et dükanyna gidip ýalaňaç ördekleri synlany. * * * Restoran. Aşyk-magşuk biri-birinden gözlerini aýryp bilmän otyrlar. Ýigit: - Sen şeýle bir eýjejik, şeýle bir eýjejik, hut iýesim gelip barýar-da. Gyz: - Ah, menem şeýle ezizim! Nahar buýrularyna garaşyp, bizar bolan ofisant: - Ýeri, onsoň siz näme içmekçi? * * * Husyt kişi dostuna hat ýollaýar: "Salam, dost jan! Hatymyň ýany bilen seň haýyş eden puljagaňyzam iberjekdim. Arman, bukjany ýelmän ekenim. Bagyşlarsyň!" * * * Faşistleriň konslagerinde. - Sen, sen, sen, ... - A maňa mümkinmi? - Bolýar, senem. Öňe çykyň. Ählisini atmaly! Çehoslowakiýa öz ýurtlarynda deňiz floty ministrligini döretmäge kömek etmekleri üçin teçribeli adamlary ibermek barada SSSR-e ýüz tutýar. Moskwada haýran galýarlar: - Çehoslowakiýada deňiz ýog-a! Size ministrlik nämä gerek? - Deňiz bolmanda näme? Sizde-de medeniýet ministrligi bar-a?! * * * Kürrejik kellesini haýata uryp durşuna zol gaýtalap dur: - Masgaraçylyk, gör nähili masgaraçylyk! Onuň ýanyna ejesi barýar. Kürrejik oňa sorag berýär: - Eje, meniň kakam dogrudanam eşekmi? - Howwa, kürrejigim. Kürrejik ýene-de kellesini haýata gütüledip başlaýar: - Masgaraçylyk, baryp ýatan masgaraçylyk! * * * Bir zenan adamsyna ýüzlenýär: - Eger aýallar bolmadyk bolsa, ýeri, siz - erkekler näme iş ederdiňiz? - Hiç zat etmezdik. Hezil edip jennetde ýaşar ýörerdik! * * * Winni-Puh bilen Ýemşijek tokaý ýodajygy bilen barýarlar. Birden Winni-Puh yzyna öwrülýär-de: Ýemşijegiň tumşugyna gütüledýär: - Men näme etdim saňa? - Siz doňuzlardan her zada garaşybermelidir. * * * Aýnada özüni synlap, göwni geçen zenan öz ýanyndan hüňürdeýär: - Meniň adamyma geregem şu
Hany dostlar yylgyryn
-
myratmeredow
13 years ago
- dos janyn sag bolsun.. gulup hezil etdim
-
zumerchi
13 years ago
- ha ha ha ochen smeshno!
-
NMG
13 years ago
- ha ha ha örân gülkünç we düşünjeli
-
Adgjmptw
13 years ago
- :-) öň ešitmedik anekdotlarym, saul Ependi!
Friendship 13 years ago- Ha-ha-ha...