Ogluna gargan ene Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Onuň ady Enedi. Näme üçin Allah oňa beýle ady beripdir bilemok. Adamsy ýogalyp bir ogul bir gyz bilen ýalňyz galjakdygy üçinmi? Ýa-da dünýede iň ajy ykbalyň ýene enäniň paýyna düşýäni üçinmi? Ýa-da ýöne dünýä inmezinden sähelçe gün öň ýanynda ýogalan enesiniň ady dakylany üçinmi? Bilmedim. Bilmeýänime-de şükür, bilsedim - ýüregim götermezdi, aklyma sygmazdy... Onuň ady Enedi. Ýeke gyzyny çykaransoň,oguljygyny on sekiz ýaşap-ýaşamanka öýeren enedi. Niçe ýyl ýalňyzlyga döz gelip, indem üç sany agtyjagyň arlygyny ýuwan enedi. Soňam ogluna gargan ene boldy. Onda-da ne gargyş - azary etinden geçip süňküne ornan enäniň gargyşy: “Sen ölsediň. Yzyňda gelniň başga birine äre gitsedi. Menem gelniň äre giden öýüne agtyjaklarymy görmäge barsadym” diýdi. Enäniň dilegi kabul boldy. Ertesi ogly özüni asdy. Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Ene onuň tabydynyň başynda perýat etdi. Il-gün welin, oba ulukjyn beren gerreçiniň ölenine kän bir gynanyp durmasa-da ony adam ýaly jaýlady. Ejesiniň gargyşyna namys eden ogul - ”Wah, ýeke balam, ýalňyz balam, kysmaty gara balam, men guraýyn” diýen nalyşyna dözüp tabytda ýatan ogul - men diýen ýaşynda bir tümmek guma öwrüldi galyberdi... Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Men muny ýazmazdym. Häzirem ýazamok. Ýalyny nädip kagyza dolajak. Bu kagyza ýazylan ýazgy bolsady, şol zäheri satyp baý bolýanlar muny äkidip syrtlaryny süpürerdiler. Emma ýalyn beýle işe ýaramaýar. Hawa, gelinem äre gitdi. Ene-de agtyjaklaryny görmäge äre giden gelniň öýüne, gurbady giden ädimleri bilen barýar. Ol köneje pürenjekli bir gysym bolup barşyna galoşynyň köçeleriň ürpek gumuna batýanynam, gözünden syrygýan ýaşam duýanok. Ölidiginem duýanok,diridiginem... Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Men aglamok. Gözümden ýaş damýan bolsa, ýaşymy ýandak bilen sylaryn. Goý, ýandak ýüzümi ýyrtsyn, gözüme çümüp kör etsin. Gözüm görmez, janym ýanmaz. Ýöne men aglap bilemok. Gözümden ýekeje damja-da ýaş damanok diýip ene içinden gürleýärdi Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady...
Ogluna gargan ene...
-
floralis
13 years ago
- Allajan, olar yaly durmushy gorkezmesin hich kime...
-
DG
13 years ago
- Dogry ene gargysyna galmaly däl.Eý alla eden gúnûñe menä $ùkúr edýän,bendäñ b/n deñ bolma Alla jan deñ bolma
Ene atalaryñyzy närazy etmäñ!!!
-
DG
13 years ago
- Dogry ene gargysyna galmaly däl.Eý alla eden gúnûñe menä $ùkúr edýän,bendäñ b/n deñ bolma Alla jan deñ bolma
Ene atalaryñyzy närazy etmäñ!!!
-
zagajkis
13 years ago
- barde enan gunasi yok diyen yaly. ogly gunakar yada sona owredenler we satanlar
-
ozik
13 years ago
- hmmm bah, duygulandyryjy hekaya, belki bu hekaya yalan bolsunda.
Ahal ozun duzdunmi yada real durmushdan aldynmy?
Narkamanlang ong yalak namysjangdygyny bilmandim.
-
yaya
13 years ago
- hekayan gaty gowy Allatagallada ahli aydan zatlarymyzy esidyamis enaning hem nalasyny esiden bolmalyda.ene-atamyzyn gargysyna galmajak bolalyn olary razy edelin.
-
ependi
13 years ago
- narkomanlar namysjan bolanok eger cekmage zat tapman azarlasa sheydip ozlerini asyalar!
-
AHAL
13 years ago
- menden bular yaly hekaya duzen bolmaz!! yone bular yaly wakalar kop bolyar!!
allajan beterinden gorasyn diyaymek galyar!!
-
Ayjagash
13 years ago
- Hawa allajan beterinden gorawersin. Bir narkaman diyp nice adam yanypdyr. 3 ogly, gelmi, ejesi. Gor nace adamy yakypdyr.
-
AHAL
13 years ago
- hawwalay bir yerda okapdym "hytayyn bir patshasy bar eken ilki bir tochka achdyrypdyr mugt gerre beryan. 1 aylap yurtdaky hemme gerrekeshleri gelip alypdyrda gerrejik. otayda welin kim gelse sholan adyny adresini alyp galyan eken!! son 1 aydan son hemmesini yygnap chole chykaryp atdyrypdyr!! sheydip gerre diyen belada galmandyr shon yurdunda!!
-
flover
13 years ago
- Allajan bu hekeyan hekayalygyna men nahili shat beyle durmushy Allajan dushmanymada yazmasyn gaty gynandyryjy hekaya.
-
AHAL
13 years ago
- hakyky bolan waka shul!!
bular yaly waka oran kopdur!!
-
flover
13 years ago
- way ahal gaty gynandym......
-
zumerchi
13 years ago
- gygyrsady, yalan bolsady diyenden yazmaly dal ekenin ahal ost! Beyle gynandyryjy waka ozi hem mumkin dal. Ene perzendinden name yamanlyk gorsede doymaz! Ruhnamada bir hekaya yadyma dushdi, belki bilyansinem
-
Gapyrjak
13 years ago
- Dogry aýdylan gürrüñ, gerrekeshiñ ahyrky ýetjek derejesi shodur! Öýüni ýykar, ýurduny ýykar, ene-atañ gargynjyna galar. Haýsy gerrekeshiñ durmushyna seredäý, öýüni gülündirýäni ýokdur, basharsa öýünem satjak sholar, satanam kän, hudaý saklasyn olary!
-
ozik
13 years ago
hemmelere salam! Bu wagt 5 yyl mundan onki wagt bilen deneshdirende narkamanlar azaldy, indi yoldan chykyan, haram keype gyzyan yashajyk gyzlar kopeldi.....
-
sahett
13 years ago
- gowsyny etsin diy oynanmana we okanyna degyan hakykat
AHAL 13 years ago- okamana yaltanman adamlar okanyna degyandir!!!