Belorussiýada bu ýyldan başlap sygyrlara pampers geýdirip başladylar. Emma munuň haýran galarlyk ýeri ýok. Sebäbi,sygyrlara pampers geýdirmeklik tejribesi bireýýäm Şweýsariýa,Demirgazyk Koreýa we Awstraliýada ulanylyp gelinýär.Belorussiýada bolsa prezident Aleksandr Lukaşenkonyň fermalardan birine baryp görmeginden soň oýlap tapyldy. Gara mallaryň örän hapa şertlerde saklanmagy, daş-töwerege ýaýraýan ýakymsyz ys we janaweriň öz tezegine bulanyp ýörmegi Lukaşenkony gynandyrdy. Şol sebäpli oba-hojalyk ugry boýunça iki sany ýokary wezipe eýesi işden boşadyldy.
Belorussiýaly ekspertleriň aýtmagna görä,gara mallara pampers geýdirmek diňe bir daş-töweregiň arassa bolmagyna ýardam etmän,eýsem dersden metan gazyny almaklygy hem aňsatlaşdyrýan eken.
Mundan başga-da, Belorussiýada birnäçe ýyldan bäri sagylýan sygyrlara ýakymly saz diňletmek tejribesi hem üstünlikli ýola goýulan. Fermalardaky sygyrlar Musorskiý, Mosart, Bethowen,Şostakowiç dagylaryň eserlerini diňlänlerinden soň,öňkülerindenem köp süýt berip başlapdyrlar.
****
-
Khanture
3 years ago
- :)
-
Jeksparro
3 years ago
- Belo ruslar-da olar...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Chyn bolsa dogrudyr)))
-
Dowsypat00
3 years ago
- Sygyrlarynyz ucin in gowy pampers bu "Turco Cow"!
-
Real.123.
3 years ago
- 👍👍👍👍
Khanture 3 years ago- Betaý bela galan ruslar!!!