“Real Madrid” hem-de “Mançester Siti” ýeňiş bilen dolandylar

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň birinji oýunlary düýnki duşuşyklar bilen tamamlandy. Düýnki oýunlarda-da myhmançylykdaky toparlar ýeňiş bilen dolanyp, çärýek finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandylar. Kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” myhmançylykda “Atalantany” Benžamin Mendiniň 86-njy minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda ýeňmegi başard...

Dowamy »

714 0
Sport, 3 years ago


Türkmen adynyň gelip çykyşy

Türkmen adynyň gelip çykyşy häzirki wagtda bolşy ýaly, geçmişde hem alymlaryň ünsüni ep-eslije özüne çekipdir. Bu hakda irki alymlaryň arasynda iki pikir bolupdyr.

Bularyň birine görä TÜRKMEN sözi, TÜRK we pars dilinde bolan MAN (manänd: meňzeş, meňzän) goşulmasyndan döräp, türke meňzeş diýmekdir. Al-Biruni we Kaşgarly ýaly uly alym...

Dowamy »

688 2
Edebiýat, 3 years ago


Söýgi däneleri

– Gözleriňi ýum!
– Ýumdum.
– Näme görýärsiň?!
– Garaňkylyk.
– Gözleriňi aç! Indi näme görýärsiň?
– Seni.
– Sen meni şol garaňkylykdan halas edermiň?!

* * *

Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sow...

Dowamy »

708 4
Edebiýat, 3 years ago


Ýygrylmaýan köýnek

Erkek kişilere, hatda öý bikelerine-de hoş habar: Italiýanyň «Boggi Milano» kompaniýasy erkek kişiler üçin ýygyrt atmaýan, ütüklemek gerek bolmaýan köýnegi işläp taýýarlady.

Täze köýnek «Ultimate Non Iron» tehnologiýasynyň önümidir. Has takygy, onuň matasy ýuwulanda ýüze çykyp biläýjek ýygyrtlaryň öňüni alýan ultra tekiz güýçlendirij...

Dowamy »

658 3
Täzelikler, 3 years ago


Ýeňiş ýodasynda

Bir wagtlar gurbagalar öz aralarynda ýaryş geçiripdirler.Ýaryşyň şerti elektrik sütüniniň depesine dyrmaşyp yza gaýtmak eken. Bu ýere ýaryşyjylardan başga-da tomaşaçy gurbagalaryň köplügi hem gelipdir. Şeýlelik-de ýaryş başlaýar. Şol bir wagtyň özünde-de tomaşaçylar belent sesli gürläp olara syn berip başlaýarlar.

-Şu wagta çenli bu...

Dowamy »

764 4
Edebiýat, 3 years ago


Futbol täzelikleri: "Bawariýa" çärýek finala ilkinji ädimini ätdi

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň düýnki oýnalan duşuşyklarynda myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazandy. Kubogyň häzirki eýesi “Bawariýa” myhmançylykda Italiýanyň “Lasio” toparyndan 4-1 üstün çykyp, çempionlygyny goramak ugrunda nobatdaky ädimini ätdi. Nemes toparyna ynamly ýeňiş getiren gollary Lewandowski (9), Musiala (24), Sane (42) hem-de Aç...

Dowamy »

662 5
Sport, 3 years ago


Baba Annanow

Wagt elmydama öz gahrymanlaryny döredip gelýär. Geçen asyryň ortalarynda ýaşap hem döredip geçen sungat ussatlarymyz Alty Garlyýew, Baba Annanow, Artyk Jallyýew, şeýle-de meşhur «Aýgytly ädim», «Keçpelek», «Şükür bagşy» ýaly filmleriň sazyny ýazan belli kompozitor Nury Halmämmedow dagy halkyň ýüreginde orun alan ussatlardyr.
Ýazyjy Berdi Ker...

Dowamy »

815 3
Edebiýat, 3 years ago


Niagara şaglawugy doňdy

ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli Niagara şarlawugy bölekleýin doňdy. Doňup galan akymlar wagtal-wagtal ala-zenzele bolup, aşaklygyna gaýdýan buz böleklerine öwrüldi. Tomaşa etmek üçin goňşy ştatlardan we Kanadadan müňlerçe syýahatçy gelýär. Esasan hem, myhmanlary gümmürdeýän buzly akymlaryň üstünde emele gelen älemgoşar haýran galdyrdy. Bu sebitde sowuk...

Dowamy »

712 1
Täzelikler, 3 years ago


Futbol täzelikleri: Messiden ýene bir rekord

Lionel Messi futbol kariýerasynda rekordlary goýmagy dowam edýär. Meşhur futbolçy bu gezek Ispaniýa çempionatynda oýunlaryň sany boýunça Kataloniýanyň klub rekordyny täzelemegi başardy. Bu möwsümde «La Liganyň» 24-nji hepdesinde Kamp Nou stadionynda «Barselona» we «Kadiz» topary bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Argentinal...

Dowamy »

721 3
Sport, 3 years ago


Nurberdi han barada

Nurberdi han ahalyň hany bolan. Ol teke-togtamys-garaýörme-wekildendir. Ol öz döwründe Sarahs söweşine (1855), Garrygala söweşine (1858), Mary söweşine (1861 ayratyn edermenlik görkezen we hanlyk derejesine yeten adam bolupdyr. ol Gowşut han bilen birlikde Mary iliniñ we Ahal iliniñ tekedir, salyr, saryk we s. m... tire taypalary öz agyzlaryna bakd...

Dowamy »

609 1
Edebiýat, 3 years ago


Şaja Batyrow barada

Şaja Batyrowiç Batyrow –görnükli alym, guramaçy, meşhur jemgyýetçilik we döwlet işgäri, TSSR Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti (1959-1965), SSSR Ýokary Sowetiniň (2-3 çagyryşlar) we TSSR Ýokary Sowetiniň (1, 2, 3, 4, 5, 6 çagyryşlar) deputaty, TKP MK-nyň agzasy, TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň agzasy. Ol 1908-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmen...

Dowamy »

683 4
Edebiýat, 3 years ago


Magtymguly - Sazyna degmez

SAZYNA DEGMEZ

Bezimniň lezzetin bilmeýen adam,
Hünärli ýigidiň sazyna degmez.
Betsyýakly, bethüý bolan pis adam
Perizadyň eden näzine degmez.

Bimagnynyň sözi janyňdan öter,
Gybat edip, özi günäge batar,
Ýamanyň zyýany iline ýeter,
Nadanyň peýdasy özüne degmez.

Ad...

Dowamy »

615 2
Edebiýat, 3 years ago


Futbol täzelikleri: Katarlylaryň döwründäki iň şowsuz möwsümi

Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-iň 26-njy tapgyrynda PSŽ öz meýdançasynda “Monakodan” 2-0 asgyn geldi. Bu ýeňlişden soň, 3-nji orna düşen PSŽ şu möwsümde 6-njy gezek ýeňlişe sezewar boldy. Şeýlelikde, PSŽ katarly işewürleriň satyn alan gününden bäri iň şowsuz möwsümini başdan geçirýär. Ýagny bir möwsümde 6 gezek ýeňlen PSŽ soňky gezek 2010/11 möws...

Dowamy »

652 0
Sport, 3 years ago


Futbol täzelikleri: Ikisiniň umumy çykdajysy 1 milliard ýewro golaý bolar

“Real Madrid” topary häzirki döwrüň ýaş ýyldyzlary fransiýaly Kilian Mbappe (PSŽ) bilen Erling Holanny (“Borussiýa D”) düzümine goşmakçy bolsa, onda topar azyndan 852 million ýewro möçberinde pul harçlamaly bolar. Bu barada Ispaniýanyň meşhur sport gazetlerinden AS giňişleýin habar berýär. Topar her oýunçyny transfer etmek üçin olaryň klublaryna 15...

Dowamy »

668 0
Sport, 3 years ago


Futbol täzelikleri: Inter & Milan

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da çempionlygy kesgitleýän oýunda “Milan” bilen “Inter” duşuşdy. Çekeleşikli geçen “Derby della Madonnina” derbisinde “Inter” 3-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. “Intere” ýeňiş getiren gollaryň ikisini Lautara Martines, beýlekisini-de Romelu Lukaku derwezä girizdi. Bu ýeňişden soň, “Inter” topary 2-nji ýerdäki “Milan”...

Dowamy »

680 3
Sport, 3 years ago


Futbol täzelikleri: Liwerpool

Angliýanyň çempionatynda soňky çempion “Liwerpulda” pese gaçyşlyk dowam edýär. Geçen möwsümi taryhy rekordlar bilen tamamlan “Liwerpulyň” bu möwsümde bolsa asyrlyk, köp ýyllyk antirekordlary täzeläp başlady. 2021-nji ýyla geçip, yzly-yzyna şowsuz netijeler alan Kloppuň şägirtleri 25-nji tapgyrda ezeli bäsdeşi “Ewertondan” öz meýdançasynda 2-0 asgyn...

Dowamy »

662 2
Sport, 3 years ago


Degişmeler

GÖWÜNLIK
Iki hatyn gürleşip otyr. Biri:
— Örän gynanýan. Ärimiň maňa diňe baýlygym üçin öýlenenine indi anyk gözüm ýetdi— diýýär.
Ikinjisi göwünlik berýär:
— Gowu-da, diýmek daşyndan görnüşi ýaly samsygam däl eken!.

NÄME ÜÇIN GOŞULÝARSYŇ
Bir adam itiniň ýüpünden tutup köçeden ýöräp barýan mahaly hal...

Dowamy »

813 6
Edebiýat, 3 years ago


Her bir işde haýyr bardyr

Bir wagtlar Afrikadaky bir ýurtda hökümdarlyk edýän bir patyşa bardy. Hökümdar çagalykdan bile önüp-ösen dostuny hiç ýanyndan aýyrmazdy. Nirä gitse, ony-da öz ýany bilen äkiderdi. Patyşanyň bu dostunyň bolsa üýtgeşik bir sözi bardy. Isle öz başyna gelsin, isle başgasynyň; isle oňat bolsun, isle oňsuz ― her hadysa garşysynda hemişe şol bir sözüni ga...

Dowamy »

741 5
Edebiýat, 3 years ago


Öýlengin

Ýigit halyň garrylyga

Salaýyn diýseň, öýlengin.

Kethudalyk endişesin

Kylaýyn diýseň, öýlengin.



Kethudalyk gözel ýoldur,

Gaýgy garrydar, gam öldir,

Ýigitlik bir gyzyl güldür,

Solaýyn diýseň, öýlengin.


Dowamy »

599 2
Edebiýat, 3 years ago


Täsinlikler

Kengurular yza ýöräp bilmeýärler.
Piller böküp bilmeýärler.
Kebelekler aýaklary bilen tagam duýýarlar.
Arylar sekuntda 200 gezek ganat kakyp bilýärler.
Pingwinler suw içmeýärler. Olarda suwuň düzüminde duzy aýyrýan ýörite mäzler bar
Žirafalar 53 sm uzynlykdaky dilleri bilen öz gulaklaryny arassalap bilýärler.

Dowamy »

738 6
Täzelikler, 3 years ago


"Titanik" gark bolmady diýen pikir bar

1912-nji ýylda gäminiň heläk bolmandygy baradaky habar bütin dünýäni sarsdyrdy. Tehniki öňe gidişligiň anyk nusgasy we şol döwürde innowasion arzuwlaryň aňry çägi bolan gämi buzdag (aýsberg) bilen çaknyşandan soň suwuň aşagyna çümüp gitdi. Ýöne muňa garamazdan «mail.ru»-nyň «Popular Mechanics»-e salgylanyp ýazmagyna görä, soňky ýyllarda internetden...

Dowamy »

792 6
Täzelikler, 3 years ago


Futbol täzelikleri

UEFA Ýewropa Ligasynda 1/16 finalyň birinji duşuşyklary oýnaldy. Oýnalan 16 oýnuň 9-synda myhmanlar ýeňiş gazandy. Jemi 59 gol geçirilip, 2 oýunda 7 gol hasaba alyndy.

Italiýanyň “Milan” topary myhmançylykda “Srwena Zwezda” bilen duşuşyp, oýun 2-2 hasabynda deňlikde gurtardy. “Milan” 90+3-nji minutda Milan Pawkowyň goluny saklap bilm...

Dowamy »

697 0
Sport, 3 years ago


Iňlis klublarynyň uly hasaply ýeňişleri

UEFA Ýewropa Ligasynda 1/16 finalyň birinji oýunlary iňlis klublary üçin şowly geçdi. Iki topar myhmançylykda 4 golly ýeňiş gazanyp, beýleki ikisi-de deňme-deňlik bilen Angliýa dolandylar.

“Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Real Sosiedady” Bruno Fernandeşiň (2), Reşfordyň hem-de Jeýmsiň gollary bilen 4–0 utdy. “Tottenham” hem myhman...

Dowamy »

663 0
Sport, 3 years ago


Degişmeler

Öý haýwanlary

Mugallym okuwçysyndan:

“Öý haýwanlary esasylaryny sanap ber hany!” – diýip, soraýar

Okuwçy azyrak pikirlenip:

“It, pişik, tagtabiti, çybyn…..”

Özüm synanyşyp gördüm:

Biologiýa mugallymy okuwçysyndan soraýar:

“Ýerde we suwda ýaşaýan...

Dowamy »

770 5
Täzelikler, 3 years ago


Hawi “Barselona” dolanyp biler

2021-nji ýylyň tomsunda Ispaniýanyň “Barselona” futbol topary öňki oýunçysy Hawi Hernandez tälimçilik wezipesine bellemek isleýärler. Bu barada “TASS” habar gullugy “La Gazzetta dello Sport” neşiriniň žurnalisti Nikolo Skira salgylanyp habar berýär. Häzirki wagtda Hawi Katar döwletiniň “Al–Sadd” futbol toparynda tälimçilik wezipesinde işleýär. Bu t...

Dowamy »

678 3
Sport, 3 years ago