Türkmen adynyň gelip çykyşy häzirki wagtda bolşy ýaly, geçmişde hem alymlaryň ünsüni ep-eslije özüne çekipdir. Bu hakda irki alymlaryň arasynda iki pikir bolupdyr.
Bularyň birine görä TÜRKMEN sözi, TÜRK we pars dilinde bolan MAN (manänd: meňzeş, meňzän) goşulmasyndan döräp, türke meňzeş diýmekdir. Al-Biruni we Kaşgarly ýaly uly alymlaryň hem şeýle düşünmekleri, XI. asyrda bu pikiriň giňden ýaýrandygyny görkezýär.
XIV. asyrda hem Eýranda şeýle bir açyklama kabul edilipdir.
Ikinji pikire görä TÜRKMEN, TÜRK-I IMAN (iman getiren türk) sözünden gelip çykypdyr.
Häzirki wagtda bolsa, TÜRKMEN sözi TÜRK we atdan (isimden) we işlikden artykmaçlyk we üýtgeşiklik sypatyny ýasaýan MAN/ MEN ( gojaman, edermen, degirmen we …) goşulmasyndan emele gelip, asyl türk, soý türk manysyny berýär diýen pikiriň üstünde durulýar.
Türkmen adynyň gelip çykyşy
-
Dowsypat00
3 years ago
- Turke menzesh diyen sozden gelip cykan diymek gayta gulkuli ol.Turkmenin ozi turki bolan.Ozi turk bolan halka,turke menzesh diymegin hajaty yok.Yolda bir orsy gorsen orsa menzesh diyemizoga,ors diyyas.Turkmenlerin gelip cykyshy turk bolman hindi,hytay bolup,emma dashky keshbi turke menzesh bolanda onda aytsak dogry turke menzesh diyip.
LUKMAN_GYZ 3 years ago- +++++++++