Öý haýwanlary
Mugallym okuwçysyndan:
“Öý haýwanlary esasylaryny sanap ber hany!” – diýip, soraýar
Okuwçy azyrak pikirlenip:
“It, pişik, tagtabiti, çybyn…..”
Özüm synanyşyp gördüm:
Biologiýa mugallymy okuwçysyndan soraýar:
“Ýerde we suwda ýaşaýan haýwanlardan bir mysal getirip ber hany!”
Okuwçysy:
“Pişik” diýip jogap beripdir.
Mugallymy geň galyp sorapdyr:
“Pişikler suwda ýaşap bilmez ahyry?”
Okuwçysynyň jogaby şeýle bolupdyr:
“Düýn men-ä bir pişigi derýa zyňdym, olam beýleki tarapyna ýüzüp suwdan çykdy.”
Sekizden soň..
Mugallym okuwçylardan:
“5-den soň haýsy belgi gelýär?” diýip sorady.
Okuwçylaryň biri elini galdyryp:
“6” diýip jogaplady.
Mugallym:
“Dogry, onda 8-den soň näme bolýar”
Okuwçy:
“8-den soň Gün batýar.” Diýip jogap beripdir.
Degişmeler
-
Nätänyş adam
3 years ago
- :)))))
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- xexex))
-
yashalym
3 years ago
- yone suwda pisik yasayara suw pisik
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @yashalym xexex daa
Söhbet Abdullaýew 3 years ago- 😊😊😊😂