Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-iň 26-njy tapgyrynda PSŽ öz meýdançasynda “Monakodan” 2-0 asgyn geldi. Bu ýeňlişden soň, 3-nji orna düşen PSŽ şu möwsümde 6-njy gezek ýeňlişe sezewar boldy. Şeýlelikde, PSŽ katarly işewürleriň satyn alan gününden bäri iň şowsuz möwsümini başdan geçirýär. Ýagny bir möwsümde 6 gezek ýeňlen PSŽ soňky gezek 2010/11 möwsüminde 8 sapar utulypdy. PSŽ-ni 2011/12 möwsüminde katarlylar satyn alypdy.

Şeýle-de, bu ýeňişden soň “Monako” topary-da çempionlyk ýaryşyna goşuldy. Myhmançylykda “Loriýany” 4–2 hasabynda ýeňen “Lill” 58 utuk bilen 1-nji ýerde barýar. 2-nji ýerdäki “Lionyň” 55, 3-nji basgançakdaky PSŽ-niň 54 utugy bar. “Monako” 52 utuk bilen 4-nji ýerde bolup, garşydaşlarynyň ýalňyşaryna garaşýar.



çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir