ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli Niagara şarlawugy bölekleýin doňdy. Doňup galan akymlar wagtal-wagtal ala-zenzele bolup, aşaklygyna gaýdýan buz böleklerine öwrüldi. Tomaşa etmek üçin goňşy ştatlardan we Kanadadan müňlerçe syýahatçy gelýär. Esasan hem, myhmanlary gümmürdeýän buzly akymlaryň üstünde emele gelen älemgoşar haýran galdyrdy. Bu sebitde sowuk howanyň derejesi 10-a çenli düşdi. Şaglawuk birnäçe ýyldan bir gezek doňýar. Soňky 170 ýylda suw akymy diňe üç gezek doly togtady.
kalbynur... 3 years ago- Häää