Bir wagtlar Afrikadaky bir ýurtda hökümdarlyk edýän bir patyşa bardy. Hökümdar çagalykdan bile önüp-ösen dostuny hiç ýanyndan aýyrmazdy. Nirä gitse, ony-da öz ýany bilen äkiderdi. Patyşanyň bu dostunyň bolsa üýtgeşik bir sözi bardy. Isle öz başyna gelsin, isle başgasynyň; isle oňat bolsun, isle oňsuz ― her hadysa garşysynda hemişe şol bir sözüni gaýtalardy:
― Munda-da bir haýyr bardyr!
Bir gün patyşa bilen hälki dosty awa çykdylar. Meger, howlukmaç doldurylandygy üçin peşeňiň agzy gowy ýapylmadyk bolarly, patyşa bir sapar mäşäni gysanda, tüpeň hökümdaryň baş barmagyny ýoldy. Bu ýagdaýy gören dosty hemişeki sözüni dile getirdi:
― Munda-da bir haýyr bardyr!
Hökümdar barmagynyň yzasyna çydam edip bilmän, dostunyň üstüne heňkirdi: «Munda haýyr-maýyr ýok! Göreňokmy, barmagym ýolundy?»
Soňra-da gaharyna bäs gelip bilmän, ýasawullaryna dostuny zyndana taşlamagy buýurdy.
Aradan bir ýyl töweregi wagt geçdi. Hökümdar ýene awa çykdy. Awa kellesi gyzyp, duşman taýpalara degişli meýdana geçenini-de duýman galdy. Ýerli taýpalar öz topraklaryna aýak basan del ynsany derrew ele saldylar we obalaryna äkitdiler. Elini-aýagyny güýlüp, obanyň ortasyndaky takyr meýdança getirdiler. Üýşürilip goýlan äpet odun depejiginiň ortasyndaky sütüne bagladylar. Ýaňy bir oduny alawa berjek wagtlary hökümdaryň başam barmagynyň ýokdugyny gördüler. Bu taýpanyň yrymlaryna görä, beden agzalaryndan biri kem bolan ynsany öldürmek bolmaýardy. Beýle ynsany öldüren ýagdaýlarynda başlaryna şowsuzlyk we betbagtçylyk gelýär diýip ynanýardylar. Bu gorky bilen patyşany boşatdylar we ony öz çäklerinden kowup çykardylar. Patyşa bilen bile ele düşen beýleki adamlary bolsa şol ýerde oda ýakypdyrlar.
Köşgüne dolananda, ölümden gutulmagyna barmagynyň ýolunmagynyň sebäp bolandygyna göz ýetiren patyşa ençe ýyllyk çagalyk dostuna zyndan durmuşyny rowa görendigine puşman etdi. Derrew zyndana ylgady we dostuny azat edip, başyndan geçenleri birin-birin gürrüň berdi:
― Sen hak aýdypsyň. Dogrudanam, barmagymyň ýolunmagynda-da haýyr bar ekeni. Seni munça wagtlap zyndanda saklandygym üçin meni bagyşla. Men juda erbet iş etdim.»
Dosty ýylgyryp, şeýle jogap berdi:
― Ýok, aslyýetinde, munda-da bir haýyr bar.
― Diýýäniň näme, jan ýaly dostumy bir ýyllap zyndanda saklamagymyň niresinde haýyr bolup biler? ― diýip, hökümdar dostunyň jogabyna geň galdy.
― Pikir et, men zyndanda bolmadyk bolsam, hökman seniň bilen bile awda bolardym. Bu ýagdaýda maňa hem seniň ýanyň bilen gidenleriň ykbaly garaşýardy…
çeşme: ylymly.com
Her bir işde haýyr bardyr
-
yekejam.
3 years ago
- Menem su sôzi kop gaytalayan. Her bir isde hayyr bar.Her name bolsada bàhbit bolsun.Su sôzler hemise maña kômek etyar
-
Nirvana
3 years ago
- @yekejam. Menem sheyle. Yene-de bir shygarym: Her gijanin bir säheri, her gyshyn bir bahary bardyr!
-
FanB...
3 years ago
- Yekejam sen bilen nadip habarlasyp bolya
-
@Resul
3 years ago
- ++
loveee_@ 3 years ago- +++++ mlds