Söýsün diýip gül bermedim gyzlara,
Diýdim: "Güller ýaly owadan boluň!"
Guýa meňzeş ýürekli bir oglanyň
Ýürek suwun aljak gowadan boluň!
Sekmesin diýip saklamadym saraýym,
Sadalygmy bilip samyrdana men.
Söýenime ýürek açyp baraýyn,
Söýgümi siňdirip damar-gana men.
Külterlän ýollarym boldy gumaksy,
Şonda-da bermedim başym armana.
Diýseler-de: "Aý, bir danasumak şu",
Geçip bildim köçesinden barmanam.
Sebäp ýokka ýalňyz bolup ýitere,
Köp bolsa-da bu ýollaryň öwrümi.
Nesipli gün maksadyma ýeterin,
Şolam bezär bu bäş günlük ömrümi.
Çaryberdi REJEBOW
BeZZaT. 3 years ago- Söýsün diýip gül bermedim gyzlara,
Diýdim: "Güller ýaly owadan boluň!"
+++++++