Ýyllarmy, ýollarmy, aýralyklarmy,
Aýra edip taşlan, agladyp taşlan,
Ýa-da ýeňilmedik ýeňişlermika,
Ýaňy duşamyzda ýadyrgap başlan.
Bary ykbal bolup siňýär täleýe,
Takdyrlar sürüsin galňadyp gelýäs.
Ýene keç ykbala ýadyrgap aglan,
Bendäni özümiz diňdirjek bolýas.
Tenhalyk kalbyňa derman käteler,
Menem hyýalymda pyntyklar bilen,
Ýylgyrýaryn saňa suratkeş dostum,
Bulaklara goşularyn bir günem.
Akaryn, nazaryň egle birsellem,
Gülkülerim gaýnar ýazlaň başynda,
Hem sülmüräp, girip-çykýan gelniňi,
Maňa meňzedersiň, täsin ýaşynsa.
Howa dost, surat çek, meniň bu keşbim,
Bardyr, gapyňdaky ýalňyz agaçda.
Hem senden haýyş bar, başaryp bilseň,
Adam bolup barmadygmy bagyşla.
Oguljennet BÄŞIMOWA.