Aý astynda duşuşmamyz ýok biziň,
Ýok sowgatlar,
şirin-şirin wadalar.
Böwrümi diñledip ýanyp ýörün men,
Gysga hem çuň garaýyşlaň oduna.
Gözleriñden jogabymy gözleýän,
Duçar bolup "Söýgi" atly kesele.
Ýok, gelenok.
Gelýär diñe her gün agşam ýatmankam,
"Gijän rahat bolsun" diýen SMS.
Gijelerim müň mertebe asuda,
Telim görýän düýşlerimem süýji meñ.
Ýöne, welin,
Biraz bagtym gijigen.
Säherlerne seni ýatlap oýanýan,
Gündizlerne gözlerimiň gözlegi.
Bilýäñmi sen, gün ýaşana howlugyp,
Uzynly gün sekunt sanap gezýänim,
Okamaga şol arzyly sözlemi ?!
Aý astynda duşuşmamyz ýok biziň,
Ýok wadalar, şirin sözler, gezelenç.
Ýöne, maña umyt berýär şeylebir,
Her gün agşam buşluk bolup okalýan
"Gijäñ rahat bolsun!" diýen SMS.
Aşyr Hanow