Ýürekdeş

Isle söýýän diý, isle ýürekdeş,
Ýöne bolmasyn aramyz daş.
Isle ýoldaş bol, isle ömürdeş,
Men seni saýladym bolaý ýürekdeş.

Ýürekdeşim diýip saýladym seni,
Çyn ýürekden söýýärin, örteme meni.
Seniň adyň bilen alýaryn demi,
Men seni söýýänä, söýäý ýürekdeş.

Ýa meniň söýgimi ýalan...

Dowamy »

830 5
Edebiýat, 3 years ago


Eger ýalan bolsady...

Ýalan bolsa hiç diýmezdim, seniň ýaly uýam bar,
Görüp seni çyndan söýdüm gelejege güwäm bar,
Ýalan däldi tutuş gije saňa diýen sözlerim,
Aldamana ýürek etmez gaty gorkýan Allam bar.

Kemlerim bar, belki oňa ýaýdanýaň,
Gorkup belki iç pikriňe aldanýaň,
Men bolsa bu ýerden uzak bakyşyma,
Saňa ba...

Dowamy »

691 0
Edebiýat, 3 years ago


Baryň aýdyň oňa

Baryň aýdyň oňa ýatlaýanymy,
Ýatlap gijelerine ýatmaýanymy,
Ara ençe salym giren-de bolsa,
Söýgä sadyk, özgä bakmaýanymy.

Suratlaryny synlap oturýanymy,
Sesini şeýle bir küýseýänimi,
Garran bir goja deý bakyp umytly,
Ýollara göz dikip, gözleýänimi.

Adyny her demde tutýandygymy,...

Dowamy »

754 5
Edebiýat, 3 years ago