Öň kän synanyşdym aýtmaga saňa,
Söýgümi diňlänem ýazgy depderim.
Şu gün depderim däl, özüň okarsyň,
Sen hakda ýazylan söýgi hatlarym.
Hawa,söýdi ýürek,bu meň öz hatam,
Ýüregime emir edip bilmedim.
Ýogsam,ilki "Söýýän " diýmejek bolup
Bu duýgymy özümdenem gizledim.
Bilýän,seniň oýlaň başga dünýäde,
Ham-hyýaldan orun ýokdur maňa-da.
Bu sözlerim üçin ýazgarma meni,
Ýürek ýol berenok asla galada.
Bu hat saňa iň birinji we soňky,
Indi beýle goşgy asla ýazylmaz.
Gyýylma,ýüregim,görseňem gaty,
Bir taraply duýga söýgi diýilmez.
Aýjeren Gadamowa