Ölsem, äkitjegim ýokdur dünýaden,
Bir suratyn atyň onuň ýanyma.
Ahyrky menzilme deň ädim äden.
Garylmak mümkin ruhum janyma
Ölsem, küküregime äpet daş goýuň.
Çişip ýatan dertlerimi peseltsin,
Mazarymy az hem çukurrak oýuň.
Kalbymyň aýylganç sesin eseltsin.
Ölsem, oňa açyk gitsin gözlerim.
Munda ýumup ýaşanlarym ýeterlik.
Görmek üçin gelen giden yzlaryn,
Ýer galdyryň iki garyş öterlik.
Ölsem, çalyň onuň söýýän sazyny,
Toprakdan dolmanka duýsun gulagym.
Duýman galdym ömrüň köpin azyny
Arasynda ötdim bar bilen ýoguň.
Ölsem, saçlarymy ýüzüme ýapyň
Çagyrmaň, gelsede görmesin ýüzüm.
Adymyň yzyna keleme sapyň,
Geçenler okasyn betbagt sözüm.
Nurana Arslanowa.