KÖL ÝAKASYNDAKY OBA hekaýa

KÖL ÝAKASYNDAKY OBA

Aleksandr Bragine

Biz tirkeşdip on-on bäş öýli kiçijik obajyga gelip giren wagtymyz gün ýaňy ilerik agyp ugrapdy. Sowujak şemal
öwsüp ýaňy boýugyp ugran otlaryň ýüzüni daraklap geçýärdi. Moskwada häzir agaçlar ýaprak ýazmaga ýetişen hem bolsa ondan ýüzlerçe menzil demirgazykda ýerleşen...

Dowamy »

1322 0
Edebiýat, 5 years ago


Ýolbars hekaýa

Ýolbars
(Hekaýa)
Tomsuň yssysy heniz beýle bir ýakyp baranokdy. Gaýta öz ýylysy bilen jana
ýakymly ýalydy. Atamyrat aga tutudyň kölegesine keçe atyndy. Öýden
agtyjaklaryndan biri çyksa, ýassygam aldyrjakdy. Emma olardan hiçisi görnenoky.
Özi alyp çyksa-da boljakdy welin, bir oturansoň turasy gelmedi. „Hany çyka...

Dowamy »

1407 1
Edebiýat, 5 years ago


Boýuňa döneýin

Boýuňa döneýin

Sähra degresinde duran gül kamar,
Ýaşyl geýen al boýuňa döneýin!
Söz sözläňde katra-katra bal damar,
Ak ýüzüňde hal, boýuňa döneýin.

Meniň işim keçdir, şowuna düşmez,
Özge bilen hergiz sulhum alyşmaz,
Mal bereýin diýsem, küştüm ýetişmez.
Mende ýokdur mal, boýuňa...

Dowamy »

1208 0
Edebiýat, 5 years ago


Asuda gün hekaýa

ASUDA GÜN
(Hekaýa)
Bu günki howaň ýüzi göwnaçyk, mylaýym adamyň ýüzüne meňzeýärdi. Ol günüň
gününe beýle bolup durmaýardy. Yssy tomusdan soň güýz bilen gelen salkynlyk,
mylaýym ösýän şemal özüne bendi edip barýar. Gyzgylt sary öwüsýän ýapraklar
ýumşak şemala şahalardan peýwagtyna, parahat, hersi öz nobatynda ga...

Dowamy »

1212 0
Edebiýat, 5 years ago


Atdaşlar hekaýa

ATDAŞLAR

(Hekaýa)

Myratly oglanka aýlawa kän gelerdi. Şeýle bir aty, aýlawy gowy görerdi, esli wagt
çapyksuwar bolmagyň arzuwynda-da gezdi. Athana-da baryp gördi. Emma
çapyksuwar bolardan boýy uzyn geldi. Soň mekdebi tamamlap, daşary ýurda
okuwa gitdi. Şol ýerlerde-de, bir gezek, baran ýurdunyň...

Dowamy »

1256 2
Edebiýat, 5 years ago


Sözüm bar saňa

Sözüm bar saňa

Gara gözli, galam gaşly perizat,
Aýdabilmen, birje sözüm bar saňa;
Yşkyňda köýüp men dat bilen bidat,
Iki çeşmim bir görmäge zar saňa!

Şikeste men, zülpleriňe baglama,
Hanjar alyp, ýürek-bagrym daglama,
Myhmanyň men işigiňden kowlama,
Gerek dälmi namys bilen ar s...

Dowamy »

1210 0
Edebiýat, 5 years ago


Diliň derdinden

Diliň derdinden

Aşygam, saklana bilmen
Saýraýan diliň derdinden;
Bilbilem, uklaýa bilmen
Gyrmyzy gülüň derdinden.

Sen Şasenem, men şasuwar,
Garybyň men, kyl istiwar,
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda balyň derdinden.

Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýol...

Dowamy »

1208 0
Edebiýat, 5 years ago


Eneler (hekaýa)

ENELER

(Hekaýa)

„Eneler jomartdyr, giňdir eneler...”
Gurbannazar Ezizow.
Bu waka 1950-nji ýyllaryň wakasy. Ony maňa Daňatar agaň özi gürrüň berdi...
Tuwak ejäň gelni Amansoltanyň ýene aýagy agyrdy. Ilki ilkijesi, soň ikinjisem
durmansoň üçünji bäbejigiň dünýä injek güni ýakynlaşdygyça içerd...

Dowamy »

1452 5
Edebiýat, 5 years ago


Meýdan ýoluksa

Meýdan ýoluksa

Bedew ölse, meýdan galar armanly,
Hak yşkyna at sal, meýdan ýoluksa;
Ýigit ölse, heňgam galar döwranly,
Wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa.

Ýigit bardyr, sözün tapmaz süýrüder,
Ýigit bardyr, demi daşlar erider,
Jaý ýerinde gaýra galsa, garrydar,
Goç ýigidiň aty ça...

Dowamy »

1134 0
Edebiýat, 5 years ago


Bu derdi

BU DERDI

Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagyndan,
Ne beladyr, kimse çeker bu derdi?
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,
Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.

Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,
Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,
Egiler haýbatly, kuwwatly daglar,
Daşlar eräp, çeke bil...

Dowamy »

1126 0
Edebiýat, 5 years ago


Biwepalardan

Biwepalardan

Gözläp köňül berme biwepalarga,
Bak, kim wepa görmüş biwepalardan!
Goýma özüň ýersiz bet jepalarga,
Kim bähre tapypdyr bu jepalardan!

Yşkyň owazasyn diňle daşyndan,
Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan,
Serişdäň kem bolsa yşkyň işinden,
Bar, habar al gören mübtela...

Dowamy »

1163 0
Edebiýat, 5 years ago


Sogan we sarymsak raga garşy gorag

Soganyň we sarymsagyň ynsan bedenini rak keseliniň ýaýramagyndan goraýandygyny fransuz alymlary ynamlylyk bilen öňe sürýärler. Biziň eždatlarymyz ir zamanlarda hem bu önümleri köp ulanypdyrlar. Alymlar bu önümleriň esasy oňaýly täsirlerini çişe we sowuklama garşy häsiýetleri bilen baglanyşdyrýarlar. Golaýda soganyň peýdasy bilen baglanyşykly barlag...

Dowamy »

1793 0
Bilim, 5 years ago


ÝÜP hekaýa awtory Kakamyrat Ataýew

ÝÜP
Hekaýa

Keşde çekilip, gaýma gaýalýan, kiriş ýaly sapak däl bi.
Bilek ýogynlygyndaky uly tanap hem däl. Tanapdan inçe.
Göze görnen gyzyň örüm saçyndan hem inçe. Çen bilen
orta ýaşly adamyň başam barmagyndan-a inçeräk,
külembikesindenem ýogynyrak, adaty bir ýüp. Munuň
deregi ýüpek, ýüň...

Dowamy »

1249 6
Edebiýat, 5 years ago


ÜLEŞIK hekaýa awtory Kakamyrat Ataýew

ÜLEŞIK hekaýa


Bir gün gijara ýanyma dostum Sahy geldi.
– Dost, köne şaý-sep satýan tanyş-bilşiň ýokmy? –
diýip, ol öýe girmän, aýak üstünden habaryny berdi.
– Saňa gerek bolsa, tapylmajak zat bolmaz, gardaş –
diýip, men onuň tüýs göwnünden turaýjak jogaby berdim.
Sebäbi hakykatdan hem meniň...

Dowamy »

1224 0
Edebiýat, 5 years ago


Gyzykly sorag zehiniňizi barlamak üçin

Bir maşyn sagadyna 72 km tizlikde gelýär we ol maşynyň tormoz pedalyny basman sag tarapa aýlanýar. Sorag maşyn 72 km tizlikde gelýän wagty tormoz pedalyny basman sag tarapa aýlansa maşynyň haýsy tekeri aýlanmaýar????.
ÜNS BERIŇ
Ulagyň tizligi 72 km tizlikden azam däl köpem däl göni 72 km.

Dowamy »

1460 1
Sorag-jogap, 5 years ago


Pähimler 2

MENANDRYŇ PÄHIMLERI (ikinji bölümi)

Garyplygy ýigrenme. Ynsanyň juda pese gaçan mahaly bolýar, onuň haçandyr bir wagt aýak üstüne galjakdygyna ynam edilmeýän pursady bolýar. Birdenem ykbal ony örän belende göterýär, şonda ähli kişi oňa hormat goýup ugraýar. Baýlygam garyplyk ýaly ebedilik däldir.

Eger-de, öýlenmekçi...

Dowamy »

1222 1
Edebiýat, 5 years ago


Pähimler 1

MENANDRYŇ PÄHIMLERI. (Birinji bölümi)
(Menandr biziň eramyzdan ozalky 343—291-nji ýyllarda ýaşan).


Akyldar Menandr şeý diýipdir:
Ata-eneňe sarpa goý. Gojalygy ýaňsylama— çünki seniňem ümzügiň şol tarapadyr.
Özüňden ulyny syla, şeýtseň soň saňa-da hormat ederler.

Gandarlyk etme. Hiç haça...

Dowamy »

1206 0
Edebiýat, 5 years ago


Bugdaý

Bugdaý

Reň açar hoş saýaly,
Seniň ysyň hoşdan, bugdaý;
Ekip emele getiren
Kimdir seni başdan, bugdaý?

Ujallap peliň başyna,
Tohum goýbermän daşyna,
Berk tutup, ýaby goşuna
Günde ekdim üçden, bugdaý.

Daş ýanyndan malyn güýdüp,
Gatnawyň kän gelip-gidip,

Dowamy »

1093 0
Edebiýat, 5 years ago


Pyrtykalyň saglygymyza 10 peýdasy

Pyrtykal we peýdalary

Ýiti we janly ysy bilen tagamly miwelerden biri bolan pyrtykal witaminlere baýdyr. Esasy düzüminde C witamine baý bolsada B, A witaminleri we kaliý, fosfor, magniý ýaly maddalar hem bardyr. 1 stakan pyrtykal suwynyň düzümindäki C witamini saglygymyza örän gowy täsir edýär. Ýöne çägini bilip içmeli sebäbi artykma...

Dowamy »

1597 0
Bilim, 5 years ago


Ýazyrhanyň gyzy

Ýazyrhanyň gyzy

Bizi görüp, gülkä başlar,
Gülsün ýazyrhanyň gyzy;
Ak gollaryn sala-sala,
Gelsin ýazyrhanyň gyzy.

Dost tapylar golda bara,
Başa ýüpek mahmal büre,
Hanjar alyp, bagrym para
Dilsin ýazyrhanyň gyzy.

Gaýna, ýüregim gaýnap joş,
Ak ýüzde bardyr ga...

Dowamy »

1108 0
Edebiýat, 5 years ago


Güýz gunçalary (hekaýa)

GÜÝZ GUNÇALARY
(Hekaýa)
Sazçylyk mekdebiniň soňky synpynda okaýan Ýagmyr bu gün ejesiniň gözüne has
mährem görünenini, ejesiniň içinden „Gözden-dilden gorasyn“ diýenini nireden
bilsin?!
Heniz hökümini doly ýöredip başlamadyk güýzüň ýyly günleriniň biridi. Ýagmyr
irden turup bägülleriniň bu ýyl iň soňky,...

Dowamy »

1162 4
Edebiýat, 5 years ago


NEDIR ŞA

NEDIR ŞA
(1688-1747)

XWIII. asyrda Eýranda şalyk eden Nedir, 1688-nji ýylda dünýä gelýär. Ol gelip çykyşy bilen türkmenleriň awşar taýpasynyň garakly tiresindendir. onuň ýaşlygy Äbiwert-Deregez (häzirki Kaka)-de geçýär. 1711-nji ýylda kakasy Imamguly han aradan çykandan soňra ol,
kerwenleri talaýan garakçylara...

Dowamy »

1915 1
Bilim, 5 years ago


Gowşut han

GOWŞUT HAN
(1823-1878)

Gowşut han 1823-nji ýylda belli türkmen serkerdesi Öwezdurdy batyryň maşgalasynda dünýä inýär. Öwezdurdy
batyryň 5 ogly bolup olaryň iň ulusy Gowşut, iň kiçisi Hojaguly handyr. Gowşut hanyň öz oglanlary bolsa: Baba
han, Baýramaly han, Hüjrep han, Nobat han, Hally han, Sary han we D...

Dowamy »

1838 6
Bilim, 5 years ago


Alma barada geň maglumatlar

Alma hakynda gyzykly 15 maglumat

Alma hakynda geň maglumatlar

Miwe we bakja önümleri witaminden doly bolanlygy üçin saglygymyza gowy täsiri bardyr. Her gün iýýän miwelerimizden bolan alma hakynda pikirlenip gördüňizmi? Bu miwaniň nähili aýratynlyklary bar oýlandyňyzmy? Suwlyja bolan wagty has hem süýji bolýar. Geliň on...

Dowamy »

2174 2
Bilim, 5 years ago


Getirer

Ýanaşmagyn dek otura,
Duşarsyň bela-betere,
Gyz berseň bozuk hatara,
Obasyna jeň getirer.

Aýak ile baş bolanda,
Akyllylar ýaş bolanda,
Iki azan duş bolanda,
Buz üstünde çaň getirer.

Mätäji, gez öwüt bile,
Abraý alawer at bile,
Bagşylar ýüpek, tut bile
Bilbi...

Dowamy »

1182 0
Edebiýat, 5 years ago