GÜÝZ GUNÇALARY
(Hekaýa)
Sazçylyk mekdebiniň soňky synpynda okaýan Ýagmyr bu gün ejesiniň gözüne has
mährem görünenini, ejesiniň içinden „Gözden-dilden gorasyn“ diýenini nireden
bilsin?!
Heniz hökümini doly ýöredip başlamadyk güýzüň ýyly günleriniň biridi. Ýagmyr
irden turup bägülleriniň bu ýyl iň soňky, açylsam-açylsam diýip duran gunçalaryna
başgaça seretdi. Ruhunda üýtgeşik duýgy oýanyp, ýaňy ýigrimi ýaşan ýaş kalby
terpenen ýaly boldy. Öýe girende nädip pioninosynyň gapagyny açanyny bilmän
galdy. Barmaklarynyň öz-özi, sähelçe-de agram görmän „Dutaryň owazyny“
çalmaga başlady. Ir bilen pioninosynyň başyna geçmek endigi onda okuwa gireli
bäri bardy. Ýöne bu gün bar zat başgaçady. Saz çalyşam başgady.
Adatdakysy ýaly ejesi oglunyň ertirligini taýýar edip, saçagy ýazypdy. Nartäç
daýza oglunyň sowatman çaýyny içenini hernäçe islese-de, sazyň gutararyna
garaşdy. Garaşa-garaşa ahyry sazlaryň arasyna düşen sähel böwşeňlikden
peýdalanyp beýleki otagdan: „Ýagmyr, çaýyňy demländirin“ diýip seslendi.
Ejesiniň sesine sazynyň dünýesinden çykan Ýagmyr çalmasyny goýdy. Emaý bilen
pioninosynyň gapagyny ýapyp, ertirlik edinmek üçin aşhana geçdi.
Ýagmyryň ertirlik edinşi beýleki doganlarynyňky ýaly howul-hara däldi. Oglunyň
käsesine guýunýan çaýynyň sesine çenli beýleki otagda eşidip otyran ejesi başga
günlerde bahana tapsa onuň ýanyna barardy. Dogrusy, bahanasyz baranda-da öz
ogly, üstesine-de ejesini görse, ony begendirjek gürrüňleri tapagan ogly! Bu gün
welin ol Ýagmyry aşa ezizlemekden, öz gözüniň degerindenem çekinip beýleki
otagda otyrdy. Ol mydamam öz islegini däl, oglunyň göwnüni öňde goýardy. „Çaý
içip oturanam bolsa, pikiri sazyndadyr, gowusy azar bermäýin“ diýip içini gepletdi,
diňe oňa diňşirgenip, aşhanadan eşidilýän her şykyrdydan ogluny göz öňünde
janlandyryp oňdy.
Ýagmyr ertirlik edinip bolansoň, okuwyna gitmek üçin geýindi. Gutardyş
synpynda bolansoň okuwa ol kä ir, kä giç giderdi. Ejesi muny anyklamagy
bahanalap oglunyň ýanyna bardy.
- Bu gün ir gitmelimidiň?
- Synpdaşlarymdan görmelim bar, şo taýdanam sapaga baraýjak. Eje kakamyň
üzüm gyrykýan gaýçysy niredekä?
- Ony näme etjek? Bolmaly.
Nartäç daýza derrew gaýçyny tapyp getirdi. Ýagmyr gaýçyny biraz çekinibiräk
aldy-da:
- Eje, güllerden okuwa äkidäýjek? – diýdi.
- Äkidäý, oglum. Tikeninden seresap bol.
Dowamy teswirlerde…
Awtory: Ylýas Amangeldi.
Güýz gunçalary (hekaýa)
-
Gürgençli
5 years ago
- - Ýeri onsoň, olary hakykatdanam kime berjegiňi bileňokmy? Ýa at oýnadýaňmy?
- Eger çynym.
- Bir ýerde okaýaňmy? Sen ýöne, göwnüňe alaýma sorag ýagdyryp otyr diýip.
- Ýok-la agam, sazçylykda okaýan, atam oýnadamok.
Ýagmyr gep alyp galmany kyn görüp „at oýnadamok“ diýenine gaharyna ýüzüni
sowup maşynyň gapdal aýnasyndan köçä seretdi. Sürüji muny aňmady ýa-da
aňmadyklardan bolup sözüni dowam etdirdi.
- Baý-bow, onda-dagy gülüňi öňüňden çykyp alarlar. Aýdymçy-tansçy gyzlar
bardyr!
Mundan soň sürüjiň Ýagmyr bilen işem bolman, sözüne „hä“ berilsin berilmesin
gürledi geldi. Edil edere gep tapanyna begenen ýaly „Aýdymçy-tansçy gyzlara gül
daşap ýörenlerden däldigiň gowy zat“ diýip bir çykdy, „Olaryňam içinde gül ýaly
maşgalalar bardyr“ diýip bir çykdy. Ýagmyr oňa ýeke agyzam jogap bermedi.
Ýogsa onuň sürüjä aýdara, hatda käbir aýdanlaryna garşy gidere öz garaýyşlary
ýogam däldi. Dogrusy, okuw jaýlaryna-da golaýlapdylar.
Ýagmyr maşyndan düşenden soň irden sebäbine özem düşünmän bogan çemeniniň
bu gün uly alada goýjagyny syzdy. Bu duýgy bilen maşynyň gapysynam
gereginden ýuwaş ýapdy. Sürüji maşynynyň gapysyny özi gaýtadan ýapyp,
içinden: „Ýuwaşsyran bolýaň welin, betje ogul bolaýmasaň. Gülüň tikenlije tarapy
bilen ýumşak ýeriňi bir-iki saparjyk saýaýsaň beýdibem ýörmersiň“ diýdi.
Ýagmyr sähel salymda arany açan maşynyň yzyndan garap galdy. Içinden:
„Gülleri maşynda galdyryp düşen bolsam bolmaýarmy“ diýdi. Beýdip gül göterip
ýörmänsoň, gujagy çemenli, özüni oňaýsyz duýup: „Dogrudanam, men muny
näme etsemkäm? Oňa äkidip berere bahanamam ýok. Käşgä görşüp-duşuşyp ýören
bolsam“ diýip pikir etdi.
Ýagmyryň „Ol“ diýýäni aşak ýandaky synpdan Sonagüldi. Ýöne Sonagülüň häzir
nirededigem belli däl. Sapakda bolmagam mümkin. Sapakda bolmanda-da „Muny
seniň üçin getirdim“ diýip, gülüňi somlap durup bolmaz-a. „Uf-f, nireden
ýolupdyryn“.
Ýagmyr çaltyrak özüni bir jaýda gizlemek isläp, başga-da gidere ugur tapman
okuw jaýlaryna tarap ýöräp ugrady. Öz eli bilen başyna alan aladasyndan
dynmagyň alajyny gözledi. Kellesine: „Gapyda oturýan daýza goýaýyn. Sonagülede gowşur diýeýin“ diýen pikir geldi. Soňam bu pikirine özi garşy çykdy. „Eder
öýdýäňmi? Özüň gowşur diýer“. „Gowsy men bulary yzyma – ejeme äkideýin“.
„Olam bolmaz. Ýaňky agam dogry aýtdy. Häzir ony yzyna eltip beräýsem, ejemi
diňe gynandyraryn“.
Ýagmyr ýaýdana-ýaýdana okuw jaýlaryna girdi. Birdenem bildiriş tagtasyndaky
ýazga gözi düşdi. Saz taglymatyndan okadýan baýry mugallymalary Anna
Çaryýewnany mekdep müdirligi doglan güni bilen gutlapdyr. Bu gutlag ýazgysyna
-
Gürgençli
5 years ago
- gözi düşenden Ýagmyr bijesi çykan oglan ýaly begendi. Ylgap diýen ýaly Anna
Çaryýewnanyň ikinji gatdaky sapak geçýän otagyna bardy. Ýagmyr otagyň
gapysyny usullyk bilen kakyp, ony açdy. Içerde niredekä diýip pikirini eden
Sonagülüne Anna Çaryýewnanyň iki-çäk, goşmaça sapak geçip otyranyny görüp
özüni ýitirdi. Anna Çaryýewna welin gülleri görüp ýylgyrdy.
- Ýagmyr, sen-ä meni begendirdiň. Men seniň örän tertipli hem zehinli, geljegi bar
okuwçydygyňy bilýärdim. Emma haçandan bäri sazyňy diňlämok.
Ýagmyr mugallymasynyň sözlerini eşitmeýän ýalydy. Gülüni nesibelisine
gowşuryp, zordan:
- Uuzak ýaşaň – diýdi.
Anna Çaryýewna gülleri höwes bilen aldy. Ýagmyryň göwnüne elinden güli dälde, söýgüsi alnan ýaly boldy. Hiç zatdan bihabar Sonagül welin hatyna güýmenip
otyrdy. Ýagmyr gapynam ýapmagy unudyp otagdan çykdy. Maňlaýyna dökülen
saçyna kejigip olary bir eli bilen ýokarlygyna daraklady. Ýuwaşja ädimläp synp
otaglaryna bardy.
Otag boşdy. Haçan görseň başy adamly pionino-da Ýagmyra garaşýan ýaly bolup
durdy. Ýagmyr onuň başyna geçdi. Edil ertirkisi ýaly barmaklary ak-gara
düwmeleriň ýüzünde erkin „ýüzmäge“ başlady. Ýene-de Nury Halmämmet, ýenede „Dutaryň owazy“...
Ýagmyr öz synplarynyň gapysynam ýapmagy unudansoň, çalmaga başlan sazy
Anna Çaryýewnanyň otagynda arkaýyn eşidilip durdy. Sonagül gapylary ýapmaga
niýetlenip ýerinden turmakçy boldy. Anna Çaryewna barmagyny dodagyna ýetirip,
„Dur, diňläli“ diýip, yşarat etdi. Soň saza erkini aldyryp, ýuwaşjadan onuň gelýän
ýerine tarap ýöräp ugrady.
Ýagmyr dünýäni unudypdy. Birden-birden göz öňünde janlanýan gül gunçalary
biri-birine degip täsin owaz çykaryp ýitip gidýärdiler. Birdenem olaryň ornuny
Sonagülüň çalaja çaýkanýan iki örüm saçlary tutýardy. Birdenem ejesiniň öýden
getiren gül dolanýan ýaldyrawuk kagyzy olaryň öňüni gabaýardy. Dünýesi durşuna
owazdy. Iň näzik basylmaly düwmelere gezek gelende Ýagmyr nädip egnini
gysyp, hyrçyny dişläninem bilmeýärdi. Sazyň joşgunly ýerlerine ýetende bolsa,
elleriniň täsin hereketi daragytyndan tänip, gaýyp gelýän güýz ýapragyny ýatladyp,
birdenem erkin guşlar ýaly hersi birýana, owsun atyp ýaýrap, akyp gidýärdi.
Saçynyň maňlaýyna dökülenem hiçdi, damarlarynyň dartylanam. Bar ünsi
düwmelerden çykýan owazdady. Käte usullyk bilen, käte zarply-zarply hereket
edýän barmaklaryň aşagynda düwmeleriň özleri saz edip duran ýalydylar.
Anna Çaryýewna ýüzüni tutdy. Sazam tamam boldy. Gözüniň ýaşyny saklap
bilmeýän garry mugallyma barşyna Ýagmyry gujaklady.
- Oglum, men... men ussadyň özi direlip geläýdimikä öýdüpdirin.
Sonagül näzik gyz ellerini biri-birine urup, „Nähili täsin!“ diýip pyşyrdaýardy.
-
Gürgençli
5 years ago
- Elinden ençeme ussatlar geçen garry mugallymasyndan şeýle uly bahany, özi üçin
dünýäde iň owadan elleriň çarpýan çapagynyň sesini eşiden Ýagmyr begenjinden
dünýäni unutdy. Anna Çaryýewna boş oturgyçlaryň birine ýönelip, Sonagüle-de
oturaly diýip yşarat etdi. Soňam Ýagmyra bakyp:
- Ýene çalsana, oglum – diýdi. Ýagmyr bu gezek höwes bilen Bethoweniň „Aý
sonatasyny“ çalmaga başlady.
Häzirki diňleýjileri üçin ol diňe saz çalyp bermek däl, özi saza öwrülip gitmäge
taýýardy...
Uzakly gün begenjinden ökjesi ýere degmän gezen, ilkinji gezek gyz maşgalany
öýlerine çenli ugradan Ýagmyr agşama golaý obalaryna tarap ýola düşdi. Ejesiniň
„Körpäm haçan gelerkä?“ diýip, häli-şindi köçä garaýanyndanam, ýöriteläp onuň
gowy görýän böreklerini büküp, suwa ataýmaly edip goýanyndanam häzir onuň
habary ýokdy.
Gürgençli 5 years ago- Ýagmyr irdenki gözüne yssy görnen gunçalardan bäş sanysyny uzyn edip gyrkyp
alyp durka, şemal onuň saçlaryny maňlaýyna dökdi. Ine, şu ýerde-de ondan gözüni
aýyrmaýan ejesi içinden: „Gözden-dilden gorawersin“ diýip, dileg etdi hem
alňasak:
- Olary nädip äkitjek? Häzir daşyna bir zat alaýyn – diýdi.
Ýagmyryň welin bar ünsi gyrkyp alan gunçalaryndady. Ol ýüzüni galdyranda,
ejesiniň öýe girip gidenini zordan görüp ýetişdi. Ejesi öýden eli owadan,
ýaldyrawyk, gül dolanýan kagyzly çykdy.
- Eje, muny nireden aldyň?
- Mendirin-dä, gözüme ýaran zady zyňman saklaýýan. Biriňizä gül getirdiňiz şuňa
dolap.
Ýagmyr ýolan güllerini ejesiniň getiren owadan kagyzyna dolady. Güller hasam
owadanlaşan ýaly boldy. Nartäç daýza oglundan çemeni kime niýetländigini
soraman durup bilmedi. Ýagmyr:
- Kimiň nesibesi bolsa şoňky bolaýmasa – diýip ýylgyrdy. Nartäç daýza ogluny
gürletjek bolup:
- Mynasyba berersiň-dä – diýdi.
- Mynasybamy? Mynasyba berjek bolsam ony äkitmelem däl.
- O näme diýdigiň?
- Oňa eje, meniň üçin senden mynasyp adam ýok.
- Ýok, oglum, ejeňe niýetlän bolsaň bada aýdardyň. „Ejeňe az bakarsyň, köp
bakarsyň ýaryňa“ diýýämidiň bir aýdymda?
Ýagmyr ejesiniň ünjüli gözlerine seretdi.
- Ýok, eje. Men nirä baksamam, ýüzüm saňa tarapdyr.
- Haý, dillijäm. Bar, gijä galýaň.
Şeýdip obalaryndan çykan Ýagmyr uzak wagtlap ejesiniň gözlerini aňyndan
çykaryp bilmedi. Şähere diýip uly ýoluň ugrunda münen taksisiniň sürüjisi
Ýagmyryň gujagyndaky güllere ýiti-ýiti seredip, sesini çykarman oturup bilmedi:
- Güli birine bersem diýip alyp barýarmyň, ýigit?
- Agam, şular-a näme etjegimi özümem bilemok. Gapyda ösüp otyr. Ýolaýyn
diýdim-de ýolaýdym. Ejeme beräýmeli ekenim.
- Aý, eje görgülä gül beresiňiz ýok-la, 8-nji mart ýa dogulan güni bolaýmasa?
- Sizem şeýdiýdiňiz. Dogrudanam...
- Ýöne, seredip otursaň, ejeňem gülleri alyp gideniňe begenendir. Olara ogullary
ýigit çyksa, gülem şoldur, beýlekem.
- Ýa şeýlemikä?
- Aý, bor, esasy zat gül berjegiň ejeňe ýarasyn.
Ýagmyr içinden: „Işiň kyn ýerem şol-da“ diýdi. Sürüjem bir zatlary ýatlan ýaly esli
salym sesini çykarmady. Soň ýene sözüni dowam etdirdi.