Mýanmada bolup geçen ýertitremede ýer gabygynyň süýşýän pursady ilkinji gezek wideo düşürildi

Ylym jemgyýetinde uly gyzyklanma döreden wideodaky haýran galdyryjy pursat giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Agzalan wideoda, Mýanmada bolup geçen güýçli ýertitremesi mahaly ýer gabygynyň hereket edişi aýdyň görünýär. Bu wideo şeýle görnüşli tebigy hadysanyň ilkinji wideo ýazgysy bolup durýar.
Wideo 2025-nji ýylyň 28-nji martynda düşürildi....

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Saud Arabystany bilen ylalaşyk Nvidia-nyň ýolbaşçysynyň baýlygyny $120 mlrd çenli artdyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda birnäçe uly tehnologiýa şertnamalary baglaşyldy. Bu hem Ýakyn Gündogarda amerikan çip öndürijileriniň ornuny güýçlendirdi. Nvidia we AMD kompaniýalary onlarça milliard dollarlyk önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazandy.
Bu hem Nvidia-nyň paýnamalarynyň 5,63% ýokarlanma...

Dowamy »

17 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Düşnükli, ýiti reňkli we janly: Google Android 16-nyň täzelenen interfeýsini çykardy

Google I/O konferensiýasynyň öňüsyrasynda ýörite çäre geçirildi. Onda kompaniýa 3 milliarddan gowrak smartfonlarda we planşetlerde gurnalan Android operasion ulgamynyň täzelenmesini resmi taýdan hödürledi.
Täze dizaýn Material 3 Expressive stiline esaslanýar we Android 16-da peýda bolar. Ilkibaşda ol Pixel smartfonlarynda elýeterli bolar.

Dowamy »

18 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Guterriş BMG-niň býujetini we ştatyny azaltmagy meýilleşdirýär

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş guramanyň býujetiň we işgärleriň sanyny azaltmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.
“Bu howply döwür, ýöne şol bir wagtyň özünde uly mümkinçilikleriň we borçlaryň döwri. Birleşen Milletler Guramasynyň missiýasy öňküsinden has möhüm” – diýip, Guterriş aýtdy.
Ol durnuksyzlyk şertlerinde guramanyň...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

“Bolonýa” tutuş ýaryşyň dowamynda ýekeje gol geçirdip, Italiýanyň Kubogyny aldy

“Bolonýa” tutuş ýaryşyň dowamynda diňe bir gol geçirdip, Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Finalda boloniýalylar “Milany” 1:0 hasabynda utdy.
“Bolonýa” şu möwsümiň Kubok ýaryşynda ýeke-täk topy ýarym final tapgyrynyň “Empoli” bilen jogap oýnunda (2:1) sypdyrdy – goly ýarymgoragçy Wiktor Kowalenko geçirdi. Iki oýundan ybarat gapma-garşylyk “B...

Dowamy »

17 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Baýkonur kosmodromynda H-1 Aý raketasynyň iň uly maketi oturdyldy

Baýkonurda SSSR-iň Aý maksatnamasy üçin döredilen H-1 raketa göterijisiniň dünýäde iň uly maketi peýda boldy. Onuň beýikligi 22 metre ýetýär. Maket 2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda bellenjek şäheriň we kosmodromyň 70 ýyllygy mynasybetli gurnaldy.
Maket M.W.Hruniçew adyndaky Döwlet kosmos ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan taýýarlandy. Ol açyk as...

Dowamy »

19 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

IPhone we iPad-y pikiriň güýji bilen dolandyryp bolar: Apple we Synchron rewolýusiýa taýýarlanýar

Apple kompaniýasy Synchron neýrotehnologiýa startapy bilen bilelikde iPhone, iPad we beýleki gurluşlary pikiriň güýji bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýän “beýni-kompýuter” (BCI) interfeýsini işläp taýýarlaýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berdi.
Bu tehnologiýa Synchron tarapyndan döredilen Stentrode implantyna esaslanýar....

Dowamy »

20 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

AFK-nyň prezidenti «Arkadag» toparyny Çagyryş ligasynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) prezidenti şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifa AFK-nyň Çagyryş Ligasynda ilkinji kubogyny gazanan «Arkadag» futbol klubuny gutlady. Bu barada konfederasiýanyň metbugat gullugy habar berdi.
«Aziýa futbol maşgalasynyň adyndan Türkmenistanyň «Arkadag» futbol klubuny AFK-nyň Çagyryş Ligasynda taryhy ýeňşi b...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Deep kompaniýasy 200 metr çuňlukda işlejek suwasty modullaryň synagyny tamamlady

Deep kompaniýasy 200 metre çenli çuňlukda işlejek suwasty ýaşaýyş modullaryň synaglarynyň üstünlikli tamamlanandygyny habar berdi. 2022-nji ýylda başlanan taslama aerokosmos we deňiz inženerligi tehnologiýalaryny birleşdirip, uzak wagtlap deňizde galmaga ukyply awtonom stansiýalary döretmegi maksat edinýär. Bu barada «Robotics & Automation News» ha...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Netflix aýdymçy Madonnanyň durmuşy barada kiçi serial taýýarlaýar

Aýdymçy Madonna we Netflix akym hyzmaty täze bir taslamanyň - artistiň durmuşy we karýerasy barada kiçi serialy döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.
Bu seriala “Diýseň geň işler” serialy we “Dedpul we Rosomaha” filmi bilen tanalýan Şon Lewi prodýusserlik eder.
Entek sýužet barada anyk zat aýdylmady. Şeýl...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

“Krid” boks kinotrilogiýasy serial görnüşde dowam eder

Maýkl B. Jordanyň oýnamagyndaky “Krid” trilogiýasynyň serial görnüşinde dowamy surata düşüriler. Prime Video akym hyzmaty “Delfi” atly täze taslamany bildiriş etdi diýip, Variety habar berýär.
Serialyň sýužeti doly göwrümli “Krid” filmlerinden belli bolan Delphi sport zalynda türgenleşik geçýän ýaş boksçylara bagyşlanar. Marko Ramires (“Gora...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Jeki Çan pensiýa çykýança ähli trýuklaryny özi ýerine ýetirer

Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan filmlerdäki ähli trýuklaryny (tilsimleri) pensiýa çykýança özi ýerine ýetirer. Ol dublýor ýa-da kaskadýor ulanmagy meýilleşdirmeýär diýip, «Deadline» neşiri habar berýär.
Şeýle-de aktýor pensiýa çykmaga howlukmaýar.
«Elbetde, öz trýuklarymy hemişe özüm ýerine ýetirýän. Bu meniň kimdigimi görkezýär. Bu...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

“Barselona” 28-nji gezek futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony boldy

“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy.
La Liganyň 36-njy tapgyrynyň myhmançylykda geçirilen oýnunda topar “Espanýoly” 2:0 hasabynda utdy.
Duşuşygyň 53-nji minutynda Lamin Ýamal gol geçirdi, goşulan wagtyň 6-njy minutynda bolsa Fermin Lopes tapawutlandy. 80-nji minutda “Espanýolyň” goragçysy Leandro Kabrera...

Dowamy »

18 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Tankytçylar täze “Ahyrky nokat” filmini franşizanyň taryhynda iň gowusy diýip hasaplady

16-njy maýda ABŞ-da “Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary” (Пункт назначения: Кровные узы) horror filminiň altynjy bölümi prokata çykýar. Deslapky görkezilişde filme tomaşa eden günbatar tankytçylary oňa franşizada iň ýokary bahany berdi.
Rotten Tomatoes saýtynda filmiň reýtingi 92%-e, Metacritic-de bolsa 100-den 74 bala ýetdi. Bu görkezijiler h...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Türkmen milli dünýä dilleri institudynda talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institudynda “Biziň milli medeni mirasymyz dünýä dillerinde” diýen tema boýunça talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi.
Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinden talyplaryň toparlary gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylaryň wezipesi türkmen halkynyň baý milli medeni mi...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

11-13-nji maýda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherine iş saparynyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşykda bu formatyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşy...

Dowamy »

17 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Patrik Makdauell «Şa zenany Ýelizaweta II» baýragynyň ýeňijisi boldy

ritaniýaly dizaýner Patrik Makdauell dizaýn ugrunyň ösüşine goşan şahsy goşantlary üçin «Şa zenany Ýelizaweta II» baýragy bilen sylaglandy. Oňa baýragy Londonda ýerleşýän «180 Studios» studiýasynda geçirilen dabarada Britan moda geňeşi (BFC) tarapyndan Keýt Middlton gowşurdy. Bu barada «WWD» habar berýär.
Baýrak 2018-nji ýylda Şa zenany Ýeli...

Dowamy »

12 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Tesla-nyň Optimus atly adam şekilli roboty tans etmegi öwrendi

Ilon Mask X sosial torunda adam şekilli Tesla Optimus robotynyň tans hereketlerini ýerine ýetirýän wideosyny paýlaşdy.
Tesla-nyň robototehnika bölüminiň ýolbaşçysy Milan Kowaçyň aýtmagyna görä, bu hereketler güýçlendirilen maşyn öwrenmesi (reinforcement learning, RL) arkaly gazanyldy. Bu tehnologiýa awtonom agentlere toplanan tejribä esaslan...

Dowamy »

13 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Chanel 2026-njy ýylyň resort kolleksiýasyny gaýtadan görkezer

Chanel 2026-njy ýylyň resort kolleksiýasyny gaýtadan görkezer. Moda görkezilişi 4-nji noýabrda Singapurda geçiriler diýip, «WWD» neşiri habar berýär.
«Dinamiki we köpmedeniýetli şäher bolan Singapur Aziýa açylýan özboluşly geçelgedir. Bu ugur taryhy mirasyň, häzirki zaman bilen energiýanyň sazlaşykly utgaşmasy bilen tanalýar, bu bolsa moda ö...

Dowamy »

11 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Kabo-Werdede 40 ýyl bäri ýitip giden hasaplanýan seýrek çekirtge diri görnüşde tapyldy

San-Nikolau adasynda (Kabo-Werde arhipelagy) XX asyryň aýagyndan bäri ýitip giden hasaplanylýan çekirtgäniň janly nusgasy tapyldy. Bu seýrek görnüşleri halas etmäge mümkinçilik berýär diýip, Pensoft neşiri ýazýar.
Monte-Gordo çekirtgesi (Eyprepocprifas insularis) 40 ýyldan gowrak wagtdan soň ýene tapyldy. Iň soňky gezek ol 1980-nji ýylda gör...

Dowamy »

10 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago