Repçi Don Toliwer Guess bilen hyzmatdaşlykda ilkinji eşik toplumyny goýberdi
Repçi Don Toliwer Guess kompaniýasy we dizaýner Nikolaý Marsiano bilen bilelikde Hardstone brendini satuwa çykardy. Los-Anjelesde döredilen toplum artistiň döredijilik stilini görkezýär.
Ilkinji hatara jinsi kurtkalar, jiltgeler, jinsiler we şortylar girýär. Şeýle hem welýur geýimler, hudiler, futbolkalar we Hardstone nyşanly longsliwler höd...
TikTok AI Alive emeli aň funksiýasynyň kömegi bilen suratlary janlandyrmagy öwrendi
TikTok sosial ulgamynda emeli aňyň esasynda täze TikTok AI Alive guraly peýda boldy. Ol adaty suratlary owadan effektler bilen gysga hereketli wideolara öwürmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm Stories bölüminde elýeterli bolup, platformanyň ulanyjylaryna öz döredijiligini görkezmek üçin täze mümkinçilikleri berýär.
Täze guralyň kömegi...
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli bolan “Ýedi şalygyň rysary” 2026-njy ýylyň başynda çykar
HBO “Ýedi şalygyň rysary” (Рыцарь семи королевств) serialynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň başyna süýşürdi. Ilkibaşda “Tagtlaryň oýny” (Игра престолов) serialynyň prikweli şu güýzde çykmalydy diýip, Variety belleýär.
Kompaniýa munuň sebäbini aýtmady we diňe onuň indiki gyşda çykjakdygyny habar berdi. Serialyň surata düşürilişi geçen g...
Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy
DC YouTube kanalynda režissýor Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy. Filmiň premýerasy 11-nji iýula meýilleşdirilýär.
Treýlerde Loýs Leýn (onuň keşbini Reýçel Brosnahan ýerine ýetirdi) Supermen bilen söhbetdeş bolýar. Gahryman adamlaryň arasynda tankyda getiren hereketleri barada gürrüň berýär.
Film DC-niň gaýtadan...
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Kataryň DIM-niň Diplomatiýa instituty bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektory G.Ýusupowa bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Mohamed al-Horryň hem-de Katar döwletiniň Türkmenistandaky ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Kataryň wek...
Türkmenistanyň ilçisi Owganystandaky infrastruktura taslamalary barada pikir alyşdy
Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow jemgyýetçilik işleri ministri Mohammad Issa Sani bilen Owganystandaky infrastruktura taslamalary we ýol gurluşygy barada pikir alyşdy.
Taraplar Turgundy gury portunda amaly işleriň başlanmagy, düşürmek we ýüklemek üçin täze ammarlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy, Mazari-Şerif – Hyrat we Hyrat -...
Samsung-yň geljekki Galaxy S26 hataryna Edge modeli goşulyp bilner
The Elec habar çeşmesiniň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda hödürlenen inçe Samsung Galaxy S25 Edge ýönekeý bir synag däl. Samsung Edge modelini geljekki Galaxy S26 hataryna-da goşmagy meýilleşdirýär we ol Galaxy S26 Plus modelini çalşyp biler. Çünki, Plus wersiýalar, adatça, beýlekilerden gowşak satylýar.
Kompaniýany zerur şaýlar bilen üpjü...
Abu-Dabide Disneýlendiň açylyşy mynasybetli dronlaryň gatnaşmagynda şüweleň geçirildi
Abu-Dabide Ýakyn Gündogarda ilkinji Disney dynç alyş seýilgähiniň açylyşy boldy. Bu waka mynasybetli Dubaýyň Lumasky kompaniýasy 9000 dronyň gatnaşmagy bilen uly yşyk şüweleňini geçirdi.
Gijeki asmanda dronlar Zoluşkanyň galasyny we Disney dünýäsinden beýleki obrazlary şekillendirdi. Her enjam örän ýagty yşyk diodlary bilen enjamlaşdyryldy w...
Toyota «bZ4X-iň» ornuna täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi: tapawutlary näme?
Toyota «bZ4X» modeliniň ornuny tutjak täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi. Täzelenen wersiýa kämilleşdirilen dizaýny, has uzak ýol aralygy we Tesla-nyň zarýad infrastrukturasyny goldamagy bilen tapawutlanýar.
2026-njy ýylyň modeli Toyota-nyň konseptine esaslanyp, täzeden dizaýn edildi. Täze LED çyralar, gorizontal ýagtylyk zolagy we täze...
Amerikaly zenan ýarym sagatlap öz saçyndan asylgy ýagdaýda durup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
39 ýaşly amerikaly Leýla Nun ýeňsesinden boglan saçynda 25 minut 11,3 sekuntlap asylyp durdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Bu synanyşyk Kaliforniýadaky Redwud şäheriniň gözel görnüşli Milli we Döwlet seýilgähleriniň çäginde bellige alyndy. Gyz munuň üçin iki ýyl türgenleşdi.
Öňki rekord 23 minut 19 sekunt bolup, awstraliýaly a...
Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynda azyndan 2 mlrd dollar gazandy
Donald Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynyň dowamynda, azyndan, 2 milliard dollar girdeji gazandy diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär. Bu gazanç Trampyň ogullarynyň adyna hasaba alnan dürli biznes gurluşlaryndan gelip çykýar. Olaryň arasynda kriptowalýutalar we daşary ýurt maýa goýumlary bar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, maşgala h...
Huawei noutbugy, planşeti we smartfony özünde birleşdirýän innowasion gajeti taýýarlaýar
Hytaýyň Huawei kompaniýasy çeýe ekranly we formasyny üýtgedip bilýän eplenýän korpusly täze gurluşy tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Premýera 19-njy maýda Hytaýda bolar. Şol gün hem Nova 14 hatarynyň smartfonlary hödürlener.
Gurluş MateBook Fold Ultimate Design adyny alar. Ol 2024-nji ýylyň sentýabrynda çykarylan ilkinji üç bölekden ybarat eplenýä...
Türkmenistanly türgen Aziýanyň çempionatynda altyn medalyň eýesi boldy
Türkmenistanly türgen Dawranbek Hasanbaýew Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdi.
Yklym birinjiliginde 102 kilograma çenli agram derejede Türkmenistana wekilçilik eden Dawranbek Hasanbaýew silterläp götermekde 182 kilogramy eýgerip, ähli garşydaşlaryndan ýokary netije görkezdi we kiçi altyn medala mynasyp boldy....
Türkmenistanyň Mejlisinde UNECE-niň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi
14-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) bilermenleri Tamara Kutonowa we Jon Marko Çorç bilen Mejlisiň wekilleriniň duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, ekologiýa howpsuzlygyna degişli mesel...
Türkmen küştçüsi Özbegistandaky halkara turnirde ýeňiji boldy
Türkmenistanly küştçüler Özbegistanyň Karşi şäherinde geçirilen «Karshi Open» III halkara küşt turnirine gatnaşdylar.
Umumy baýrak gaznasy 350 million sumdan ybarat turnirde türkmenistanly Saparmyrat Atabaýew «A» toparçanyň ýeňijileriniň biri boldy. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.
Ýeri gelende bellesek, 4 — 11-nji maý aralygynda geçiri...
Türkmenistanyň biržasynda başlangyç ýagyny we nah ýüplüginiň satyn alynmak boýunça täze geleşikler hasaba alyndy
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi 869 000,00 manat we 35 028,00 ABŞ-nyň dollary möçberinde iki sany iri geleşik baglaşyldy – diýip, TDHÇMB-niň saýty habar berýär.
Daşarky bazarda Türkiýeden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak üç...
Türkmenistanyň ilçisi we Pakistanyň Maýa goýumlara ýardam bermek boýunça ýörite geňeşiniň sekretary TOPH taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar
13-nji maýda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Pakistanyň Maýa goýumlara ýardam bermek boýunça ýörite geňeşiniň (SIFC) sekretary Jamil Ahmad Kureşiniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Yslamabatdaky wekilha...
15-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňzinde ýataklary özleşdirmek boýunça «Petronas» we «ADNOC» bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berdi, Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy, Türkmenistan tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça «Petronas-yň» tekliplerine sereder we beýlek...
Türkmen diplomaty Awstriýanyň parlamentinde çykyş etdi
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Amannazarow Wenadaky Awstriýa parlamentinde çykyş etdi. Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşleri barada durup geçdi. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň demokratik institutlary berkitmek, inklýuziw dolandyryşy ösdürmek we durnu...
Iň gadymy naýzalary Germaniýanyň çäginde ýaşap geçen neandertallar ýasapdyr
Ýewropaly antropologlar Saksoniýadan (Germaniýa) tapylan Şöningen naýzalarynyň, takmynan, 200 müň ýyl ozal döredilendigini kesgitlediler. Bu öň pikir edişimizden 100–200 müň ýyl soňdur.
Science Advances žurnalynda çap edilen barlag naýzalaryň geýdelberg adamlaryna däl-de, neandertallara degişlidigini görkezýär.
Maýns uniwersitetinden...