30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çägindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garadylar. Mälim bolşy ýaly, Zambiýa Respublikasy 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyna işjeň gatnaşdy.