Toyota RAV4 ýapon krossoweri 2024-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy. Ol birinji orundan geçen ýylky lider Tesla Mode Y-ny gysyp çykardy. JATO Dynamics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iki modeliň arasyndaky satuw tapawudy 2 müň awtomobilden gowrak boldy. 2024-nji ýylda Toyota RAV4-den (käbir ýurtlarda model Wildlander ady bilen tanalýar) 1,187 mln nusga satyldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 11% köpdür. Tesla Model Y-nyň satuwy bolsa 1,185 mln ulag boldy – bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 3% azdyr. ABŞ-da hem Toyota RAV4 satuw boýunça Ford F-150-den (Super Duty wersiýalaryny hasaba almazdan) öňe geçip, birinji orny eýeledi. 2024-nji ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň köp satylan awtomobilleriniň ilkinji onlugyna ýene dört Toyota modeli girdi: Corolla Cross (Frontlander, 3-nji orun), Corolla Sedan (Levin Sedan, 5-nji orun), Hilux pikapy (6-njy) we Camry sedany (8-nji). Tesla-nyň hem sanawda ýene bir modeli – Model 3 bar. Ol 560 müň satylan awtomobil bilen dokuzynjy orny eýeledi. Şeýle-de, ilkinji onluga Honda CR-V (4-nji orun), Ford F-150 (7-nji) we BYD Qin hytaý modeli (10-njy) girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir