Pelek, gursagyňa serimi goýsam,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Alnyňda ýekirlen ýerimi goýsam,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Mähir — lagşan ýürekleriň söýesi,
Mätäç oňa ejizi hem çeýesi.
Men — halys müzzeren göwnüň eýesi,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Zar bolmasa agyz burna, göz — gaşa...
Göz owasy gelişenok gözýaşa.
Tamakin däl togsan ýaşa, ýüz ýaşa,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Tapsam gussaň lezzetlisin — oňaýyn,
Ejir beren şatlygymy zyňaýyn!
Şu çaka gepledim, häzir dymaýyn...
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Sapa HOMMADOW
■■■■■■■
-
Nirvana
3 years ago
- Gijeki pikir.
Bu gije-de, senden aýry ýerde men,
Gara gözleň süzüläýse birdenem,
Ukydanam, ähli özgelerdenem,
Rugsat berseň, biraz seni güýmäýin!
Arzuw edýän saňa Dünýäň gowusyn,
Laýyk saňa, çünki özüň gowusyň,
Aladadan gyzgyn başyň sowasyn,
Gaýgyň alyp, gara daga çüýläýin!
Çynar boýuň, gury tal däl, derek däl,
Senden özge kim bolsa-da, gerekdäl,
Meň ýüregim, beýdip biljek ýürek däl,
Ýazgyt bolsa, seniň bilen çüýräýin!
Bu Dünýede görüp bolmaz öňüňi,
Ykbal sataşdyrýar kybap-deňiňi,
Çykaramda menem soňky demimi,
Haýyş senden, gujagyňda süýnäýin?!
???
-
Mister X
3 years ago
- Shahyrlarymyz köpelyar
-
zumerchi
3 years ago
- pegas kubikleri nirden alyan!?)
-
Pegas
3 years ago
- Klawiaturadan, Murçik.
-
Manikarnika
3 years ago
- :D
-
yyldyz.
3 years ago
- soñky wagtlar köp nokatly bloklaryñ köpelýä näme üçindir..
Manikarnika 3 years ago- Goysana...