5-nji ädim . Saýt açanyňdan soň...

Salam bloglar.7wk.ru saýtynyň hormatly agzalary we okyjylary! Bu blogymda men size 7wk.ru saýtyndan mugt forum saýt açmak we saýt açanyňdan soň iň esasy gerekli funksiýalary goşmak , aýyrmak , üýtgetmek barada başardygymdan giňişleýin maglumat ýazdymakçy.Bu blogy bir kagyza gysgajyk bellik etmegi maslahat berýän . Ünsüňizi jemlän bolsaňyz 7wk.ru-dan mugt açan saýtymyza üýtgeşmeler girizmegi öwrenip başlalyň.

Häzirlikçe men bu blogymda aşakdakylar barada maglumat ýazdym.

1.Saýt adyny üýtgetmek.
2.Tema saýlamak.
3.Kategoriýa goşmak we aýyrmak.
4.Forum goşmak.
5.Forum aýyrmak.
6.Forum üýtgetmek.

Indi ýokardakylar barada başardygymdan giňişleýin maglumat bereýin.

1.Saýt adyny üýtgetmek.

Bellik: Bu usul bilen siz diňe saýt adyny üýtgedip bilýäňiz saýt adresini üýtgedip bolmaýar. Ýagny siz mysal üçin saytady.7wk.ru diýip saýt açan bolsaňyz saýtyň ýokary başynda saýtyň adyny ýazyp görkezip bilýäňiz saýtyň adresi bolsa http://saytady.7wk.ru bolup galýar.

Indi saýt adyny üýtgetmek üçin:

1. 7wk.ru-dan açan saýtyňa girmeli.
2."Администрирование" girmeli.
3."Настройки"girmeli.
4."Название форума"diýen ýere saýt adyny ýazmaly.
5."Сохранить"basmaly.

2.Tema saýlamak.

7wk.ru-dan mugt açan saýtyňa goşmaça funksiýalar goşmak ýagny saýty dolandyrmak üçin hiç hili html, javascript, ýaly kodlara kelle agyrtmak gerek däl . Munuň üçin azajyk hem bolsa rus ýa-da iňlis dilini bilmek we zehin gerek. Siz bu platforumda 250-den gowrak taýýar dizaýnlardan öz islän temaňy saýlap bilersiňiz .

Tema saýlamak üçin :

1. 7wk.ru-dan açan saýtyňa girmeli.
2."Администрирование" girmeli.
3."Настройки"girmeli.
4."Основной стил" diýen ýerden halan temaňy saýlamaly.
5."Сохранить"basmaly.

3.Kategoriýa goşmak we aýyrmak.

Tema saýlanymyzdan soň ikinji etmeli zadymyz saýta kotegoriýa ýagny bölüm goşmak gerek.
Kategoriýa goşmak we aýyrmak üçin :

1. Ilki bilen 7wk.ru-dan açan saýtyňa girmeli.
2. "Настройка" girmeli.
3. "Категории" girmeli.
4."Добавить категории " diýen ýere katagoriýanyň adyny ýazyp "Добавить" basmaly.

Indi siz saýta katagoriýa goşmagy öwrendiňiz . Eger katagoriýany aýyrmak isleseňiz şol ýerdäki "Удалить категорию" diýen ýerden aýyrjak kategoriýaňy saýlap "Удалить" basaýmaly .

We iň soňunda "Обновить все" basmaly.

4.Forum goşmak aýyrmak we üýtgetmek.

Forum saýtyň kategoriýasynyň içindäki bölümlerdir. Mysal üçin biz "Edebiýat" kategoriýasynyň içinde "Goşgylar, Hekaýalar, Bolan wakalar" ýaly forumlary goýup bileris. Forum goşmak üçin :

1. 7wk.ru-dan açan saýtyňa girmeli.
2."Администрирование" girmeli.
3."Форумы" girmeli.
4."Добавить в котегорию" diýen ýerden forum goýjak kategoriýaňy saýlamaly.
5."Добавить" basmaly.

Eger forumy aýyrmak isleseňiz forumyň ýokarsyndaky "Удалить"diýen ýere basmaly.

Eger foruma at we gysgajyk maglumat goýmak we üýtetmek isleseňiz forumyň ýokarsyndaky "Редактировать" girmeli ."Название форума " diýen ýere forum adyny we "Описание (HTML) diýen ýere forum barada gysgajyk maglumat ýazmaly we "Сохранить" basmaly .

GUTLAÝAS indi siz saýta forum goşmagy, aýyrmagy we üýtgetmegi öwrendiňiz.

Üns bilen okanyňyz üçin sag boluň .

Blogy ýazan : Gerçeknazar Amannazarow .

Tehnologiýa, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir