Bir bar eken, birem geý eken. Günleriň birinde Ý.O.J-yň talyplary Azat, Meret geý, Nasiba uzbeçka, Aýjemal we Agajemal çyraçy opşežitiýanyň howlusynda, skameýkada üýşüp, gürrüňe güýmenip otyrdylar. Aýjemal gürrüňleriň arasynda:
– Owadan gyzlar hiç haçanam kemakyl bolup bilmez. Sebäbi owadan gyzlar hiç haçanam özüne betnyşan bolmaga mümkinçilik bermez – diýip, status okap başlady. Joralary Nasiba uzbeçka, Meret geý we Agajemal: “hakyky aýdylypdyr-aý, dogrydanam şeýle şu” – diýip, statusy goldadylar. Azat bolsa:
– Nämesi dogry? Men-ä owadan gyzlaryň arasynda 100-den birini gördüm akyllydygyny – diýip, garşy çykýar. Meret geý:
– Aý, seň düşünjäň pesdir. Akylly bilen akmagyň tapawudynam bileňak eken – diýip, kemsidip başlady. Aýjemal ýene statusy okap:
– Meň durmuşymda hemme zadyň gowydygyna düşündim, ýöne kalbymda hiç zadyň gowy däldigini görüp, durmuşymda-da hiç zadyň gowy däldigine düşündim – diýýär. Gyzlar ýene-de ony goldap: “dogry aýdypdyr-aý kim aýdanam bolsa, mende-de şolar ýaly duýgy bar” – diýişip başlaýarlar. Azat has beter şok bolýar-da:
– Bular ýaly samsyk sitatany birinji gezek eşidýän. Ol nädip bir wagytda hemme zadyň gowydygyna, soňam gowy däldigine düşünýär? – diýip, gaharlanyp başlaýar. Nasiba uzbeçka-da:
– Sän şondaka tupoýmisan?! Aýdyp oturana, kandaka düşünmisän?! – diýýär. Birdenem Aýjemal ýel goýberýär “prrrrrt” edip. Azat hasam beter şok bolup, sudurgaň oň ýany bolýar-da:
– Püfff. Bulam statusdanmy indi?! Köpçüligiň içinde-de beýdäýmek bolarmy?! Fuuu...
– Azat! Bollet indi köne döwürleriň adamlary ýalak bolma-da! Näme, içiňde saklamalymy peýdasyz ýeli, özüňi kesel edip?! – diýýär. Agajemalam içiň ýansyn diýip ýel goýberýär “parrrrt” edip. Onuň yzyndan Nasiba uzbeçkada, Meret geýam “mä saňa” diýip zarrrt-da-zarrrt boluşýarlar. Azat çaşmaň öň ýany bolup:
– Biri bärde bilmän çilim otlaýsa Çernobyl bolar. Hajathana ýöne ýere gurulan däldir-ä?! – diýip, burnuny tutýar. Agajemal:
– Ýürege düşdüň Dinozawrlar ýaly bolup! Ýönekeýje ýeli goýbermek üçinem hajathana gatnap ýörseň, başga işem gerek däl! Haýsy döwürde ýaşaýaň sen?
– Bagyşlarsyňyz gyzlar, men siziň bolşuňyza düşünip bilemok. Siz bolgusyz statuslara hakyky diýýäňiz, köpçülikde ýel goýberýäňiz, şonda-da men siz üçin geň adam bolup görünýänmi?! Akyl adamyň gözelliginde däl, adamda bir wagtyň içinde hemme zat gowy we bir wagytda erbet bolup bilmeýär, köpçülikde osurmagam utanç bolýar – diýip, Azat gyzlara düşündirjek bolýar. Aýjemal ýerinden turup:
– Seň hakykatdanam düşünjaň pes, köne akylsyz adamlaryňky ýaly. Eger biz seň üçin geň bolýan bolsak, näme üçin sen meni başda yrjak bolýardyň, hä?!
– Men başda seň beýledigiňi bilmeýärdim, sen şol wagytlar Durdy, Arslan, Rakyp bilen söýüşip ýöreniňdenem habarym ýokdy – diýýär, Azat pahyr. Meredem ýerinden galyp:
– Menem söýüşýärdim öň – diýýär. Azadyň gözi dört bolup:
– Se-se-sen nädip söýüşip bilýäň? Se-sen Annageldi bilen söýüşýäň dälmi näme?! – diýip sakawlap başlaýar. Meredem:
– Ýok. Biz oň bilen ýöne ýakyn dost. Ýöne kä wagytlar öpüşip salamlaşaýýas – diýip, jogap berýär. Azat Aýjemala ýüzlenip:
– Sen nädip bir wagytyň özünde dördüsi bilen söýüşip bilýäň?! – diýip soraýar. Aýjemalam:
– Gyzlar 100 kişi bilen söýüşip, birini saýlar diýipdirler. Men durmuşa çykmak üçin saýlamaly ahyryn! Berýän soraglaryňam özüň ýaly samsyg-aý seň – diýip, joralaryna-da “gidellaý şul ýereden” diýip, öz ugurlary bilen ýörediler. Azat bu bolýan zatlardan, onuň durmuşynyň ýeňil bolmajagyna düşünip başlaýar. “Akmak dünýäni özüne öwrenşdirer, akylly bolsa dünýä öwrenşmeli bolar” diýip, kellesini diwara urup başlaýar. Erteki tamam.

Awtor: Spagetti

Täzelikler, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir