Baş rollarda:
– Alkaşyň rolunda Şypbyk han
– Siantaçopraň rolunda Ary Çakdy
– Siantaçopraň kakasynyň rolunda Mithun Çakyrabotty
– Alkaşyň ejesiniň rolunda Zita Hajathan
– we Bantuň rolunda Çulkiratha Sintapuntiunti
Filmiñ ady:
“ALKAŞYÑ SÖÝGÜSINIÑ OT BOLAN SÖÝGINIÑ HAKYKY SÖÝGÜSI”
Bir gün Alkaş atly blatnoý oglan, Oksfordy gutaryp öz ýurduna, Hindistana, Haçapuriporsyjorap obasyna gaýdyp gelýär. Ony garyndaşlary 52 daýylary, 83 daýzalary, ene-atasy we 47 doganlary begenip, 10 minutlyk aýdym saz bilen garşy alýarlar.
Hena pehla koi tu mepuria,
Kuje Älkeş laçotori surina.
Porsi çana lime anatolia,
Kehla Älkeş salfetkany kohlitu.
Terjimesi:
Sygyr bize kömek etdi,
Alkaşy öýe getirdi.
Şatlanalyň, el çapalyň,
Alkaş bize bagt getirdi.
Ol obasyna gelip hal ýagdaý soraşdy, başyndan geçirenlerini, okuwyñ ýagdaýlaryny şatlyk bilen garyndaşlaryna, owadaşlaryna gürrüñ bermäge başlady. Alkaş ejesinden, öñki söýüşen gyzy Siantaçopranyñ hal ýagdaýyny soramaga başlaýar:
– Eje, meniň ýeketäk arzuwym, hyýalym, Siantaçopranyň ýagdaýlary neneň? – diýip soraýar. Ejesi ilki asgyryp sümügüni süpürýärde:
– Ol gyzyň kakasy ony şäherli bir baý, çişik, gapgara Bandu atly birine durmuşa çykarjak bolýar. Sen gowsy ony ýatdan çykar! Bize Pompiantranyň ejesi gudaçylyga geldiler. Sen gowsy şoňa oýlen – diýýär. Alkaş Siantaçoprany Bandu diýip ýigrenjä berýändiklerini eşidip, şol bada ýüzüne şapbat berilen ýaly bolup, şol gyzyñ öýüne ugramak bilen bolýar. Ol Siantaçopranyň öýüne haýdap barýar-da, waratasynyñ gapysyny depip açýar. Açan badyna 40 sany ohrana onuñ üstüne topulýar. Uruş başlaýar, her udarlarda barabanyñ sesleri ýañlanyp başlaýar, oglan hemişeki ýaly karatist, hemmesini ýeñýär. Soñ jaýyñ ikinji gatynyñ balkonyndan gaşy çytyk, serýozny bolup gyzyñ kakasy Alkaşa:
– Kim se-e-en – diýip, gygyrýar. Oglan:
– Men Alkaş Samirtantapolkastolstul Sinh – diýip, adyny ýañladyp, Siantaçopraň kakasyna ýüzlenýär. Şol wagyt gyz hem otagynda oglanyñ adyny eşidip, penjireden seretmäge başlaýar. Ondan öñ ol howlusynda nämeler bolup geçýäninden habary ýokdy. Belki telefonda, imoda oturyp ünsem beren däldir-dä ýazyşyp.
REKLAMA
Öýüñ hojaýyny ýadap öýüne gelýär. Görse öýi bardak, lýustra döwülip ýerde ýatyr, çünkde biri hajatyny bitiripdir, porsap ýatyr. Ýatylýan otaga girip görse, gyzy, aýaly bir bomž bilen ýatyr. Bomž göni ýerinden turup ýylgyryp hojaýyna:
– Salam, men Anton – diýýar. Hojaýyn onuñ ýalpyldap duran dişlerini görüp, orbit çeýneýändigini bilip, ol myhmany çaýa çagyrýar. Reklama gutardy.
Gyz ol oglanyñ gelenine begenip, otagyndan çykyp onuñ gujagyna tarap ylgaýar. Gyzyñ kakasy:
– Siantaçopra – diýip gygyrýar. Gyzy göz ýaşy bilen kakasyna seredip:
– Men Bandu hiç haçanam durmuşa çykmaryn – diýip, oglan bilen motosikla münüm, öýden gaýdýarlar. Oglan gelende ýöräp gelipdi, motosiklyñ nireden peýda bolany belli däl. Soñ olar çola ýerlere ýetip, 10 minutlyk aýdyma başlaýalyr, tans edýälir, kirli garaja çagalaram aýdyma goşulyp tans edýälir.
Gyz:
Ino planetýani, hera jorapa.
Eki pýari tume, kera teraha.
Osuraýina le, hera periýa.
Çuki suka tu pýa, rihe jeraha.
Terjimesi:
Kän garaşdym, jepa çekdim ugruňda.
Ýalňyz galdym, kän agladym köçede.
Bil bagladym, köp çokundym syrtlana.
Ine geldiň, bagtly etdiň şu ýerde.
Oglan:
Aji sogan jura era pitarda,
Erik ýa lupa torilo solýarka,
Redi mera tum hebana sitarda,
Hany dum şila simetra dikarka.
Terjimesi:
Buýralyja guzujyk,
Tüýi örän näzijek,
Bökjekleýär, oýnaýar,
Gök otjagaz çeýneýär.
Aýdym tamamlanýar. Alkaş Siantaçopradan:
– Näme üçin kakañ seni maña bermän, Bandu berjek bolýar? – diýip soraýar. Siantaçopra hem oña:
– Ol çişik örän baý, 5 sany jaýy bar, kakam meñ gelejegimi alada edýär. Ikinjidenem ol oglan biziñ çokunýan alakalarymyza, doñuzlarymyza, syrtlanlarymyza çokunýar – diýýär. Alkaşam oňa:
– Menem Oksfordy tamamladym, baýaryn nesip bolsa, siziň biderek jandarlaryňyzada çokunaryn, belki seň pahanyň razylygyny sorasam bize pata berer?!
– Ýok, razy bolmaz. Ol señ mordañy ilki göreninde-de jyny almandy. Bandu hem biziň gözlegimize çykar. Biz başga ýerlere gaçyp gitmesek bolmaz indi – diýip, onuň gujagyndan aýrylýar. Olar gaçyp başlaýar. Gyzyñ gaçandygy barada Banduñ kirli gulagyna ýetýär.
REKLAMA
Bir gyz bilen oglan biri-birini çyndan söýüp öpüşýärler. Birdenem agyzlaryny biri-birinden aýyrman urşup başlaýarlar. Biri-birlerini urup, dyrmalap ahyry oglan onuñ agzyndaky mentosy alýar. Reklama gutardy.
Bandu ýanyna esasy ohrannigi Jabbary çagyryp:
– Ýanyñ bilen 100 adamy alda Alkaşy öldürip, Siantaçüpüränem meñ ýanyma getir – diýip, buýruk berýär. Jabbar ýogyn, haýbatly sesi bilen:
– Bör hujain – diýýär. Jabbar olary kirläp, musur bolup, porsap ýatan ýerde, aýdym aýdyp, tans edýärkäler tutýar. Jabbar ilki Siantaçoprany tutup, Alkaşyňam ýanyna ýüz adamy goýberýär. Karateý başlaýar, her degmedik udarlar üçinem barabanyñ sesleri ýañlanýar. Oglan ahyry ýadap, derinden ýaña myžžyk bolup barsyny ýeñýär. Jabbar bir elinde Siantaçoprany tutup, bir elinde-de mauzer pistoleti tutup:
– Alkaş – diýip, gygyrýar. Alkaş onuň tarabyna bakýaram weli Bandu onuň edil mañlaýynyñ ortasyna atýar. Siantaçopra ony görüp:
– Alka-a-a-a-a-a-a-a-a-aş diýip gygyrýar. Alkaş bolsa ýuwaşlyk bilen 60 ýa-da 70 sekunt aralygynda, Siantaçopra seredip arkan gaýdýar. Gyzy Bantuñ öýüne getirýärler we toýa taýynlanýarlar. Olar toýa taýynlanýançalar bir adam şol kirläp, porsap ýatan ýerde Alkaşy tapýar. Alkaşyň mañlaýyndan atylsa-da ölmändir eken. Alkaş balnisada üç gün komda ýatýar. Birdenem ol rezko ýerinden galyp:
– Siantaçopra-a-a, çopra-a, çopra-a – diýip, ýaňlanýan ses bilen gygyrýar.
REKLAMA
Bir milioner adam limuzindan düşüp, üýşüp oturan bomžlaryň ýanyna baryp:
– Işsiz porsap oturmaňda meň limuzinimi ýuwup beriň, 10 dollar berjek heriňize – diýýär. Bir bomžam ýerinden galyp:
– Sen aç öýdýän?! Mä, iý şuny – diýip, snikers uzadýar. Olam snikersi iýýär welin bomža öwrülýär. Snikersi beren bomžam:
– Gowumy indi ýagdaýlaryň? – diýip soraýar. Öňki millioneram ýylgyryp:
– Indi gowy – diýýär. “Tormozit etme, snikers iý!” Reklama gutardy.
Alkaş göni Banduñ öýüne barýar weli görse toý başlapdyr eken. Ak sakgally Hindi manaham: “abdi lapuna tirapenika tumani suri lari mari gari” – diýip durka Alkaş:
– Saklanyñ! – diýip, haýbatly sesi bilen gygyrýar. Birdenem gyzyñ kakasy pikirini üýtgedip, Siantaçoprany Alkaşa beresi gelip başlaýar. Belki Bandu onuň göwnüne degendir-dä?! Gyzyň kakasam:
– Men gyzymy Bandu bermäge garşy – diýýär. Bandu bu bolýan idiotizme gaharlanyp:
– Jabbar, öldür Alkaşy – diýýär. Jabbar ýylgyryp çüýrän dişlerini görkezip Alkaş bilen urşup başlaýar. Urşman ýene-de öňkijesi ýaly pistoleti bilen atsada bordy welin, bolýarda. Ýenede urşýalyr, karateý bolýar, her degmedik udarlar üçin barabanyñ sesi ýañlanýar we şeýdibem Alkaş ony ýeňýär. Beýleki ohranalary bolsa Siantaçopraň kakasy, özi, garyndaşlary ýeňýär. Bandu balagyny öllän ýaly duran ýerinde bytnaman durýar. Soň Alkaş Banduň ýüzüne ellerini degirmän Şapbat çalyp başlaýar. Şeýdibem Alkaş Siantaçopra öýlenýär. Ýenede 10 minutlyk aýdym, saz, kirli çagalar tans edýär, oglanyñ 800-den gowrak garyndaşlary, şatlyk-şowhun bilen tans edýälir.
Meri diýa napoh iýdi sulikat,
Dura mulinu çurika lýa-lýa-lýa.
Taro mi çukolato na zitakat,
Polotensa dikaprio tra-lýa-lýa.
Terjimesi:
Söýgi üçin göreş tutduk biz bu gün,
Indi bizem aýdym aýdýas lýa-lýa-lýa.
Kynçylygy ýeňip geçdik biz bu gün,
Indi bizem tans edýäris tra-lýa-lýa.
SOÑY
REŽISSER: Spagetti
cheshme:dostluk.ru
HINDI KINO (remix)
-
Гость
3 years ago
- Orbitli reklamaňa barlap göräýmeli.Täsir etmese suda bererin!
-
Korolewa
3 years ago
- 🤦♀️😂😂
-
LadaKalina.
3 years ago
- :D-:)(0_0)))
-
zumerchi
3 years ago
- Gulup ichim gyryldov!!! Ine muna talant diyerler!!! Berekella shu kirli hindileri kak polojenno opisyvat edipdir kim bolsada!!!😂😂😂😂
-
soho
3 years ago
- @spagetti, shu wagt hem dostluga giryami?
-
Xyivenia
3 years ago
- Hahaha Reklamalary gowy eken :)
7.09.2021 21:39
Manikarnika 3 years ago- Bože moy O_o cto eto???