Iñ meşhur wagt syýahatçysy ABŞ-yň harby deňiz güýçleriniň ätiýaçlykdaky ofiseri Alfred Bilek.Onuň ýene bir ady Edvard Kameron.Alftred iki wagt aralygyna syýahat etmek üçin tejribelere gatnaşýar.Ol 1943-nji ýyl "Filadelfiýa eksprementi" we 1949-njy ýylda "Montok" eksprementlerine gatnaşýar.
Harby edaralar Bilegiň aýdýan maglumatlaryny inkär etsede,ol ylmy tejribelerden soňra öçürüp taşlanan ýadynyň doly dikelendigini aýdýar.Umuman aýdanda ofiser 2137-nji ýylda 6 hepde we göz öňüne getirmesi kyn bolan 2749-ýyldan başlap 2 ýylyny gelejekde geçirýär.Şondan soň Bilek aşakdakylary aýdyp berýär.
"Yklym,geografiýa,planeta we kenar çyzygy düýbünden üýtgär.Asyrlaryň geçmegi bilen binalar ýokary ösüp başlar,kenarýaka binalar bolsa suw astynda galar."
Onuň syn eden 2000 gatly binalara eýe bolan uly şäherleri kenarýakada ýa-da ýerden bir ýarym kilometr belenltikde äpet antigravitatsion platformalaryň kömegi bilen asmanda uçup gezer.
Ýigrimi sekizinji asyrda umumy sany(şuňa üns beriň) 500 million adama çenli kemelen jemgyýetiň içinde "Her kim zähmetine görä,her kim başarnygyna görä" düzgüni höküm sürer.
Dolanşygyň beýleki görnüşleri möhümligini ýitirer.2749-njy ýylda dünýäde ideal sotsailistik jemgyýet höküm sürmeli ýeke-täk tertip,durmuşa ornaşdyrylar we her bir işe ukyply adam umumy ösüşe öz goşandyny goşar.
Kanuny bozan adamlar,aýratyn bölüp berlen ýerlere sürgün edilip,jemgyýetden uzaklaşdyrylar,potentsial howply jenaýatkärler bolsa,agyry-ynjysyz öldüriler.
Jeza bermegi ýa-da günä geçmegi emeli aň ýerine ýetirer.Ähli jemgyýetçilik agzalaryny merkezi megakompýuter her bir şäher üçin aýratyn dolandyrar.Ähli dolandyryş merkezleri ýeke-täk sintetik tora birleşdiriler.Her bir şäher garamagynda bolan awtonom gorag sistemasy,hemişe söweşjeň ýagdaýda durar emma,döwlet serhetleri,uruşlar,politsiýa,armiýa,banklar,pullar we hökümetler bolmaz.
Gelejege syýahat eden adam...
-
Dowsypat00
3 years ago
- @Jeksparro,500 million adamyñ sanawyna dushsen gidersin!
-
Khanture
3 years ago
- Emeli aň ýada digital system (sanly ulgam). Dijital diýlip okalýar we dejjala çalym edýär. Bu diňe meniň pikirim däl köp teoristleriň pikiri.
-
Khanture
3 years ago
- Bular biderek HZ Mehdi bn HZ Isa dejjal pitnesinden halas eder.:)))
-
zumerchi
3 years ago
- Nahiliey sen Khanture kellane geleni yapyshtyrma! Digital Detjal bolshuna huyyet haltam chishdi dushunyanmi!?
-
zumerchi
3 years ago
- Onsonam:
Mati yerden chykar, Isa asmandan, detjaly ol iki àr harap eylar!!!!
-
Khanture
3 years ago
- Genius-jyn
Digital-dejjal
-
Jeksparro
3 years ago
- @khanture 🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣🤣wuhahahaaaaa
-
zumerchi
3 years ago
- Jek, bunyn bir sharigi dushup galan...
-
Khanture
3 years ago
- Sharik sense bolaýmasa @zumachy
@Sercekele bar gümbolsana şutaýdan. Garşymyň akyllyja garşy çyk biderek gülip durmada
-
Khanture
3 years ago
- Zuma diyip sharikli oyun bardy...
-
Khanture
3 years ago
- Serçekelle näme göwniýetmezçilik edip gûlýäňmi?
-
Khanture
3 years ago
- Arada oýuk ýer teoriýasyny goldaýan diýipmidiň. Seniň beýniňem şol teoriýa ýaly boş öydýän.
-
Jeksparro
3 years ago
- @khanture, Emeli aň ýada digital system (sanly ulgam). Dijital diýlip okalýar we dejjala çalym edýär. Bu diňe meniň pikirim däl köp teoristleriň pikiri.
Haýsy teoriýaçylar goldaýandygynam ýelmäp goýber şu ýere, göreli kim diýdi digital - deçjal, genius - jyn diýip...
-
Khanture
3 years ago
- Genius-jyn, digital-dejjal diýmek bilen shonung anyk shol zatdygny aytjak bolanoklar. Sözleriň aýdylşyndaky meňzeşlik we käbir meňzeşlikler sebäpli şeýleräk bolmagy mumki diyyarler. Anyk shol diyenoklar. Erkan Trükten we Hamza Yardimcoglynyn videolarynda gorupdim. Digital sanly diymek. Injildede Dejjalyn sany (666) barada agzalyp gecilyar....
-
soho
3 years ago
- haysy prokatda barkan:ay, gyzykly kino eken...
-
Khanture
3 years ago
- @soho name kino?
-
soho
3 years ago
- geljege gidip, 2 yyl yashap gelyan adam hakyndaky kino
-
zumerchi
3 years ago
- Khantur, zuma dip sharikli oyun bar, yone senin bu deneshdirmelerin kellanden bir-iki sharigi gachyp galanynky yaly...
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Khanture 1 day ago
Emeli aň ýada digital system (sanly ulgam). Dijital diýlip okalýar we dejjala çalym edýär. Bu diňe meniň pikirim däl köp teoristleriň pikiri.
Bu diňe meniň pikirim däl köp terroristleriň pikiri diýip okapdyryn
Khanture her bir gören wideoňa ynanýaňmaý sen dowsypat hem youtube dan görüp bärde blog döredýä ikiňem bir kelle youtube gyzykly wideo görkezýä siz hem ynanyp şol kanalyň ähli wideolaryny görýäňiz olar pul gazanýa siz akyl ýitirýäňiz
ÝGaraz deňagramlylygy saklaýaňyzda
Jeksparro 3 years ago- Şola gowy bolardaý... Şol döwüre baryp gaýdyp bolmazmyka!?