Bugun adamlary herekete getirmek üçin,ertire gowy zatlary wada bermeli.
Eger-de dinde ölümden soň hiç hili direliş bolmanda,dowzah we jennedem bolmanda,umumy adam ölenden soň, ýokluga siňip gidýär diýlende,haýsy adam şol diniň ýörelgesini tutardy."Ölenden soň ýok bolup gitjek bolsam,edenimi edip ýaşap gezeýin"-diýerdi.
Mugtuna maýmyn oýnamajagyna gözi ýeten din,adamlara dini tölegli etdi.Onuň tölegi bolsa dowzah we jennet.Akyllyja bolup ýaşasaň jennet,erbetlik etseň dowzah.Dowzah bu ýerde jeza hökmünde berilýär.
Onuň töleginiň bir erbet ýeri bolsa,onuň nesýeliginde.Her bir adam tölegini ölenden soň alyp bilýär.Bir gezek ölüp aňyryny görüp,direlip ýene ýaşaýyşyňy dowam etmägede mümkünçilik ýok.Ynanýan diniň maşenik bolsa,gowy bolup ýaşan ömrüň köýüp gitdi diýleni.
Musulmanlaryň pikiri:"Olar ýeke-täk Taňra ybadat etmäýäni üçin kapyr,olar ölenden soň dowzaha gitmeli."
Kirişna hudaýyna ybadat edýän hindileriň pikiri:"Musulmanlar biziň Kirişna hudaýymyza ybadat edenoklar,tersine ony inkär edýärler,şonuň üçin musulmanlar ölümden soň dowzahda jezasyny çekmeli.
Hristianlaryň pikiri:"Mukaddes Injile we Isa mesihe iman etmeýänligi üçin,musulmanlar kapyrdyr we olar dowzahda ýanmaly.Isa mesih Hudaýyň oglydyr we ol Muhammetden ulydyr.
Şularyň her haýsysy bir din,emma hemmesiniň pikiri bir ýerden çykýar.Öz ynanýan dinine garşymy,hökman ol adam dowzahda ýanaýmaly.Bu ýerde diniň däl-de,psihologiýanyň orny uly ýaly.
.......
-
Jeksparro
3 years ago
- @Dowsypat, eger men dine uýýan bolsam ölüp gidäýsem öz ynanjyma görä Jennede ýa dowzaha giderin. Eger sen aýdyşyň ýaly ölüp ýok bolup gitmeli bolsam, ýitirjek zadym ýok.
Eger sen dine uýmaýan bolsaň boş ölüp gidersiň!
A eger din ýa Alla bar bolaýsa utulan özüň bolarsyň. Sebäbi sen hemme zatda ýitirdi we utuldyň... 😊
-
zumerchi
3 years ago
- Umuman aydanda Din bu tertip duzguni saklamak uchin närse!
-
Гость
3 years ago
- Hudaýa,dine ynanmaýanlygyňy aýtmak abraýmy ýa ozüňize dereje hasaplaýaňyzmy şony?Ynanmaýan bolsaň gygyryp,damak ýyrtyp gezmelimi ýa özüňiziň hemmeden akylly,düşünjelidigiňizi görkezmegiň bir usulymy bulam?Ahow adamlar,ynanmaýan bolsaňyz şonuň sebäbini düşündirmäge borçly dälä siz.Özüňiz "dogry ýolda" biz ýaly "ýalňyşanlaň"gözlerne basyp 180 bn geziberiňda,beýlekilerem ýanyňyza aljak bolup ýörmäňde.Ýa şeýtseňiz size peýdasy bamy?!
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Zumerchi, oylanyp tapylan bir toslama diyjek bolyanmy?
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Gost, hak aytdyn shu gezega. Yone senem pikirlenip gor, yanyna chekmek uchin aydanoklar, prosta beylekilerem kellesini ishletsin diyip aydyarlar...
-
zumerchi
3 years ago
- Ahmedik yok!
-
Khanture
3 years ago
- Musulmanlaryň pikiri:"Olar ýeke-täk Taňra ybadat etmäýäni üçin kapyr,olar ölenden soň dowzaha gitmeli."
Bu diňe musulmanlaryň pikiri, özem ýalňyş pikir edýärler. Kuranda islendik adam ahlak sypatlaryna eýe bolup, Allahada şärik goşmasa dogry ýoldadygy aýdylýar. Din edasy sat däl esasysy adam bolmak. Hristianam, Ýewreýem, Hindinem ýaradan Alladyr. Adamy dinine görä bölýäniň özi müşrikdir. Sebäbi bular Hristiany Isa ýaradan, Hindini Krişna ýaradan ýaly hasaplaýar. Olar ýalylara musulman diýmägede dilim baranok, hamala olary Alla ýaradyp jenneti garantiýalap goýan ýaly....
-
zumerchi
3 years ago
- Dogry belledin khantur
soho 3 years ago- shu gunler talyplar.com-a giryan welin, birhili her durli "dinleri" mahabatlandyrylyan serga gatnashyan yaly bolyan...