R.A.M
25.07.2020 / 12:46:21
"Gorkym" meni gorasyn..

Galam alyp ele ýazmak isledim,
Bugün az ýazylan ynsan barada.
Oñ söýgüsin, wah, men bilip bilsedim
Dessanam ýazardym sähel arada.

Ene keramatdyr, keremdir ene
Ol hakda sözleseñ sözläber ýene,
Onuñ waspyn edip gutaryp bolmaz
Her sözi melhemdir, şypadyr tene.

Ene hakda näçe azdyr sözleseñ,
Ata hakda ýazan azdyr gözleseñ,
Belki oña goşgy hökmanam däldir
Taryp kän etmäge biraz gözleseñ.

Ölçeseñ atanyñ söýgûsi az däl,
Gyş güni atañam ýüregi buz däl,
Gahar bilen gizläp söýýär balasyn
Söýmez ýaly onuñ ýûregi buz däl.

Ata köp geplemez, köp hem gepletmez
Dyzyny eplemez hem-de epletmez,
Diri gezip ýörkä ýagty jahanda
Perzendiniñ hasabyna eklenmez.

Atanyñ gözünde görmersiñ ýaşy,
Köp gördi oñ gözi toýy hem ýasy,
Derin döküp işlär, bilmez gyş-ýazy
Hernä uzyn bolsun Atalañ ýaşy.

Edebiýat, TrustORG tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir