Ilki bn hemmanize salam. Menin bilesim gelyan zat manlaya yazylyan zat cynmyka hakykatdanam manlaya yazylyamyka yagny, birine barsak, ya-da birini alsak so alanymyz ya baranymyz manlaya yazylyan zatmy?? Kabirleri manlayyna kim yazylan bolsa sona baryan ya-da alyan diyyaler so zat dogrymy?? Her kim oz pikirini aydaysa..
Sorag-jogap.
-
Wonderfull
3 years ago
- Howwa maňlaýyna yazylyar.
-
Black Wolf
3 years ago
- Hawwa ynanyan mena yazgyda,
-
Xyivenia
3 years ago
- Menin pikirim ol oz elinde. Meselem men bir oglany gowy goryan yone ejem-kakam sol oglana bermage razy dal a men bolsa ol oglan bilen gacyan. Ya-da seydip gacmak men manlayyma yazylanmy. Men ejem-kakamyn diyenini edip ol oglana gacmanam bilyan ol oz elinde menin pikirim boyunca
15.07.2021 12:25
-
sapalybegenjow000000
3 years ago
- Xyivenia menem seylemika dp pikir edyan ozine baglymyka diyyan
-
Mister X
3 years ago
- Nikanyň ýazgyt bolmazlygy üçin, Alla şol iki adamyň durmuş gurjaklaryndan bihabar bolmaly. Bilimi bilen hemme zady, her ýeri öz içine alýan Alla hakynda bolsa beýle pikir edip bolmaýar. Şeýlelikde soragymyzyň jogaby: "Nika elbetde ýazgyt". bolar. Şeýle-de bolsa, bu ýerde iki dürli ýagdaý bolup biler:
1. Alla ebedi bilimi bilen durmuş gurjak erkekleriň we aýallaryň öz islegleri bilen biri-birine öýlenjegini ýa-da durmuşa çykjagyny bilýärdi we wagty gelende durmuş gurjakdyklaryny ýazdy. Başgaça aýdylanda, ýazgytlarynda bulara "Şoňa durmuşa çyksyn, öýlensin" diýip däl-de, "Şoňa durmuşa çykar, öýlener" diýip ýazylýar.
2. Käwagt Alla bendelerini synap görmek üçin 2 adamy duşurýar we durmuş gurdurýar. Bu nika gowy bolan bolsa, bendeler şükür etmelidirler. Eger-de nika erbet bolan bolsa, sabyr etmelidirler.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Mister x, duybunden yalnysh zat aydyan. Men entek sperm wagtym haysy gyza oylenjegim yazylyar diyen yaly edipsin. "Haysy gyza oylenjegimi bilyar we yazyar..." Yazyan zadyna ozun bir dushunyanmay sen?! Entek oylenjek gyzym hem sperm, menem sperm, oylenjek gyzym (gelinligim) kunti, jelep bolmagy isleyar, gunde birinin ashagyna girmegi isleyar, Alla onam onun manlayyna yazyar. Menem jalay oglan bolmagy isleyan (entek sperm wagtymdaky gurrun) her gun bashga gyz bilen jynsy gatnashykda bolmagy isleyan, onam Alla onunden bilip shol zatlary men manlayyma yazyar. Wagt gelyar, men bir erkek adamyn jyns organyndan bir ayal adamyn jyns organyna akyan we meni Alla yasayar. Eyyam menin ykbalym yazylan. Yazgytdan chykma yok. Ol jelep, kunti gyzam sperm bolup yatga akyar, we onam yasayar. Ol jelep, kunti bolmagy islanligi sebapli Alla onam yazgydyny entek akmanka yazyp goyupdyr. We ikimizem dogulyas. Ola jelep bolup gunde biri bilen yatyp turyar shol bir wagtyn ozunde menem her gun bir gyz bilen jynsyn gatnashygy heziller edip gechiryan. Alla shu zatlary etjegimizi onunden bilip, ejemizin matgasyna dushmakak yazyp goyupdyr. Wagty gelyar yanky jelebe resmi yagdayda oylenyan. Bizin hem chagalarymyz bolyar. Yone shol jelebi aljagymy bilip onunden yazyp goydy diymek na derejede manyly? Hormatly Mister x, sen aydan zatlaryn ahlisini shu teswirim ochuryar, "onunden bilyanligi uchin yazyar" diylen adalga hem shu yerde yalana chykyar. Kellan nirede sen? Ya bizi samsyk goryanmi? Jelep gyz jelep bolmagy islapdirmi onunden on manlayyna kuntuchilik etjegini bilip yazar yaly? Onda akyl, pikir bolanoga-how tonne bir topar sperma wagty?!............ Onunden kunti boljagyny bilipdirmish-de onun manlayyna yazanmysh... Nahili akmaklyk...
Uns berin, bu bir ylmy maglumat dal, PROSTA PIKIRLER! Yone sizin ylmy maglumatlarynyzdan dushnukli hem hakykata has yakyn maglumatlar .....
15.07.2021, 15:11,
Ahmet Gurbanmyradow.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- @Xyivenia, @Sapalybegenjow000, dogry aydyanyz yazgyt oz elimizde...
15:15.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- @Bibish, sizem dogry pikirde.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Hormatly gelin gyzlar! Ahlinizden otunch sorayan +18 dilde yazanym uchin, yone jogap bermeli yerinde +18-i ulanmaly bolyan ekeni... Yene bir gezek I'm sorry please!!!
15:19
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Hormatly Wonderful we Mister x, shuny teswirlap berin indi nahili maglumat goyarkanyz?!
15:40
-
Bibish
3 years ago
- yône bir tarapdan mañlaya yazylyan yalam. men iki yyl okuwa synanyshdym TDU shonda 1-njy yylym nomer17-nji bilet dûshdi, 2nji yylymam yene nomer17-nji bilet me saña yene ôñkùje soraglar. diyjek bolyanym shul 17 meñ mañlayyma yazylan yaly.
-
sapalybegenjow000000
3 years ago
- menem bir meselem getireyin su yerde: Mn ozimden uly doganym bar we ol bir gyza yuzik dakyar aslynda ejem kakam dagy dakdyryar ozi kan halanok. Ejem bn kakam akylly gyz sol sony alarsyn dp dakdyryalar olam aljakdal halamok bir omur yasasmaly diysede gaty akylly gyz so dp dakdyryalar. we bir gun doganym moykada durka bir gyz molima gatnayan ekeni gecip barya so denden vln onam doganym gorya we idap sorap gorse yanky yuzik dakanyndanam has akylly we oz soyenim dp sony alya. Diyjek bolyanym oz islegin boyunca hem baryp ya alyp bolyan ekeni yazgyda mena kan ynanamok yone
-
Mister X
3 years ago
- Ahmedik_97
Ýazgydyň, ýagny maňlaýyň esasy manysy, bolan we boljak zatlaryň hemmesini Allanyň bilmegidir. Üns bersek, adamyň öz erkini ýok hasaplanok. Bilmek başga zat, etmek başga zat. Bilýän Alladyr, edýän bendedir. Muňa bir mysal getireli:
Pygamberimiz (saw) ýüzlerçe ýyl mundan ozal Konstantinopylyň basyp alynjagy we onuň serkerdesi baradaky hoş habary aýtdy. Wagty gelende, onuň aýdyşy ýaly hem boldy. Indi Pygamberimiz (saw) aýdany üçin Stambul basyp alyndymy ýa-da basylyp alynjagyny bilýäni üçin aýtdymy? Şol wagt Fatyh Soltan ýatan, işlemedik, goşuny taýýarlamadyk we söweşmedik bolsa hem Stambul eýelenerdimi? Diýmek, Allatagala Fatyhyň taýýarlyk görüp Stambuly basyp aljakdygyny bilýärdi we muny Resuly pygamberimize (saw) habar berdi.
Bu ýerde bilmeli iň esasy zadymyz: Allaň bilýäni üçin etmeýäris, biziň etjegimizi Alla bilýär. Şonsuzam Allatagala geljegi bilmeýär diýip pikir edip bolmaz. Eger bilmeýän bolsady, onda Ýaradan bolmazdy.
Mysal üçin, bir mugallym bar diýip pikir edeliň. Okuwçylarynyň birine: "Ertir senden şu temany sorajak, taýynlanyp gel" diýýär. Şeýle-de bolsa, mugallym onuň telewizor, futbol, oýun oýnamak ýaly güýmenjelerden soň ertesi gün mekdebe sapagyna taýýarlanman geljekdigini bilip, agşam okuwçyň iş depderine 2 goýýar. Ertesi gün okuwçy berlen soraglara jogap berip bilmeýär we ikilige mynasypdygyny bilenden soň, mugallym depderi açyp: "Seniň sapaga taýýarlanman gelip ikilik aljagyňy bilenim üçin depderiňe öňünden 2 goýdum" diýýär. Muňa jogap edip okuwçy: “Mugallym siz 2 goýanyňyz üçin men ikilik aldym. Ýogsam, 5 goýan bolsaňyz bäşlik alardym" diýip bilermi?
Diýmek, biz Allaň ýazany üçin edemizok, biziň etjek işlerimizi bilip Alla ýazýar. "Ýazgyt" diýýän zadymyz ynha şu.
Ýazgyt ikä bölünýär: şertli ýazgyt, meýletin ýazgyt.
Şertli ýazgydymyzda biziň hiç hili täsirimiz ýok. Bu biziň erkimize, islegimize bagly bolman ýazyldy. Dünýä geljek ýerimiz, ejemiz, kakamyz, görnüşimiz, sypatymyz şertli ýazgydymyzyň netijesidir. Bulary özümiz saýlap bilmeýäris. Bu ýazylan ýazgydymyz üçinem jogapkärçilik çekmeýäris.
Meýletin ýazgytda bolsa, bu biziň öz islegimize bagly. Näme karar berjekdigimizi we näme etjekdigimizi Alla baky bilimi bilen öňünden bilýär we şoňa görä kesgitleýär.
Ýüregimiz urýar, ganymyz aýlanýar, öýjüklerimiz ulalýar, köpelýär, ölýär. Bedenimizde biziň bilmeýän birnäçe zatlarymyz bolup geçýär. Bularyň hiç haýsyny biz edemizok. Şeýle işler ýatan wagtymyzda hem dowam edýär.
Ýöne, öz islegimiz bilen ýerine ýetirýän zatlarymyzyň bardygynam gowy bilýäris. Iýmek, içmek, gürleşmek, ýöremek ýaly hereketlere özümiz karar berýäris. Her niçigem bolsa erkimiz, az bolsa-da bilimimiz, ejiz bolsa-da güýjümiz bar.
Çatrykda haýsy ýoldan gitmelidigimizi özümiz çözýäris. Durmuş bolsa çatryklardan doly.
Şu ýagdaýda hiç hili zorluk görmezden, öz islegimiz bilen eden kanundan daşgary hereketlerimiz, günälerimiz üçin özümizden başga kimi günäkärläp bileris?
Kän bir täsiri ýok diýilýän adamyň erki, islegi ähmiýetsiz görünse-de, älemde bar bolan kanunlary ulanmak bilen uly zatlaryň bolmagyna sebäp bolýar.
Bir binanyň ýokarky gatynyň iň gowy naz-nygmatlardan, ýerzemindäki aşaky gatynyň bolsa ejir çekdirýän elhenç gynama enjamlaryndan doly we bir adamyň bolsa bu binanyň liftinde durandygyny pikir edeliň. Binanyň ýagdaýy barada öňden bu adama aýdylan, ýokarky gat üçin düwmäni bassa merhemet, bereket garaşýar, emma aşaky gat üçin düwmäni bassa welin azap garaşýar.
Bu ýerde erk, islegiň edýän ýekeje zady, diňeje haýsy düwmä basmalydygyna karar bermek we ýoluňy saýlamakdyr. Lift bolsa şol adamyň güýji we islegi bilen däl-de, käbir fiziki we mehaniki kanunlar arkaly hereket edýär. Başgaça aýdylanda, adam öz güýji bilen ýokarky gata çykmaýar, ýa-da öz güýji bilen aşaklygyna düşmeýär. Şeýle-de bolsa, liftiň nirä gitjekdigini kesgitlemek içindäki adamyň öz islegine bagly bolýar.
Adamyň öz islegi bilen edýän ähli işlerine şu mysal arkaly baha berip bolar. Mysal üçin, Gudraty güýçli Allatagala meýhana gitmegiň haramdygyny we metjide gitmegiň sogapdygyny habar berdi. Adam bedeni bolsa mysaldaky lift ýaly iki ýere gitmek üçin hem amatly ýagdaýda.
Älemdäki bolýan zatlarda bolşy ýaly, bedenimiziň içindäki bolýan zatlarda hem adamyň öz erki ýokdur we adam bedeni kanun-y külli atly ylahy kanunlar bilen hereket edýär. Ýöne onuň nirä gitjekdigini kesgitlemek adamyň islegine we saýlamagyna galýar. O haýsy düwmä bassa, ýagny nirä gitmek islese, beden şol ýere tarap hereket edýär, şonuň üçin gitjek ýeriniň sylagy ýa-da jezasy şol adama degişlidir.
Üns berlen bolsa, ýazgydy bahana hökmünde ulanyp, "meniň günäm näme" diýýän adamyň erkine äsgermezlik edýändigi görünýär.
Eger adam şemalyň ugruna gidip barýan ýaprak bolsa, saýlamak ukyby ýok bolsa, eden işi üçin jogapkärçilik çekmese, günäkärligiň näme manysy bar? Muny aýdýan adam özüne zulum edilende kazyýete ýüz tutmaýarmy?
Şeýle bolsa, düşünişine görä şu hili pikirlenerdi: “Bu adam meniň öýümi ýakdy, abraýymy kemsitdi, çagamy öldürdi, ýöne ol günäsizdir. Bu zatlary etmek onuň ýazgydynda bardy, näme etsin, başga zat edip bilmezdi".
Zulum edilenler hakykatdanam şeýle pikir edýärmi?
Adam eden işine jogapkär bolmasa, "gowy" we "erbet" sözleri manysyz bolardy. Gahrymanlary öwmek we dönükleri kemsitmek zerurlygy bolmazdy. Sebäbi olaryň ikisi-de edenlerini öz islegi bilen etmedik bolarlardy. Emma hiç kim beýle pikirleri öňe sürmez. Wyždanly her bir adam öz hereketleri üçin jogapkärdigini we şemalyň ugrundaky ýaprak ýaly däldigini kabul eder.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Eger adam şemalyň ugruna gidip barýan ýaprak bolsa, saýlamak ukyby ýok bolsa, eden işi üçin jogapkärçilik çekmese, günäkärligiň näme manysy bar?
Wot imenno manysy yok bolanson aydyanda menem...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Onsanam gayrat edip copy + paste etmede oz dilinde menin teswirime gora jogap yazsana. Sperm komegi bilen hakykaty yazypdym, sen bolsa pygamber diydin, mugallym diydin, garaz, bashga jogap yazyan. Onyn yazgyt bilen bagly jogabam bolsa birinjiden menin teswirime jogap dal, ikinjiden ichindaki subutnamalaryn kamil dal. Ony hem dernesen birgiden yalnyshlar chykyar, kamil jogap yaz!
17:24
-
Mister X
3 years ago
- Ilki bilen men biriniñ yazan zadyny copy paste edemok. Yazan zatlam meñ oz onki bloglamda bar. Pygamber diydin, mugallym diydin diyip, sen sho zatlara akyl yetirseñ spermañada akyl yetirerdiñ. Aljak gyzym jelep bolsa ol oz islegi. Shunyña meñzesh mysaly men yokarda mysal getirdim. Hem kamil jogap yaz diyipsiñ, asyl kamil sozuniñ manysy name. Men sana edebimi yitirman dushundirjek bolyan we señem pikiriñe hormat goyyan. A sen yazañda bolsa sylamazcylyk edyan yaly "samsyk goryanmay kellan yerindemay" yaly jogaplayañ. Eger kamillik señ yazyshyñ yaly bolsa goy men kamil bolmayyn
Bibish 3 years ago- Mena gaty ynanamok mañlaya,yazgyda. yône nesibà birhili ynanyan