Bärde barmak basyp sanaýmaly derejede bolsa-da,aňly-düşünjeli oglan-gyzlaryň barlygynada begenýän. Men durmuşy synlap bir zada göz ýetirdim,häzir biz "ahyrzaman" döwründe ýaşaýarys.Birek-biregi kemsidýäris,ýere sokýarys,üstünden gülýäris.Äjit-mäjide bir ýerden geler diýip garaşmagyň geregi ýok.Ýuwaş-ýuwaşdan özümiz äjit-mäjide öwrülip barýarys,ýuwaş-ýuwaşdan ynsanlyk keşbimizi ýitirip haýwanlaşyp barýarys.Bu hadysany saklap galjak hiç hili güýç ýok .Ýyl geçdigiçe dünýä beterleşip baryberýär.Obada bolsun şäherde bolsun aňly-düşünjeli gürleşip biljek adamlar az indi.Şolar hem doly ýok bolandan soň ahyrzaman.Sebäbi sanlyja adam üçin bolsa-da,Taňry dünýämizi abat saklaýar.Häzir bereket ýitdi,adamlaryň Hudaýa ynanjy ýitdi,birek-birege sylag-hormat ýitdi,nebis adamdan öňe geçdi,parohorlyk we keselçilik güýçlendi.Ýagşylygy adamlar pula satyp başlady.Jübüň boş bolup barsaň,baran ýeriňde işiň bitenok.Ejiz bolan ýeriňde üstüňe gygyrjaklar,güýçli bolan ýeriňde dabanyňy ýalajaklar.Şol derejede adamlaryň mertebesi pese düşdi.Bihaýalyk gün-günden ýokary derejelere galyp barýar. Utanç aradan ýitip barýar.Ahyrzaman döwri bolman, näme boldy indi?Gün-günden adamlar beterleşýär we erbetleşýär.Ony saklap galjak güýç bolsa ýok indi.
.......
-
Xyivenia
3 years ago
- parohorlyk we keselçilik güýçlendi.Ýagşylygy adamlar pula satyp başlady.Jübüň boş bolup barsaň,baran ýeriňde işiň bitenok.
Hakyky ++++++++++++
-
Mister X
3 years ago
- Ylalaşýan. Musulman musulmanyñ doganydyr diýilýär welin dushman yaly garalyar indi. Yone barde yslama ynanmayanlaram kop. Hat-da iñ bir dushunjeli diyip hasaplayan kabir oglan gyzlamam yslama Kurana ynananok eken. Belki ol adamlar ahyrzamanada ynanyan daldirler.
-
Black Wolf
3 years ago
- +++++++
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Hazir pulun bolmasa gadryn yok Hic kim hasap edenok.Kabir gyzlar bar oglanyn yuregine dal onun jubisindaki pula seredyar.Kabir oglanlar bar gyzyn soygusini oyunjak edyaler.
puly yokda soygulisi,abrayy,hormaty,mertebeside yok.
Yone puky yok garyp pukaralar hem yeri gelende adam hasap etmeyar.Ondada birki gun pully bolanlarynda
-
Wrestling
3 years ago
- Siziňem aýdýanyňyz dogry welin ýöne başgaça seredip görüň. Öňkü döwür bilen deňeşdirip görseňiz: Uly jahan urşlary ýada gan dökülşikli basybalyşlar ýok indi, jynsparazlyk, milletparazlyk öňüne geçmek üçin ähli zatlar edilýär. Pully meselä gelsek haçan meseleler pulsuz çözüldi, pikir edip görüň. Bu bir dünýäniň hakykady. Galanam öz pikiriňiz.
yashalym 3 years ago- garap hali bul bashy gelejek terminatorlar kinosyndaky yaly bolup gidya