Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Ýokary okuw mekdebimde ýashy 70-den geçen mugallymym bar. Pensiýa döwri gelsede ol uly höwes bilen ishleýärdi. Nähili samsyk talyplar bolsada ýaltanman düshündirjek zadyny düshündirip bilýär. Günortan arakesme jañ kakyldy. Talyplar begenip klasdan çykýardylar. Hatda "talyplarym geljekde hor bolmasyn" diýip ylym berýän mugallymada "sagboluñ" diýen sözünede gysgandylar. Mugallym meniñ ýüzümde aladanyñ bardygyny bilip ýanyna çagyrdy-da ýönekeýje tejribe geçirdi. Tejribe ýönekeý bolsada meniñ hijem ýadymdan çykmaz. Tejribe: mugallym çüýshäni suwdan doldurdyda partanyñ üstüne dökdi. "baýram! Seret, çüýshedäki suw döküldi diýip näçe alada etseñem suw çüýshä gaýdyp girmez. Boljak zat boldy. Indi näme üçin alada etýäñ?! Alada etmek ýürek kesellerine, ashgazan ýarasyna (ýazwa) we aýak rewmotizimine getirýändir. seniñ garyndashlaryñ 40-45 ýashyna ýetmänke, 100% bolmasada 95% anyk aýdyp biljek, ýagny olar ýokardaky keseller bilen kesellediler." hormatly agzalar! Dogurdanam boljak zat bolansoñ alada etsek hiç zat yzyna gaýdyp gelmeýär. Ýene-de mugallym maña dünýäniñ beýik shahsyýetlerini (bethowen, benzhamin franklin, enshteýin) beýiklige çykaran söz aýtdy. Ine ol sözler: "durmush saña limon berse, sen ondan limonad ýasa" akylly adam sözler bilen ýörärmish, samsyk bolsa tersine. Samsyk adama limon düshse (kynçylyk) "men nähili nalaçedeýin, men hiç zat edip bilemok, bu meniñ durmushum". Ol adam terki dünýä bolýar, kellede diñe alada. Durmushuñ gözelligini görmän dünýäden ötýär. Eger-de akylly adama limon düshse ol: "men shu kynçylyklardan nädip çykyp bilerkäm? Geljekde maña nähili sapak bolarka?" diýer. Durmushuñ kynçylygyny limonad eden adamyñ durmushy hakda mysal getireýin. Mary welaýatynyñ baýramaly shäherinde ýashaýan daýhan (adyny gizlin saklamagy makul bildim) daýhançylyk üçin ýer satyn alýar. Ýer beýiklikde bolany ü/n ol ýerä añsat suw çykanok eken. Ýer shorlapdyr, diñe ýandak bitipdir, üstesine ýylanlaram kän eken. Daýhan ýylda ýerinden 20müñ$ girdeji alýar. Nädip bashardyka? Ýylanlary köpeldip dersini aýakgap çykarýan dashary ýurt firmalaryna satýar, ýylanyñ etini restoranlara berýär, zäherindenem derman ýasaýar. Hormatly agzalar! Shu ýazgyny ýaltanman soñuna çenli okan bolsañyz, geljekde azyrak bolsada kömek eder diýip umyt etýän. "durmush saña limon berse, sen ondan limonad ýasa"
Filosifiýa: "durmush saña limon berse, sen ondan limonad ýasa"
-
hakykat1
15 years ago
- bayram dostum sen gitmedinmay:)
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Hakykat! Dostum, mugallymyñ aýdan sözlerini siz bilen paýlashmak isledim.:)
-
hakykat1
15 years ago
- ok dostum gitme entak sen gerek:)
-
hakykat1
15 years ago
- rowshen gelmeyarmi usher beylekiler?
-
grasshopper
15 years ago
- bet aydylan...durmush alma berse, ondan sok yasa :D
-
hakykat1
15 years ago
- ay sorama erik berse ondan wareniya bal yasa:)
-
Samuray
15 years ago
- Durmush künti bolsa, sen p.i.m.p bol.:)
-
abcdefg
15 years ago
Durmush künti bolsa, sen p.i.m.p bol.
bet aydylan soz manysyna dushunsen...
-
SerJon
15 years ago
- S vozvrasheniyem Bayramcik!!!
-
grasshopper
15 years ago
- Durmush künti bolsa, sen p.i.m.p bol.
hahah bet bet LOL....
-
Maxat
15 years ago
- "alem buysa kral benim" diyyami türkler
-
hakykat1
15 years ago
- bu dunya hosh surat owadan gyzdyr,
yshga dushup ashyk bolanyn galar:)
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Ýokardaky ýazgyny hiç kim okamady öýtýän. Uzynrak ýazandyrynda;)
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Samuray zumeriñ sözlerini ogurlapsyñ
-
Öwezz
15 years ago
- Salam aleykim dostlar! Salam Bayram dost! Dogurdanam senin yazan yazgylaryn düshunen adamlaryn durmushuny uýtgedip bilýä. Gaty gowy ýazypsyñ. Menem bir mysaljyk getireýin shu tema boyuncha: bir sany garyp adam Hudaýdan dileg dileýär: "Eý Alla, mana rehim edip bir ýerlerden pul tapyp bersene,..." Hudaýam onun dilegini eshidip köprin ustüne bir haltajyk altyn zynyar. Shol wagt garybam "hany shu köpriden gözümi yumup gechip goreýin diyip altyny görmän gechýär.
Diýjek bolýan zadym durmushyn beren limonyndan herkimem limonad ýasap bilmez... Ýa da shular ýaly sözler bar: "кому то дано превращать воду в вино, а кому то кислород в углекислый газ и пищу в "гавно"...
Berekella Bayram dost pikirlerin uchin, sag bol!
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Salam öwezz! Ýagdaýlar gowumy?
Diñe sen soñuna çenli okapsyñ. Sagja bol dost.
Bethowenem kerligi üçin hijem nalynmandyr. Ker bolsada shu günümize ýetip gelen simfonýalary döredipdir. Limondan limonad ýasapdyr.
-
Öwezz
15 years ago
- Menin yagdaylarym shu gunler erbet däl. Seniñ ýagdaýlaryn gowydyra!?
Dogry aýtýan dost, höwes bolsa ukyp bolar, ukyp bolsada bir döredijilik.
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Öwezz dost gowumy ýagdaýlar!
-
Öwezz
15 years ago
- Salam Röwshen dost! Men gowy, özin nähili?
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Bizem gowulaý.ýitip gitdiñle!
-
Öwezz
15 years ago
- Ay shu ýerde bir agza bilen sögüshenimden hiç giresim gelmedi. Ýene chydap bilmän sizi göresim gelip girdimdä))) ichim gysýalaý...
-
Öwezz
15 years ago
- Bizem shu günler durmushyn beren zatlaryndan peýdalanyp, öz durmushumyza assa yuwash kämilleshdirip ýöris.
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Sheýt kä wagt bärädä gel.telefona formatirowut etsemem shondada programalar ishlemedi.
-
Öwezz
15 years ago
- Windows mobile os-y oturdylylan kammunikator almalyley, bizin telefonlar on ýanynda hich zadam dal, programmanam gowy ishledýä.
P.s gyzykly programmalar tapdym tel u/n: mobile basic, yagny telefonynda java program ýazyp bolýa. Vibe we midi edit saz redaktorlary, yagny saz ýazyp bolýa. Googleden tapyp bilersin.
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Sagja bol !.häzir gözledeýin.
-
turkmentalyp
15 years ago
- salam agzalar,
chuysheden dokulen suwy yzyna salmak mumkin dal elbetde. Yone bu soz kabir adamlar uchin ters tasir edibem biler. Yagny akylly adam shonsuzam bilyar durmushda name etmelidigini. Yone ruhy taydan pes bolan adamlar uchin bu soz kan bir miwe getirmez oydyan. sebabi ol durmushyndaky her kynchylygy chuysheden dokulen suw yaly gozonune getirip onun charesini tapjak bolmaz. adam durmushda kynchylyk yashap bilmez. shonun uchin adamyn bu durmusha ruhy taydan gaty tayyarlykly bolmaly. tutan maksadyna okgunly, charesi gozlap yenip gechmeli. chozumi yok diyip otursan hijem durmush meydanynda yenish gazanmarsyn. adam kynchylyk gore gore guychlenyar, tejribesi kopelyar. yone akylyna gora edip bolmajak bir ishem urunyp etjek bolmagam akmaklygyn nyshanasy. Her ishde akyllylyk gerekda.
-
hasrat
15 years ago
- Durmusymyzda oz maksadymyz bolmaly. durmus yolunda elbetde kyncylyklar cykyp biler, emma bularyn garsysynda ruhdan dusmeli dal, bulardan sapak alyp yolumyza goni dowam etmeli...
hedefi olmayan gemiye ruzgar yardim edemez
-
Adybeg
15 years ago
Durmusymyzda oz maksadymyz bolmaly. durmus yolunda elbetde kyncylyklar cykyp biler, emma bularyn garsysynda ruhdan dusmeli dal, bulardan sapak alyp yolumyza goni dowam etmeli...
hedefi olmayan gemiye ruzgar yardim edemez
hasrat | 2009-05-04 21:49:13
indi rüzgara gerek duyulanok oytyan dost motorly işleyalera :D (şutka )
-
Antalya
15 years ago
- filosofiya:dinge**yere yandak ekip, yerden banan talap etmegi** owredyar. filosofiya yaly bosh temalar uchin biderek yere kellangizi agyrtmang.
-
hoshowaz
15 years ago
- yhlas bilen aglasan sokur gozden yash chykar...
-
Bayram-Jm
15 years ago
- antalya
sen onda filosofiýa kelle agyrtmaýan bolsañ, onda sen pikir ýöredip, pikiri orta atyp bilýänem dälsiñ.
Filosofiýa- "paýhasa bolan söýgi". Diýmek seniñ paýhasa bolan söýgiñ ýok.
Her bir adam pikirlenip bilýär, her biri filosof.
Senem ýokarky ýazanlaryñy prikol üçin ýazdyñ. Ony men bilýän.
-
Antalya
15 years ago
- Bayram-Jm dost men uniwersitetde filosofiyany 1 yyl okadym. hepdede 2 para bolyardy. her parada-da uly ursh(mugallym bilen). nirde bir yok zatlar bilen kellani agyrtyar. din yok, ol dinge adamlary golastynda saklamak uchin gorkuzylyp aydylyan zatlar. dazhe tahya geyip barsangam sen yewrey,sen oz dininge ynanangok. dinge shular yaly gurrungler. ekzamende-de mugallym name diysede seningki dogry diyip oturdym. ol manga 4 goydy. menem ha turkmenchelap diyjegimi diyip chykyp gaytdym. wot takiye dela.
-
dereksiz
15 years ago
- salam bayram dost mena sonuna chenli okadym...tuweleme manyly zat yazypsyn....men ozuma filosofiya yene diydi gyzyklanyan ...yone az okayan da......limomdan limonad yasamak jumlesi gaty yarady .......indi limon tapsam limonad yasamaga chalyshjak(degishme)..))))))))))))
Bayram-Jm 15 years ago- Heý baýram-jm. Temanyñ adynda ýalñyshlyk göýberipdirin. Üns bermäñ.:)