Arak içmegiň peýdasy.
Gadym zamanlarda bir patşa bolupdur. Bu patşa şerap-içmegi gowy görýän eken. Günlerde bir gün patşa bu serhoşlygy taşlamagy ýüregine düwüpdir. Emma hiç taşlap bilmändir. Öz wezir-wekilleriniň arasynda gowy görýän dosty bolup, ol dosty patşaha "Halkyň arasyna çykyp görmegi" maslahat berýär. Patşa agşam düşeninde köne-sana eşige geçip, köşkden çykyp aýlanmaga başlanynda köçelerde bir howlynyň derwezesiniň açyklygyny görýär. Bu howludaky öýüň penjiresinden bir owadan gelin ýere seredip kä gülýär käte bolsa aglaýar. Patşa bu geliniň ahwalatyna düşünmän, gyzyklanýar we baryp "Girmek bolarmy, myhman alarsyňyzmy?" diýip soraýar. Gelin belki patşahy tanandyr hem razylyk berýär we öýüne salýar. Patşa öýe girse, öýüň içinde iki sany mazar bar. Patşa gorkup:
- Bu nämboldygy? Nämçün merhumlar öwlýäde dälde törde jaýlandy? - diýip soranynda, gelin jaýyň bir çüňkünde oturup gürrüň berip başlaýar:
- Çaga wagtym ejem-kakam ýogaldy. Oglan doganym bilen galdym. Agyr günler başlady. Doganym çydaman özüni içgä berdi we günde serhoş bolup öýe gelip başlady. Şeýle günleriň birinde içgili-serhoş doganym gelip meniň düşegime girdi, meň gohuma-urgularyma garaman meni güýç bilen aldy. Ertesi irden bolanlazatlary doganyma aýtdym, ol bolsa namys edip Şeýtana öwrülenine gaharlanyp özüni asypdyr. Bu bolan wakany hiç-kime bildirmejek bolup, doganymy şu ýerde jaýladym. Ine bu onyň mazary. Günler-aýlar geçdi. Meň doganymdan içimde çaga galypdyr. Ol çagany hem bu dünýä getirip "Şeýtandan bolan beter Şeýtan bolmasyn, hudaý jaýynda adam bolsun" diýip ýaňy dogan çagany buthananyň öňünde goýup boýnunada ýeke tumarymy dakypdym. Meger 15-20 ýyl geçendir. Şeýdip ýaşaýşymy dowam ediberdim. Maşgala edinip durmuş gurmadym. Ýüregim telwas edýärdi, emma... Ahyram günleriň birinde çeşmä suw almaga baranymda, atly bir owadan oglana gözüm düşdi. Ol oglan hem meni günde çeşmede görýärdi. Bir gün ol maňa söýýänligini aýtdy. Men utandym. Sebäbi men uly aýal, ol bolsa ýaşajyk oglan. Şondada oglan meni günde şutaýda görýädi. Hergün meň aladamy edip ahyry meni yrdy we bu oglan bilen duşuşup başladym. Şeýle günleriň birinde süýji arzuwlar bilen begenip gezipýörkäm, bu oglan gelip maňa öýlenmek isleýänini aýtdy we biz durmuş gurduk hem bile bolduk. Ertesi irden toýdan soň oglan ýatyrdy, men bolsa onyň "egin-eşiklerini ýuwup arassalaýyn" diýip köýnegini alanymda şooool öňki 20 ýyl mundan owalky tumaryma gözüm düşdi. Men oglany çaltlyk bilen turuzup tumary nirden alanyny soranymda bu oglan "Çagakam, ejem meni buthanaň gapysyna zyňyp gidipdir we buthanaň-okyjylary meni tapanlarynda boýnumda şu tumar bar eken, şondan bäri tumary aýyrman dakynýan" diýeninden dünýäm ýykyldy. Men onyň ejesidigimi we nämeleriň bolup oglanyň bolsa nädip döränini düşündirdim, oglum "Şeýtanyň ogly Şeýtan bolanyny" aýtdy we sögünip meni öýden kowdy. Çykyp gidip birnäçe wagtdan öýe dolanyp gelsem oglum hem özüni asypdyr. Buda onuň mazary. - diýip beýleki mazary görkezdi. Patşa bolsa:
- Onda näme üçin gülýäň, soň aglaýaň, ýene gülýäň ýene aglaýaň?
+ Çagakam "Maşgalam bolar, bagtly eje bolup bagtly çagalarym bolar" diýip eden arzuwlarymy ýatlap içim ýanyp gülýärin. Soň hem geçen günlerimi hem bulary ýatlap aglaýaryn. - diýeninden Patşahyň saçlary agarýar we şol wagt toba edip içgi-aragy taşlaýar.
Hormatly adamlar. Rowaýatyň adyny üýtgedip "Arak içmegiň peýdasy" diýenime ötünç soraýaryn. Sebäbi "Şeýdip ýazanyma köp arak içenler imrinip höwes bilen okarlar" diýen niýetim bardy. Arassa adamlar bolsa bu herekedime düşünerler. Arak gaty haramdyr. Bu rowaýat "ýalan" diýip bilersiňiz emma geçmişe seredeliň "Arak, şerap, spirtli içgiler" nämçün haram diýilip kabul edildi??? Halk arasynda ýaşulylaryň aýtmaklaryna görä Ymmatymyz Muhammet Salawat Aleýhi Wessellemiň ýoldaşlarynyň biri şerap içip ejesine ýanaşypdyr, ol eje pahyr hem ýarm-ýaşda gelip Ymmatymyza aýdypdyr. Şol sebäpli Ymmatymyz aragy "Musulman" dinine haram edipdir. Sebäbi arak "ŞEÝTANA ÖWÜRIP ŞEÝTAN DÖREDIP BILJEK EKEN"
Awtory: Halk arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER
Arak içmegiň peýdasy.
-
Hercai
3 years ago
- hekaya kaşa eken yone gowy eken +++ : ) ; )
-
Khanture
3 years ago
- Ümmet (Arabic:أمة[ˈƱm.mæ] ) arap sözi bolup, " jemagat "manysyny berýär. Kimden aýrylýar sha'b ( شعب [ʃæʕb] ), umumy atasy ýa-da geografiýasy bolan bir milleti aňladýar. Şeýlelik bilen, umumy taryhy bolan ýokary milletli jemgyýet diýmek bolar.
Bu bir zu ummat al-Islam ( أمة الإسلام "Yslam jemgyýetçilik"); köplenç yslam halkynyň köpçülikleýin jemgiýetini aňlatmak üçin ulanylýar . [1] Gurhanda ymmat adatça umumy dini ynançlary paýlaşýan bir topara, hususan-da ylahy halas ediş meýilnamasynyň obýektlerine degişlidir. [2] [3] bilen baglylykda Pan-Islam we syýasy, söz ümmet bir konsepsiýasyny manysyny ulanylyp bilner Arkalaşygyň ynananlaryň ( أمة المؤمنين ummat Al-mu'minīn ).
-
Hercai
3 years ago
- al islam dal o tayda
Imata Islami yazyk
-
Hercai
3 years ago
- 2 njidede
Imetel mumin
-
LadaKalina.
3 years ago
- Hakyky
-
Hercai
3 years ago
- 2 nji inananlaryň milleti diymegi aňlatyar
-
Gray_wolf
3 years ago
- Gyzykly ekeni, nirden çileniñi awtorynam yazda))
-
Yylgyn
3 years ago
- Balagyna siyip yatan alkaşlara okatmaly. Yone olar iň soň adam bolanok
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- + + + +
loveee_@ 3 years ago- Gowy ekeni +++