1nji bolumiñ Dowamy.

-Eýse nãme?!Ejemiñ yrymcyldygyndan habaryñ bar-a.Ol :"Sygyr ýyly juda rysgally,bereketli, eden işiñ oñuna bolýan şowly ýyldyr.Oglum, şonuñ üçin tõrüme gelin gecirjegim-ã gaty çynymdyr.Ýa-ha õzüñ barmaly õýi salgy berersiñ,bolmasa-da õzüm saña taý boljak gyzy taparyn"diydi. Onsoñ men sen barada gürruñ berdim-dã.Ejem-ã begendi.Indi bir seniñ razylygyñy alaymak galdy.Sen welin, gürrüñi şo-ol yza çekip otyrsyñ.
+Hazir işim başymdan agdyk.Işden soñ habarlaşarys.Bolýarmy?
- Bolýar.Ýõne şu gün senden belli jogaby aljagym çynymdyr.
Men Eseniñ sõzlerine aljyramanam durmadym.Şol pursat iş otagyma kãrdeş joram Mahym geldi-de,maña ýüzlendi:
-A gyz, Dursun,saglykmy?Ýañy maslahatlar otagynda çykanyñda-da gowudyñ-a? Şu iki arada nãme boldy saña?
+Nãme bolupdyr?!
-Waý,aýna seredip gõrdüñmi? Ýüzüñ çym gyzyl-a.Gyzgynyñ dagy galaýdymy?!
Mahym eliniñ aýasy bilen mañlaýymy,ýañagymy ellãp gõrdi-de,sõzüni dowam etdi :
-Gyzgynyña ýok,ýõne her nãme-de bolsa gyzgyna garşy bir derman ataý!
+Wah bu dermanlyk iş dãl-dã.
-O nãme diýdigiñ,a gyz?!
+Esen bara ýene jañ etdi.
-Dur hany, haýsy Esen?!
+Haýsy Esen bolsun,Kãrdeşimiz.
-Onsoñ gyzarar ýaly nãme bar bu ýerde?! Ýa dõrt ýyl bãri garaşýan jogabyny bermãn,kõsãp yõreniñe nebsiñ agyryp gyzaraýdyñmy?
+Mahym,gülmesene! Sen,gowsy maña bu ýagdaýdan çykalga tapmaga ýardam et!
-Ýardam eder ýaly kynçylyk gõremok men-ã.Eger halaýan bolsañ razylygyñy ber, eger islemeyanem bolsañ "Ýok" diýde,çürt kesik et!
+Tapdyñ sende bir ýagşy çykalga.Men nãçe gezek "Ýok" diýip şu gürrüñi çürt kesik etmãge synanyşdym.Ol bolsa gõwni bir ýaly:"Ýeri bolýar,saña ýene bir salym oýlanmaga wagt bereýin" diýýãr.Menden arzyly jogaby eşitmese şu gürrüñi tamamlamajaga meñzeýãr.
-Hany sen gõniñden gel! Esende gõwnüñ barmy?!
Men hiç zat diýip bilmãn dymdym.
-A gyz,ogurlukda tutulan ýaly gyzaryp durmañ nãme?! Gizleme-de aýdyp gõýber! Syrdaş joraña aýtman kime aýtjak? Ýõne gõwnüñ bolaýanda-da, gõni razylyk berme-de,oñünde şert goý!Aşyklygy çyn bolsa,goý şertiñi ýerine ýetirsin!
+O nãhili şert?!
- Bilmedim,sen birzatlar oýlap tapmaga õkde.Oýlan belki üýtgeşik pikir kellãñe geler.
Uzakly gün iş aladam bilen başagaý bolanam bolsam,Eseniñ õñünde goýmaly şertim hakynda-da oýlanmaga ýetişdim.Bir netijã geldim.Olam.....

Dovamy bar...
Yazan: ORAZTAGANOVA #Halima

Täzelikler, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir