ARWAH GELÝÄN GIJESI
Anna günüdi. Mydama bolşy ýaly, türkmen tomsunyň yssysy ertirden bäri demlikleri tutup, gün ikindä sanyberen çagy salkyn aralaşyp, janlar birneme aram tapdy. Öwez gapysyndaky agaç sekä atylan düşege geçip, aýaly Güljereniň demläp, basyryp goýan çaýyny içmäge oturdy. Saçagyň üstünde ir-iýmişden göwün söýläniň bardy. Kişmişdir kökeler, daşy dürli kagyzlyja süýjüler owadanja aýna gapda durdy. Gowurdakmydyr gaýmak hem Öwez iýse-iýmese, mydama saçaga getirilýärdi.
Ýumşajyk kişmişlerden käte bir agzyna atyp, daşyna gök reňk bilen pagta güli çekilen käseden çaý süzýän Öwez mydama bolşy ýaly, häzir hem howlusyna, öýüne nazar aýlap, döwletine guwanýardy. Onuň bişen kerpiçden kaşaň salnan jaýy göreniň gözüni özünde egleýärdi. Howly tämizdi. Ýöreljek ýollarda owadan daşlar düşelip, gapdallarda gül-gülälek ekilipdi. Aşhanadyr hammamyň içi-daşy ýylmanak ak daşlar bilen bezelensoň, diýseň tämiz görünýärdi. Tertipli goýlan üzüm dalbarlaryndan bişip, baly goýalyşyp ugran dürli-dümen üzümler sallanyşyp durdy. Owadan gelinbarmaklar, kiçijik bidäneler, ak-gara reňkli togalak üzümler biri-birinden üns çekerlidi.
Öweziň gyzy Gülälek jaýyň bir gapdalynda ýere haly düşek atyp, köýnegine keşde çekýärdi. «Gyzym Gülälek diýseň Gülälek. Günsaýyn görklenip barýar ol» diýip, Öwez gyzyna guwanç bilen bakyp, içini gepletdi. Gyzynyň görki, eliniň işliligi onuň şatlygyna şatlyk goşýardy. Gülälegiň garlawajyň ganaty deý gyýma gaşlary, açylmadyk gunça mysaly, pökgüje dodaklary, tegelek, bugdaýreňk ýüzi gelşiklidi. Işiň abyny-tabyny alan sülük barmaklary naşyjady. Öwez her gün gözüni aýyrman seredende gyzyndan bir kem tapyp bilenokdy. Onuň mährinden ganyp bilenokdy. Gyzyny diýseň gowy görýärdi. Şeýle bolmazça-da däldi. Öweziň ýeke-ýalňyz perzendi şu gyzdy. Onuň Gülälekden başga çagasy bolmady.
Gyzyň oturyp-turşy-da müň gyza taýlykdy. Ýygrady. Hernäçe çagyrylsa-da, ýetişip ugraly bäri kakasynyň ýanynda oturmazdy. Nahary-da aýry düşek ýazynyp iýerdi. Ýörände edalydy. Gabagyny ýerden galdyranokdy. Buýrulan işi ederdi. Oturan çagy ulugyzlara mahsus utanjaňlyk bilen köýneginiň etegini aýaklaryna çenli ýapyp, ýygrylar oturardy.
«Hudaý jan şunymy bir köp görmesin! Gyzymyň alny-bagty bolsun!» diýip, Öwez gyzyny synlap oturyşyna ýene pikir öwürdi. Uludan demini aldy. «Gyzym-a kişi maşgalasydyr. Bu gyz gidensoň men bu içerä sygarmykam? Birje oglum-da bolan bolsady...»
Gyzy birkemsiz ýetişipdi. Guda boljaklar haçan gapyny kaksa kakybermelidi. Bu zatlar ýadyna düşende Öwez öýe sygmajak bolýardy. Ýöne her zadam bolsa, durmuşyň üýtgewsiz kanunyna boýun bolmakdan başga alajy-da ýokdy. Gyz maşgalanyň keseki gapysy üçin dünýä inýänine ol düşünýärdi. Gyzynyň haçanam bolsa bir gün alnyp gidiljegi bilen razylaşmalydygyny bilýärdi. «Belki, öýümde ýaşadar ýaly, hem ogul ýerini tutar ýaly, ganymadrak ýigit çyksyn-da muň alnyndan» diýip, dileg edýärdi. Gyzynyň keşdeleýän eşikleriniň-de bukja eşikleridigine Öwez düşünýärdi.
Hamala, bukja atjak egin-eşikleriniň ählisini basymrak keşdeläp bolup, kakasynyň öýünden gitmäge howlugýan ýaly, Gülälek bolsa uzakly gün, hat-da gijesi bilen iş tikýärdi. Öýüň syrym-süpürim, biş-düş, kir-çäk işlerini bir ýüzli edensoň, ol dessine iňňe-sapagyny eline alyp, keşdä güýmenýärdi. Gijäniň bir wagtyna çenli tikin tikerdi. Irden turubam, çaýyny içip bolandan keşdä güýmenerdi.
— Gyzyň howlugýan ýaly, ýöne keşdesine haýdap gidip otyr-laý — diýip, Öwez bir gün gyzynyň bu bolşundan göwni galýan ýaly bolup, aýalynyň ýanynda gyzy hakda gep gozgapdy.
Şonda aýaly Güljeren onuň ýüzüni alypdy:
— Erkek kişi halyňa gyzyň keşdesi bilen nä işiň! Aňsatmy kyrk köýnegi, kyrk aýak geýimi nagyşdan doldurmak. Şol zatlary özüniň nagyşlap bilýänine şükür et onuň. Iliň gyzy ýaly «Ýaka tikdirjek, pul beriň» diýip, gulak etiňi guradyp dursa nädersiň!?
Aýalynyň bu sözleri Öweziň kalbyndaky gyzyna bolan birazajyk kinejigi-de joşup duran ata mährine öwrüp goýberipdi. Maşgala agram salman, öz gününi görüp oturan gyzyna onuň söýgüsi has güýjäpdi.
Şu zatlar hakda pikir öwrüp, çaý içip oturşyna, Öwez häzirem gyzyny synlaýardy. Göwnüne bolmasa, Gülälegiň iş tikişi öňküsindenem çaltlaşýan ýalydy. Sülük barmaklar maşyn kimin hereket edýärdi. Iňňäniň girip-çykyşyna göz iler ýaly däldi. Gülälek, bir görseň, ony keşdä dürtüp duran ýalydy, gözüňi gyrpmankaňam, çekip alýardy-da, ýene keşdä dürtýärdi. Özem gara dere batypdy. «Beýdip haýdap işlemek nämä gerek diýsene» diýip, Öwez gyzyna bakyp oturyşyna, içini gepletdi. Ahyrsoňy hem gyzynyň keşde üçin jebir çekip oturyşyna dözmän, içki pikirini daşyna çykardy:
— Gülälek jan, gyzym, beýdip derläp oturma-da, goýsana işiňi!
Gülälek kakasynyň gepine üns bermän, iş tikmesini haýdap, dowam etdi. Güljeren endigi boýunça adamsyna igendi:
— Bolşuň erkek kişiniň bolşy däl seniň, Öwez. Ne işiň bar gyzyň bilen. Il işlemeýänden bizar. Sen bolsaň, işleýäne gün bereňok.
Öwez dözmezlik bilen gyzyna tarap elini salgap goýberdi:
— Sered-ä oňa! Gara der boldy. Beýdip işlär ýaly, näme bar! Gelnaljysy gelip duranog-a. Ýetişmejek zady bolsa, bizem pula tikdiräeris. Ýöne beýdip, jana jebir bermek gerek däl!
Gülälek ejesiniň-de, kakasynyň-da gürrüňlerini eşidenokdy. Ýogsa onuň oturan ýeri olardan gaty bir daşda däldi. Gyz ejesi-kakasynyň oturan sekisinden bäş-alty ädimlikde otyrdy. Özem işe şeýle bir berlipdi welin, özüniň nädip şeýle çalt iňňe urup bilýänine özem haýranlar galýardy. Eliniň işleýşine öz gözi ilenokdy. Misli, kimdir biri elinden itip, iňňäni keşdä urup-çykarmaga hemaýat edip duran ýalydy. Gulagyna kimdir biri güýçli ses bilen pyşyrdaýardy: «Bol! Bol basymrak! Bol basymrak! Mundanam çalt işle! Bol diýýän! Bol diýýän! Bol basym!»
Ol pyşyrdy erkek kişiniň pyşyrdysymy, aýal maşgalanyňkymy, bu wagt Gülälek duýup bilenokdy. Ýöne pyşyrdy gorkunç eşidilýärdi. Gyzyň ýüregi muňa tisginip-tisginip gidýärdi. Özem pyşyrdy sesi gulaklaryny deşip barýardy. «Bol! Bol basym! Bol diýýän saňa! mundanam çalt işle! Çalt! Basym gutar keşdäňi! Basym! Basym! Basym!»
Işlemeden ýadan gyzyň eliniň güýji gaçdy. Ysmaza döndi. Derlemeden öl-suwa öwrülen ýüzi birden ak tam boldy. Ýüreginiň kuwwaty gidýän ýalydy. Pyşyrdy bolsa birsyhly howlukdyrýardy: «Basym bol! Basym! Basym! Basym!»
Gyzynyň agarýan ýüzüni görüp, Öwez howsalaly gepledi:
— Güljeren! Näme diýseňem, Gülälege bir zat bolýa şu gün! Syn et oňa! Onuň ýüzüniň gany gaçdy!
Güljeren göwnüne hiç zat getirmän, gyzyna tarap gygyrdy:
— A gyz! Bes edäý indi işiňi! Ertir gelnaljyň geljek bolup duranok ahbetin! Bu gün anna güni. Iş tikmeli däl sen aslynda. Gün batyp barýa. Bes et, Anna agşamy üçin ys edeli. Tüwüjik bişireli. Ölen-ýitenlerimizi ýatlap, töwir galdyrarys.
Gülälek ejesidir kakasynyň sözlerini entegem eşidenokdy. Ol gulagyna gelýän ses bilen başagaýdy. «Bol basym! Bol! Bol diýýän!» diýip, ses öňküden hem batly pyşyrdap, gyza haýbat atyp başlady. «Bol basym! Basym bolmasaň, bogaryn!»
Gülälek mundan bu ýana elini gymyldatmaga çydamady.
— Men indi çydamo-ok! — diýip, sesini süýndürip, pyşyrda jogap berdi. — Halys elim ysanok! Soň tikeýin!
Gülälegiň gepi düşnüksiz eşidildi. Şeýle-de bolsa, Öwez onuň nämedir bir zat diýýänini duýdy.
— Gülälek bir zat diýýän ýaly-la? — diýip, soragly nazaryny aýalyna dikdi.
— Ýeke çagaň bolansoň, halys ondan gözüňi aýraňok sen — diýip, Güljeren adamsyna jabjyndy. — Gözüňem degirýäň sen şoňa! Meň gepime jogap berýändir-dä! — Adamsyna şeý diýensoň, Güljeren ýene gyzyna gep goşdy. — Maňa bir zat diýýäňmi, gyzym?
Gülälegiň ejesi bilenem işi ýokdy, kakasy bilenem. Ol ýene gulagyny iýip barýan pyşyrda:
— Çydamok. Soň tikeýin — diýip, jogap berdi.
Ses onuň bilen ylalaşmady.
— Ýok, soň tikme! Häzir tik. Basym bol, basym! — diýip, birsyhly gyzy gyssady.
Gülälek ýene:
— Çydamo-ok — diýip jogap berdi-de, ýüregi aşak gaçan ýaly bolup bir gapdala agyp gitdi.
Gyzynyň ýykylanyny görüp, Öweziň zähresi ýaryldy. Ol sekiden özüni taşlap, gyzyna tarap ylgady. Howsala bilen gygyrdy:
— Diýdim-ä men şuňa bir zat bolýa diýip! Gyzyň çaşýa, Güljeren! Diňlemediň sen meni!
Güljeren hem ýaka ýyrtyp, gyzyna tarap ylgady:
— Waý, doganlar! Gülälek jan! Näme bolýa saňa?! Ýet! Suw getir! Waý, goňşulary çagyr! Öwez, bol basym! Bol basym! — Güljeren gyzynyň tikip oturan işini bir çete oklady-da, gyzyň özüni gujagyna aldy. Gyzynyň maňlaýyny sypady. — Wah, söwer balam, ne boldy saňa?! Göz boldumy, dil boldumy?
Öweziň kellesi göçüpdi. Huşy başyndan uçup, näme edýäninem bilenokdy. Aýakýalaňaç ylgap ýörşüne, bir kürüşge suw getirip, Gülälegiň ýüzüne sepdi. Soň goňşulara atyldy.
Gyz gaşlaryny gerip, iňňildedi:
— Çydamo-ok!
Güljeren gyzynyň ýüzünde elini gezdirip, Öweziň sepen suwuny süpürişdirdi:
— Wah, jan balam, heý, çydamaz bolýançaňam bir iş tikerlermi! Nämä gerek ol, şeýdip, janyňa jebir edip tikilen iş. Tikilmän geçsin şol, tikilmän geçen!
Gülälegiň gulagyna pyşyrdaýan sesiň eşidilmesi galdy. Ýöne gyz gözlerini açyp bilenokdy. Salym geçirmän, Öwez yzyna goňşulary Näzik daýzany tirkäp geldi.
— Gyzyňyz garaguşagyry tapynan bolaýmasa — diýip, Näzik daýza Gülälegiň ýagdaýyny synlap, netije çykardy. — Çaşanda agzyndan ak köpük geldimi?
— Aý, ýok, hiç hili köpük görünmedi — diýip, Güljeren ýagdaýyny düşündirdi. — Men-ä, dogrusy, şoňa gaty bir ünsem bermändirin. Birhili, biri bilen gepleşýän ýaly boldy-da, birdenem, çaşyp ýatyberdi.
Näzik daýza ikirjiňlendi:
— Garaguşagyry bolsa-ha agzyndan ak köpük geläýmeli. Eger köpük gelmedik bolsa, onda yssydan ýa-da ýadawlykdan çaşandyr. — Şeý diýensoň, Näzik daýza Öweze ýüzlendi. — Öwez! Bar, bir soganjyk ardyp getir!
Öwez çalt gidip, pyçak bilen sogan alyp geldi. Ony dik duran ýerinden howlugyp ardyp durşuna, Näzik daýzanyň pikirine öz pikirini goşdy:
— Wah, ýadawlykdan-la şol, Näzik daýza! Ýadawlykdan. Munuň iş tikäýşini sen sorama! Haçan görseň, iňňä ýapyşyp otyr. Ýaňy dagy gara der bolup gitdem welin, goýanog-a! Nämä gerek beýdip howlukmak. Ýetişmedigini pula-da tikdirip bor. Birki sany eşik kem bolanda-da yzyna getirip gidesleri ýok-la-how! Ejeden gerek bu zatlary düşündirmek. Bu heleý-ä gep düşündirenden geçen, gaýtam meniň dilimden aslyşýar-a!
Güljeren içki gynanjyny daşyna çykardy:
— Wah, men nä bileýin beýle boljagyny! Iş tikip çaşany şu ömrümize görmämizsoň... Ilde-günde-de kän iş tikýän...
Öwez Güljereniň sözüni bölüp, azgyryldy:
— Il bilen nä işiň! Öz çagaňy bil sen! Çagaňa haýpyň gelenokmy seniň!
Güljeren günäsini boýun alyp, müýnürgedi:
— Indikime bek bolaryn-da. Eddil ýalaňaç gidýänem bolsa, indi eline iş aldyrman munuň!
Näzik daýza Öweziň ardyp eline tutduran soganyny aýasynda mynjyradyp, Gülälegiň agzyna, burnuna oýkady. Gyz gaşlaryny çytyp, kellesini iki ýana ýaýkady. Soň birnäçe gezek asgyryp, özüne geldi. Gözüni açyp, töweregine nazar aýlady.
— Eý-waý-eý! — diýip seslendi. Uzak günüň ukusyndan turan ýaly, pallady. Üşütme tutup, titredi. — Eý, waý! Eý-wa-aý! Üstümi ýapsana, eje, üşeýän! Özümem ýatjak. Azar bermäň, gaty ýadadym!
Şeý diýip, Gülälek ýene gözlerini süzdi.
Öwez içerik ylgap gitdi, odeýalo alyp çykdy-da, gyzynyň üstüni ýapdy.
— Häzir bimahal çag! Ýatmasaň gowy bordy, gyzym! — diýip, Güljeren ýene gyzynyň ýüzüni sypady. — Anna agşamynyň şamy ýetip gelýä!
Güljeren soragly nazaryny Näzik daýza dikdi. Näzik daýza onuň näme diýjek bolýanyny aňdy.
— Degme, uky gelen wagty biraz irkiläýsin! Howlynyň gapysyny gulpla-da, gözüň alnynda ýatyraý. Her zadam bolsa, daşarda biraz howa bar. Içeri-hä petişdir bu wagt — diýip, Näzik daýza Güljerene maslahat berdi. — Ikindi bilen şamyň arasynda ýatmal-a däldir... Aýratyn-da anna agşamynyň şamynda... Ýaramaýan kişiniň günäsini Allatagala geçer-dä...
Öwez ýene içerik girip gitdi. Ýassyk alyp çykdy. Ýassygy gyzynyň kellesiniň aşagynda goýdy: — «Tiz kömegi» çagyraýsakmykak, Näzik daýza?! Ejemiňem bolmaýşyny diýsene bu wagt!
— Çagyrasyň gelse, çagyraý. Barlab-a görer. Belki, däri-derman eder. — Şeý diýensoň, Näzik daýza Öweze soragly nazarlaryny gönükdirdi. —Aýjahan nirä gitdi? Ýene gyzynyňkamy?
— Hawa — diýdi-de, Öwez sesine gahar çaýdy. — Soňky döwürler-ä gyzynyňka gitmäni köpeltdi şol. Ýa şol ýerik başybitin ibermelimi-nämemi ony.
— Çagasydyr-da. Nä işiň bar! — Näzik daýza Öweze nesihat etdi. —Garry adamyň näçe gün ömrüniň bary belli däl. Ölmänkä çagasynyň mährinden ganasy gelýändir.
Öwez öýkeli hüňürdedi:
— Men näme, çagasy dälmi onuň!
Näzik daýza ýylgyrdy:
— Uzakdaky süýjüräk bolýandyr. Sen mydama ýanynda ahyry onuň. — Şeý diýensoň, Näzik daýza gitmäge çemlendi. — Men-ä, onda, rugsat berseňiz, gitjek. Bu gün anna agşamy. Ölüleriň ruhunyň galýan günüdir. Ys edeýin. Tüwüjik bişirip, Emir jan bilen kakasyna aýat okaýyn. —Näzik daýza gepiniň soňuny gussaly dowam etdi. — Her anna agşamy düneden ötenleriň ruhy oýanyp, öýünden aýlanyp gidermiş. Olar ýag ysy çykarylyp, özlerine aýat-töwir edilerine garaşarmyşlar. Özlerini ýatlap, atlaryny tutsaň, razy bolup gidermişler. Ýatlamasaň, gargap gidermişler... Emir janyňam ejesini bozladyp gidenine şu ýyl ýigrimi ýylyň içidir. Öz salan dagy bilen kakasyny-da ýykyp gitdi...
Näzik daýzanyň sözlerine Öwez sesini çykarman, başyny aşak saldy. Güljeren göwünlik berdi:
— Gynanma, Näzik daýza. Ýazgydydyr neressäniň, nätjek!
— Hawa-la — diýip, Näzik daýza aglamadan guran gözlerinde barmaklaryny gezdirdi. — O dünesi abat bolsun balamyň! Boljak iş bir mahal boldy. Indi takdyra ten bermeden gaýry çäre ýok. Sen derwezäňi gulpla-da, gyzyňa seret. Men ýigrimi ýyl bärem günümi görüp gelýärin. Indem görerin. Kütelipmi-nämemi, soňky wagtlar gözlerimiň görşüniň-de ugry ýok. Ýa garrylykdan, ýa-da köp aglanandan!
— Agy gursun! Agy-da zyýan salýa göze — diýip, Güljeren ýene Näzik daýza göwünlik berdi. — Her zadam bolsa, gyzyň bar, gyzyň çagalary bar. Indi bir agyny azaldaýarlar, Näzik daýza. Öz janyňa haýpyň gelsin!
Näzik daýza uludan dem aldy:
— Gyzyň-da baryna şükür! Gyz gyz bolaýýa-da. Kişi maşgalasy. Ogluň ýerini tutjak gümany barmy onuň! Onda-da murty tabansoň giden ogluň ýerini çykan gyz gelip, tutup bilmez! Emir janyň yzyndan barýançam, agym galar öýdemok men, gelin.
Güljeren uludan dem aldy:
— Onyň-a dogry... Balasyny aldyran ene diňesi ýok-la.
Näzik daýza derwezeden çykdy:
— Bolýa, hoş oturyň. Gerek bolsam, ýene çagyraýyň. Indem ýap derwezäňi içinden!
— Taňryýalkasyn, Näzik daýza! — diýip, Näzik daýza minnetdarlyk bildirdi-de, Güljeren howlukmaç halda derwezäni ýapdy. Adamsyna tabşyryk berip, naharyň ugruna çykdy. — Sen gyzyň ýanynda otur. Men nahar bişireýin.
— «Tiz kömegi» çagyrmaýynmy? — diýip, Öwez gözlerini petretdi.
Doktor çagyrylmagyny Güljeren gaty bir göwnemedi:
— Entek uklap tursun. Ýagdaýyna seredeli. Gerek bolsa, soň çagyraýarys.
Öwez aýaly bilen ylalaşdy:
— Bolýa-da beýle bolsa...
Ol gözüni gyrpman gyzyny garawullady. Gyzynyň dem alşyna begenip, ýüregi galkyp-galkyp gidýärdi. «Eý, hudaý! Ýeke çagamy goraweri» diýip, içinden birsyhly gaýtalaýardy. Gyzyna şeýle bir ýüregi awaýardy welin, ony hut bäbejik mysaly bagryna basyp saklaýasy gelýärdi. Ýaşy on sekize ýeten gyzyň tümmeren döşleriniň üstünde towlanyp ýatan bilek ýaly ýogyn saçlar bolsa indi onuň ata sypalardan geçendigini ýatladýan mysaly, öýkeniň howany sorup-çykaryp durmasyndan titräp durdy.
***
Näzik daýza tüwi bişirdi. Özüne bir jam guýup, saçagynyň üstünde goýdy. Soň naharyndan başga bir çaklaňja jama-da guýdy. Ony gabat garşysyndaky goňşusy Aýnabat daýzanyňka äkitdi. Näzik daýza baranda Aýnabat daýza-da ogludyr gelni, agtyklary bilen tüwi iýip otyrdy. Eli jamly giren Näzik daýzany gören Aýnabat daýza bir çete süýşüp, saçak başynda bir adam ýerleşer ýaly ýer açdy.
— Her annada özüň bişirip duraňsoň, biz-ä saňa dadymlyk eltmedigem, Näzik — diýip, Näzik daýza gep goşdy. — Bizem tüwi bişirdik şu gün. Gülälek jany ýatladyk.
Näzik daýza elindäki jamyny Aýnabat daýza uzatdy:
— Bir özüm-ä. Öz bişirenimi iýsem-de ýetik maňa. Maňa nahar eltme gerek däl. Noş bolsun, kabul bolsun, iýiň özüňiz. Agtyklaň bar, gelniň, ogluň bar. Siziň zadyňyz yrýa bolmaz. Men welin ýekeje käse bişirsem-de, iýdirenok maňa.
Aýnabat daýza Näzik daýzanyň beren jamyndaky tüwini öz jamlaryna düňderdi. Mydama diýýän gepini gaýtalady:
— Kabul bolsun! Ruhlaryna barsyn, Näzik. Kadyr kaka bilen Emir jan üçin bişirensiň bu tüwini.
— Hawa, şolar üçin hem beýleki ölen-ýiten kowum-garyndaşlaryň, tanyş-bilişleriň ruhuna aýat okamak üçin.
— Kabul bolsun — diýip, Aýnabat ýene öňki sözüni gaýtalady. — Gel, senem bizden duz dat.
Näzik daýza dyz epip, ortadaky jama el uzatdy-da, naharyň duzuny datdy:
— Duzdan uly bolmaýyn. Öz naharymy-da guýup, saçagymda goýup gaýtdym. Siz arkaýyn iýiberiň. Men öz töwirimi galdyryp, öýe baraýyn.
Näzik daýza agzyna atan bir çümmük tüwüsini ýuwdup, içinden doga okap, ýerinden turdy. Nahar getiren jamyny alyp, gitmäge çemlendi:
— Häli şam ara Öweziň gyzy çaşypdyr, sorap gaýdaryn diýseň, naharyňy iý-de, baraý meňkä, Aýnabat. Bile aýlanaýarys.
Nahar başynda gepi köpeldip durmajak bolup, Aýnabat daýza Näzik daýza gysga jogap berdi:
— Bolýa, baraýaryn.
Şondan soň Näzik daýza daşaryk çykdy. Öýüne gelip, naharyny iýdi. Töwir galdyryp, okamaly dogasyny okady. Soňra saçagyny ýygnap, çaý demlendi. Süýjüdir goşa käse getirdi. Onýança Aýnabat daýza-da geldi. Näzik daýza Aýnabat daýza üçinem bir käse çaý guýdy:
— Gel, bir käse çaý içeli. Soň gidäeris olara.
Aýnabat daýza Näzik daýzanyň gapdalyna geçip, özüne guýlan çaýy öňüne çekdi:
— Soraly diýeňsoň geläýdim men-ä, Näzik. Nämüçindir, şu, Öwez diýýäni meniň sulhum alanok. Nämedenligini bilemok welin, şony gören çagym ýüregim endiräberýär. Ýogsa, bende ýa biziň bilen sögüşenok, ýa öýüme kesek atanok.
Näzik daýza Aýnabat daýza geň galyp seretdi:
— A gyz, menem şeýle-dä. Şol Öwezi hiç halamok-da, gyz. Halys özleri çagyryp goýmasa baraýmasam, bosagasyndan ätleýän däldirin. Ýene ejesi Aýjahan bilen köneden bäri ümmüldeşip ýöremsoň ädiläýýä aýaklarym. Hem öýümiz öýüne degip dur-da. Baryş-geliş etmejegem bolsaň, beýle ýagdaýda oturyp bolanok. Ýogsa dagy, eger-eger aýagym çekenok-da şolara. Maňa-da agramly sözem diýenoklar. Öwezem özbaşyna başyny salyp ýören oglan. Onda-da teý halamok-da şony.
— Näme bolupmyş gyzyna? — diýip, Aýnabat daýza sorady.
— Gözüm bilen gören zadym-a ýok. Öwez çagyryp äkitdi. Iş tikip otyrka çaşanmyş.
— Anna gününiň şamynda-da bir iş tikme bormy.
— Guda-puda gelýän bolaýmasyn. Işi gyssagly bolaýmasyn?! — Şeý diýip, Näzik daýza çaýyndan birki owurt owurtlady. Süýji-kökäni Aýnabat daýza tarap süýşürdi. — Al, süýjüjigem atsana agzyňa.
Aýnabat daýza kiçijik nogul süýjüden birini agzyna saldy:
— Gelnaljyň gelende-de anna güni iş etmek nämä gerek. Anna güni musulmançylykda tikin-çatynam etmeli däl, kirem ýuwmaly däl. Diňe säher bilen içeri-daşaryňy tämizläp, nahar-şamyň bilen bolmaly. Ruhlar hapa içerä-de gelmezmiş. Öweziň ejesi, aýaly bu zatlary öwretmeýärmikäler ol gyza?!
— Öwredýändirler-le — diýip, Näzik daýza goňşularynyň tarapyny tutdy. — Ýöne bi zamanyň çagasyna gep düşündirip bolýamy!? Annaňam bilenok bular, şenbäňem.
— Onyňam dogry — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzany makullady. Onda-da diýip, öwredip durmaly. Ahyr düşünerler.
Çäýnegiň çaýy gutardy.
— Soraýa diýme. Ýene demläýin? — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzanyň ýüzüne tiňkesini dikdi.
Aýnabat daýza çaýdan ýüz öwürdi:
— Öýdenem içip geldim. Meň üçin demleme. Özüň içerin diýseň demlenäý.
Näzik daýza çäýnek-käsesini ýygnady:
— Çaýy köp içseňem, gije ýatyp bolanok. Garagyň gataýýa. Menem bes edeýin. Ýör, hernäme-de bolsa, Öweziňem halyndan habar alyp geleli. Aýjahanam ýok eken öýünde. Gyzynyňka gidipdir.
Aýnabat daýza ýerinden turdy:
— Ýör, alsaň alaly.
Näzik daýza bilen Aýnabat daýza baranda Öwezdir Güljeren hem iýip-içip bolup otyrdy. Gülälek içerdedi.
— Geliň, geçiň — diýip, Öwez goňşularyna sekiden ýer görkezdi. Näzik daýza bilen Aýnabat daýza sekä geçip, ornaşanlaryndan soň Güljeren olara çaý guýup uzatdy.
— Biz-ä çaý içibem geldik. Azar edinme — diýip, Aýnabat daýza sypaýyçylyk etdi.
— Içenem bolsaňyz, biziňkidenem bir käsejik içäýiň. — Güljeren goňşularynyň hersiniň öňünde çaýly käseleri goýdy. Süýjüli gaby süýşürdi. — Alyň, süýji-kökejigem iýip oturyň.
— Gülälek görnenok-la? — Näzik daýza töwerege göz aýlady. —Açylyşdymy birneme?
— Ol içerde — diýip, Güljeren oňa jogap berdi.
— Näme boldy oňa? Men-ä eşitmändirinem. Häli Näzik aýdaýdy — diýip, Aýnabat daýza Gülälek hakda sorady.
Güljeren uludan dem aldy:
— Wah, näbileli, Aýnabat daýza. Işini tikip otyrdy. Birdenem, özbaşyna gepleýän ýaly boldy-da, çaşyp ýatyberdi.
Aýnabat daýza hüňürdedi:
— Anna gününiň ikindisi bilen şamy arasy ölüleriň ruhunyň direlýän wagty, al-arwahlaryň gezýän wagty... Iş tikme bormy şeýle wagtam bir. Öwredeňokmy sen bu zatlary çagaňa?!
Güljeren janyny ýakyp gepledi:
— Wah, öwredýän-le... gep diňleýämi şu çagalar!
— Ýeke çaga bolansoň, läligrägem sakladyk, dogrusy — diýip, Öwez gepe goşuldy. — Edenine «däl» diýmedik. Gep aýtsaň, Gülälek diňlemejek gyz-a däl. Akylly gyz ol.
Güljeren adamsynyň sözüni böldi:
— Gülälek akylsyz çaga däl. Ýöne, nämüçindir, şu gün-ä gep diňlemedi şol. Näçe aýtdym-a men oňa «Bes edäý» diýip.
Goňşular daşardaky agaç sekiniň üstünde gürrüňleşip otyrkalar Gülälek içerki jaýda gyşaryp ýatyrdy. Onuň gözleri süzülip, ýene uka meýil edýärdi. Öýlänki wakadan bäri onuň diýseň ysgyny gaçypdy. Hälem mazaly uklan-da bolsa, ýene uklamak isleýärdi. Açyk äpişgeden daşardaky hüňürdiler eşidilip durdy. Gün mazaly batyp, iňrik garalyp ugrapdy. Daşardaky çyralar ýakylypdy. Olaryň ýalkymy Gülälegiň ýatan jaýyna-da düşýärdi.
Birden Gülälegiň gulagyna daşardaky hüňürdiler bilen bile öňki tanyş pyşyrdy-da eşidildi:
— A gyz! A gyz! — diýip, ses Gülälege ýüzlendi. — Işiňi näme üçin tikeňok?! Ýeriňden tur-da, işiňi eliňe al!
Gülälek ýerinden nähili turanyny duýman galdy. Töweregine seretdi. Gözi hiç kime düşmedi. Bir çüňkde düwünçege düwen tikin işi ýatyrdy.
— Işiňi al-da, tikip başla! — diýip, ses ýene Gülälege buýruk berdi. — Basym bol, basym!
— Men ýadadym! Güýjüm ýok — diýip, Gülälek jogap berdi.
— Ýadasaň ýada! — diýip, ses rehimsiz pyşyrdady. — Işiňi al-da, tikip başla. Bol basym!
Ses şeý diýensoň, kimdir biri gyzyň iki egninden basan ýaly boldy. Gerdene salnan agrama Gülälek özüni ýere goýberdi.
— Işiňi al-da tikip başla!
Gülälek gorkdy. Sesini çykarman, diýenedijilik bilen düwünçegini alyp, ondan keşdeläp oturan gyzyl ýüpek parçasyny çykardy.
— Bu gün anna agşamy. Iş tikme bolanok — diýip, gyz iňňä sapak sapyp oturyşyna pessaý gepläp, sese düşündirmek isledi. — Bu gün ölüleň ruhunyň oýanýan gijesi. Tikine diýip sançýan iňňäň ruha çümmegi mümkinmiş. Şonuň üçin bu gün agşam iş tikmeli däl-de, diňe gowy-gowy dilegler, aýat-töwir bilen oturmaly!
— Anna agşamy hiç kim iş tikmese-de, sen tikersiň — diýip, ses gyza geň habary aýtdy. — Sen mydama ters iş etmäni gowy görýädiň-ä. Iliň etmeýän işlerini etdiň. Indem şeýdersiň sen!
Gülälek özüniň ilden çykyp näme iş edenini ýatlap bilmedi.
— Menmi ters iş edýän? — diýip, geň galyp, ses bilen gepleşdi. —Näme edipmişin men?
Ses gaharlandy:
— Ony saňa men aýtmaryn! Ony seniň özüň bilersiň! — Şeý diýensoň, ses ýene Gülälegi howlukdyrdy. — Bol basym, bol!
Gülälek iňňesini çaltlyk bilen keşdäniň ýüzünde ýöredip ugrady.
— Bol! Bol! Mundanam çalt tik. Çalt! Çalt! — diýip, ses çirkin gygyrmaga durdy. Onuň sesi indi şeýle bir ýiteldi welin, gyzyň gulaklary şaňlap gitdi. — Bol diýýän! Bol! Bol! Bol! Sen muny basym gutarmaly!
— Meni howlukdyrma! Men çydamok! — diýip, Gülälek ýalbardy. — Elimiň ysgyny gaçýa!
— Gaçsa gaçsyn! — diýip, ses rehimsizligini saklap, gyzy howlukdyrdy. — Çalt tik! Çalt! Çalt!
Ýakylan çyra, gyzynyň eline düwünçegi alyp, geçip gidenini açyk äpişgeden synlap oturan Öweziň ýüregi höpläp durdy. Gulagy gyzy tarapdady. Ol Gülälegiň hüňürdeýän sesini ýene eşitdi. Zähresi ýarylan ýaly gygyryp, syçrap ýerinden turdy:
— Güljeren! Gülälek ýene samraýa! Özem iş tikýä! Hana!
Öweziň duýdansyz sesine Güljerenem, Näzik daýzadyr Aýnabat daýza-da tisginip gitdi. Güljeren jynssyz gygyrdy:
— Waý, işim gaýtdy, doganlar! Bi öýe bir bela-beter-ä aralaşdy!
Hemmesi düwdenekleşip, içerik girdiler. Gülälek gara der bolup iş tikýärdi. Özem içerik adam gireninem du-ýanokdy. Olaryň sesinem eşidenokdy. Onuň gulagyna diňe:
— Bol! Bol! — diýip, şol bir ses eşidilýärdi.
— Çydamo-ok! Çydamo-ok! Tikmäýin-le men! — diýip, özem birsyhly sese ýalbarýardy. — Ýadadym men!
— Heý, anna agşamy-da iş tikip bolarmy, Gülälek jan! — diýp, ejesi gyzynyň ýanyna geçip, çommalyp oturdy. — Özüňem ýadaýan bolsaň, nämä tikýäň ony?!
Gülälek ejesini diňlemedi. Ses gulagyna pyşyrdady:
— Ýanyňdaky aýalyň ýüzüne ur-da, işiňe haýda! Ol seni güýmejek bolýa! Kow ony!
Gülälek şarpygy bilen ejesiniň ýüzüni mazaly awutdy. Soňam azgyryldy:
— Gümüňi çek!
Şeý diýensoň, Gülälek ýene işine güýmendi. Özem gara der bolup, iňňäni şeýle bir çalt sançýardy welin, ellerine göz ilenokdy.
Dogup-döräli bäri bir diýlenini iki gaýtalatman, öz işi bilen bolup ýören gyzynyň bolşuna Güljeren ýüregini tutup aglap başlady:
— Waý, işim gaýtdy, doganlar! Bu gyz dälireýä! Bu gyz maňa hiç wagt gep gaýtaryp gören däldir. Ýüzüme şarpyldadyp urmasy näme onuň?!
Öwez Gülälegiň elinden işini silkip aldy-da, çete oklap goýberdi:
— Tikme şuny!
Elinden işi alnan Gülälek bir salym demini dürsemek üçin diwara ýaplandy.
— Waý, Alla jan-eý... — diýip, mejalsyz seslendi. Ysgyny gaçyp, ýene ýüregi çaşyp barýardy.
Näzik daýzadyr Aýnabat daýza bu ýagdaýa näme diýjeklerini bilmän, sadylla bolup durdular.
Ses ýene Gülälege buýruk berdi:
— Iňňäni al-da, ol adamyň gözüne sok! Ol saňa işiňi tikmäge päsgel berdi!
— Ol meniň kakam! — diýip, Gülälek ysgynsyz mydyrdady. — Men onuň gözüne iňňe sokjakgä!
— Sokarsyň! Özüňem çalt bol! — diýip, ses gazaply pyşyrdady. — Çalt bol! Çalt!
Ysgynsyz bolansoň, Gülälek emedekläp bir çetde zyňlyp ýatan köýneginiň ýanyna bardy. Sapakdan iňňäni çekip aldy. Soň mejalsyz halda ýerinden turup, Öweze golaýlaşdy. Iňňäni onuň gözlerine dürtmäge çemlendi. Öwez gyzy bat bilen itdi-de, turup, gaçdy. Eger şeýtmedik bolsa, onuň gözlerine iňňäniň çümjegi ikuçsyzdy.
— Gülälek! Sen akylyňdan azaşdyňmy? — diýip, Öwez zähre ýaryp barýan sesi bilen gygyrdy. — Edýäniň näme seniň?!
— Yzyndan ýet-de, onuň gözlerine iňňe sok! — diýip, ses Gülälege ýene buýurdy. — Çalt bol! Çalt bol!
Ses gyzyň gulaklaryny iýip, ýüregini gemrip barýardy. Onda durmaga karar goýanokdy. Şeýle bolansoň, Gülälek alaçsyz galyp, ýene kakasynyň ýanyna baryp, iňňäni onuň gözlerine dürtmäge çemlendi. Öwez indi gyzyndan gorkup başlady. Ony hernäçe gowy görýänem bolsa, öz jany-da süýji geldi. Janyny gutarmanyň aladasy bilen daşaryk çykyp gitdi.
— Indi otur-da, işiňi tik! Ol adam ýanyňa gelse, ýene gözüne iňňe sok! — diýip, ses Gülälege buýruk bermesini dowam etdi.
Gülälek zyňlyp ýatan köýnegini alyp, iňňesine sapak sapdy. Soň öňküsi ýaly, işine başlady.
— Bol! Bol! Çalt! Çalt! — diýip, ses ony howlukdyryp, janyny alyp barýardy.
— Eý, Hudaý! Eý, Hudaý! Bu zatlar nämäniň alamatyka?! — diýip, Güljeren aglamjyrady.
— Toba-toba! — diýşip, Näzik daýza bilen Aýnabat daýza ýakalaryny tutdular.
Gülälek öňküsi ýaly, gara dere batyp, işini göze ilmez çaltlyk bilen tikdi-de, ýene çaşyp ýykyldy.
— Çydamo-ok! — diýip, naýynjar iňňildedi.
— «Tiz kömegi» çagyr! Gülälek ýene çaşdy! — diýip, Güljeren daşaryk atylyp çykyp, adamsyna gygyrdy.
Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Gülälegiň el-aýagyny düzedip ýatyrdylar. Güljeren onuň gelen-gideniň ýanynda serlip ýatmazlygy üçin, üstüne akja prostyn atdy. Saçlaryny düzedişdirdi.
Öwez içerik girip, «Tiz kömege» jaň etdi. Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Gülälegiň el-aýagyny owkalamaga durdular. Şol wagt Näzik daýzanyň maňlaý saçyny kimdir biri emaý bilen sypan ýaly boldy. Näzik daýza bu ýagdaýa tisginip gitdi. Ýüregi ýerinden gozganan ýaly boldy.
— Waý-eý — diýip, nähili seslenenini duýman galdy. Aýnabat daýza onuň ýüzüne tiňkesini dikdi:
— Näme boldy, Näzik?
Näzik daýza tolgunmadan hopugyp gepledi:
— A gyz, göwnüme-de bolsa bilemok. Biri meňem saçymy sypan ýaly boldy-da, hakyt!
Näzik daýzanyň habaryna Güljeren aglamjyrady:
— Bu öýi arwah-jynlar eýeläpdir. Ertiriň özünde göçüp giderin bu ýerden!
Aýnabat daýza Näzik daýzanyň habaryna birbada gözlerini tegelese-de, soň ony köşeşdirdi:
— Göwnüňedir-le, gyz! Saçyňy sypar ýaly, kim bar seniň ýanyňda?!
Näzik daýza Güljerene ýüzlendi:
— Ýene bir sogan getir!
Güljeren sogan ardyp geldi. Näzik daýza ony owradyp, Gülälegiň agzyna, burnunyň daşyna çyrşap, gyzy özüne getirdi. Onýança «Tiz kömegem» geldi. Öwez bialaç halda dyza çöküp, maňlaýyny tutup oturdy.
«Tiz kömekden» süňňüeňil gopýan, ýaş wraç gyz düşdi. Onuň kiçijik çemodanjygyny göterip gelen doktor oglan wraç gyzdan-da ýaşdy.
Olary görüp, Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Gülälegiň gapdalyndan çete çekildiler.
— Muňa näme bolýar? — diýip, wraç gyz töweregindäkileriň belli birine ýüzlenmän sorady.
Güljeren aglamjyrady:
— Muny al-arwahlar eýeläpdir. Öýländen bäri birsyhly özbaşyna samraýar. Özem aldygyna iş tikýär-de, çaşyp ýykylýar. «Tikme» diýsegem, diňlänok.
Wraç gyz Gülälegiň öýkenini, ýüregini, gan basyşyny barlady. Güljereniň sözüne ýylgyrdy:
— Al-arwahlar barmy, daýza, bi zamanda?! Sizem ýöne bir zat tapaýýaňyz. Gyzyňyzyň ýüregi, öýkeni, gan basyşy gowy. Özbaşyna samraýan bolsa, beýnisinde bir näsazlyk tapylan bolmagy mümkin. Nerwisine zeper ýeten bolmagy mümkin. Gyzyňyzy doktora mazaly barladyp, keselhana salyp, bejerdiň. Keseliň öňüni almasaňyz, soň kyn bolar.
— Haýry bolarmyka? — diýip, Güljeren gaýga galyp sorady. Öwez doňdurylan ýaly bolup otyrdy. Misli, ýüreginden daş asylan ýaly, gozganmaga-da güýç tapanokdy.
— Haýry bolar, näme bolman! — diýip, wraç gyz Güljerene hoşamaý jogap berdi. — Ösüp barýan ýaş syna. Belki, ýürekde, beýnide üýtgeşiklik bolup geçýändir.
— Belki, hudaý jan, şeýle bolawersin! — diýip, Güljeren aglamjyrady. — Ýeke çagam! Käşgä köp bolan bolsady, ýüregimiz birneme suwly bolsa-da bolardy.
— Häzir men birje sanjym edeýin. Gyzyň derrew sagalar — diýip, wraç gyz birsyhly Güljereni köşeşdirdi. Soň çemodanjygy göterip, henizem gapyda sadylla bolup duran kömekçisini ýanyna çagyrdy. — Bärik geç-de, şuňa rahatlandyryjy sanjym ur.
Kömekçi bolup gelen doktor oglan çalasynlyk bilen düşege geçip, gyza ukol urdy. Şondan soň doktorlar gaýtmak bilen boldular. Güljeren olary ugratmak üçin daşaryk çykdy.
— Häli, «iş tikme» diýleni üçin meniň-ä ýüzüme urdy, kakasynyňam gözüne iňňe sokjak boldy. Hakyt kowalady kakasyny — diýip, Güljeren wraç gyza Gülälegiň bolşuny gürrüň berdi.
Güljereniň sözlerine wraç gyz diňşirgendi.
— Ene-atada çagaka ýa-da ýaşka şeýle samrama keseli ýüze çykan bolsa, ol soňy bilen çagada-da bildirip bilýär. Siziň maşgalaňyzda şeýle keseli başyndan geçiren barmy? — Wraç gyz Güljerene tiňkesini dikdi. — Mamasy-babasynda baram bolsa, nesle geçip bilýä.
Güljeren biraz pikire çümdi. Soňra başyny ýaýkady:
— Ýo-ýok— diýip, sesini süýdürdi. — Men-ä hiç wagt samrama keseline sataşmandym. Kakasyny welin bilemok. Olaryň özler-ä maňa beýle zat hakda aýtmandylar. Menem soramandyryn. Ýaşan ömrümizde beýle gürrüňleriň geregem bolmandy.
— Bolýa, bu zatlary soň anyklarsyňyz — diýdi-de, wraç gyz özüne garaşyp duran maşyna mündi. — Gyzyňyzy psihiatora hem newrologa hökman görkeziň. Ertir ilki öz wraçyňyzy çagyryň. Ol size ýüz tutmaly ýeriňiz üçin ýörite hat berer.
«Tiz kömek» ýola düşensoň, Güljeren içerik gaýdyp geldi. Rahatlandyryjy ukolyň güýjüne Gülälek uka gitdi. Şondan soň Näzik daýza bilen Aýnabat daýza-da öýlerine gaýtdylar. Güljeren olary-da ýola saldy.
Öweziň gözüne uky gelmedi. Güljeren hernäçe «ýat» diýse-de, diňlemän, daň atýança gyzyny garawullady.
Irden Gülälek adaty günlerdäkisi ýaly bolup ýerinden galdy. Misli, hiç zat bolmadyk ýalydy. Ýuwnup-ardynyp, çaý demlendi. Çaý içdi. Öňem tämiz içeri-daşaryny syryp-süpürdi. Soň öýe girip, ýene işini tikmäge oturdy.
Onuň hereketlerinde hiç hili gorkuly zat görnenokdy. Ol öňki Gülälege öwrülipdi.
Öwez gözlerini gorkuly tegeläp, gyzyny synlap oturyşyna, oňa gep goşdy:
— Gyzym, ýagdaýyň gowumy?
Gülälek öňküleri ýaly, utanjyrap gepledi:
— Hawa, gowy.
— Iş tikmesene gyzym! — diýip, Öwez oňa gorka ýalbardy. Gülälek ýylgyrdy.
— Näme üçin, kaka?
— Sen ýaraňog-a! — Öwez şeý diýende tas aglapdy. Zordan özüne erk etdi.
Gülälek birsyhly ýylgyryp gepledi:
— O nähili ýaramok? Ýaraýan men-ä.
Öwez ondan geçen agşamky bolan zatlary soramak isledi. Birbada çekindi. «Şol wagt huşy başyndan gitdimikä munuň? Ýa-da baryny bilýämikä» diýip, içini gepletdi. Ahyry hem ýüregini bire baglap, gepini dowam etdi:
— Sen işiňi goý-da, ejeň bilen doktora görnäý, Gülälek jan.
Gülälek işine haýdap oturyşyna, Öweze sowal bilen ýüzlendi:
— Sagat janyma doktorda näme işläýin?
— Geçen agşam ýaramadyň-a sen?
Şu sözleri aýdanda Öweziň ýüregi jigläp gitdi. Gözlerini gyzyndan aýyrmady. Bu gepe gyzyň berjek jogaby onuň geçen agşam huşundamy-huşunda däldigini anyk etmelidi. Ýöne Gülälek kakasyna kanagatlanar ýaly gep aýtmady. Asla agşam hakda dilem ýarmady. Gaýdyp geplemedem.
Öwezem bir zady zol gaýtalap, gyzynyň kellesini agyrtmak islemedi.
— Gyzym, ýagdaýyň gowy bolsa, men biraz irkiljek. Gijesi bilen ýatman çykdym. — Öwez gepini başga ýana syrykdyrdy.
Gülälek kakasynyň näme üçin ýatman çykanynam sorap durmady.
— Ýagdaýym gaty gowy, kaka. Arkaýyn ýatyber — diýdi.
Öwez aýalyna Gülälekden agşamky hadysany bilýän-bilmeýänligini sorap görmegi tabşyryp, içki jaýlaryň birine girip ýatdy. Arkaýyn uklabam bilmedi. Bir irkildi, bir tisginip oýandy. Alasarmyklykda agşamky bolan wakany düýşünde görüp samrady. Bir gynandy, birdenem, gyzynyň häzirki rahat ýagdaýy ýadyna düşüp begendi.
ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa)
-
myspaser
3 years ago
- ***
«Öweziň gyzy samrama keseline sataşypdyr» diýen habar şäheriň çetinde dörän bu obanyň ähli adamlaryna ýaýrady. Diňe bu obada-da durmady. Agyz agyzdan ýel aldy. Şum habar ganat baglap, çar töwerege ýetdi. «Gyzy al-arwahlar bilen gürleşýärmiş» diýlen öýe gelmäge çekinip, Öwezlerden goňşy-golamyň aglabasy aýagyny ýygnaýardy. Kä kişi bolsa özbaşyna gepleýän betbagt gyzy görmek üçin ýörite gelip gidýärdi.
Şum habary Aýjahan daýzanyň gyzy Nurjahan-da eşitdi. Ol myrtar habar gulagyna ýeten pursatyndan çagalaryny goňşularyna tabşyryp, etek alty, ýeň ýedi bolup, atasy öýüne ylgady.
— Gije-de galaýmagym ahmaldyr. Çagalary öz öýüňde ýatyraý! Her zadam bolsa, indi olar aga-gara düşünýärler — diýip, ýakyn goňşusyna habaryny gyssagly aýtdy-da, oýnamaga giden çagalarynam gözlemän öýüni gulplap, ýola çykdy. Awtobusa ýüregi sygmajak ýaly, darygyp, uzak ýoly paý-pyýada sökdi. Ýeke doganynyň ýalňyz çagasynyň sataşan belasy Nurjahany diýseň gynandyrdy. Nurjahanyň gulagyna bu habar ýeten çagy öňki annadan bir hepde wagt geçip, nobatdaky anna gününiň güni öýlä agypdy. Nurjahan gelen halaty gülälek bir çetde oturyp, ak biýz mata owadan nagyş salýardy. Ony görende Nurjahanyň ýüregi jigläp gitdi. Ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä dönüp, misli, güýji gaçan ýaly, özüni ýere goýberip, özbaşyna samrady:
— Ejem jan-eý, bu gyzyň edip oturan zady näme?! — Şeý diýensoň, Nurjahan Gülälege ýüzlendi:
— Gülälek jan, ol biýzi näme üçin nagyşlaýaň sen?
Gülälek Nurjahan ejesine jogap bermedi. Aýjahan daýza agaç sekide oturan ýerinden gyzyny öz ýanyna çagyrdy:
— Oňa zat diýme, gel, meniň ýanyma geç.
Nurjahan görýän ahwalatyna gynançdan ýaňa ýüregi sallanmadan, yra-dara ýöräp, ejesiniň gapdalyna baryp oturdy. Ony ýene düşnüksiz sowallar öz erkine goýmady.
— Bu gyzyň bolup oturyşy näme, eje?! — diýip, bir ejesine, birem ak biýz mata nagyş salýan Gülälege seredip gepledi.
Aýjahan daýza uludan demini aldy:
— Görüp dursuň-a... Öňki annada seňkä baryp, öýe gaýtjak bolup bir dyzanandyryn. Nähili ýüregim gysypdy... Şonda ýüregim syzan eken. Şol anna agşamy Gülälek jan şeýle bela sataşypdyr.
Aýjahan daýza öýde bolan ähli zatlary gyzyna aýdyp berdi. Eneli-gyz bolup, aglaşdylar, eňreşdiler. Derdiň emini gözlediler.
— Bimahal çag hapa suw-beýleki dökülen ýerlere baran bolaýmasyn?! —diýip, Nurjahan belanyň nireden sataşanyny çenlemek isledi. — Şoň ýaly ýerlerdenem adamyň yzyna al-arwahlar düşüp gaýdýarmyş.
— Hapa dökülýän ýere baran däldir. Öýden çykanog-a bu çaga — diýip, Aýjahan daýza gyzynyň ol pikiri bilen ylalaşmady.
Gep-gürrüň, gaýgy-alada bilen wagtyň nädip geçenini duýmadylar. Gülälek ýene özbaşyna samrap başlan halaty olar pikirlerinden aýňaldylar. Gün öýlä agyp, eňegini ýere beriberenden Gülälegiň gulagyna öňki tanyş ses eşidilip ugrady.
— Gülälek — diýip, ýürege iňňe bolup çümýän ses gyza gep goşýardy. —Köýnegiňi nagyşlaýaňmy?
— Nagyşlaýan. Basym gutararyn — diýip, Gülälek sese jogap berdi.
— Gep-gürrüňe gyzyp, gapydan sogan asmandyrys. Soganyň ajysyna al-arwah gelip bilenokmyş — diýip, Aýjahan daýza howlukmaçlyk bilen ýerinden turdy. — Sogan kesişdireliň gapyda.
Güljeren gaýynenesini makullamady:
— Sogan asyp durma, enesi. Gördüň-ä geçen gezek. Barybir ol bar zatlary Gülälege zyňdyryp dur-a.
— Zyňdyrsa-da asjak şony. Şu gezek zyňdyrybam bilmez — diýip, Aýjahan daýza gaharyna atlandy. — Bu gyzyň el-aýaklaryny daňyp goýarys. — Şeý diýensoň, Aýjahan daýza hemmä deň buýruk berdi. — Јhliňiz el-ýüzüňize-de soganyň suwuny çalyň. Soganlaram asyşdyryň, kesişdiriň! Goý, ol haram al-arwah meň gapymdan başga gapa gitsin!
Güljeren bilen Öwez ýerindenem gozganmady. Olar indi bu ediljek bolunýan işiň haýyrsyzdygyna düşünipdiler. Nurjahan bolsa alasarmyk ýagdaýda galdy. Turup sogan dograjagynam bilmedi, ýa-da doganydyr gelnejesi kimin takdyra ten berip oturjagynam.
— Gülälek-ek! Eneňi sakla! — diýip ses Gülälege buýruk berdi. —Barybyr, soň olary ýene özüň aýyrmaly bolarsyň! Şeýdip, köýnegiň nagşy gijä galar.
Ses buýruk berensoň, Gülälek sogan almaga ugran enesine gygyrdy:
— Ýekeje soganam getiräýme gapa! Meni öldürjek bolýaňmy sen!?
Agtygynyň: «Meni öldürjek bolýaňmy?» diýen sözleri Aýjahan daýzany çüýlenene döndürdi. Ol özüni ýere goýberip, janyýangynlykdan maňlaýyna ýumruklady:
— Wa-ah, beýdip dörejek bolsaň, döremedik bolsaň bolmaýamydy sen gyz?! Dünýä inmedik bolsaň bolmaýamydy?! Bir ýanardyk, bir goýardyk. Bir wagt odumyz sönerdi... Sen bizi beýdip ýakmaly däldiň-ä, balam!
— Sen hökman dünýä inäýmeli çaga! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady.
— Men hökman dünýä inäýmeli çaga — diýip, Gülälek sesiň aýdanlaryny enesine ýetirdi.
Nurjahan ejesine tarap ylgady. Gujaklap, ony ýerinden turuzdy. Agaç sekiniň ýanyna getirdi.
Maşgala ýene takdyra ten bermekden başga çäre galmady. Gülälek bolsa ses bilen söhbetini dowam etdi.
— Dermany içirip göreli — diýip, Öwez aýalyna sala saldy. — Bar bir käse suw elt-de gyzyňa derman içir.
Güljeren Gülälek üçin getirilen dermany alyp, ony bir käse suw bilen gyzyna eltip berdi:
— Kakaň bilen doktara gidip getiren dermanyňyz, iç şuny, gyzym.
— Derman içme, köýnegiňi tikip ýetişmersiň — diýip, ses Gülälege buýurdy.
— Derman içsem, köýnegimi tikip ýetişmen — diýip, Gülälek ejesine jogap berdi-de, derman içmeden ýüz öwürdi.
Güljereniň gahary depesine urdy. Ol derman bilen suwly käsäni bir çetde goýdy-da, Gülälegiň tikip oturan köýnegini silkip alyp, ýere oklap goýberdi. Sesiniň ýetdigindenem gygyryp, gyzyna azgyryldy:
— Köýnek bormy şu artypdan! Iç dermanyňy!
— Ol aýalyň ýüzüne ur! — diýip, ses Gülälege buýruk berdi. — Getiren suwunam üstüne serp.
Gülälek ejesiniň çep dulugyna şarpyldadyp goýberdi-de, käsedäki suwy-da onuň ýüzüne serpdi.
Bu ýagdaýa Aýjahan daýza bilen Öwez sesini çykarman seredýärdi. Sebäbi olar indi beýle zatlar bilen öwrenişipdiler. Gülälegiň bolşuna Nurjahanyň welin zähresi ýarylýardy.
— Waý-eý, bu gyzy, bu gyzy! — diýip, ol birsyhly gorky bilen seslenýärdi.
Güljeren gaharyna guduz açdy. Ilki bir bedre suw getirip, Gülälegiň depesinden eňterdi. Soň bolsa ony öldir ýaly urup başlady. Çem gelen ýerine şarpyk çalyp, ýumruklady.
— Bizar boldum men senden, bizar boldum! Jynlanýan bolsaň, jynlan sen! Göreýin men seniň şol jynlaryňy! — diýip, aldygyna gygyrdy. — Öň-soň ölmekçi bolsaň, özüm bogup öldüreýin seni! Däliräp, ile gürrüň bolup bir ölme!
Gülälek ejesiniň guduz güýjünden asgyn geldi. Ýogsa ses oňa birsyhly:
—Ur, ur! Senem ur — diýip, buýruk hem berýärdi.
Gyz elleri bilen ýüzüni tutup, ýere ýazyldy:
— Güýjüm ýok! Güýjüm ýok meniň! Men urup bilemok! — diýip, sese jogap berensoň, aglap başlady.
Öwez gyzyna dözmedi. Ylgap gelip, aýalyny bir çete itip goýberdi.
— Öňem näsag çagany näme urýaň sen?! — diýip azgyryldy.
Güljeren Öweziň badyna ýere ýazyldy.
— Öldürjek men şol gyzy! Öldürjek! — diýip, janyýangynly gygyryp, ol hem aglamaga durdy. — Bizar boldum men munuň jynlanmasyndan! Beýdip, munuň agzyna bakyp, ömrümi kül edenimden öldürip dynaýyn men şuny!
— Goý sesiňi! Aýyp bor. Goňşy-golama masgara bolduň! — diýip, Aýjahan daýza oturan ýerinden gelnine käýindi. — Seň gykylygyň gerek däl!
Güljeren turup, üsti-başyny kakyşdyrdy-da, agaç sekä gelip çökdi. Agysynyň arasynda ýene samrady:
— Goňşa-da masgara bolduk, oba-da. Indem näme bolsak, şol bolaly! Düneden perzentsiz ötüp ýörenem bar. Beýdip, janymy ýakyp ýörenimden, dünýä inmedik ýaly edip dynaýsadym şu gyzy!
Aýjahan daýza ýene gelnine höre-köşe etdi:
— Goýaweri, aýyp bor. Goýaweri!
Nurjahan Gülälege göwünlik berdi:
— Hemmesi geçer, jigim. Senem agyňy goý. Sen akylly gyz-a. Ejeň ýagdaýyna-da düşünmeli. Ol indi çydamajak bolýa. Sen onuň ýeke çagasy. Ýeke çagasynyň-da beýle güne sataşmasyna çydap bilenok ol. Bar, özüňem egin-eşigiňi çalyş. Beýdip oturma.
Gülälek ýüz-gözüni süpürip, diklendi.
— Men nä alaç edeýin. Meniň günäm barmy bu ýerde — diýip, aglamjyrady. Soň diýen edijilik bilen ýerinden turup, eşiklerini çalşyrmak üçin içerik girip gitdi.
Anna agşamy kirli eşikleriňi goýmak bolmaz. Olary ýuwup goý — diýip, ses Gülälek egninden aýran öl eşiklerini eline alyp, daşaryk ýönelende ýene gyzyň gulagyna pyşyrdady.
Gülälek sese hiç hili jogap bermese-de, onuň diýeni bilen boldy. Suwdur kir ýuwar getirip, köýneklerini ýuwmaga oturdy. Eşiklerini bir laý ýuwup bolansoň, kir suwuny kanalizasiýa çukurjygyna guýmaga çemlendi.
— Saklan! — diýip, ses gyza buýurdy. — Kir suwy özüňi uran aýalyň ýüzüne serp!
— Ol meniň ejem! — diýip, Gülälek kir ýuwaryny ýerde goýup, birbada sesiň buýrugyna tabyn bolmady. — Men onuň ýüzüne hapa suw serpmen!
— Sep! — diýip, ses ýowuzlyk bilen buýruk berdi. — Seň ýaly çagany dograny üçin ol ýüzüne hapa suw sepilmeli aýal!
— Men näme beýle erbet çagamy? — diýip, Gülälek sese ýüzlendi. —Sen ilki şony düşündir. Men kime näme ýamanlyk etdim?!
— Ol sowallaryňa basym seniň özüň jogap berersiň — diýip ses Gülälegi jogapsyz galdyryp, birsyhly buýruk bermegini dowam etdi. —Suwuňy diýlen kişiniň ýüzüne sep-de, işiň bilen bol!
Gülälek sesiň buýrugyndan bizar boldy. Ol agaç sekiniň ýanyna bardy-da, kir ýuwaryndaky hapa suwy aglamjyrap oturan ejesiniň ýüzüne serpip goýberdi. Soň ýene öňki ýerine baryp, kirlerini ikinji sapar ýuwmaga durdy.
Duýdansyz ýüzüne sepilen hapa suwa Güljeren hopugyp gitdi. Onuň gahary şeýle bir güýjedi welin, ol häzir elinden gelse, jinnek ýaly rehim etmän, Gülälegi düýt-müýt etmekçidi. Gyzy onuň gözüne şu pursatda şeýle ýigrenji görünýärdi. Turup, ýene Gülälege topuljak boldy. Öwezdir Nurjahan bu sapar ony gymyldatman sakladylar:
— Degme! Gyzyň öz akylynda däldigini bilýäň-ä sen!
Güljeren töwellany aldy. Gülälege zat diýmedi. Içerik girip, eşiklerini çalşyryp geldi.
— Indi gyzyň gözüne görünme! Ýene suw serpäýmesin! — diýip, Aýjahan daýza oňa maslahat berdi.
Diýlişi ýaly boldy. Güljeren sekä golaýlaşyp-golaýlaşmanka Gülälek köýneklerini ikinji gezek ýuwan suwuny göterip, ýene oturanlara tarap ýöneldi.
— Gaç, Güljeren! — diýip, Aýjahan daýza eli kir ýuwarly gelýän Gülälegi görkezip, gelnine gygyrdy. Ellerini daldalatdy.
Güljeren gaçyp, köçä çykdy.
Ýöne bu wagt Gülälek ejesini nazarlamandy. Ses oňa kir suwy bu sapar Öweziň üstüne sepmegi buýrupdy. Gülälek bu gezek ses bilen dawalaşybam durmady. Gyz, barybir, onuň diýeninden çykyp bilmejegini bilýärdi. Şonuň üçin sessiz-üýnsüz sesiň buýruklaryny berjaý edip dynanyny gowy görýärdi. Şeýdibem, ol kakasynyň ýanyna baryp, elindäki hapa suwly kir ýuwary onuň üstünden eňterip goýberdi.
Kellesinden kir suw guýlan Öwez näme etjegini bilmedi. Onda hem Gülälege şeýle bir ýigrenç oýandy welin, kir ýuwup ýören gyzyň özüniň janyndan-jigerinden gowy görýän balasydygyna ynanasy gelmedi. Özi-de baryp, Gülälegi Güljereniň edişi ýaly, ýumruk astyna alaýasy geldi.
Gülälek kirlerini durlap serdi. Ses Gülälege eşikleri durlan suwuny gapa sepmegi buýurdy. Gülälek ýene diýlenini etdi.
— Kir suw guýulan ýörite çukur bar-a, a gyz! — diýip, Aýjahan daýza Gülälegiň bolşuna janyny ýakyp gygyrdy. — Ol hapa suwlary aýak astyna guýmaň näme!
— Siziň gapyňyz hapa suw sepilmeli gapy! — diýip, ses Gülälege düşündirdi.
Gülälek eşiden zatlaryny enesine ýetirdi:
— Biziň gapymyz hapa suw sepilmeli gapy!
— Toba-toba! — diýşip, Aýjahan daýzadyr Nurjahan Gülälegiň edýän işlerine hem gepine ýakalaryny tutdular.
Öwez hem eşiklerini çalşyryndy. Soňra Gülälek ejesidir kakasynyň kir suw sepilen eşiklerini alyp, ýuwmaga oturdy. Hapa suwlaryny-da birsyhly gapa dökdi.
— Dogrudanam, bu gyz däliräpdir. Däli bi. Başga hiç zat däl —diýip, Nurjahan Gülälekden gözüni aýyrman oturyşyna ejesine gep goşdy.
— Onda hiç hili dälilik ýok, ynha, ertir görersiň onuň bolşuny —diýip, Aýjahan daýza-da gepi bilen gyzyny geň galdyrdy. — Ol diňe anna agşamy şeýle bolýar. Anna agşamy onuň ýanyna al-arwah gelýär.
— Tob-eý! Tob-eý! Eşitsegem, öňler beýle-beýle zatlaryň bolýanyna ynanyp bilmezdik — diýip, Nurjahan ýakasyny towlap-towlap tutdy.
Aýjahan daýza uludan dem aldy:
— Indi näme eşitseň, ynanaýgyn, keýgim!
Gülälek kirlerini ýuwýança gün mazaly batyp, garaňky düşdi. Ol ýene tikin işiniň başyna bardy.
— Başga zatlara güýmenip, tikin işiňi näçe gijikdirdiň! — diýip, ses Gülälege iňirdedi. — Ony basym tikip bolmaly sen!
— Men günäkär däl-ä. Ejem suw sepip, üstümi hapalady ahbeti. Seniň özüňem kir ýuwmagy tabşyrdyň.
Ses gaharlandy:
— Sen näme üçin doktora gidip, derman alyp geldiň?! Bu zatlara seniň özüň günäkär!
Gülälek aglamjyrady:
— Dermany kakam getirdi. Doktora kakam äkitdi.
— Ýalan sözleme! — Ses gataldy. — Doktora gitmek, menden dynmak seniň öz ýüregiňde-de bar-a! Sen menden derman bilen dynyp bilerin öýdýäňmi?
— Bilemok.
— Dynmarsyň! — Ses haýbatlandy. — Sen menden diňe ölüp dynarsyň! Şonuň üçinem diňe meniň diýenim bilen boluber.
— Sen kim?
— Göresiň gelýämi?
— Hawa...
— Basym görersiň...
— Häzir görnäý-dä...
— Basym görersiň...
Öwez Gülälege dermany zor bilen içirmeli diýen netijä geldi. Ol ýene aýalyna derman bilen bir käse suwy häzirlemegi tabşyrdy. Özi Gülälegiň ýanyna baryp, dyza çökdi:
— Gülälek jan, gyzym, ýekeje gezek synap göreli. «Tiz kömek» ukol edip gidende-de sen rahat ukladyň-a. Birje gezek dermanam iç, gyzym.
— Derman bilen men bu beladan dynmaýan, kaka — diýip, Gülälek kakasyna sesden eşiden zatlaryny aýtdy. — Meni mundan diňe ölüm halas eder.
Ölümiň ýatladylmagyna Öwez tisginip gitdi.
— Ölümi agzamasana, gyzym, ölüm gursun — diýip, ol delmuryp gepledi. — Synap göreli, näme bolýa. Ýekeje gezek içäý.
— Ol maňa «içme» diýip dur-a.
— Ýogsa-da, ýene-de «Tiz kömegi» çagyryp, ukol etdireli.
— Indi saňa «Tiz kömegiňem» haýry ýetmez! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady.
— Indi maňa «Tiz kömegiň-de» haýry ýetmeýä — diýip, Gülälek kakasyna sesden eşidenlerini habar berdi.
— Ýeter — diýip, Öwez gyzynyň gepine per bermän gepledi. — Geçen gezek ýet-dä. Sen rahat ukladyň.
— Geçen gezek köýnegi tikmäge wagt bolany üçin men seni taşlap gitdim — diýip, ses Gülälege düşündirdi. — Indi seniň ak köýnegi geýmeli müddetiň ýetip gelýär. Şonuň üçin indi seni hiç bir derman rahatlandyryp bilmez.
Gülälek sesiň diýenlerini gaýtalady:
— Indi meniň ak köýnegi geýmeli müddetiň ýetip gelýär, kaka, indi meni hiç bir derman rahatlandyrmaz.
— Ýalan! — diýp, Öwez janyýangynly gygyrdy. Birdenem, gyzynyň öňem jebir çekip, ejizläp oturanyny hakydasyna getirip, onuň göwnüne degäýmeginden howatyrlanyp, sesini peseltdi hem oňa ýalbarmaga durdy. —Meniň hatyrama ýekeje gezek içäý, gyzym! Ýekeje gezek menem diňläý! Kaka hatyramy sakla!
— Iç! Göwni galmasyn! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna gygyrdy.
Gülälek ejesiniň elinden dermany alyp, özüne uzadylan bir käse suw bilen bokurdagyndan ötürdi. Soň ýene işine güýmendi.
— Içerik girip, başyňy ýassaga goý-da, gyşyraý — diýip, ejesi ýalbardy.
— Gidip bilemok, işimi tikmeli.
Aýjahan daýza gelnine üm bilen: «Zat diýme» diýen yşaraty etdi. Az salymdan Gülälegiň gözleri süzülip, uky dermanynyň täsiri ýetip ugrady. Gyz oturan ýerinden uklap başlady. Kirpikleri biri-birine mazaly gatyşyp, uka düşdi. Ol uklap, asuda dem alýanam bolsa, eller welin sapakly iňňäni ak mata çaltlyk bilen sokup-çykarýardy.
— Çalt bol, çalt! Özüňem owadan tikeňok! Ters tikýäň — diýip, ses iňirdi bilen oturan ýerinden uka berlen gyzyň beýnisini gazamaga durdy. — Çalt bol! Sen basym ýetişdirmeli bu köýnegi.
— Men muny owadan tikemok, iňňäni ters sançýan — diýip, Gülälek ukuda samrady. Hem iňňesini birsyhly ak matanyň ýüzünde gezdirdi. — Eje, kömek et, maňa. Men muny basym gutarmaly!
— Şuny diwana geçirip ýatyraga-da, saraýsak nähili bolarka? — diýp, Öwez özbaşyna samrady. Soňra hemmelere deň ýüzlendi. — Şuny diwana geçireliň-de, el-aýagyny daňyp göreliň-le. Näme bolarka?!
Hemmeler Öweziň tapan çykalgasyny oňladylar. Güljeren ýene biriniň gözüne iňňe sokaýmagyndan gorkup, Gülälegiň elinden aldap, iňňe-sapaklaryny almakçy boldy:
— Getir, gyzym, kömek edeýin.
— Ol seni aldaýa, berme — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady.
— Berjekgä, sen meni aldajak bolýaň — diýip, Gülälek ejesine jogap berdi.
Gyzyň bu jogabyna hemmeleriň gözi tegelendi.
— Gözi ukuda-da bolsa, ähli zady duýup bilýä — diýip, Nurjahan gorky bilen ýakasyny tutdy. — Toba! Toba!
Öwez Gülälegiň ýeňsesinden baryp, çalasynlyk bilen gyzyň elindäki iňňäni çekip aldy-da, ony ýagyş suwlary akar ýaly eňňit edilip goýlan ýapjagaza tarap oklap goýberdi. Özi Gülälegiň goltugyndan tutdy. Şundan soň Nurjahan bilen Güljerene ýüzlendi:
— Göterişiň.
Nurjahan bilen Güljeren Gülälegiň aýaklaryndan tutdular.
— Ýeriňden tur, olar seni daňyp goýjak bolýarlar — diýip, ses Gülälege buýruk berdi.
Gülälek sese tabyn bolup, ejesinden sypmak üçin çabalanmak çabalandy. Ýöne uky eňkini alyp barýan gyz ahyrsoňy erkini olaryň eline bermeden başga çäre tapmady.
Gülälegi diwanda ýatyrdylar. Güljeren bilen Nurjahan onuň döşünden basyp saklady. Öwez bolsa Aýjahan daýzanyň taýýarlap duran ýüpi bilen ony sarady. Gyz bialaç halda özüni uka berdi.
— Işiňi tik! Hany işiň?! — diýip, ses onuň gulagyna gygyrmaga durdy. — Işiňi tik! Özüňem çalt bol!
Gülälek el-aýaklaryndan hem bilinden diwana mäkäm saralan halda, ukynyň arasynda aldygyna samrady:
— Hany meniň işim? Işimi beriň! Işimi tikmeli men!
— Tkiber işiňi düýşüňde — diýip, Öwez çykalga tapylanyna begenip, eliniň tersi bilen maňlaý derini syrdy. Uludan dem aldy. Guran dodaklaryny ýalady. — Indi bir arkaýyn oturyp, çaý içeliň-le.
Nurjahan gaýga batyp gepledi:
— Indi muny ömri ötýänçä şeýdip, daňyp gezermikäk?!
Öwez tapan çykalgasyndan göwnühoş boldy.
— Görübiýris — diýip, Nurjahana göwnübir jogap berdi. — Al-arwah diýip, ýüregime düşd-aý. Adam bolup, al-arwaha çäre tapmasak, bizdenem bir adam bormy! Al-arwah iş tikdirýämiş. Hana, şol iş tikilmänem ýatyr. Näme edýän bolsa etsin şol al-arwah indi. Näm-aý göze görünmeýän zadyň diýenini edip oturyp. Tapypdyr arwah bu ýerde agzy sary çagany. Tikdiribilşinden tikdirsin indi ol şol köýnegi şu gyza. Güljeren, ertiriň özünde otla şol äteňenäledi.
Adamsynyň tapan çykalgasyna Güljerenem begendi:
— Häzir otlaýsammykam?!
Gijäniň içinde ot ýakylmagyna Aýjahan daýza garşy boldy:
— Tünüň ýarynda ot ýakmak gerek däl. Şemal turaýsa, gije külem gorkulydyr onuň. Ertir otlarsyňyz. Zibil atylýan bedrä at artyby.
Gülälegiň gygyrmasy-da galdy.
— Uklady — diýip, Öwez bijesi çykan ýaly ýylgyrdy. — Dyndyg-aý.
«Loh-loh-loh» edip, birden Öweziň gulagyna erkek kişiniň gülýän sesi eşidildi. Ol gülkini eşidende Öwez depesinden suw guýlan ýaly boldy. Ol gülki sesi Öweze şeýle bir tanyşdy welin, Öwez ony hut düýn diňläp gören ýalydy. Ýöne ol gülkiniň kimiň gülküsidigini hiç hakydasyna getirip bilmedi.
— Biri gülýäm-aý? — diýip, Öwez birden keýpini bozup, oturanlaryň barynyň ýüzüne seredip çykdy.
— Biz-ä eşidemzok — diýip, ejesidir Nurjahan diňşirgenip jogap berdiler. — Gulagyňa gelýän bolaýmasyn?!
Öwez köçä çykyp, töwerege diň saldy. Düne ümsümlikdi. Oba uklap ýatyrdy. Ol ýene yzyna, howlusyna gaýdyp geldi. Hemmeler agaç sekiniň üstüne çaý içmek üçin üýşüpdiler. Öwez ýaradan basjak ýaly, özüni gorka alyp barýardy. Göwnüne bolmasa, üstüne nähilidir bir howp abanyp gelýän ýalydy. Ol ejesiniň gapdalynda çökdi. Güljeren bir çäýnek çaý demläp geldi. Gülki sesi Öweziň gulagyna ýene eşidildi. Özem indi ýakynjagyndan eşidilýärdi. Ol sesi diňledigisaýy Öwezi der basyp, ysgyny gaçýan ýalydy.
Güljeren Gülälegiň sapaklarydyr tikýän biýz matasyny ýygnaşdyryp, zibil bedrä äkitmek isledi. Ýöne hiç äkidesi gelmedi. Ýaltandy. Epledi-de gyzyň iş tikýän ýerinde goýdy. Özem agaç sekä gaýdyp baryp, Öweziň gapdalyndan çökdi. Içmek üçin bir käse çaý guýundy.
— Alyň, sizem içiberiň — diýip, ýanyndakylara mürähet etdi.— Soň ýatalyň basymjak. Aňkam aşdy meniň-ä ýadawlykdan.
Agyz öllemek üçin her kim bir käse çaý içdi. Soňra ýerli-erlerine geçip ýatdylar. Aýjahan daýza gyzy bilen daşardaky sekä düşek atyndy. Öwez bolsa aýaly bilen içki jaýda goýlan iki adamlyk kaşaň diwana geçdi. Bu ýatyş krowatyny ol rumyn garnitury bilen bile alypdy.
Gyzynyň aladasy bilen it ýaly surnugansoň, Öwez başyny ýassyga goýandan uka meýil etdi. Güljereniňem gözi bürlüp barýardy. Hernäçe aladasy bolanda-da adamyň ukusyz oňup bilmejegine Öwez şu pursat has-da göz ýetirýärdi.
Ukynyň arasynda ol diwanyň aşagyndan kimdir biriniň arkasyna patladyp uranyny aňşyrdy. Muny Güljerenden gördi.
— Düzüwli ýatsana — diýip, aýalyna igendi. — Näme patladan bolýaň?! Gijäň ýarynda oýun ýadyňa düşýä seniň!
— Men patladamok — diýip, Güljeren ukynyň arasynda mydyrdady.
Öwez özüniň-de patlatmaýanyny nygtamak isledi. Ýöne ol şeýle bir uka düşüpdi welin, geplemegem islänokdy.
Patdyldy ýene gaýtalandy. Öwez-de ony ýene duýdy. Ýöne ýene üns bermedi. Uky bilen başagaý boldy. «Pat-pat» edip, soňra diwanyň aşagyna mazaly kakyldy. Bu sapar patdyldy sesi batly çykdy. Öwez nädip ýerinden galanyny duýmady. Ukudan basym açyldy. Atylyp, çyrany ýakdy. Otagda hiç kim ýokdy. Patdyldyny duýmasa-da, Öweziň çyra ýakanyny Güljeren bilip ýatyrdy. Ýöne ýadawlyk sebäpli, onuň ýerinden galyp, Öweziň näme üçin çyra ýakýanyny sorasy gelmedi.
Öwez dyzyna daýanyp, diwanyň aşagyna göz aýlady. Diwanyň aşagy boşlukdy. Hiç zat ýokdy. Hatda galan-gaçan kagyz übtüjigi-de görünmeýärdi. Arassa ýuwlan pol çyranyň ýagtysyna ýalpyldap durdy.
Öwez çyrany öçürmedi. Ýerine baryp ýatdy. Birbada hiç zat duýmady. Ýöne uka düşüberenden ýene diwanyň aşagyndan kimdir biri arkasyna patladyp goýberdi. Öwez böküp turup, ýene diwanyň aşagyna seretdi. Gözleri ýene hiç zada düşmedi. Içerde kimdir biri ýörän ýaly boldy. «Düňk-düňk-düňk» edip, daýaw erkek kişiniň aýak sesi eşidildi. Öwez beýleki otaglara ogry-jümri giren bolaýmasyn diýen pikir bilen ylgaşlap, ähli otagyň çyralaryny ýakyşdyrdy. Şkaflara çenli açyp gördi. Ýöne hiç kime gözi düşmedi. Gülälek öz otagynda saralyşy ýaly, imisala uklap ýatyrdy.
Öweziň takyrdysyna Nurjahan bilen Aýjahan daýza geldi.
— Öwez, saňa näme bolýa? — diýip, Aýjahan daýza gözlerini gorkuly tegeläp, Öweze seretdi. — Takyrdap, ýatmadyň-la. Ýa ýene Gülälek azar berýämi?!
— Ýatyrkam biri diwanyň aşagyndan arkama uran ýaly boldy — diýip, Öwez ejesine bolan wakany howsala bilen habar berdi. — Birem däl, iküç sapar dagy gaýtalandy.
— Göwnüňe bolaýmasyn?! — Şeý diýip sorasa-da, Aýjahan daýzanyň gözleri barha giňedi. — Gündizki küýüň düýşüňe girendir.
Nurjahan ýakasyny ebşitläp tutdy:
— Bi, gije diýen artybyňam beýle uzakdygyny! Daň atman geçäýdi!
— Gündiz men hiç hili küý edinemok — diýip, Öwez ejesine jogap berdi. — Öýde biri ýörän ýalam bolýar.
Aýjahan daýza deňşirgendi. Emma hiç zat eşitmedi.
— Men-ä hiç zat eşidemok.
Öweziň welin gulagyna ýene düňküldi gelip başlady. «Düňk-düňk» edip, aýak sesi pol sarsdyrýardy.
— Men eşidýän — diýip, Öwez gorka gaplanyp, pyşyrdap gepledi. —Öýde biri bar, eje! Belki, ol Gülälegiň töweregindäki al-arwahdyr!
— Hany, ähli otagy hemmämiz bile barlap çykalyň. Men-ä hiç zat göremogam, eşidemogam — diýip, Aýjahan daýza gorkudan saňňyldap duranam bolsa, syr bildirmän, dogumlysyrady. Beýleki otaglara ýöneldi.
— Menem hiç zady göremogam, eşidemogam — diýip, Nurjahan, hamala, gatyrak gepläýse, biri gelip, egninden tutaýjak ýaly, pyşyrdady.
Üç bolup, ýene otaglara aýlandylar. Şifonýerleri, şkaflary-da açyp barladylar. Her şifoneriň, şkafyň gapysy jygyldap açylanda, misli, ondan biri atylyp çykaýjak ýaly, üçüsiniňem ýüregi böküp gidýärdi. Derlemeden öl-suw bolýardylar. Şeýdip, olar otaglara ýeke-ekeden seredip çykdylar. Hiç zada sataşmadylar.
Hernäçe uky bürýänem bolsa, ýakylan çyra, hümürdi sesleri Güljereni bimaza etdi. Gapdalynda Öweziň ýoklugy ony has-da alada goýdy. «Gülälege bir zat bolaýdymyka?» diýen alada bilen ol basym ýerinden galdy. Otaglaryň birinden hymyr-symyr sesleri, şkaflaryň gapysynyň jygyldap açylyp-ýapylyşy eşidilýärdi. Güljereniň göwnünde gara pikir oýandy. «Gaýynenem ýanyna ogly bilen gyzyny alyp, men uklap ýatyrkam näme üçin şkafdyr-şifonerleri dörýärkä?» diýip, pikir etdi. «Ýa meniň zatlarymdan gyzyna berip goýberjek bolýamyka?» Şeýle pikir bilen pişik basyşyny edip, ses gelýän tarapa ýönelen Güljeren olary ogryn synlamak isledi. Aýak sesini duýdurman, Öwez dagynyň duran otagyna bardy. Öwez otagyň töründäki şifoneriň gapysyny açýardy. Onuň gapdalynda duran Aýjahan daýza şifonere öwelip seredýärdi. Nurjahan gapa ýakynrak ýerde durdy. Olaryň barynyň ünsi, pikiri şifoneriň içinde bolansoň, Güljereniň gelenini hiç kim duýmady.
Güljeren sag eliniň süýem barmagy bilen Nurjahany çalaja dürtdi. Arkasyna kimdir biriniň dürtmesi Nurjahan üçin böwrüne tüpeň direlen ýaly boldy. Ol:
— Wä-ä! — edip, ýürekýargynç gygyrdy-da, öýüň törüne gaçdy. Nurjahanyň duýdansyz çykan aýylganç sesine Öwez-de, Aýjahan daýza-da ses goşdy. Olar Nurjahanyň näme üçin gygyrýanyna ünsem bermän, onuň sesinden gorkup gygyrdylar. Olaryň ählisiniň sesinden gorkup, Güljerenem gygyrdy:
— Waý, doganlar! Näme bolýa?! Aýdaýyň maňa-da!
Nurjahan ilki içine tüýkürdi. Soň Güljereniň üstüne gygyrdy:
— Bela bolýa! Merez bolýa! Näme duýdurman gelýäň?! Sesiňi çykarsaň bolmaýamy?! Öň näme ýürek bar bi adamlarda?!
— Eý-waý-eý — diýdi-de, Aýjahan daýza-da ýakasyna tüýkürip, özüni aşak goýberdi. Gyzyna azgyryldy. — Güljerenden gorkup gygyrýaňmy sen, saçy kesilen?! Zährämizi ýardyň-a! Beýle-de bir çyrlama bormy!
Öwez gaharly hüňürdedi:
— Men-ä biri gelip, bokurdagyňa pyçak goýýamyka diýipdirin.
Nurjahan gahar bilen Güljereniň ýüzüne bakyp, özüni aklamaga çalyşdy:
— Pyçak goýandanam beter boldy şol. Öňem ýüregimizi elimize alyp durus. Bu bolsa duýdansyz gelip, arkama dürtýär. Kim bilýär munuň ukudan turup geljegini!
— Menden başga kim gelsin şu öýüň içinde! — diýip, Güljerenem gaharly hüňürdedi. — Derweze gulply. Gülälek saralgy ýatyr.
Öwez Güljereniň alkymyna dykylyp, howsalaly pyşyrdady:
— Öýde biri bar! Düňküldisi eşidilýä! Häli ýatyrkam hem ol zol arkama kakyp, ýatara goýmady.
Bu habara Güljereniň ýüregi aşak gaçan ýaly boldy.
— Waý-eý — diýdi-de, yza tesdi. Birdenem Öweze soragly nazaryny dikdi. — Men-ä duýmandyryn.
Öwez duran otaglarynyň çyrasyny öçürmän, öz otagyna ugrady:
— Sen ukladyň-da. Men welin, duýdum.
Beýlekilerem Öweziň yzy bilen ýörediler.
Öwez ýatan otagyna baryp, özüni diwanyň üstüne oklady. Ýene gözlerini süzüp, uka meýil etdi:
— Ukym tutýa...
Nurjahan bilen Aýjahan daýza ýassyk alyp, diwanyň gapdalyna ýazylan el halynyň üstünde süýndüler.
— Biraz garawullaly, näme bolýa şu oglana — diýip, Aýjahan daýza özüne geň nazar bilen bakýan gelnine özüniň näme üçin bu otagda galýanyny düşündirdi. — Düňküldi eşidilýämiş. Belki, ol düňküldi diňe muňa eşidilýändir.
Güljeren hem gaýynenesi dagynyň ýanynda Öweziň gapdalyna geçip ýatmagy uslyp bilip, ýassygyny alyp, bir çete geçdi:
— Waý-eý, indi ol bela biziň barymyza erjeşäýjekmikä? — diýip, alada galyp, özbaşyna gepledi.
Oňa hiç kim jogap bermedi. Hemmeler surnugypdy, ýadapdy. Hemmeleriň uklasy gelýärdi.
Öwezi uky basmasy diýip-aýdar ýaly däldi. Ol gözlerini süzüp, dünýäni unudyp barşyna: «Dünede ukudan süýji näme barka?!» diýip, pikir edýärdi. Şol pursat diwanyň aşagyndan ýene-de kimdir biri onuň arkasyna patladyp goýberdi. Soň bolsa öýüň içinde daýaw erkek kişi ylgaýan ýaly, aýak sesi eşidildi. Ol ses «düňk-düňk» edip, Öweziň beýnisini iýip barýardy.
Melul edip barýan süýji uky şol pursat Öwezden zym uçan ýaly boldy. Ol böküp turdy-da, özüni diwandan oklady.
— Ol ýene meni urýar! — diýip, çirkin gygyrdy.
Öwez dagy otaglary barlaýarka birneme ymyzganyp, gözleriniň awusyny alan Güljeren bu wagt uklanokdy. Aýjahan daýza bilen Nurjahan Öwezi garawullamak üçin hernäçe uka ýan bermejek bolsalar-da, bolmady. Ýassyga ýanbaşlap oturyşlaryna kirpiklerini kirpige gatýanlaryny duýmadylar. Öweziň aýylganç sesine hemmeler aýak üste galdy.
— Urdy-da, gaçyp gitdi! — diýip, Öwez gygyryp durşuna gepini nygtady. — Öýe biri girýä!
Güljeren özüni ýere goýberip, uludan dem aldy:
— Öýe hiç kim girenok, Öwez. Men uklaman seredip otyryn. Saňa Gülälege erjeşýän zat erjeşýän bolmaly.
Gyzyna azar berýän zadyň özüne-de ýapyşmagyny Öwez islänokdy.
Ol:
— Ýok! — diýip, gygyrdy. — Men onuň gaçyp giden aýak sesini eşitdim. Öýe kimdir biri girýä!
Şeý diýensoň, Öwez ýene ähli otaglary, howlyny barlap geldi. Ylgap ýörşüne gara dere batdy. Ýöne hiç kimi tapmady. Ýadaw halda diwana özüni oklan çagy bolsa gulagyna ýene şol tanyş gülki sesi eşidildi. Gülki erkek kişiniň gülküsidi.
— Ha-ha-ha-ha! Ha-ha-ha-ha!
Öwez ejesidir Nurjahanyň Güljereniň ýüzüne birlaý nazar aýlap, gorkudan gözlerini tegeledi:
— Indem ol gülýä! Siz eşideňzokmy?
Öweziň sözüne beýlekileriňem ýüzi ak tam boldy.
— Ýok — diýşip, olar howsalaly pyşyrdadylar.
— Sen kim? — diýip, Öwez gözlerini depesine dikip gygyrdy. — Daň atyp gelýä! Gümüňi çek meniň öýümden!
Ene gülki sesi eşidildi. Soň Öweziň gulagyna kimdir biri aýylganç hyşşyldy bilen pyşyrdady:
— Öwez!
Öwez bir ejesiniň, bir aýalynyň ýüzüne naýynjar bakyp, aglaýan ýaly ses etdi:
— Ol meniň adymy tutýa! Ol meniň adymy bilýä, eje!
— Eý, toba! Eý, Alla jan! — diýip, Güljeren bilen Nurjahan aglamjyraşdylar.
— Howul bela, sowul bela! — diýip, Aýjahan daýza-da gorkusyny gizläp bilmän, dillendi. — Gaýtarmyş ata jan, özüň gaýtaraweri bu belany biziň ojagymyzdan!
— Öwez! — diýip, ses ýene pyşyrdady. Pyşyrdy gulagyna gelen çagy Öweziň ýüregine iňňe çümdürilen ýaly bolup gitdi. Ýüregi birden çaşýan ýaly, birden bulanýan ýaly boldy.
— Öwez!
— Hä — diýip, Öwez sese jogap berdi. Soň pikirini ejesi daga ýetirdi. — Gülälege erjeşýän zat maňa ýapyşdy, eje! Ol meniň adymy tutup, gulagyma pyşyrdaýar! Pyşyrdysy janymy alyp barýa. Oňa jogap bermän bolanok. Gülälek janam şeý diýýädi.
— Eý-waý-eý, işimiz gaýtdy, bi nä bela boldy, Alla jan! — diýip, Güljeren ýene nalady.
Aýjahan daýza özbaşyna birsyhly samrady:
— Gaýtarmyş ata jan, gaýtaraweri! Ýoluňa bir goýun... Alla jan, özüň medet ber.
Nurjahan gorkudan doňňara daşa döndi.
— Öwez! — diýip, ses ýene Öweze gygyrdy. — Öwez!
— Näme!? Näme etjek meni?! — diýip, Öwez oňa gaharly jogap berdi. —Sen henizem gümüňi çekeňokmy?! Sen nireden meniň adymy bilýäň?! Kim sen?!
— Seniň adyňy bilmän, dagy kimiň adyny bileýin men! — Ses agras eşidildi. — Sen bolsaň meni unutdyň.
— Unudyp-unutmaz ýaly, dogan okaşanym ýok — diýip, Öwez hüňürdedi. —Meni ýatara goý, tutma adymy!
Ses gaharly çykdy:
— Sen basym kän ýatarsyň, Öwez! Hiç wagt galman ýatarsyň!
— Sen maňa näme diýjek bolýaň? — Öwez gygyryp gepledi. — Sen ezraýylmy ýa?!
— Ezreýyl sen! — diýip, ses Öweze jogap gaýtardy.
— Men nähili ezraýyl bolýamyşym?! — Öwez geň galyp, töwerege nazar aýlady. — Bolýa, goý seniň diýeniň bolsun. Onda sen kim?
— Basym bilersiň.
Öwezi ýene uky basdy.
— Eý, barsan-aý! Kim bolsaň, şol bol! — diýip, ol ellerini daldalatdy. — Men ýatjak. Özüňem eliňden gelenini et!
Öwez şeý diýip, özüni diwana oklady. Ses onuň gulagyna aýylganç gygyrdy:
— Öwez!
Sese Öweziň gulaklary gapylyp gitdi. Beýnisini pişik dyrmalaýan ýaly boldy. Sese jogap bermän durup bilmedi.
— Hä! Hä! Näme etjek meni?! — diýip, janyýangynly gygyrdy-da, ýene ýerinden galdy. Gaharyna diwany ýumruklady. — Gözüme görnüp bir gelsediň sen! Etjegimi bilýän! Bogup öldirin seni!
Kimdir biri Öweziň bokurdagyna ýapyşyp, bogýan ýaly boldy:
— Nädip? Şeýdip bogjakmy meni? — diýip, ses sorady.
Öwez bokurdagyny elleşdirdi. Özüni bogýan zady aýyrmak isledi. Ýöne elleri hiç zady duýmady. Demi tutulyp, agzyndan ak köpük geldi. Gara dere batdy. Güljeren plotensa alyp, onuň agzyny süpürdi:
— Waý, muňa bir zad-a bolýa!
— Namart! — diýip, Öwez pyşyrdap sögündi. — Sen kimem bolsaň, bigaýrat hem namart! Mert bolsaň, göze görnüp gel!
— Göze görünmeýän zat bilen dawalaşma! — diýip, Aýjahan daýza ogluna maslahat berdi. — Beter erjeşdirersiň.
Öwez barha gaharlandy:
— Dawalaşmasaňam erjeşip dur-a ol. Erjeşýän bolsa, erjeşsin şü. Men bizar boldum şundan. Näme edýän bolsa etsin. Görübiýris.
— Öwez! — diýip, ses ýene Öweziň adyny tutdy.
Öweziň sese jogap beresi gelenokdy. Ony piňine almak islänokdy. Ýöne bolanokdy. Ol bialaçlyk bilen sese boýun bolýardy:
— Näme?! Näme! — Ol birsyhly janyny ýakyp gygyrdy.
— Öwez!.. Meniň görünmegimi isleýäňmi?!
— Hawa, isleýän! Gözüme görünseň bolýa. Soň armanym ýok!
— Gyzyň köýnegini tikip bolan wagty sen meni görersiň! — Ses güldi. — Ha-ha-ha-ha!
— Gyzym ol köýnegi indi tikmez! — diýip, Öwez sesi gynandyrmak üçin dişlerini gysyp, sözlerini nygtady. — Tikdirmen men oňa. Daň atdygy, men ol köýnegi otlamakçy.
— Otlaňda näme! — Ses ýene batly güldi. — Gülälek başga birini biçiner! Sizde biýz kän-ä!
Öwez dişlerini gysyp, biri-birinden geçiräýjek boldy:
— Men öýdäki biýzleriň baryny otlaryn!
Ses birsyhly gülýärdi:
— Otlaňda näme! Aýalyň ýene tapyp gelmeli bor!
— Tapmaz! Tapmaz şol — diýip, Öwez öýi ýaňlandyryp gygyrdy. Pol ýumruklady. — Aýalym ýene öýe biýz getiräýse, men ony öldirin!
Ses gülüp-gülüp, Öweziň içini ýakdy:
— Aýalyňa biýzi Gülälek getirder. Sebäbi ikimiziň görüşmeli günümiz Gülälek şol biýz köýnegi geýmeli! — Ses birden gahara eýlendi hem buýruk beriji gürledi. — Hökman geýmeli!
— Men seniň bilen görüşmegem islämok! — diýip, Öwez ýene elini silkip goýberdi. — Seni görüp başyma uraýynmy?!
Aýjahan daýzadyr Nurjahan, Güljeren üçin Öwez özbaşyna samrap oturan ýalydy. Olar ýakalaryny tutuşyp, doňňara daşa öwrülip, bialaç halda Öwezi synlamadan başga çäre tapanokdylar. Onuň ahyry özüniň köşeşerine garaşýardylar. «Ýa muňa-da uky derman beräýsekmikäk?» diýip, üçüsi-de bir pikiri serinde aýlaýardy. Soňam, Öwezem uklasa, bu göze görünmeýän belanyň öz başlaryndan injegini ýatlap, içki pikirlerini daşyna çykarman saklanýardylar.
Ses Öweze gep goşdy:
— Häl-ä meni görjek diýp durdyň sen.
— Men saňa hasabat beremok. Güm bol! — diýip, Öwez sögündi. —Göresim gelse, görerin, göresim gelmese, görmen! Men islänimi ederin!
— Sen şu çaka çenli isläniňi etdiň, Öwez! Indi edip bilmersiň!
— Ederin! — Öwez özüne göwnüetijilik bilen gepledi. — Men öňem islänimi edýädim. Indem ederin!
— Seniň häzir ukyň tutýamy, Öwez? — diýip, ses sorady. — Ýatasyň gelýä! Şeýlemi?
— Hawa, ýatasym gelýä. — Öwez ýene ýerine geçdi. — Ýatarynam. Senem gygyr-da otur.
Ses ýene güldi:
— Seniň ýatasyň gelenog-a, Öwez! Gyzyň ak köýnegini nagyşlasyň gelýä!
Öwez arkanlygyna ýatyp, gözlerini süzdi:
— Meniň köýnek nagyşlasym gelenok. Ýatasym gelýä.
— Ýalan! — Ses Öweziň gulagyna pyşyrdady. — Seniň köýnek nagyşlasyň gelýä, Öwez! Näme üçin ýalan sözleýäň?! Ýalançy Öwez!
— Men ýalançy däl! — diýip, Öwez samrady.
— Sen ýalançy! Sen häzir gidip, aýalyň goýan ýerinden Gülälegiň tikýän köýnegini getir, Öwez! — diýip, ses Öweze buýurdy.
Öweziň ýerinden galasy gelenokdy. Emma ol hut magnit bilen dartylýan demir mysaly, öz-özünden turup, ýöräp başlady. Güljereniň epläp goýan ýerinden Gülälegiň nagyşlaýan biýz köýnegini aldy. Ejesi dagam onuň yzyndan galman, ol nirä ýörese ýörediler.
— Taşlan ýeriňden iňňäni tap, Öwez! Iňňäni tap! — diýip, ses Öweze buýruk bermegini dowam etdi. — Iňňäni tap! Özüňem basym bol!
Öwez daşarynyň ýiti çyrasy ýanyp duran-da bolsa, otluçöp çakyp, iňňe taşlan ýerlerine dümtünip seretdi. Iňňäni tapyp, ýerden galdyrdy. Soň ýene ýeňsesinden itilen ýaly bolup, içerik girdi. Bir çüňke baryp, ulugyz ýaly sülmüräp oturdy.
— Munuňam işi gaýtdy — diýip, Nurjahan aglamjyrady. —Ertiriň özünde göçüň bu ýerden, eje! Öýüňizi al-arwah eýeläpdir siziň.
Aýjahan daýza gynanyp gepledi:
— Nije ýyllap gurnalan öý. Bi öýi öý edýänçäm ne günler gördüm...
— Göçeniň bilen dynyp bormuka mundan! — diýip, Güljeren gussaly dillendi.
Nurjahan ganynyn gyzdyryp, ejesiniň üstüne gygyrdy:
— Baryňyz dälirejek bolup durkaňyz, öý nämäňize derkar?!
Aýjahan daýza elini daldalatdy:
— Sen bir ýuwaş bolaýsana! Şonsuzam kelläm ýaryljak bolýa! Gitmeli bolsa, gideris. Ertire bir çykaly. Bi artyp şu gün bir gitsin sag-aman şu ýerden!
— Gülälegiň ters tiken ýerlerini söküşdir — diýip, ses Öweze etmeli işini salgy berdi.
Nurjahan gözlerini ýaşlap, bir çete çökdi-de, Öweze syn saldy. Öwez işi nädip etjegini bilmedi. Janyny ýakyp gygyrdy:
— Oňaramok men! Men näme aýalmy bi işleri edere!
— Sen aýalça ýok! — diýip, ses onuň gulagyna pyşyrdady. — Sen sebäpli bu gije bi köýnegiň näçe ýeri tikilmän galdy. Çalt bol-da, özüň tik indi. Ýa-da Gülälegi oýar!
— Men günäkär däl bi köýnegiň tikilmedigine.
— Sen günäkär! Sen Gülälege derman getirenem, içirenem.
— Gülälek oýanyp bilmez!
— Onda, goý, köýnegi aýalyň tiksin!
Öwez ak köýnegi Güljerene uzatdy:
—Me, muny sen tik! Ol zat muny tikmegi maňa buýurýar. Men näme, nagyş edip bilýänmi?!
Güljeren ýylan gören ýaly bolup, yza tesdi. Ellerini daldaladyp, howsala düşdi:
— Ýog-eý! Ol artyby maňa berme! Näme etseň, özüň et! Maňa berme! Men ölsemem, tikmerin ony. Senem tikme, Öwez!
— Tikjekgä biz şony! — diýip, Öwez sese jogap berdi. Hem köýnegi bir ýana taşlady. Ses Öweziň gulagyna birsyhly pyşyrdady:
— Sen ony tikýäň, Öwez! Tikýäň! Ilki Gülälegiň ters tiken ýerlerini söküşdirýäň. Soň bolsa ony emaý bilen tikip başlaýaň! Özüňem çalt işle!
— Meniň ukym tutýa! — diýip, Öwez kesirligine tutdy.
— Seniň ukyň tutanok, seniň gyzyň geýmeli ak köýnegini tikesiň gelýä! — diýip, sesem ony öz erkine goýmady. — Çalt bol!
Öwez diýen edijilik bilen ak matany eline alyp, nagyşlaryň üstünden terslin-oňlyn, tagaşyksyz geçirilen sapaklary üzüşdirip başlady.
Ses ony gyssady:
— Çalt bol! Çalt! Çalt!
Öwez haýdap oturyşyna, birden ýene bogulýan ýaly boldy. Kimdir biri ony ýene bogup başlady. Agzyndan ak köpük saçyp, bir çete ýykyldy.
— Sogan getir, sogan! — diýip, Aýjahan daýza elewräp gygyrdy. —Gülälek şeýle bolanda, Näzik goňşy sogan çalyp açypdy!
Güljeren bilen Nurjahan düwdenekleşip, sogan getirmäge ylgadylar. Onýança-da äpişgeden daňyň süýt reňki görnüp ugrady. Öýe imisalalyk aralaşdy...
-
myspaser
3 years ago
- ***
Olaryň hemmesi ukusyzlykdan ýaňa şeýle bir surnugypdylar welin, Öwezi özüne getirenlerinden, Gülälegiň-de el-aýagyny çözüp, barysy uka berildi. Hir kim sesini çykarman, ýassyk alyp, çem gelen ýerde süýnüp, uklap galdylar.
Ukyderman sebäpli, özüni bilmän, gijesi bilen ýatan Gülälek Günüň tyglary äpişgä düşenden oýandy. Öňküleri dek, daşaryk çykyp, el-ýüzüni ýuwdy. Agaç sekiden agşam Nurjahandyr Aýjahan daýza üçin ýazylan düşekleri ýygnap, içerik saldy. Içki jaýda ejesidir kakasynyň, enesiniň hem Nurjahanyň düşek-ýorgansyz uklap ýatanlaryny görse-de, olary oýarjak bolmady. Gülälek olar özi üçin ukudan galandyr öýtdi. Daşarlaryny syryp-süpürip, çaý oturtdy. Çaý demlenip, bir özi çaý içdi. Soň tikin işi bilen gümra boldy.
Ýatanlar gün ikindä aganda oýandylar. Olar daşary çykan halatlary özlerini gaty gowy duýýardylar. Misli, hiç kime hiç zat bolmadyk ýalydy. Gülälegiň tikýän biýzden köýnegini zyňanyňda-da netije çykmajagyny bilensoňlar, gyza-da hiç kim gaýdyp ol köýnegi tikmek-tikmezlik hakda zat diýmedi.
Çaý-suwuny içip, Nurjahan öýüne gaýtmakçy boldy.
— Halyňyzdan habar alaýyn diýip gelipdim. Il-günüň tapan gepi ýalan bolaýbilsedir diýipdim... Ýöne ol çyn eken. — Çagalaryň gözi ýoldadyr. Öýe baraýyn men. Öň-soň bärde oturanymda-da hiç zada haýrym ýetjek däl.
— Sen öýüňe git, gyzym — diýip, Aýjahan daýza-da gyzyna rugsat berdi. — Keseki maşgalasysyň. Eglenme.
— Ýöne... — diýip, gepine biraz dyngy berdi-de, Nurjahan gözýaşlaryny süpürdi. — Bir zat edeliň, eje.
Nurjahan şeý diýenden, hamala ol bela-beterden dynmagyň ýoluny tapan dek, hemmeler oňa tiňkesini dikdiler. Hat-da Gülälek hem tikin işinden ünsüni sowup, Nurjahan ejesinde nazarlaryny egledi.
Nurjahan dowam etdi:
— Geljek annada hemmäňiz meňkä baryň. Göreliň. Eger hemme zat gülala-güllük bolsa, onda bu öýden göçmek bilen bolarsyňyz.
— «Al-arwahdan gaçyp geldik» diýsek, adamyň-a halamaz! — Öwez uludan dem aldy. — Beýle-de bir maňlaý borma-aý! Öz öýüňden gaçyp, gün görjek bolmak... — Şeý diýip, Öwez howlusyna ahmyr bilen göz aýlady. — Men muny ne günlük bilen öý etdim! Nähili bezedim muny!... Bir tümenlik zady iýip, müň tümenligini şu öýe siňdirdig-ä...
— Wah, Öwez jan, doganjygym! Öýüň gürrüňini goýsana sen! — diýip, Nurjahan özelendi. — Başyňdan şu bela aýrylsa, köçede ýatyp-tursaňam bor, kümede ýaşasaňam bor. Şeýle ýagdaýda heý, öýüň lezzeti bilinjekmi!
— Seň diýýänleriňem dogry — diýip, Öwez baş atyp, Nurjahan bilen ylalaşdy. — Ilki baş saglygydyr-la. Ýöne adam diýeniň namart-da... Zatjagazyny-da gideresi gelenok.
— Dagy näme. Zadam aňsatlyga tapylanok — diýip, Nurjahan Öweziň gepine ugurdaş gopdy. — Zadyňam gaýgysyny etmeli. Ýöne ilki bilen baş aman bolsun! — Nurjahan biraz sözüne dyngy berdi-de, dymdy. Soň ýene dowam etdi. Gürrüňini Öweziň jogapsyz galan sowalyna gönükdirdi. —Al-arwahdan gaçýanlygymyzy aýtsak, adamymyň-da halamazlygy mümkin. Şonuň üçin dilimize bek bolaýarys. Oňa nämeden gaçýanymyzy aýdybam durmarys. Onsoňam, ol bende mydam çölde ahbeti. Entek gelmeli möhleti doluberen däldir-le onuň. Pikir edip göreýin welin, ol indiki annada-da çölde bolaýmasa. Olar käte biri-biriniň ýerine-de işläberýärler. Geläýse-de, men-ä «Anna agşamy, ölen-ýitenlerimize aýat-töwir etjek» diýerin. «Ejem dagyny özüm çagyrdym» diýerin. Sizem sesiňizi çykarman oturyberiň.
— Şeýderis-le — diýip, Aýjahan daýza gyzy bilen ylalaşyp, baş atdy. Birdenem howsala düşüp gepledi. — Ol artyp soň seniň çagalaryňa erjeşmezmikä, Nurjahan?!
Ejesiniň sözlerine Nurjahanyň ýüregi gopup gitdi.
— Waý-eý, goýsana gyz, eje! Tapýan gepiň dagy näteňet! — diýip, gorky bilen ýakasyny towlady. Çagalaryny ýatlanda diýen sözlerine puşman edýän ýaly göründi. Bolsa-da, sözüni yzyna almady. — Hudaý bardyr, başa gelenini görübiýris. Siz bir baryň ilki. Çagalaryma erjeşjek bolsa, gaýdybiýrsiňiz. Onsoňam, al-arwah siziň yzyňyza düşüp ýörmi! Ol nä bilsin, siziň nirä gideniňizi. Ir bilen ýa-da bir gün öňünden baryň. Onuň diňe siziň howlyňyzyň içinde bolmagy mümkin. Şondan erjeşýändir ol size-de.
— Ol biziň adymyzy tutup dur-a — diýip, Öwez gözlerini tegeledi. —Ondan herki zat çykar.
Nurjahan ýoluna şaýlandy:
— Görübiýris näme çyksa. Indi başa gelenini çekmekden başga çäre ýok.
Nurjahan çykyp gitdi. Maşgala öz aladasy bilen galdy.
— Saňa-da molla ýa-da doktor çagyryp göräeli, oglum? — diýip, Aýjahan daýza Öweze sala saldy.
Öwez ellerini daldalatdy:
— Gerek däl. Gülälege-de olaryň hiç birem haýyr etmedi. Ilki Nurjahanlara gidip göreli. Soňky zatlaram soň pikirlenişeris.
Küýselmeýän günler çalt gelýär. Soňky annanyň-da nädip ýetip gelenini duýman galdylar. Aýjahan daýzanyň maşgalasy irgözinden gapyny gulplap, goňşy obada ýaşaýan Nurjahanyňka ugrady. Nirä gidýänlerini hiç kime aýtmadylar.
Nurjahan ile gürrüň ýaýramaz ýaly, ejesi dagynyň başyna düşen ahwalaty hiç kime aýtmady. Adamsy-da, hamala, Nurjahan dagynyň hiç kime duýdurmak islemeýän wakasynyň gizlin saklanmagyna hemaýat bolsun diýýän ýaly, gaýynlary gelen günem çölden dolanyp ýetişmedi. Başga wagt mydama gözi adamsynyň ýolunda bolsa-da, Nurjahan ejesi dagy gelen çagy ýan ýoldaşynyň öýde däldigine begendi. Gep adamsyna ýetse, soň gaýyn ugrunyň ählisine-de ýetjekdi. Şeýdibem, Nurjahanyň islemeýän gürrüňi ile ýaýrajakdy.
Nurjahan myhmanlaryna nahar-çaý berdi. Iýip-içselerem iýip-içýärdiler welin, galpyldylary-da ýetikdi. Her kim töweregine gorkuly nazar aýlap, gapdallaryndan kimdir biri «wäh!» diýip çykaýjak ýaly, biynjalyk bolup otyrdy. Keýplere sogan dogralypdy. Gep-gürrüň ugruganokdy. Wagtam bir görseň, geçmeýän ýalydy, birdenem çalt geçýän ýalydy. Birden-ä näme bolsa, basymrak bolup dynaryna garaşýardylar, birdenem, agşamyň ýetip gelýäninden çekinýärdiler. Gün öýlä sananda olaryň galpyldysy has-da artyp, ýürekleri böküp ugrady.
Yssydan hem garaşmadan ýadan Öwez sagat bäşler töwereginde ýanbaşlap oturan ýassygyna gyşardy. Irkilmäge çemlendi. Şol wagtam onuň gulagyna:
— Öwez! — diýen pyşyrdy geldi.
Öwez sese ziňkildäp gitdi-de, ukudan aýňaldy. Ejesidir aýaly adyny tutandyr öýdüp, olaryň ýüzüne gözlerini elek-çelek edip seretdi.
— Biriňiz meniň adymy tutduňyzm-aý? — diýip, sorady.
Öweziň bu sowalyna Aýjahan daýzanyň-da, Gülälegiň-de ýüzi ak tam bolup gitdi.
— Ýok-da-ýok — bolşup, olar-da howsala düşdüler.
Nurjahan ýakasyna elini ýetirdi:
— Tob-a! Ýene gulagyňa ses eşidilýärmi, Öwez?!
Öwez belli jogap bermedi.
— Eşidilen ýaly boldy — diýip, mydyrdady. Öz diýýän sözüne özüniň ynamy bolmasa-da, Aýjahan daýza ogluny köşeşdirmek üçin oňa göwünlik berdi:
— Göwnüňedir, oglum. Özüňem irkiläý biraz. Oturyp ýadadyň sen.
Öwez kellesini ýassyga goýup, ýene irkiljek boldy. Bolmady. Gulagyna tanyş ses geldi:
— Öwez!
— Hä! — diýdi-de, Öwez sese ýatan ýerinden jogap berdi. Galasy gelenokdy. Ukusy tutup, gözleri süzülip barýardy. Şeýle hem sese tolgunyp, ýüregi dürküldäp, agzyndan çykaýjak bolýardy.
— Waý, bi ýene gepleýä! — diýp, Güljeren Öweze seredip, aglamjyrady. — Munuň gulagyna ýene ses eşidilýä, doganlar! Men näme edeýin indi, doganlar!
— Öwez! Sen bu ýerde näme işleýäň?! — diýip, ses Öweze gygyrdy. —Sen näme üçin maňa öýüňde garaşmadyň?!
— Senden gaçyp gaýtdym! — diýip, Öwez sese dogrusyny aýtdy.
Ses güldi:
— He-he-he-he...
Onuň gülküsi ýene Öweze tanyş göründi. Ýöne ol bu gülkiniň kimiňkidigini hiç hakydasyna getirip bilmedi. Öwez ol gülkini juda kän gezekler eşidip görüpdi.
— Özüňden gaçyp gutulyp bilermiň, Öwez! — diýip, ses gülüp bolansoň, ýene Öweze gep goşdy.
— Özümden nädip gaçyp gutulaýyn men?! — Ukusy tutup, jany ýanyp duransoň, Öwez gaharlandy.
— Özüňden gaçyp gutulyp bilmeýşiň ýaly, sen meden hiç wagt gutulyp bilmersiň — diýip, ses Öweze düşündirdi. — Şonuň üçin meden gaçjak bolup ýörme sen. Men mydama seniň yzyňdadyryn. Indem öýüňe bar, Öwez! Öýüňde hasaplaşaly. Kesekiniň ojagynda göz-gülban bolup ýörme!
— Hasaplaşaly?! diýip, Öwez geň galyp sorady. —O nämäniň hasaby? Meniň hiç kim bilen algy-bergim ýokdy.
—Seniň algyň ýok. Ýöne uly bergiň bar — diýip, ses agras gepledi. —Sen ol bergiňi unutdyň, Öwez! Bütinleý unutdyň!
— Meniň hiç kime hiç hili bergim ýok — diýip, Öwez öz diýenine tutdy. Hem pikir edip, kime näme bergisiniň baryny ýadyna saljak boldy.
— Maňa bergiň bar! — Ses barha agraslandy. Onda gahar alamatlary mese-mälim duýuldy. Öwez töweregine garanjaklady:
— Sen kim?
— Ony basym bilersiň. Gyzyň Gülälek toý köýnegini tikip bolan pursady sen meni görersiň. Ol pursata menem howlugýan, Öwez! Gülälege aýt, köýnegi basym nagyşlap bolsun!
— Ol toý köýnegi däl! Ol kepen! — diýip, Öwez gaharlandy. — Sen näme üçin meniň gyzymy beýle erbet zady tikmäge mejbur edýäň?!
Ses howsala gaplandy:
— Ol erbet zat däl, Öwez! Ol zat seniň gyzyň daşyny dolar. Ol seniň gyzyň üçin toý köýnegi, Öwez. Özüňem, bol, Gülälegi al-da, öýüňe bar. Gülälek basym köýnegini tikip bolmaly.
— Gitmen! Gitmen! Şu ýerde öldüräý sen meni! — diýip, Öwez gygyrdy. Ses irginsiz gaýtalanyp, Öweziň ýüregini pişik dyrnaçaklaýana dönderdi:
— Öwez! Ýola düş, Öwez! Öwez! Öwez! Gyzyňy al-da ýola düş! Öwez...
Öwez sesiň iňňildisine çydaman, Gülälegiň golundan çekdi:
— Tur, öýe gaýtmaly, gyzym! Sen köýnegiňi tikmeli!
Ses Gülälegiň-de gulagyna gygyrdy:
— Güläle-ek! Öýüňe bar-da, köýnegiňi tik!
— Bolýa! — diýip, Gülälek sese diýenedijilik bilen jogap berdi-de, kakasynyň yzyna düşdi.
Öwez hiç kime hiç zat diýmän, hiç kimiň gepine üns bermän, gyz bilen ýola çykyp gitdi.
— Işimiz gaýtdy! Ol artyb-a bizden galmandyr — diýdi-de, Aýjahan daýza-da ýerinden galdy. — Bizem öýe aşaly, Güljeren. Ýogsa ol jyn eýelänler öýde nädip gün görerler!
Güljeren hem aglamjyrap, gaýynenesiniň yzyna düşdi.
— Sen otur-da, çagalaryňa seret, biz günümizi göreris — diýip, Aýjahan daýza gyzy Nurjahana tabşyrdy. — Biz indi bu güne werdiş bolduk.
Adamsy-da öýde bolmansoň, Nurjahan ejesi dagy bilen gidip bilmedi. Olaryň halyna gynanyp, aglap galdy.
Öwez bilen Gülälek ýolda göz-gülban bolup barýardylar. Olar şeýle bir ylgaýardylar welin, hut öňatla goýberilen ýalydylar.
Aýjahan daýza bilen Güljeren ýola çykanda olar eýýäm köçäniň aňry başyna ýetipdiler. Hemmeler uly ýoluň ortarasyndan gözlerine urlan ýaly, elem-tas bolup, ylgap barýan Öwez bilen Gülälege geň galyp seredýärdiler.
— Bol! Bol! Çalt ylga! Çalt! — diýip, ses Öwezdir Gülälegiň gulagyna gezekli-gezegine gygyryp, olaryň bir salym-da batlaryny gowşatmagyna maý berenokdy. Paý-pyýadaja ylgadyp barýardy. Gygyryp, janlaryny alaýjak bolýardy.
Güljeren bilen Aýjahan daýza Öwez dagynyň yzyna eýerip bilmän, bialaç halda öz maýdallaryna ýöremäge mejbur boldular.
Gülälek bilen Öwez hernäçe daljyksalar-da, kimdir biri gop berýän dek, ylgawlaryny ýazdyrman, obalaryna ýetdiler. Öýlerine gelip, zordan gapyny açyp ýetişdiler. Ylgamadan dilleri sallanyp gidipdi. Agyzlaryndan ak köpük saçyşyp, mejalsyz halda günüň howruna gyzyp duran daş gapyda ýykyldylar. Özlerini ýitirip, tä Güljeren bilen Aýjahan daýza gelýänçä ýatdylar.
Güljeren bilen Aýjahan daýza indi ah-wahlaşyp ýörmeden netije ýoguna düşündiler. Gelenlerinden Gülälek bilen Öweziň ýüzüni sowuk suwa ýuwdular. Kellesinden bir kürüşge sowuk suw guýlansoň, Öwez özüne gelip, gözüni açdy.
— Seni götermäge güýjümiz ýetjek däl. Özüň gaýrat et-de, içerik girjek bol — diýip, Güljeren adamsyna ýüzlendi. — Gyzgyn daşyň üstünde ýatyrsyň.
— Men nirede? — diýip, Öwez gözlerini petredip ýatyşyna aňsyz halda dillendi.
— Sen öýde, oglum. Öýe geldiň sen — diýip, Aýjahan daýza aglamjyrap, oglunyň saçlaryny sypalady. — Öýe girmäge ýagdaýyň barmy, balam?! Hudaýym, seň başyňa düşen bu belany ýer ýuwutsyn! Ýedi gat ýeriň teýine gitsedi şol!
Ylgap goňşy obadan gelmek Öweziň eňkini alypdy. Onuň diňe gözleri açylyp-ýumulýardy. Gymyldamaga mejaly ýokdy. Oglunyň ýagdaýyna gynanyp, Aýjahan daýzanyň ýüregi dilim-dilim bolýardy. Ol içindenem birsyhly göze görünmeýän bela gargynýardy: «Gelen ýeriňe gabyr bol! Biziň öýümizden gümüňi çek!» diýip, sesini çykarman, dodaklaryny müňküldedibem oňa sögünýärdi.
Güljeren Öweziň gapdaljagyna haly getirip ýazdy.
— Muny şunuň üstüne togalaly-da, düşek bilen bile kölegä süýräli —diýip, ol gaýynenesine ýüzlendi. — Günde ýatsa, erbet bolar soň. Gülälege bolsa güýjümiz ýeter.
Iki bolup, Öwezi halynyň üstüne togaladyr. Soň ony öýüň düýbüne çenli süýrediler. Gülälegi iki bolup göterip, öýe saldylar. Gülälek hem ýadawlykdan misli serhoş ýalydy. Ol içeri eltilenden uka berildi.
Öwez-de uklady. Aýjahan daýza daşaryk çykyp, ogly rahat uklar ýaly, oňa gonmaga çemlenýän siňekleri kowdy. Güljeren bolsa, her zadam bolsa garbanmagyň gerekligi üçin biş-düşüň ugruna çykdy.
Gün batyp, garaňky mazaly düşensoň, Gülälek-de, Öwez-de oýandy. Olar turup, el-ýüzlerini ýuwdular. Arkaýyn çaý-suw içdiler. Ses ýitipdi. Muny hemmesi-de duýýardy. Ýöne agzasalar, ol ýene peýda bolaýjak ýaly, hiç kim ol hakda gep gozgamak islänokdy. Gulagyna ses häzir gygyrmasa-da, onuň öň-soň peýda boljagyny Gülälegiň ýüregi syzýardy. Şonuň üçin ol ölmez-ödi garbanansoň, içerik girip, tikýän matasyny eline aldy. Öýdäkiler ondan hiç zat soramadylar. Gyz ýene sesiň buýrugy bilendir öýtdüler.
Gülälek ters sünjen sapaklaryny aýyrdy. Nagyşlary tertipledi. Soň ýene öňküsi ýaly, işini tikmegi dowam etdi.
— Bu sapar ederiňi bildiň sen! — diýip, ses Gülälege pyşyrdady. —Sen mydama şeýle bolmaly. Her gezek aýtdyryp durmaly däl-ä.
— Sen gitmediňmi? — diýip, Gülälek gaty ýakynjagyndan eşidilýän ses bilen gepleşmäge döwtalap boldy. — Men sen gidensiň öýtdüm.
— Seni äkidýänçäm gitmen — diýip, ses salykatly gepledi.
Gülälek onuň bu habaryna geň galdy.
— Sen meni äkitmäge gelýäňmi? Nirä äkitjek?
— Ony soň bilersiň!
Gülälegiň özi bilen gepleşýäni göresi geldi.
— Sen kim? Görnäý-dä maňa! — diýip, ýalbaryp gepledi.
— Gaty göresiň gelýämi?
— Hawa.
— Onda çyrany öçür!
Gülälek özi bilen gepleşýäni görüp boljak pursatyň golaý gelenine tolgundy. Ýüregi gürsüldäp urdy. Hem begendi, hem gorkdy.
— Nämä tolgunýaň? — diýip, ses ondan sorady.
— Çyra görnäý-dä! Men gorkýan.
— Nämeden gorkýaň?
— Sypatyň gaty gorkunçmy seniň?
— Görersiň häzir.
— Gorkunç bolsaň, men gorkaryn-da.
— Gorkjak bolsaň, görünmäýinem.
Gülälek her zadam bolsa, özüniň kim bilen gepleşýänini görmek isleýärdi.
— Ýok, görün, görün — diýip, ol sese ýalbardy. — Her zadam bolsa, meniň seni göresim gelýä! Ýöne ejemi çagyraýaýyn?!
— Çagyrasyň gelse, çagyr! — diýip, ses gyzyň raýyny ýykmady. — Ýöne ejeň meni görüp bilmez. Sebäbi men diňe görünmeli adamlaryma görnüp bilýän. Onsoňam, meni göreniňi soň ejeňden başga kişä aýdaýma.
— Sen meni bogmarsyň gerek?
— Bogjak bolsam, şu wagtam bogup bilýän-ä.
Onda men ejemi-de çagyrmaýyn — diýip, Gülälek ekezlendi. — Seni ikiçäklikde göreýin.
— Çyrany öçüren pursadyň sen meni arkaýyn synlap bilersiň — diýip, ses Gülälege ýagdaýyny aýtdy.
Gülälek ýerinden turup, çyrany öçürdi. Içerini garaňkylyk gaplady. Gaty tümlügem däldi. Daşardaky çyralaryň ýagtysy äpişgeden içerä birneme ýagtylyk çaýýardy. Içerini arkaýyn synlap boljakdy. Gülälek özüniň gürleşýän zadyny görmek üçin ýüregini eline alyp, töweregine ýaltaklady. Ýöne onuň gözleri hiç kimi görmedi.
— Men seni göremog-a! — diýip, gyz sese ýüzlendi.
— Bu jaýa daşardan ýagty gelýä. Ýa-ha daşardaky çyralary-da öçürip gel. Ýogsa-da, iň törki, garaňky jaýa geç! — diýip, ses oňa jogap berdi.
Gülälek bosagalardan emaý bilen ätläp, iň içki jaýa bardy. Gapyny açyp, içerik tiňkesini dikdi. Törde uzyn boýly erkek kişi ellerini döşüniň üstünde gowşuryp, başyny aşak egip durdy. Gülälek bosagada peýda bolandan ol başyny galdyrdy. Ony gören çagy Gülälek tisginip gitdi. Ol on sekiz ýaşlar töweregindäki juwan ýigitdi. Özem diýseň owadandy. Syratlydy. Gözleri welin Gülälege gahar bilen bakýardy. Gözlerde ar hem gussa bary mese-mälim duýulýardy.
Heniz erkek kişi bilen ýüzbe-ýüz durup görmedik gyz çekinjeňlige özüni aldyrdy.
— Sen nähili görmegeý ýigit ekeniň! — diýip, Gülälek misli gabadynda özüne söz aýtjak ýigit duran ýaly, tolgunyp, galpyldady. Hat-da ýüreginde ýigide bolan söýgi ataşy köredi. — Meni welin köseýäň.
— Senem ilki meni kösediň-ä! — diýip, ýigit ýene Gülälegi haýran galdyryp gepledi. — Indi ar alyş pursady geldi.
— Ar alyş? O nämäniň ary? Men seni birinji gezek görýän. Men seni hiç wagt kösämok.
— Seniň elleriň maňa jebir eden eller, seniň ýüregiň maňa jebir eden ýürek. Bütin synaň meniň bagtymy ýatyran syna seniň. Seniň diňe hakydaň başga.
— Men saňa düşünemok — diýip, Gülälek pyşyrdady.
— Wagty gelende düşünersiň.
— Ýa maňa öýlenme niýetiň barmy? — diýip, Gülälek çekinip sorady. —Sen nirä äkitseňem, men razy. Seniň kimin görmegeý ýigit biziň obamyzda ýogam.
— Men saňa öýlenmen! — Ýigit gaharly jogap berdi. — Saňa Öwez öýlener!
— Öwez? Kim Öwez?
— Hol, daşarda oturan!
Bu habara Gülälegiň zähresi ýaryldy:
— Ol meniň kakam ahyry!
— Bolanda näme! — diýip, ýigit sowukganly jogap gaýtardy.
Gülälek üçin ýer hopan ýaly boldy. Ol aglamjyrap, dyza çökdi. Emedekläp, ýigidiň ýanyna ugrady. Oňa aýaklaryndan gujaklap, ýalbarmak isledi. Ýöne emedekläp, öýüň içinde ters aýlansa-da, ýigidiň duran ýerini sermense-de, elleri adam süňňüne ilmedi. Öýüň içi diňe boşluk bolup durdy.
— Eý, hudaý jan! — diýip, gyz aglamjyrap, aýlanyp ýörşüne ýene ýigide gep goşdy. — Sen näme, meniň gözüme görünýän sudurmy?! Ýa howadan ýasalanmy sen? Men saňa elimi degrip bilmän geçdim-le. Özüňem diýýän sözleriňi yzyna al! Il-gün näme diýer! Kakamy beýdip masgaralama!
— Men oňa hiç zat edemok — diýip, ses Gülälege jogap berdi. — Ol diňe öz päline sataşar!
— Sen kim? Aýdaý-da. Kakamyň näme üýtgeşik päli bar, beýdip, il-güne masgara bolar ýaly! — diýip, gyz özelenip-özelenip ýigide ýalbardy.
Ýigit şol bir gahary bilen gepledi:
— Wagty gelende bilersiň.
Gülälek gözýaşlaryny süpürdi:
— Sen şeýle owadan ýigit. Men eýýäm seni gowy gördüm. Gitmesene indi meniň gözümiň alnyndan. Özüňem her gün gelip, meniň gaşymda otur. Men saňa bakyp, ömrümi ötüreýin!
— Ýok, men duşmanym üçin hiç hili gowulyk edip bilmerin! — diýip, ýigit Gülälegi hiç hili sylaman gepledi. — Men seniň ýanyňa diňe ar almaga gelýän. Basymrak köýnegiňi tikip bol. Ar güni ýetip gelýär!
Gülälek gözüne görünýän keşbi şeýle bir gowy gördi welin, onuň öz gözlerinden ýeke salym-da ýiterini islemedi.
— Bolýa, men köýnegi tikeýin! — diýip, onuň gepine jogap berdi. Ýene ýalbardy. — Ýöne sen meniň göz öňümden gitmesene!
— Bolmaz! Sen köýnegi tik! — diýdi-de, ýigit Gülälegiň göz öňünden ýitdi.
— Sen rehimsiz, görmegeýem bolsaň, rehimsiz ekeniň! — diýip, Gülälek aglap, maňlaýyny pola berdi. — Gitme-dä!
— Rehimsizligi senden öwrendim! Sen mende rehim goýduňmy? — diýip, Gülälegiň gulagyna öňki ses pyşyrdady. — Çalt bol-da, işiňi tik.
Gülälek ýeňseden «düňk-düňk» edip, pola batly basýan aýak sesini eşitdi. Birdenem çyra ýakyldy.
— Gülälek! Näme bu ýerde maňlaýyňy pola berip, aglap otyrsyň? —diýip, ejesi Gülälegi ellerinden tutup, ýerinden galdyrdy. — Näme bolýa saňa, gyzym?
Gülälek agysyny goýup, pyşyrdap gepledi:
— Eje, men ony gördüm.
— Kimi?
— Meniň bilen gepleşýäni!
— Arwahymy?! — Güljeren gözlerini tegeläp, öýüň içine nazar saldy. —Hih!
— Ol arwah däl, eje, adam!
Güljeren gorkuly pyşyrdady:
— Arwah göze görnende adamyň sypatynda görünýämiş. Oňa özüňi aldadaýma!
— Ol şeýle owadan ýigit eken, eje! — diýip, Gülälek gören zadyny ejesine gürrüň berdi. — Dogrusyny aýtsam, men oňa aşyk boldum!
— Toba et! Ol seni yzyna tirkäp alyp gitmek üçin owadan ýigide öwrülip gelendir — diýip, Güljeren gorky bilen gepledi. — Razy bolanyňy bildigem, äkider. Özüňem muny berk belle. Hergiz onuň yzyna düşüp gidiji bolaýmagyn.
— Ol meni ýigrenýä, eje! — Gülälek gussa batyp, uludan dem aldy.
— Al-arwahdyr jyn-şeýtanlaryň hiç birem adama gowulyk etmez! —diýip, Güljeren gyzyna birsyhly pent berdi. — Sen ondan gaçarak duraweri, gyzym. — Şeý diýensoň, Güljeren göze görünmän gelýän zada gargyndy. — Sataşman geçen, nireden sataşdy şol artyp saňa! Gabyr bolup gidäýsedi.
Gülälek gorkuly pyşyrdady:
— Eje, ol maňa şeýle bir aýylganç zatlary diýýä. Dilime almaga gorýakn. Özüňem meniň ony görenimi enem bilen kakama aýdaýma. Ol maňa senden başga aýtmazlygy tabşyrdy.
Güljeren gahar bilen elini silkip goýberdi. Gyzynyň gepini diňlemegem islemedi:
— Ah, goýsana şol artybyň gürrüňini! Bizar boldum men şondan! Arwahdyr-da! Ondan ibaly gep çykarmy! Elinden näme gelse etsin şol. Göreli hany!
Ejesiniň sözleri Gülälegem birneme köşeşdirdi.
****
Gülälek tikmeli işini güýzüň ortaky aýynyň aýaklarynda tikip boldy. Ýyly howany kowalap, günsaýyn güýjeýän çigrek gijeler iniňi tikenekledýärdi. Öýleden soň dünýäni lerzana aldyryp gopan harasat akrapdan habar berýärdi. Güýçli ýel dal-daragatlary damary bilen goparaýjak bolýardy. Agaçlar başlaryny iki ýana yrap, misli, betbagtlaryň halyna gynanyp aglaýan ýaly, «şu-uuw-şu-uuw» edip, seslenýärdiler.
Garaňky gatlyşyberende güýçli şemal sebäpli, biri-biri bilen çaknyşyp, hallan atýan elektrik simleri üzülip, çyra-da söndi. Aýjahan daýza ençe wagt bäri ellenmän, ýygnalyp goýlan pelteli çyrany gözläp tapdy. Onuň iç-daşyny matajyk bilen süpürip, arassalady. Soň ýakyp, aýna gabat duran stoluň üstünde goýdy.
Irgözinden anna agşamy üçin tüwi bişirilipdi. Aýnabat daýzadyr Näzik daýza daga-da dadyrdylar. Özlerem iýip, öten-geçen kowum-garyndaşlary, tanyş-bilişleri ýatlap, töwir galdyrdylar.
Harasat güýjemese, peselerli däldi. Üstesine, ýagyş-da başlady. «Pat-pat» edip, ýagyş damjalary birsyhly jaýyň depesindäki şiferlere urlup, ses edýärdi. Damjalar käte äpişgelere-de kakyp goýberýärdi. Şol halat Öwez üçin kimdir biri ownujak daşlar oklaýan ýaly duýulýardy. Ol, ýüregi bir zat syzýan dek, zol gözlerini tegeläp, äpişgä seredip goýberýärdi. Howpurgap oturyşyna naharyny niresine iýenini bilmedi.
El barha güýçlenip, misli, jaýy goparaýjaga meňzeýärdi. Ýaňy ortadan saçak ýygnalan halaty ýeliň badyna äpişgeler şarkyldap açyldy-da, öýüň içi şemaldan doldy. Tutular hallan atdylar.
— Haý, turaweriň! Јpişgeleri ýapyň! Gowy ýapmanmydyňyz bi artyplary! —diýip, Aýjahan daýza janyýangynly gygyrdy.
Her kim turup, bir äpişgäni ýapmaga ylgady. Onýança-da üsti çyraly stoluň duran ýerindäki äpişgäniň tutusy, galgap, çyrany düşegiň üstüne togalap goýberdi. Çyranyň çüýşesi kül bolup, ýagy halynyň üstüne döküldi. Ýag dökülen düşek güpläp, ýanyp başlady. Oduň bir ujy tuta-da degdi.
— Waý! Öý ýanýa! — diýip, bu otagda ýeke galan Gülälek gygyrdy. Öwez ylgap gelip, oduň üstüne başga halyny atdy. Ýanyp duran tutyny üzüp, ýere basdy. Şeýdip, ody öçürdi. Aýjahan daýza ot öçensoňam, bir kürüşge suw getirip, düşegiň ýanan ýerlerine sepişdirdi.
— Artyp galmyş, nähili bolaýdy bi gije! — diýip, Aýjahan daýza ýene hüňürdäp, özbaşyna sögündi. — Öwez, äpişgeleriň ilgençegini bir beketdiňmi?
— Hawa, eje, beketdim. — Öwez tukat gepledi. — Olar öňem bekdi. Nädip açylanyna haýran men!
— Beýle harasady dogup-dörälim bäri görmändim. — Aýjahan daýza garaňkyda sermenip, ot düşen halyny döwlen çyra çüýşesi bilen düýrledi. — Al, oglum, Öwez, bi düşegi şu durşuna daşaryk äkit. Eýwanda goýaý. Gündizlikde arassalaýmasak, bu wagt eýgertmez bi bize. Çyra çüýşe-de kül boldy. Başgasyny getir. Ýene ýakjak bolup göreliň çyrany.
Öwez ejesiniň düýrlän halysyny daşaryk äkidip geldi. Ýüpe daňlyp, dalandaky çüýden hatar-hatar edilip, asylyp goýlan çyra çüýşelerden birini sermenip aldy-da, ejesine getirip berdi. Otluçöp ýakyp, Aýjahan daýza onuň ýoluny ýagtyltdy. Iki bolup, ýene çyrany ýakdylar. Pelteli çyranyň ölügsi yşygy ýene içerä ýagtylyk çaýdy.
— Pol boş durmasyn. Içki jaýdaky halylaryň birini getirip ýaz bu ýere — diýip, Aýjahan daýza gelni Güljerene tabşyrdy. Oňa otluçöp berdi. — Aňyrky jaý garaňkydyr. Gözüň görmese, otluçöp çakaý.
Güljeren gaýynenesinden alan otluçöpüniň bir dänesini çyzyp, ýoluny ýagtyltdy-da, içki jaýda hatar-hatar edilip, düýrlenip goýlan düşekleriň birini getirip ýazdy.
— Indi bolsa, ýerli-erimize geçeliň-de, ýatalyň. Garaňkyda hem harasatda başga iş edip boljakmy — diýip, Aýjahan daýza öýdäkilere birsyhly tabşyrdy. — Düşekleriňizi ýazyň.
Hemmeler ýatmak üçin ýer ýazyndylar. Güljeren gaýynenesiniň düşeginem ýazyp berdi. Şondan soň çyrany öçürip, her kim ýerli-erine geçip, başyny ýassyga goýdy.
Ýaňy uka meýil edenden Gülälegiň gulagyna tanyş ses eşidildi:
— Gülälek!
Gülälek gop berlen dek bolup, ýerinden diklendi:
— Hä.
— Seniň bu gije işiň köp. Sen ýatma-a!
— Bolýa — diýip, Gülälek ses bilen ylalaşdy. — Näme edeýin men?
— Köýnegiňi tik!
— Men ony nagyşlap boldum. Ýeň-ýanyny ýelmäýmeli.
— Ýeň-ýan gerek däl — diýip, ses buýruk berdi. — Ony tik-de, geýer ýaly et.
Gülälek ýerinden turdy. Çyra goýlan ýere baryp, sermenip, äpişgäniň öňünden otluçöp tapdy-da, çyrany ýakdy. Yşyga ýakyn oturyp, nagşyny bolan biýz matasyny tikmäge oturdy.
— Sen ýene başladyňmy? — diýip, Aýjahan daýza samrap, tikine güýmenýän agtygyna ýatan ýerinden gep goşdy. — Beýle harasatda-da bir iş bormy diýsene.
— Harasatda gowy işler bolýandyr, ol aýala aýt şuny! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy.
Gülälek sesiň öwredenlerini enesine ýetirdi:
— Harasatda gowy işler bolýandyr.
Her anna bolýan samramalara hem Gülälegiň iş tikmesine öwrenen Aýjahan daýza bu sapar agtygynyň gaňryşyna gaýdyp durmady:
— Bolýan bolsa, tikiber onda, balam. Men-ä ýatjak. Işiňi bolaňsoň, çyrany öçür!
— Bolýa — diýip, Gülälek enesine jogap berdi-de, iňňe-sapagyny eline aldy. Sesiň buýruk bermegi bilen biýz köýnegiň iki gapdalyny tikdi.
— Indi ony baş ujuňda epläp goý-da, arkaýyn ýatyber sen. Gepleşjek bolamda oýararyn — diýip, ses Gülälege ýatmaga rugsat berdi.
Gülälek çyrany öçürdi-de, ýerine geçdi.
Harasadyň zenzelesine Öwez kän wagtlap ýatyp bilmedi. Bu harasatly gije onuň ýadyndan çykaran zadyny ýatlatmak isleýän ýaly, goh-galmagalyny barha köpeldýärdi. Öwez welin hiç zada üns bermän, irkilmäge synanyşýardy. Iki tarapa agynap, togalana-togalana ol ahyry uka meýil etdi. Şol pursat onuň gulagyna düňküldi eşidildi. Öwez howsala gaplanyp, diňşirgendi. Soň bolsa: «Ejem ýa-da Gülälek daş çykýan bolaýmasyn» diýip, içini gepletdi. Düňküldi iç girip, daş çykýan adamyň aýak sesi däldi. Öýde hut garagol çaga ylgaýan ýalydy. Ýöne aýak sesiniň pola berýän sarsgyny ylgaýanyň çaga däl-de, uly adamdygy hakda pikir öwürmäge mejbur edýärdi. Öwez garaňkynyň içinde gözlerini töweregine gorky bilen aýlady. Ýüregi jigläp-jigläp gitdi. Şeýle-de bolsa, näme bolsa, şol bolsuna salyp, düňküldä üns bermezlige synanyşdy. Düňküldi sesini eşidýänini-eşitmeýänini aýalyndan-da soraýjak boldy. Birdenem, bu pikirini goýbolsun etdi. Aýalynyň-da ýüregine howsala salyp, öýde ýene başagaýlygyň döränini islemedi. Gözlerini süzüp, uka berildi. Onýança gulagyna tanyş gülki sesi-de geldi. Gülki batly-batly çykdy. Soňra:
— Öwez! — diýip, şol bir tanyş ses pyşyrdady. — Öwez!
Öwez her annada özlerini yzarlaýan sesiň ýene gelenini aňyp, gaharly hüňňürdedi:
— Güm bol, adymy tutma! Men ýatjak!
Gülki sesi batlandy:
— Hah-hah-ha! Ýatjak? Sen bu gün ýatmaly däl-ä, Öwez!
— Öwez! Sen ýene samraýaňmy? — diýip, Güljeren ýerinden syçrap turdy. — Ol artyp ýene geldimi, Öwez?
— Ýatybersen-aý sen, Güljeren — diýip, Öwez aýalyny köşeşdirdi. —Indi biz munuň bilen öwrenişerçe bolduk ahbeti. Meniň samramalarym ukyňa päsgel berer öýtseň, bar, Gülälegiň ýa-da ejemiň ýanyna git-de, ýataý. Men muny daňa çenli özüm güýmärin. Soň bolsa ol gümüni çeker gider.
— Şeýdäeýin-le, dogry aýdýaň sen — diýdi-de, Güljeren düşek-ýorganyny düýrledi. Olary goltugyna alyp, Gülälegiň ýatýan jaýyna geçdi.
Gülälek eýýäm uklapdy. Onuň asuda dem alşy eşidilip durdy. «Gyzyma degmese bolýa. Şu çagamdan bir aýrylsyn şol bela. Öwez gününi görer» diýip, Güljeren içini gepletdi. Düşegini gyzynyň gapdaljagyndan ýazdy. Onuň towlanyp ýatan saçlaryny, maňlaýyna gowşuran ellerini emaý bilen sypady. Gyzynyň düşen gününe nebsi agyryp, aglasy geldi. Misli, gyzyny iň soňky sapar synlaýan ýaly, ondan gözüni aýryp bilmän, esli oturdy. Gyzyna hiç wagt şeýle mähri gitmändi. «Wah, Öweziň ýanynda nä körüm bardy. Her gije balamy bagryma basyp ýatsam bolmaýamy?!» diýip, içini gepletdi. Ýene gyzynyň saçlaryny sypaşdyrdy.
Güljeren gyzyny hernäçe gowy görse-de, ukusyzlyga tap getirip bilmän, ahyry başyny ýassyga goýdy. Harasadyň güýjeýänligine seretmezden, derrewem uka gitdi.
Öwez bolsa bu wagt ses bilen başagaýdy. Ses birsyhly gülýärdi. Onuň gülküsi Öweziň gaharyny getirdi.
— Hah-hah-ha! Öýlenjek ýigidem bir ýatarmy, Öwez! Bu gün seniň toýuň ahbeti! Ýatma-how sen!
— Harasatda-da bir toý bolarmy! — diýip, Öwez hüňürdedi. — Onsoňam, men öýlenip näme edeýin, meniň aýalym bar.
— Toýuň gowusy harasatda bolýandyr! — Ses bu sapar ahmyrly çykdy. —Aýalyň bolanda näme! Sen ýene öýlenmeli.
Öwez ses bilen dawa tutmagyň bihaýyrlygyna indi göz ýetiripdi. Şonuň üçin ol onuň gaňryşyna gaýtman geplemäge synanyşdy:
— Öýlenmeli bolsa, öýlener ýörerin. Bu ýerde seň näme dahylyň bar! Sen öz ýoluňa gidiber.
— Sen mensiz öýlenip bilmersiň. Şonuň üçin men saňa kömek etmäge geldim.
— Öýlenip bilmesem, öýlenjegem däl. Kömek etjek bolup, azara galma. Seniň kömegiň derkar däl maňa. — Öwez şeý diýip, elini silkip goýberdi.
— Sen şu gün hökman öýlenäýmeli! Öwe-z! — Ses öz diýýänlerini barha nygtady. — Hökman. Ýadyňa düşýämi? Senem bir wagt maňa kömek edipdiň. Seniň şol kömegiňi gaýtarmaly gün şu gün!
Bu wagt Öweziň pikiri başga zatdady. Daşardaky harasadyň turuzýan oýny onuň ýüregine gorky salýardy. Göwnüne bolmasa, bu gije ahyrzaman gopaga-da, ýer çöwrüläýjek ýalydy. Sesiň kelle agyrdyp gitmesi bilen ol indi öwrenişiberipdi. Ol häzirem öňki anna agşamlarynda bolşy ýaly, ses daňdana çenli beýnisini gazar-gazar-da, ýok bolup gider öýdýärdi. Şonuň üçinem oňa gepiň gerdişine görä jogap beren bolup ýatyrdy.
— Men seni tanamogam, saňa kömegem edemok — diýip, Öwez birhaýukdan soň sese biparh jogap berdi.
Ses gamgyn çykdy:
— Sen meni tanaýaň. Ýöne unutdyň... Birçak unutdyň. Haramzada sen, Öwez!
— Mümkin — diýip, Öwez sesi öz ugruna kowup, ýaltalyk bilen gepledi.
Ses gamgyn hörpüni saklap, dowam etdi:
— Iň bärkisi, anna agşamlarynda tagam iýeňsoň edýän töwirleriňde-de bir ýatlamadyň meni!
Sese Öweziň kejebesi darygdy. Ol ýumrugy bilen pola gütledip goýberdi:
— Tanamasam, nireden ýatlaýyn-ow men seni! Tanamasam, nireden ýatlaýyn! Kim sen, kim? Beýle gaýratly bolsaň, tanyt-da-how özüňi! Görün-dä gözüme!
— Men seniň gözüňe görnüp durun. Özüň göresiň gelenok.
Bu sözleri eşidende Öweziň ýüregi gopup gitdi. Üstünden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Howsala hem gorky bilen birsyhly töweregine nazar aýlady. Ýöne gözi hiç kimi görmedi. Daşardaky harasat bolsa hem güwläp, hum şuwlap, zenzele turuzýardy. Biri-birine urlup, şaňkyldap ses edýän ýeňil-elpaý demirleriň, şatyrdap ýykylýan agaçlaryň sesi dünýäni has gorkunç hala salýardy.
— Men seni göremok! — diýip, indi Öwez çyny bilen gorkup ugrady. —Göremok, walla!
— Meni görmek üçin eden işiňi ýatlamaly sen! — diýip, ses gamgyn geplemesini dowam etdi. — Ony bolsa bütin ömrüňe ýatlamak islemediň sen, Öwez.
— Eden işim?! — diýip, Öwez diňşirgendi. — Men näme edenmişim?! Bi ömre edilen iş kändir. Men olaryň haýsy birini ýatlaýyn?!
— Ýatlasyň gelmeýän zadyňy ýatla! — diýip, ses Öwezi ugrukdyrdy. —Ömrüň boýy ýatlamak islemedik zadyňy! Göz ýuman zadyňy!
— Ýatlasym gelmeýän zadym? Ol nämekä, eý, hudaý! — diýip, Öwez hüňürdedi.
Öwez gözlerini süzdi. Gan guýlan ýaly, birden çep ýaňagy gyzyp gitdi. Ses gaharlandy:
— Näme at oýnadan bolýaň sen! Sen hernäçe ýatlamajak bol! Şu gün seniň hasap bermeli günüňdir, Öwez! Bek belle şuny! Bu gün seniň iň soňky günüň! Ýatlamak islemeýän zadyňam mydama seniň ýadyňda. Ýöne soň ony hakydaňdan ýörite öçürýäň. Ünsüňi başga zatlara sowup, onuň üstüni pikirleriň, iş-aladaň bilen gömmek isleýäň. Ýöne sen bir zady bilip goý, Öwez! Adam öz pälinden hiç wagt gaçyp gutulyp bilýän däldir.
— Sen meniň pälimmi? — Öwez uka berlip seslendi.
— Men seniň päliň däl. Men seni päliň bilen sataşdyrmaga geldim. Päliňe mydama ili duçar edip ýörmeli däl, Öwez. Ahyr soň her kim öz päli bilen özem sataşmaly.
— Nirede sataşmaly men oňa? — Öwez ýüz-gözüni süpürişdirdi.
— Öýlenen ýeriňi ýatla, Öwez!
Biri urýan ýaly, Öweziň ýaňagy ýene gyzyp gitdi.
— Men şu ýerde, şu öýde öýlendim. — Öwez ýaňagyny sypaşdyrdy. — Sen meni biri bilen çalyşýan bolaýma!
— Men seni hiç kim bilen çalşamok! — Ses azmly eşidildi. — Ilkinji sapar öýlenen günüňi ýatla, Öwez!
— O nähili ilkinji? — Öwez geň galyp, ellerini serdi. — Ilkinji, ikinji diýer ýaly, meniň müň aýalym barmy näme! Meniň ilkinjimem şu aýal, ikinjimem.
— Ýalan! — diýip, ses gygyrdy. — Bu aýal seniň ikinjiň! Bu aýala seni ejeň öýerdi. Özbaşyňa öýlenen gyzyňy näme üçin ýatlaňok sen, Öwez?!
Bu sözleri eşidip, Öwez ýerinden zöweldi. Endam-jany buz ýaly bolup, titredi. Ini şuwlady. Ýigrimi ýyla golaý mundan öň bolup geçen hasratly waka göz öňünde janlanyp ugrady. Dogrusy, ol aýylganç hadysa Öweziň hiç wagt ýadyndan çykmandy. Ol waka ilki günler Öweziň gijeler düýşünde, gündiz huşunda bolup, Öweziň aňkasyny aşyrypdy. Enter-pelegini ters öwürýärdi. Ýöne soňy bilen aýlar-ýyllar aýlanyp, ýüregi kem-kem düşüşipdi. Ol wakanyň üstüne iş-aladalar, pikirler gum sürüpdi. Has dogrusy, Öwez ony ýatlamajak bolup, özüne zor salýardy.
— Ýok! — diýip, Öwez aýylganç gygyrdy-da, biri biline depen ýaly towlandy. Iki eli bilen kellesini tutdy. Ýatlamak islemeýän ol aýylganç wakasy aňynda misli, kino lentasy ýaly bolup, ýene kerwen gurady. Јhli zat göz öňüne gelip başlady. Şu pursat Öwez gabat garşysynda duran göwräni gördi. Içeri garaňky hem bolsa, onuň ýüz-keşbi Öweze hut gündizlikdäki ýaly, aýdyň görünýärdi. Öwez ony dessine tanady. Saçlaryny penjeläp, ýene aýylganç gygyrdy. — Emir!
Öweziň garşysyndaky göwre gymyldanokdam, geplänokdam. Gaharly hem arly nazarlaryny Öweze dikip, elini döşünde gowşuryp durdy. Onuň eşikleri Öweziň ony iň soňky gün gören halatyndaky ýalydy. Ak köýnekli, gara penjek-balaklydy. Şar gara saçlary sag tarapa daralgydy. Göwre dodaklaryny-da bek ýumup durdy. Şeýle-de bolsa Öweziň gulagyna tanyş ses eşidildi:
— Hany, tanaňokdyň-la meni, Öwez! Tanaýan ekeniň-ä?!
Öwez elleri bilen bir kellesini tutup, bir saçlaryny penjeläp oturyşyna, aglamjyrady:
— Emir! Emir! Günämi öt meniň, ýalbarýan saňa! Öt günämi, Emir!
— Günäler ötülmeýär! Günä üçin diňe haklaşyk bolýar!
— Јhli zat bilmezlikden boldy, Emir! — diýip, Öwez ýene aglamjyrady.
— Bolan zatlaryň nähili bolany ikimize-de aýan. Onuň hasabaty gerek däl — diýip, ses agraslandy. — Bu gün maňa ar almaga rugsat berlen gün, Öwez! Ar alyş pursaty geldi! Meniň bu güne nähili sabyrsyz garaşanymy bir bilsediň sen, Öwez!
Öwez barha ejizledi. Eginlerini sallady:
— Sen ekeniň-dä tomusdan bäri bizi günümize goýman ýören... Biz bolsak öýe al-arwah gelendir öýdüpdiris. Geleňdenjik şeýdip, özüňi tanadaýmaly ekeniň-dä!
Ses bu sapar Öweze jogap bermedi. Öwez ýene gorkuly dillendi:
— Diýmek, sen ar aljak-da, Emir?! Günämi ötjek däl-dä meniň?!
— Ýok. — Sesde rehim-şepagat duýulmady. — Ýerde jeset ýatsa-da, ar ýatmaýar, Öwez! Ýere jesedi duwlap bolýar, ary duwlap bolanok! Meni arym rahat ýatmaga goýanok! Ony ýerine salmasam, maňa rahatlyk ýok. Şonuň üçin men arymy ýerine salmaga geldim, Öwez! Bu gün maňa rugsat güni, Öwez!
— Diýmek, maňa indi senden sypma ýok-da, Emir?! — Öwez aglady. Öweze ýene hiç hili jogap bolmady. Onuň gabadyndaky sudur şol bir bakyşy bilen bakyp durdy. Öwez ýüzüni elleri bilen tutup horkuldady:
— Sen meni öldürmekçimi, Emir?! Häli sen «Şu gün seniň iň soňky günüň» diýdiň-ä.
Ses agrasdan pessaý eşidildi:
— Başyňa artykmaç hiç zat düşmez. Näme eden bolsaň, şony çekersiň. Seniň meň başyma salan zadyň bu gün öz başyňa düşer!
Emirli wakalar göz öňünde janlandygysaýy Öwez gorkudan galpyldady. Özem barha sojap, birsyhly gözýaş dökdi.
— Ýok, Emir! Ýok. Ol zatlary meniň başyma salma! — diýip gygyrdy. —Ýalbarýan! Rehim et maňa!
— Men seniň başyňa hiç zat salamok! — Ses uludan dem alýan ýaly, haşşyldady. — Seniň öz etmişiň inýä bu gün depäňden. Men bolsam saňa kömege geldim.
Öwez gözýaşlaryny süpürdi:
— Kömek? O nämäniň kömegi?
— Görersiň häzir.
Ses ýene ýitdi... Öwez eňegini dyzlaryna diräp, kellesini elleri bilen tutup oturyşyna, pikire batdy...
-
myspaser
3 years ago
- ***
Öwez iliň öýüne daş oklap, aýna döwüp ýören garagollardan däldi. Onda göze gaty ilip durmaýan ýoknasyz bir häsiýet bardy. Hiç kime hiç bir babatda kömek etmeýärdi. Hat-da käteler ejesi Aýjahan ýaraman, başyny ýassyga goýaýsa-da, şoňa-da hemaýatyny ýetirmezdi. Hernäçe ýalbarylsa-da, däri-derman gözlegine-de gitmezdi. Öýe ne ot çekerdi, ne çöp. Zatlaryny aýawly saklamak hakda gulagyna näçe guýulýandygyna seretmezden, kitapdyr papkasyny derrew ýyrtardy. Sebäbi ol mydama mekdepden gelýärkä kim papkany uzaga zyňmaşak oýnardy. Zyňlyp-zyňlyp, papka göz-gülban ýagdaýa düşerdi. Matalary itiň dili ýaly sallanyşyp ýatardy. Içindäki kitaplaryň daşy gopardy. Aýjahan daýzanyň bar işi mekdep ýygnagyna gatnap, ogly sebäpli käýinç eşitmekdi. Öwez öz deň-duşlary bilen güýç synanyşyp, mydama köýnekleriniň, penjekleriniň iliklerini gopardyp gelerdi, ýakalaryny ýyrtdyrardy. Aýjahan daýza ogluny urubam, käýýäbem ýola salyp bilenokdy. Öwez hiç kimiň göwnüne degmeýärdi. Bu zatlaryň bary oýun edişmekden bolýardy. Çyndan uruşýan oglanlar ony ýanyna ýoldaş edinip alardylar. Şonda-da Öwez hiç kim bilen uruşmaýardy, hiç kime kimdir birini urmaga kömek etmeýärdi. Şeýle-de bolsa, çagalaryň dawasy ene-atalara ýetende «Dawa bolan ýerde Öwezem bardy» diýen gürrüňe sebäp bolýardy.
Mekdepde-de şeýledi. Parta döwülsin, ýa klas aýnasy, Öwez şol ýerde tomaşaçy hökmünde bolardy welin, hökman bolardy. Sapaklaryny-da bilmezdi. Beträk oglanlar saçyndan çekip, gyzlary agladanda, Öwez olaryň gülküsini ýetirýänçisi bolýardy. Ol, bir görseň, öz başyna gezip ýören oglanjykdy, bir görseňem, ähli garagollaryň ýoldaşydy.
Mekdep ýygnagyna çagyrylmadan Aýjahan daýza-da bizar boldy. Öwez hem onuň ülpetleri sebäpli ýygnak geçirmeden mekdebem bizar boldy. Öwez dagy sekiziji klasy tamamlandan, mekdep olardan dynmagyň ugruna çykdy. Ellerine sekizinji klasy tamamlandyklary hakdaky şahadatnamany beräge-de, garagollaryň baryny professional-tehniki üçilişşelere ugradyp goýberdiler. Şol, ugradylanlaryň arasynda Öwez-de bardy. Ol döwürde üçilişşeler, daşdan göräýmäge, hünär öwredilýän ýer ýaly bolup görünse-de, hakykatda welin, mekdepleri bizar eden garagollaryň hem ikilikçileriň kowlup eltilýän mes-genine öwrülipdi.
Uçilişşede Öweze synçylyk edere dawa näçe islese tapyldy. Mugallymlar tertibe çagyryp, bogaz ýyrtýardylar. Şeýle-de bolsa, mekdeplerden bizar bolnup kowlan garagollar bu ýerde-de etjeklerini edýärdiler. Uçilişşä höwes bilen okamaga gelen ýok diýerlikdi. Bu ýere düşenleriň aglabasy goşun gullugyna çenli nämedir bir zada güýmenmek üçin saklanýardylar. Çagalar koloniýalaryndan çykyp gelenler-de bardy.
Bulardan gowy okuwa garaşyp bolmajagyny mugallymlar-da bilýärdiler. Her zadam bolsa, olar ellerinden gelen yhlaslaryny gaýgyrman, okadan bolýardylar, terbiýelän bolýardylar. Tertibe çagyryş ýygnaklaryny geçiren bolýardylar. Käte «Hiçden giç ýagşy» diýip, düzelmäge, adam bolmaga imrinýän ýek-tük ýaşlar-da tapylman duranokdy. Ýöne olara-da düzelmäge maý berlenokdy. «Siz gowy okasaňyz, beýlekiler käýinç eşitmeli bolýar» diýäge-de, pes okaýanlar öňe saýlanjak bolýanlaryň daşyna geçip, olary derrew öz hatarlaryna «deňleýärdiler». Elbetde, bu zatlary mugallymlar bilmeýärdi. Mugallyma ýagdaýy ýetirmäge hiç kim het edip bilmezdi. Aýdaýdygy, tumşugynyň awajagyny hemmeler bilýärdi. Onsoň mugallymlar-da hemmäni bir aýakdan sürüp, ýagdaýa görä bolar ýörerdiler. Bu ýerde urşup-sögüşip, ogurlyk edip, türmä düşüp gidýänlerem ýetikdi.
Öwez gaty howply ýere düşenini duýdy. Bu ýerde burnuň ganan ýaljak bolup, sürlen ugruňa gezip ýörmeden başga çäre ýoklugyna göz ýetirdi. «Okajak däl» diýibem, gidip biljek däldi. Boş gezmek bolmaýardy. Ýa işlemelidi, ýa-da okamalydy. Hünärsiz oglana bolsa diňe agyr iş garaşýardy. Ertirden agşama çenli agyr iş bilen meşgullanmagy bolsa, Öwez halanokdy. Işsiz, okuwsyz, gezse, hökümedem, öýdäkilerem gününe-de goýjak däldi. Üstesine-de, obanyň: «Aýjahanyň ogly söw-söw syryp, boş gezip ýör» diýen gepinem çekmelidi. Hemmeler üstünden güljekdi. Beýle bolandan, garaz, «Bir ýerde okaýarmyş» diýlen gürrüň ganymatdy. Şonuň üçin ol okaýan uçilişşesine gidip-gelip durmagy ýüregine düwüpdi.
Öwez mekdep ýyllarynda garagolluk edilýän ýere höwes bilen giderdi hem uruş-dawalary synlap, lezzet alýardy. Uçilişşede welin, ol uruş-sögüşden gaçmagyň ebeteýini gözledi. Her hili ýaramaz gylykly oglanlary görüp, gögele beýnisi açylyşýan ýetginjege uçilişşeli günler birneme akyl-da guýýardy. Dawa-jenjellerden hem ýakymsyz gylykly adamlardan daşda durmalydygyna ol indi az-kem düşünip ugrapdy. Erbet zatlary gördügisaýy, ol erbetliklerden gaçmak isledi. Ýöne batga batyp, arassa çykyp bolmaýşy ýaly, Öweze-de bet oglanlaryň gara işleri ýelmeşip ugrady. Ony indi oglanlar-da özlerinden sypdyranokdylar.
Daýaw, etli-ganly göwresi bilen hemmelerden saýlanyp duran, on üç ýaşynda ogurlyk bilen çagalar kolonnasyna düşüp, oturmaly müddeti gutaransoň, düzeler tamasy bilen şu uçilişşä getirilen Garýagdy diýen oglan bütin uçilişşä hanlyk satýardy. Ol adyny Garik diýip tutdurýardy. Garigiň aýdany aýdan, diýeni diýendi. Ol islänini urýardy, islänini depýärdi. Içgidenem gaýtmazdy, çekmedenem. Onuň edýän bu ters işlerini hiç kim mugallymlara-da ýetirip bilmeýärdi.
Garik aýratyn-da oba ýerlerinden gelen oglanlary ezýärdi. Olaryň bişirinýän naharlaryny alyp iýerdi. Pul salgydyny salýardy. Gözüne ýaran egin-eşiklerini alyp geýerdi. Garaz, ondan ýaňa hiç kime gün ýokdy.
Özünden iki esse ýaly daýaw göwresi bilen saýlanyp duran, gözleri mydama gan öýen ýaly Garikden Öwez-de öler ýaly gorkýardy. Garik ýöräp barýarka hiç kim onuň ýolunda durmaly däldi. Sowlup, Garige ýol bermelidi. Ol öz ýolunda durýanlaryň ýeňsesine doňduryp goýberýärdi ýa-da aýaklaryna depip, ýykyp goýbererdi. Garigiň bolşy guduzlan itiň bolşuna çalym edýärdi. Ol ýoknasyz gylygy bilen kimdir biriniň göwnüne degýändirin öýdüp, pikirem edenokdy.
Öwez Garik bilen ýakyndan dostlaşmak, şeýdibem, onuň özi bilen öçli bolmazlygyny gazanmak isledi. Ony öýüne myhmançylyga çagyrdy. Garigi getirmezinden öňürti oňa gowy hyzmat etmegi, onuň özüniň gowy dostudygyny ejesine tabşyrdy. Ýetim oglandygyny, eline bäş-üç manat pul beräýse-de kem däldigini nygtady.
Adamsy ýogalansoň, haly dokap çagalaryny kemala getiren Aýjahan daýza oglunyň bile okaýan ýetim dostuny sylamak isledi. Onuň üçin tüwi bişirdi. Akja ýaglygyň ujuna elli manat pul çigip, myhmana bermek üçin taýýarlap goýdy.
Öweziň yzyna tirkäp gelen myhmanyny görende welin, Aýjahan daýza depesinden sowuk suw guýlana döndi. «Hih!» diýip, içini çekenini duýman galdy. «Beýle aýylganç zat bilen Öwez näme üçin dostlaşýarka!?» diýibem, içinden pikir öwürdi. Ýakasyny tutdy. Garigiň gan guýlan ýaly gyzaryp duran gözleri, howla, öýüň içine elek-çelek edip bakýan ogry nazarlary onuň köp çarşenbeleri başyndan geçirenine güwänamady. Öz ýüzüne juda mähirsiz hem sowuk nazarlaryny dikende, esli ýaşandygyna seretmezden, Aýjahan daýza gözlerini ýaş ýetginjegiň gözleriniň alnynda uzak egläp bilmedi. Onuň nazarlaryndan çekinip, Aýjahan daýzanyň ýüregi jigläp gitdi. Jelladyň gözüne bakan dek, gorka gaplandy. Howy basyldy. Derrew gözlerini çete sowuk, oňa gaýdyp nazar salmazlyga çalyşdy.
Her zadam bolsa, myhmana syr bildirmän, hyzmat etdi. Gyzy Nurjahany myhman gözünden gysganyp, nahar-şory-da özi daşady.
Myhman tüwüden hezil edip iýdi. Çaý içdi. Düşekleriň üstünde agynap, dynç aldy. Irki gelşinden gijäniň bir mahaly gaýtdy. Aýjahan daýza gaýtjak wagty oňa düwüp goýan pulluja düwünçeginem berdi.
— «Ýatyp gidäý» diýmedik. Şony diýen bolsak, ol ýatybam giderdi —diýip, Aýjahan daýza myhman ugradylansoň, oglunyň daşyna geçdi. —Şondanam bir dost bormy. Güm et ony. Dagy-duwara onuň bilen tirkeşeniňem eşitmäýin, öýe getireniňem görmäýin. Şoň ýaly artyp bilen okaýan bolsaň, şu günden şeýläk okuwa-da gitme! Düzüw zada meňzänok-la ol.
Öwez ejesiniň käýinjini sesini çykarman diňledi. Ejesine Garikden gorkýanlygy hakdaky hakykaty aýdyp bilmedi.
— Daşky sypatyny görüp, adama baha bermesene, eje. Erbet oglan däl ol. Ýöne ýetim bolansoň, gözlerinde gahar bar — diýip, mydyrdady.
Garikden hernäçe üýşenenem bolsa, Öweziň bu sözlerine Aýjahan daýza birneme köşeşdi. «Hawa-la. Ýetimlik derdini çekme aňsat däl. Özüm ýetim eklämokmy?! Belki, kemsinmeler sebäpli gaharjaň görünýändir ol oglan» diýip, içini gepletdi.
Ejesi käýinse-de, şol günden soň Garigiň Öweze garaýşy üýtgeşik boldy. Ol Öweziň adyny «jigim» diýip tutdy. Ýörände ellerini onuň eginlerine atyp ýöredi. Garige «jigi» bolan Öwezden-de indi oglanlar çekinip ugradylar. Öwez hem uçilişşäniň oglanlarynyň arasynda hanlaryň biri boldy.
Bu diýseň lezzetlidi. Hemmeleriň özüne gorkup seredýänini görüp, Öwez şatlanýardy. Okuwdan soň dynç almak üçin umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan oglanlaryň islendiginiň gapysyndan baranda ony ör turup garşylaýardylar. Derrew çaý demläp berip, iýip oturan naharlaryny onuň öňüne süýşürýärdiler. Öweze ýaranmagyň ugrunda pelesaň urardylar. Käsesine çaý guýup berýärdiler.
Öweziň özi oglanlara hiç zat diýmeýärdi. Ýöne olary Garik urup-enjen wagty Öwez Garigiň tomaşaçysy bolup berýärdi.
Ejesi hernäçe «getirme» diýse-de, Öwez Garigi öýüne-de ýene getirip başlady. Çagalar kolonnasynyň ölmez-ödi höregi bilen kemala gelip, indem uçilişşäniň oglanlarynyň ýuwundy ýaly naharyny iýip gün görýän Garik üçin Aýjahan daýzanyň bişirýän elinje tagamlary jennetiň iýmişi ýalydy. Ol soňy bilen özüni Öwez çagyrsa-çagyrmasa, «Şü gün men size gitjek» diýip, onuň yzyna düşüp gaýdybermegi çykardy. Öwezlerden at tezegini guratmady.
Aýjahan daýza ondan bizar bolsa-da, ony indi kowup bilmejegini duýup, sesini çykaranokdy. «Okajagy iki ýyl. Okuwyny gutaransoň-a başymyzdan sowlar şol. Biderek ýere goh edip durmaýyn» diýip, ol öz-özüni köşeşdirdi.
Gyş geçip, ýaza ornuny beren günleriň birinde Garik Öwezi öz otagyna çagyrdy.
— Öýüňize äkidip, sen maňa kän hyzmat etdiň, jigim — diýip, ol krowatda oturan ýerinden Öweziň arkasyna patlatdy. — Şu gün bolsa men seni myhmançylyga äkitjek. Agaňyň-da saňa nähili hyzmat edýänini synla sen!
Şäheriň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän howluly jaýlaryň birine bardylar. Howluda derekli adamlaryň ýaşamaýanyny derrew aňsa boljakdy. Akan-dökänlikdi. Taşlanan, ownukly-irili agaç bölekleri, düňderilip ýatan bedreler, kirli haýatlar bu öýüň eýeleriniň tüneklerine asla yhlas etmeýändiklerinden habar berýärdi. Howly dardy. Onuň esli bölegini şarlap, akyp ýatan krantyň töwerege syçradýan suwunyň palçygy tutýardy.
Öwez Garik bilen tirkeşip, içerik girende has aýylganç zatlary gördi. Bosagadan yzyna gaçjak boldy. Ýöne ony Garik tutup saklady.
Ini-boýy bäş-alty metrlik uly otagda etli-ganly, elli ýaşlar töweregindäki aýal bilen dört erkek kişi, dört sany ýaş gyz bardy. Olaryň bary ýarym ýalaňaçdy. Gapdallaryndaky erkek kişiler bilen wejra bolşup otyrdylar. Biri-birlerini gemrişip, sypaşýardylar. Misli, olar üçin ýanlarynda özlerinden başga adam ýok ýalydy. Haýa-şerimiň nämedigini bilmeýäne çalym edýärdiler. Öwez beýle wejraçylygy heniz kinoda-da synlap görmändi. Semiz aýal bolsa kirli ýassyga ýanbaşlap ýatan ýerinden çaý süzýärdi.
Öwez öýdäki masgaraçylyklary görmejek bolup, elleri bilen ýüzüni tutdy.
— O! Garly jan geldi! — diýip gygyrdy-da, Öwez dagy içerik girenden, semiz aýal eline alan käsesini ýerde goýup, hezil edip güldi. — Bir utanjaň ýigit tapyp gelipsiň-le sen, Garik! Nireden tapdyň beýle eýjejik zady?!
— Aýyr-ow eliňi ýüzüňden, masgara edýäň! — diýip, azmly pyşyrdady-da, Garik Öweziň eline kakyp goýberdi. Soňra semiz aýalyň ýanyna geçip oturdy-da, oňa ýüzlendi. — Faýa daýza! Keýpler niçik?!
— Gül ýaly! — diýip, semiz aýal bijesi çykana dönüp ýyrşardy. Sag eliniň başam barmagyny çommaldyp görkezdi. — Faýa daýzaň keýpi mydama güldür!
— Geç-ow bärik! — diýip, Garik oturan ýerinden Öweze azgyrylyp goýberdi-de, semiz aýaly gujaklap, onuň ýaňagyna-ýaňagyny goýdy. Öweze bakyp gepledi. — Faýa daýza diýsem-de, bu meniň ejemiň ornundaky adam! Tanyş bol, jigim. «Eje» diýýän men muňa. Men mundan ejemden görmedik mährimi görýän. — Şundan soň Garik Faýa daýza Öwez hakda maglumat berdi. — Bu meniň jigim, Faýa daýza. Maňa çyn hossar boldy bi. Köp ýagşylyklar etdi. Bile okaýas.
— O! Bolubilýä! Bolubilýä! — diýip, Faýa daýza Garigi makullady. Garigiň gapdalyna gelip çöken Öweziň gözleriniň içine seredip, gözlerini güldürdi. — Saňa hossar bolan adam biziňem hossarymyz, Garly jan.
Öýüň içi ýürekbulangyç yslydy. Tüssäniňmi, aragyňmy, aşa köp dökülen atyryňmy, garaz, aňşyryp bolmaz derejedäki del yslar beýle ýagdaýa öwrenişmedik ýigidiň ýüregini bulaýardy. Biri-birleri bilen gemrişip oturanlar Öwez daga tarap gaňrylybam seredenokdylar. Misli, öýe hiç kim girmedik ýalydy. Hiç kim gürleşmeýän ýalydy. Öz mojuk işleri bilen gümradylar.
— Bizde myhmanlara täsin naharlar bilen-ä hezzet edilenok, hanym —diýip, Faýa daýza Öweze ýüzlendi. Soňam Garigiň ýüzüne bakyp gepledi. — Aç bolsaňyz-a holodilnikde biraz kolbasa bardyr, Garik. Aşhanadaky stoluň üstünde-de bir bölek çörek bolmaly. Şolary getirip, garbanyň. Indiki geleniňde iýen zatlaryňy ýerine getirip goýarsyň. — Faýa daýza sözüne dyngy berdi. — Öwez diýdiňmi bi ýigidiň adyna? Hä, Öwez, Öwez. Öwez jan, bizde del naharlar bolmasa-da, nahar küýsetmeýän başga hezzetler-ä bar. Şeýle bir lezzetli oýunlar bolýa welin, bizde... Bir görseň, gidesiň gelmez. Saňa-da ol oýunlaryň tagamyny dadyrarys basym.
— Her zadam bolsa, iýip-içeli. Okuwdan gelýän çagalardyrys —diýdi-de, Garik gidip, diýlen kolbasa bilen bir kerpiç çöregi alyp geldi. Olary eli bilen tagaşyksyz bölüşdirdi-de, Öweze mürähet etdi. — Al, iýiber senem.
Öwez utanyp, ýere girip barýardy. Öýdäki agryljyk ysa-da ýüregi şol bulanyp durdy. «Bu ýerden nädip çykyp gidip bolarka?» diýip, pikir edýärdi. Ol Garigiň hödürinden başyny ýaýkap, ýüz öwürdi:
— Ýok, iýjekgä.
— Iýmeseň, has gowy — diýdi-de, Garik getiren kolbasasydyr çöregini ötüginden ötürdi. Soňra Faýa daýzanyň guýup beren bir käse çaýyny içdi.
— Al, şulary ýygnaşdyr — diýip, Faýa daýza boşan çäýnek bilen käseleri Garigiň öňüne itdi.
Garik çäýnek-käsedir süýjüdany aşhana äkidip geldi. Saçak ýerine ýazylan gazeti düýrläp, gapydan daşaryk oklap goýberdi. Faýa daýza Öweziň gapdalyna geçip oturdy-da, onuň ellerinden sypaşdyrdy:
— Bujagaz myhmanymyza-da hezzet görkezmelimi?
— Bilmedim, özünden sora — diýdi-de, Garik dişlerini syrtardyp ýylgyrdy. — Öz-ä birinji gezek görşi beýle, lezzet alynýan ýeri. Synanyşyp göräý.
— Boş goýbermäli muny — diýdi-de, Faýa daýza Öweziň egninden penjegini aýyrmaga durdy. — Hormat-sylag edeli.
— Eý, bu näme edýär-aý? Bu näme edýär-aý?! — diýip, Öwez gorkuly hem geň nazary bilen Garigiň ýüzüne bakdy. Faýa daýzanyň näme üçin beýdýänine hiç düşünmedi. Eýýäm egninden çykan penjegini Faýa daýzanyň elinden almaga synanyşdy. — Goýber-ow penjegimi! Garik, diýsen-ow muňa. Penjegimi bersin-ow!
Öwez Garigiň ýüzüne delmuryp bakdy.
— Terje öýdýän. Ýaňyja kapasadan çykan guş ýaly — diýip, Faýa daýza hikirdedi. — Erkek kişä-de meňzänok seň munyň-a, Garik. Gyzjagaz ýaly gorkajyk. Erkekligi bir barmy munuň?!
— Barlap göräý — diýdi-de, Garik hem güldi.
Faýa daýza Öweziň köýneginiň iliklerini ýazdyrmaga durdy. Öwez turup, ondan gaçdy.
— Nädýäň-aýt, daýza, utanaňokmy?! — diýibem, Faýa daýzanyň üstüne gygyrdy. — Garik, gideli bu ýerden. Sen gitmeseň, özüm gitjek!
Garik Öweze kömek edenden geçen, gaýtam ony tutup getirip, ýene Faýa daýzanyň ýanynda oturtdy:
— Bu ýerden häzir gitmek bolmaýa! Gorkma! Gorkuly zat ýok. Entek her gün şu ýere gaýdaly diýip, ýalbarjak günleriňem bolar!
— Men näme, daýzamy, hä? — diýdi-de, Faýa daýza ýene bihaýalyk bilen hikirdedi. — Ýaşajyk gyz-a men, hanym!
Garik Öweziň egninden tutup saklady. Faýa daýza bolsa onuň ähli eşiklerini sypyrdy-da, eneden dogan wagtyndaka meňzetdi. Soňam hikirdedi:
— Gyz-a däl eken. Erkeklik alamatlar-a bar eken. — Şeý diýip, Faýa daýza gödek elleri bilen Öweziň aýaklaryny sypaşdyrdy. Öwez aýaklaryny däbşenekledip, aglamaga başlady:
— Eje-e! Goýberiň meni, goýberiň! Garik! Gaýdyp seniň bilen gepleşmen!
Öwez şeýle bir aglady welin, olara gelenleri bäri üns bermän, biri-birleri bilen oýnaşyp oturan ýarym-ýalaňaçlar-da üns sowdular. Hemmeler wakyrdaşyp gülüşmäge başlady.
— Waý, bi masgarany! — diýip, gygyrdy-da, Faýa daýza arkan-ýüzin gaýşyp güldi. El çarpdy. —Şeýle erkek kişini birinji gezek görýän men! Sünnet etjek bolamzog-a seni! Oýun-henege-de düşeňokmy sen! — Şeý diýip, Faýa daýza Öweziň eşiklerini üstüne oklap goýberdi-de, ýalaňaç tenine şarpyk çaldy. — Tur-a! Ýok bol-a! Seni başyma uraýynmy!
— Eý, sen-ä samsyk ekeniň! — diýip, Garik hem Öweze sögündi. —Möňňüren bolmaň näm-ow seniň! Okuwdaky oglanlaryň islendigini getireýin şu ýerik, bir gelseler, yzlaryna-da gitmezler.
— Alyp gaýdyber, alyp gaýdyber — diýip, Öwez bu wagt gaharyna Garikden gorkmagam unutdy. Aglamjyrap oturyşyna, aldygyna eşiklerini geýdi. Eliniň tersi bilen zol gözýaşlaryny süpürdi. — Kimi alyp gaýtsaň, şony alyp gaýt. Gaýdyp men-ä düşmen seniň yzyňa!
— Haý, samsyk, kemrysgal! — diýip, Garik Öweziň ýeňsesine oýun edip çalyp goýberdi. — Ine, seret, pöwhe! Faýa daýza ýaly owadan aýallar ýylgyryp durka nätmeli!
Şeý diýdi-de, Garik hemmäniň gözüniň alnynda Faýa daýza bilen ýaşajyk gyz bilen oýnaşýan ýaly, oýunlara başlady. Olaryň bolşuna aňkaryp, Öwez aglamagam ýadyndan çykardy. Agzy öweldi galdy. Gözleri petredi. Bir gonjuny aýagyna sokup ýetişmedik balagyny gujaklap, doňňara daşa öwrüldi. Olar göz-gülbançylyga başlanda bolsa, wejera işlere bakyp, durmajak bolup, tersine öwrülip, gözlerini ýumdy. Olaryň bihaýa grrüňlerini eşitmejek bolup, barmaklaryny gulaklaryna dykdy. Garigiň «ejem» diýip oturan kişisi bilen bolmasy işlere baş goşubermesi Öweziň gözüniň alnynda, haýa-şerimi unudyp, gözden bukuljak bolman, bolup oturyşy arassa içeride kemala gelen ýetginjek üçin ýer çöwrülenden enaýy bolmady. «Haýwandan tapawudy-da ýok bulaň» diýip, Öwez içini gepletdi. «Şu gün şu ýerden sag-aman çyksam bolýa. Gaýdyp, ata-baba bu jelegaýlara aýak basman. Bäý-bä! Bi, Garik nähili zatlara baş goşýan eken!» diýip, birsyhly öz-özi bilen gepleşdi.
Birhaýukdan soň Garik ýene onuň ýeňsesine ýelmedi:
— Eý, pöwhe! Ýör, gaýdasyň gelse, gaýdaly!
Rugsat bolanyna begenip, Öwez daşaryk atyldy.
— Gaýdyp seň bilen tirkeşmen! — diýip, ýolda ol Garige gaharyny duýdurdy. — Ol daýza bilen nädiberdiň-aý?! Ilki oňa «ejem» diýip otyrdyň-a-how sen!
Garik Öweziň ýeňsedamarlaryndan çümmükläp tutdy-da, gözlerini öňküdenem beter gyzardyp, azgyryldy:
— Lal bol! Meň işime goşulma! Şu gürrüňler ýekeje ýerde çykaýsa, jigimem bolsaň, etiňi dograryn. Özüňem hytdy-pytdyňy goý. Mydama meniň ýoldaşym bolarsyň. Size gidib-ä garny doýurmaly, bärik gelibem keýp köklemeli. Erkek kişi bokurdaksyzam ýaşap bilmez, keýpsizem!
Öwez indi hakyky bela sataşanyny duýdy. Ejesiniň: «Bitertiplere ýanaşma. Ahyr bir belanyň üstünden bararsyň!» diýip gygyrýan sesi gulagynda ýaňlanyp-ýaňlanyp gitdi. Indi özüniň hiç wagt Garikden sypmajagyna gynanyp, hyrçyny dişledi. Ümsümligi Garik bozdy:
— Indem size gidip, Aýjahan ejemiziň bal ýaly naharyndan garny doýraly.
Öwez gygy ajap duran, gözüne gan öýen azgyn bilen gepiniňem, oýnunyňam deň gelmejegini bildi. Sesini çykarman, ony öýüne äkitdi. Nahar-şor berip, gijäniň bir mahaly ugradyp goýberdi.
-
myspaser
3 years ago
- ***
Garigiň elten öýünde gören bihaýa kişileri Öweziň diýseň keýpini bozdy. Olary hiç ýadyndan çykaryp bilmedi. Ýarym ýalaňaaç gyzlardyr erkek kişiler gije düýşünde, gündiz huşunda ony gününe goýmady. Ol Garikden sypmagyň gaýgysyny edip, saralyp-soldy. Iňňä sapaýmaly boldy.
Islese-islemese, Garik ýene Öwezi Faýa «ejesiniňkä» alyp gitdi. Ikinji gezek baranda Öwez birinji sapardaky ýaly kyn hala düşmedi. Öýdäkileriň hapa oýunlaryna goşulmasa-da, özüni rahat saklamagy başardy. Garik öwrenen oýunlaryndan mazaly keýpini çaglaýança ýüzüni kese sowup oturyp gaýtdy. Oňa bu öýdäkilerem azar berip duranokdylar. Asyl oňa «barmysyň» diýýänem ýokdy. Ol bu öýe on-on bäş gezek baransoň bolsa, Faýa daýzalardaky wakalar Öwez üçin adaty wakalara öwrülip gitdi. Ol bolýan wejeralyklara daşarda töweregi palçyga eýläp akyp ýatan kranta syn salşy ýaly, biperwaý syn salmaga öwrenişdi. Özi welin olara goşulmaga hiç meýil etmedi. Ýogsa, käteler, ýanyndaky erkek kişileri ýok wagty ýalňyz galýan gyzlar Öweziň daşyna geçip, oňa her hili gep goşup, itişip oýun-henegem edip görýärdiler. Ol gyzlary Öweziň ýüregi alanokdy. Ýöne «Duza gaçan duz bolar» diýlişi ýaly, mydama haýasyz zatlary synlap ýören ýetginjegiň-de ýüregi soňy bilen üýtgäp, onuň küýüne her hili gara pikirleri salýardy. Faýa daýzalaryň öýündäki oýunlara nähili goşulyp gidenini Öweziň özem duýmady. Haram keýpe uçran halaty adamda haýa-şerimden nyşan galmaýanyna, özi bu öýe ilkinji gezek gelende aýal-erkekleriň nä sebäbe özlerinden utanman, göz-gülban bolup oturyşlaryna Öwez olaryň gününe düşen wagty göz ýetirdi.
Içgidenem gaýtmady, keýpi-sapadanam. Uçilişşäni tamamlaýança ol depesinden dabanyna çenli hapa çümdi. Uçilişşeden soň zawodlaryň birine nurbat ýasaýjy tokar edilip işe iberildi. Ýene Garik bilen bir stanogyň başyna barmaly boldy. Garik uçilişşäniň umumy ýaşaýyş jaýyndan zawodyň umumy ýaşaýyş jaýyna geçdi.
Öwez uçilişşäni tamamlaýança onuň mekdepdäki klasdaşlary-da on ýyllyk okuwy tamamladylar. Klasdaşlarynyň köpüsi ýokary okuw jaýlaryna okuwa girdi.
Goňşulary Näzik daýzanyň ogly Emir hem medisina institutyna girdi. Garigiň dünýäsine özüni atan Öweziň klasdaş bilenem işi ýokdy, goňşy bilenem. Onuň bolşy bu dünýäniň adamsy däl ýalydy. Düňderilip, şol bir öwrenişen ýoly bilen gelip-gidip ýördi. Işden soň Garigiň bolýan ýerine giderdiler. Garaňkyny gatlyşdyrman, Öwez öýüne köwlenmezdi.
Tomus aýagynyň ýygnanyp ugran günlerinde, giçlik, öýe gaýdyp gelýärkä Öwez klasdaşy hem goňşusy Gülälege gabat geldi. Gülälek nirädir bir ýere howlugyp barýardy. Ýüzüni gaýra tarapa tutupdy. Pete-pet gabat gelenem bolsa, gyz Öweziň ýüzüne seretmedi. Ol çuň pikire batyp barýardy. Süňňüeňil ädimleri, käte özbaşyna ýylgyrjaklap barmasy gyzyň süýji hyýala çümeninden habar berýärdi.
Gyz özüne seretmese-de, Öwez welin Gülälege syn saldy. Şonda Gülälek klasdaşy Öweziň gözüne peri sypatly bolup göründi. Olardan aýrylyp gaýdyp, ençeme ýyl bäri ýakyndan syn salyp görmedigindenmi-nämemi, Gülälek öňkülerden has ösüp, eti-gany doluşan ýalydy. Döşüniň üstünden goýberen goşa örüm saçlarynyň uçlary gyzyň ädim urşuna çaýkanyp, birgeňsi galgap, ýüregi elendirýärdi. Dolmuşja ak ýaňaklaryň üstüne dökülen zülpler adaja şemala gyzyň ýüzüni sypap-sypap goýberýärdi. Gyz ellerini zol ýüzüne eltip, zülplerini timarlaýardy. Zülpler bolsa, misli, gyz bilen kejeşýän ýaly, sypalyp ornuna eltilenden soňam ýene akja ýüze tarap dalaş edýärdi.
«Garaňkyny gatlyşdyryp, bi nirä barýarka? Gözi ýer görenok» — diýip, Öwez Gülälek deňinden geçip gidensoň, içinden pikir öwürdi.
Şeýle ýagdaýda Öwez Gülälege soň hem kän gabat geldi. Günleri gysgaldyp, garaňkyny çalt gatlyşdyryp başlan sentýabryň bir agşamy Öwez ýene Gülälegiň gaýralygyna barýanyny gördi. Ýetginjegiň bilesigelijiligi şol gün ony öz erkine goýmady. «Bi her gün nirä gidýäkän-aý garaňkyny gatlyşdyryp. Göreýin-le» diýip, içini gepletdi-de, Öwez yzyna öwrüldi. Özüniň barlygyny duýdurman, Gülälegi yzarlady. Gyz obaçylykdan çykyp, kanalyň boýuny syryp geçýän uly maşyn ýola ýetdi. Indi onuň barýan ýeri tekiz ýolda eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Bir çetde çommalyp oturdy-da, Öwez gyza syn saldy. Onuň nirä barýanyna seretdi. Gülälek maşyn ýoldan geçensoň, kanalyň boýundaky beton jaýjagaza tarap gitdi. Ol beton jaýjagaz Öwez dagy dünýä ineli bäri bardy. «Ony kanal gazyjylar» dikip gidipdirler diýip, gürrüň edýärdiler. «Öý» diýilse-de, betondan gurnalan bu ymaratjyk «öý» diýer ýaly däldi. Ol ýel-ýagmyrdan goranmak üçin dikilen beton haýatdy. Üç tarapy demir bilen kebşirlenip, ini-boýy üç-dört metr ýaly ölçegde gurnalan gaçybatalgady. Üstüne-de birki sany uzyn demir kebşirlenip, çöp-çalam, şifer bilen basyrylypdy. Ýyllar geçip, çöp-çalamlar çüýräp, şiferleriň köp ýeri döwlüp gidipdi. Öýüň töweregini bolsa gamyşdyr, ot-çöpler basypdy.
Öweziň özem ol öýjagazda kän gezekler ykyşyklap görüpdi. Öwez ol töwerekde çagalykda mal bakdy, oýnady. Güýçli ýel bolanda, ýagyş-gar ýaganda çagalar şol öýjagaza girip, penalanýardylar. Öýjagazyň töründe oturgyç ýerine goýlan harsaň-harsaň agyr, beton daşlar bardy. Ony uly adam bolaýmasa, çagalar asla ýerindenem gozgap bilmeýärdiler.
Gülälek esli ara açansoň, Öwez onuň yzyna garama-gara düşdi. Gyz ýakynlaberende, taşlanyp gidilen beton öýjagazdan ak köýnekli, uzyn boýly ýigit çykdy. Ýigidi görüp, Gülälek ondan birki ädimlikde badyny saklady. Soň ikisi bile ýene beton öýe duwlandylar.
«Gülälek biri bilen duşuşýa» diýip, Öwez içini gepletdi. Gyzy garşylan ýigidiň kimligini bilmek höwesi bilen öňe atyldy. Töwerekde ösen gamyşdyr ot-çöpleri şygyrdatmazlyga çalşyp, seresaplylygy elden bermän, beton jaýa ýakynlaşdy. Käte çalajadan geplenýän hüňürdi eşidilip gidýärdi. Ýöne näme hakda geplenýänini aňşyryp bolanokdy. Öwez ýuwaşja ädimläp, jaýyň arka ýüzi bilen Gülälek dagynyň oturan ýerine has golaý bardy. Gulagyny beton haýata berdi. Oturanlar şeýle bir haýal, pessaý gepleşýärdiler welin, indi diýilýän gepleri aýyl-saýyl eşitse-de, Öwez ýigidiň sesini hiç saýgaryp bilmedi. Ýaşlar, hamala, uklap ýatany oýarmajak bolýan ýaly, seslerini gaty çykarmazlyga çalyşýardylar. Ýöne gürrüňiň klasdaşlaryň kiçi klaslarda başyndan geçiren wakalary hakdalygyny saýgaryp, Öwez ýigidiň-de öz klasdaşlarynyň biridigini çaklady.
Eýýäm ençe ýyl bäri Garik bilen tirkeşip, Faýa daýzalarda bihaýaçylykly ýagdaýlara goşulyp ýören Öwez üçin iki klasdaşynyň gürrüňleri çaga gürrüňinden üýtgeşik däldi. Olar klasdaşlaryň çagalykdaky garagolluklary, obadaky toýlar hakda gürrüň edýärdiler. Birdenem, Öweziň Gülälek daga gözi gitdi. «Men näme üçin özümi şular ýaly arassa tutmadym?! Näme üçin hapa ir çümdüm?! diýip, ol gynanç bilen pikir öwürdi. Öz bolup ýörşüne kemsindi. Ýüregine gussa aralaşyp, keýpi bozuldy.
Bir sagada golaý wagt geçensoň, Gülälek gaýdarman boldy.
— Gideýin indi. Ejem gözlär — diýdi.
Ýigit degişdi:
— «Aýnabat daýza, alada etmäň. Gyzyňyz meň ýanymda oturandyr» diýip, aýdyp gaýdaýaýyn öýüňize?
Gülälek jykyrdady:
— Hawa, şeýtsene. Bir kemim şoldy...
— Meň bilen duşuşýanyňy bilse, ejeň käýýärmi? — diýip, ýigit gyzdan sorady.
— Bilmedim — diýip, Gülälek ýene näz-kereşme bilen jykyrdady. — Ejem seň ejeň-ä erbet görenok. Seni nähili görýänini bilmeli-dä ilki. Gyzyna ýapyşyberseňiz halad-a ýapmaz.
«Be, kimkän-aý ol Gülälegiň ejesi bilen gowy gatnaşýan goňşy?» —diýip, Öwez oturan ýerinden pikir öwürdi. Ýöne näçe kelle döwse-de, öz sowalyna jogap tapmady. «Goňşulaň-ňa hijisem erbet gatnaşanok» diýip, öz-özi bilen gepleşdi.
Onýança ýigit ýene gyza sowal bilen ýüzlendi:
— Birden seni maňa bermejek bolsalar, näme edersiň, Gülälek?
— Goýaweri, beýle gürrüňler gerek däl häzir — diýip, Gülälek utanyp gepledi. — Biz entek ýaş-a. Sen okuwyňy gutar. Birneme ulalaly. Ol zatlary wagt gelende görübiýris. Berlip-berilmez ýaly, atyşyp-çapyşamzog-a öý arasynda.
— Beýle gürrüňem etsek-edibermeli. Bizem on sekiz ýaşadyg-a — diýip, ýigit gürrüňi dowam etdi.
Gülälek beton jaýjagazdan ylgap çykdy:
— Bolýa, men gitdim. Entek ol gürrüňlere aý-gün kän. Soň bir gün ölçerip-dökeris.
— Günde gelgin şu ýerde, men garaşjakdyryn — diýip, ýigit gyzyň yzyndan gygyrdy. Ýigidiň gaty sesini eşidensoň, Öwez ony tanady. «Emir!» diýip, özbaşyna gepledi. «Emir bilen Gülälek halaşýa».
Bu syry bilende Öwezde hiç hili göriplik duýgusy oýanmady. Hat-da ol klasdaşlaryna öz ýanyndan guwandam. «Tüweleme, Emir gowy gyz tapypdyr» diýip, içini gepletdi. Ýaşlar bu ýerden birneme ara açýança öz-özi bilen gepleşip oturdy. «Emirem erbet oglan däl. Tertibem gowy. Okap ýör. Aýnabat daýza berer-le Gülälegi Emire».
Gülälek bäş-on ädim ýöränsoň, badyny saklap, Emire gygyrdy:
— Günde garaşma! Günde gelip biljegimi bilemok. Iş bolmagy mümkin!
— Günde garaşjakdyryn! — diýip, Emir onuň yzyndan gygyrdy. — Işiň bolan güni işiňi bolup geläý! Men daň atýança oturaryn şu ýerde! Özüňem gorkman ýöräber! Men yzyň bilen barýandyryn.
Gülälek çöp-çalamlaryň arasyny kesip, ylgaşlap, uly ýola tarap gitdi. Gyz uly ýola çykansoň, Emir hem ýöräp ugrady.
«Şeýdip menem birini gowy görsedim. Şeýdip menem bir gyz gowy görsedi» diýip, Öwez kemsinmek bilen pikir öwürdi. «Menem şeýle arassa söýgä sataşsam bolmaýamy!»
Öwez ol ýerde gaty kän oturdy. Gijäniň bir mahaly öýüne dolanyp bardy. Eýýäm nije ýylyň içidir, islän wagty gidip-gelip duran oglunyň giç dolanmasyna Aýjahan daýza bu günem zat diýmedi.
***
Şol günden soň hem Öwez duşuşyk ýerine howlugyp barýan Gülälege kän gabat geldi. Kä gün oňa üns bermedi. Kä gün gidip, aşyk-magşuklaryň gepine diň saldy. Şeýdip, günler biri-biriniň yzyna tirkelip, geçip durdy. Bir gün bolsa Gülälek Öweze Garik bilen gelýärkä sataşdy. Bagtly ýylgyrjaklap, uçan guş dek pasyrdap barýan owadan gyz Garigiň teşne gözlerinde galdy. Ol Gülälegi taýak atymlykdan görendenem gözleri bilen iýäýjek bolup seretdi. Gyz deňlerinden geçip gidenden soň telim ýola yzyna öwrülip, gözlerini gyzdan aýryp bilmedi.
— Owadan gyz eken — diýip, hyrçyny dişläp, baş ýaýkady. — Beýle-de owadan gyz bolýan eken-ow! — Şeý diýensoň Garik Öweze ýüzlendi. —Tanaýaňmy?
— Tanaýan — diýip, Öwez Gülälegi tanaýanlygyny ýaşyryp durmady. —Klasdaşym hem goňşym. Han-ha, hol öýde ýaşaýa — diýbem, gyzyň öýüni baş atyp görkezdi.
Şol pursat Garigiň ýüreginde söýgi ody köredi. Ol Gülälege bir görende aşyk bolanyny duýdy. Gyzy ýakyndan tanamak höwesi güýjedi. Ýetişeli bäri özüniň sataşyp gören aýal maşgalalary häzir onuň üçin köçede entäp ýören it-pişiklerden ibaly duýulmady. «Şuň ýaly gyz bolaýsa ýoldaşyň!» diýip, dişlerinden syzdyryp pyşyrdady. Aýak çekip, Öweze delmuryp bakdy:
— Tanyşdyrsana onuň bilen!
— «Tanyşdyr» diýýäňmi?! — Öwez pyňkyrdy. — Tanyşdyrjak bolanymda ol gyz seň bilen tanşar öýdýäňm-ow, şepe!? Bu gyz, ol, seniň Faýa daýzaňlara üýşýän gyzlardandyr ödýäňmi sen çem gelen bilen tanşyberere! Munuň ýaly gyzlar ýigitleri pitikläp-pitikläp saýlaýarlar. Öýüne müň sawçy eltip, birine barýa olar. Olaryňam haýsysy edepli, akylly, üstesine-de syratly hem pulluja bolsa...
— Bilýän... — diýdi-de, Garik uludan dem alyp, gussa batdy. Gülälegiň giden ugruna seredip goýberensoň, ýoluny dowam etdi. — Hudaý meni halaman, ýetimlik ykbalyny ýazypdyr maňlaýyma. Mende oňka gudaçylyga iberere ene-ata-ha ýok. Sanap töläre pul-da!
— Üstesine, jaýyňam ýok — diýip, Öwez onuň ýarasyna duz sepdi. —Zawodyň umumy ýaşaýyş jaýyndaky gaty krowatyň üstünde ýatyp-turýan ýigide Gülälek barar öýdýäňmi? Tertibiň hakda-da pikir edä-how sen!
— Gülälek... Gülälekmi onuň ady? — diýip, Garik Gülälegiň adyny süýjedip tutdy. — Gülälek diýseň gülälek. Pasyrdap, ýöreýşini dagy görýäňmi onuň?!
— Sen-ä oňa eýýäm aşyk boluň — diýip, Öwez şepesiniň ýüzüne ýyrşarylyp bakdy. — Gülälek aşyk bolmaz ýaly gyzam däl-dä...
— Aşyk boldum-aý... — Garik Öweziň egnine äpet aýalaryny patladyp goýberdi. Garigiň elleriniň agramyna Öweziň eginleri ýegşerip gitdi. —Ýöne meniň öýümiň, pulumyň ýoklugy üçin men günäkärmi?! Ol zatlaram belki, soňy bilen bolar... Şeýle ykbaly maňlaýyma meniň özüm çyrşamadym ahbeti...
«Özüňiň-de günäkär ýeriň kän» diýip, Öwez şepesiniň bolgusyz edähetlerini aýdyp galmak isledi. Ýöne ýene-de onuň bir ýoknasyzlygyny ederinden çekinip, dilini saklady. «Näme bolsaň, şol bol» diýip, içinden Garige igendi. Gepini sypaýyrak ugra gönükdirdi:
— Şeýle ykbaly maňlaýymyza özümiz çyrşadykmy, başga kişi, biljek däl, şepe. Ýöne şol gyz seniň kimin öýsüz-öwzarsyz, pulsuz-püçeksiz sergezdana barmaýa. Şon-a aýdaýyn men saňa. Özi barjagam bolsa, hossarlary bermez. Sen bilýäň-ä türkmeniň ýagdaýyny. Türkmen maşgala berjek bolsa synlap, seredip, tertibini-ýagdaýyny sorap-idäp, soň berýär-ä. Ogul öýerenlerinde-de şeýdýärler.
Öwezleriň öýüne gelip, ornaşanlaryndan soň Garik janykdy:
— Eger men ony gowy görsem, şony-da alasym gelse, onda näme?!
— Alasyň gelse-de alaç ýok. — Öwez dodagyny çöwrüp, egnini gysdy. —Her kim öz deňini gözlemeli. Ogryn, zorluk salyp alyp gaçaýmasaň-a, şony saňa gowulyk bilen-ä bermezler. Alyp gaçsaňam, belki, soň gyz raza bolmaz ýaşamaga. Belki, ene-atasy soň senden hasabat sorar!
Etimlikde, horlukda geçen günleri ýadyna düşüp, Garigiň gahary geldi.
— Gözläýmen öz deňimi — diýip, ol gahardan titredi. — Näme men sergezdan, aýalym-da sergezdan bolsa... Ömrümize şeýdip geçmelim-aý biz? Her zat ederin welin, ýaňkyja gyzy alaryn men!
— Barmasa nädip aljak ony?! — Öwez gözlerini tegeledi.
— Sen bir gezek tanyşdyrsaň bolýa. Soň özüm bilerin nädip aljagymy! —Şeý diýende Garigiň gan öýen gözleriniň gyzyly has-da köpeldi. Muňa Öwez tisginip gitdi. — Gyzlarda ýekeje bagt guşy bolýandyr. Şonusyny elinden gidirensoň, olar sergezdanyň-a däl, gedaýyň yzyna-da düşer...
Garigiň gahardan ýanýan gözleri, aýdýan sözleri Öwezi barha eýmendirdi. «Nireden sataşd-aý bi maňa! Sataşman geçen!» diýip, Öwez içini gepletdi. «Indi bi meni günüme goýmaz!» Öwez diýseň alada galdy. Her zadam bolsa, ýene Garigi niýetinden dändirmek isläp, oňa hoşamaý söz goşdy:
— Aý, şepe jan, men bilýän-ow! Sen tanaňok öýde oturan gyzlary! Gülälek öldürseňem, seniň bilen tanyşmaz. Tanşar öýtseňem, meni bir ara goşma-how. Hana, tanşyber özüň ýolunda dur-da.
— Sen tanyşdyrarsyň! — diýip, Garik Öweze gözlerini petredip seretdi.
— Sen-ä gaýra dur. Ol meniň bilenem gürleşmeýä — diýip, Öwez ýene sypjaklady.
Garik pikirinden el çekmedi:
— Seniň bilen gürleşmese, jigiňe çagyrtdyraýarys.
— Jigime çagyrtdyrsaň-da, ol bizi görüp, gaçyp gider — diýip, Öwezem öz diýenini tutdy. — Gepleşmez, Garik. Ynanaý maňa sen. Sen Faýa daýzanyň öýündäki bihaýalaryň çem geleni bilen gepleşip, öwrenişipsiň olara. Onsoňam, meniň jigimiň Gülälegi öýe çagyryp, bir nätanyş oglan bilen gepleşdirjek bolýanyny Gülälegiň ejesi Aýnabat daýza dagy biläýse, bilýäňmi nämeler bolar?! Ol bizi diriligimize ýuwdar. Ilki bilen-ä biziň ýumşumyzy jigimem etmez. Ejemem biläýse, gaýdyp seni bu bosagadan ätletmez.
Garik Öweziň üstüne gygyrdy:
— Beýdilerim ýaly, pis açypdyryn-maý men?! Dünýäni gapyşdyraýdyň-la-how! Iň gowusy, ol gyz bilen meniň tanyşjak bolýanymy islemeýäniňi boýun alaýsana-how sen!
Öwez janyýangynlyk bilen hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady:
— Wah, dostum! Diýýäniň näme how seň! Sen Gülälek ýaly gyza öýlenip, seniň günüň düzelse, men begenmejekmi eýsem?! Men saňa hakyky boljak zatlary aýdýan-da. Pis açmanyňda näme! Gülälek ýaly gyzlar seň ýaly, meň ýalyny äsgermeýär-dä!
Garik öýkeli hüňürdedi:
— Meniň günümiň düzeljegine begenesiň ýok. Begenjegiň çyn bolsa, tanyşdyrardyň.
— Begenerin, näme begenmän — diýip, Öwez sözüni tekrarlady. —Onsoňam, onuň halaşýany bar-a-how. Ol gyz hälem şoň bilen duşuşmaga barýardy.
— Ýalan! Indi ýumuşdan gaçyp, ýalan sözleýäň! Sen nireden bilýäň kimiň halaşyp, kimiň halaşmaýanyny!
— Alla jan kessin! — diýip, Öwez sag eliniň süem barmagyny boýnuna süýkäp goýberdi. — Ine, şujagaz gapdalymyzdaky goňşymyzyň ogly bilen halaşýa. Ol-da meniň klasdaşym. Men ikisiniň duşuşanyny gördüm.
— Ýalan! — diýip, Garik tükezzibanyna tutdy.
— Ynansaň, ýör, gideli, görkezeýin.
Owadan gyzyň ýigit bilen duşuşýanlygyny eşitmek Garik üçin diýseň agyrdy. Ol her zadam bolsa, Öweziň ýalan-çynyna göz ýetirmek isledi. Böküp, ýerinden turdy:
— Ýör, ýöne, aldaýsaň, kanala atyp gaýdaryn.
— Häzir oturan bolsalar-a görkezeýin. Eger gaýdan bolsalar, ertir gidip göreris — diýip, Öwez ynamly gepledi. — Olar şol ýerde günde duşýa.
Öwez bilen Garik tirkeşip ýola düşdüler. Ýöne olara Gülälekdir Emiriň duşuşýan ýerine barmak geregem bolmady. Öwez dagy maşyn ýola ýeten halaty Gülälek eýýäm duşuşyk ýerinden yzyna dolanyp gelýärdi.
Garik onuň ýekeligine begendi.
— Hana, onuň bir öz-ä. Ýanynda oglan ýog-a! — diýip, ol tolgunyp hem begenip, näme edýäninem bilmän, çep eli bilen gapdalyndan barýan Öweziň penjeginiň ýakasyndan tutdy. Gözleri Gülälek tarapyndady — Seret, ol ýeke gelýär!
Öwez hem Gülälegiň ýeke gelýänini görüp barýardy. Ýöne Öwez salym geçmän, Gülälegiň yzysüre Emiriň-de geçjegini, häzir onuň gyzy il gepine goýmazlyk üçin bukurak ýerde saklanýandygyny duýýardy.
— Guş kimin pasyrdap gelýä! Onuň ýöreýşine bir seretsene! Ýöreýşem müň gyza degýä onuň! — diýip, ýollaryň gyrasynda dikilen tillerdäki ýiti çyralaryň ýagtysyna birsyhly gyza syn salýan Garik ýene duýgularyna erk edip bilmän seslendi. — Şol gyza ýetip bilmesem, ölerin men, Öwez!
— Häzir görersiň, onuň yzyndan halaşýan ýigidi-de çykar! — diýip, Öwez sözleri bilen Garigi gynandyrdy. — Gülälek ýola ýeke çykmaz. Emir häzir Gülälegi gözleri bilen ugradyp durandyr. Ilden çekinip bile ýöremeýä olar. — Öwez Garigiň elini penjegindžen aýyrdy. — Gyz-oglan bolup, bileräk ýöräp bolanok-how şu zamanada. Derrew gepe ýataýýalar.
Gülälek Öwez daga golaý gelip, maşyn ýoldan geçdi.
— Bolgusyz gepiňi tüket — diýip, Öweze azgyryldy-da, Garik generaly gören esger mysaly aljyrady. Onuň bu wagt Öweziň gerekmejek geplerini diňläsi gelenokdy. — Hana, ol ýetip gelýä.
Öz pikirleri bilen gümra Gülälek ýene Öwez daga üns bermän, sallanjyrap, ýere bakyp, geçip gitdi. Garik ony gözleri bilen ýuwdaýjaga dönüpdi.
— Men heniz beýle owadan gyz göremok — diýip, ol tolgunmadan demi tutulyp, pyşyrdady. — Dodaklarynyň pökgüjedigine seretdiňmi? Açyljak bolup duran gunça meňzeýä olar, Öwez! Sen ol gyz bilen meni iň bolman, ýeke sapar bir gepleşdir! Bir gezek gep açyp bilsem, soňuny özüm oňararyn!
Şol pursat beton öýjagaz tarapdan gelýän Emir uly ýoluň gyrasynda göründi. Öwez henizem Gülälegiň yzyndan bakyp duran Garige ýüzlendi:
— Hana, onuň gepleşýänem gelýä. Diýdim-ä men saňa, yzynda garawullap oturandyr diýip!
Öweziň sözleri Garigiň gaharyny getirdi. Onuň gözlerinde gazap ody uçganaklap gitdi. Hut ýaňyja gyza bakyp, mylaýym duýgulara eýlenen ýüzi hyýrsyzlandy. Gahardan gaşlary gerildi. Sesini çykarman, Emire tarap syn saldy.
Emir Öwez bilen onuň şepesiniň ýoluň çatrygynda, öz geçmeli ýerinde duranyny gördi. Ol özüniň nireden gelýäniniň soralyp, syrynyň açylaýmagyndan çekinip, geçmeli gabadam bolsa, geçmän, ýoluň gyrasy bilen ýene esli ara ýöräp gitdi. Öwez dagynyň duran ýerinden mazaly ara açyp, soň ýoldan geçdi. Öwez daga tarap ýöremejek bolup, jaýlaryň gapdaly bilen öwrüm edip gitdi.
Emiriň bu bolşy Öwezde-de, Garikde-de ýakymsyz duýgy döretdi. «Özi tertipli bolansoň, biz ýaly bilen gepleşmäge namys etdi öýdýän» diýip, Öwez içinden pikir öwürdi. Garik Emire bolan pikirini daşyna çykardy. Ilki:
— Şolmy ol periniň halaýany? — diýip, Gülälegiň adyny tutman sorady. Öwez «hawa» diýen terzde baş atdy.
— Sen-ä äsgerýäne meňzänok — diýip, soňra Garik it ýylgyryşyny etdi. — Salama-da gelmedi. Özem bizi gördi. Gelmejek bolup, bilgeşländen öwrüm edip gidişini görýäňmi?
Emiriň öz ýanlaryndan geçmän, öwrüm edip gidenine Öwez kemsindi. Özüniň hapa bulaşanyny duýmagyň ýakymsyz duýgusy kalbyna ornaşdy.
— Gelmän geçsin — diýip hüňürdedi. — Meniňem şo diýip, gözüm-gaşym çekip duranok.
Şundan soň iki şepe-de aýrylyşdy. Olaryň hersi öz ýoluna gitdi. Öwez öýüne gaýtdy. Garik ýatak jaýyna.
-
myspaser
3 years ago
- ***
Gülälege aşyk bolan Garik özüniň el uzatjak bolýan şahasynyň özünden gaty belentdedigini bilse-de, oňa boýunyň ýetmejegi mese-mälim duýlup duran-da bolsa, Öwezlere gelmesini has ýygjamlatdy. Gülälegi görmek küýi ony şu derejä ýetiripdi. Işden soň ol Öwez bilen tirkeşip, her gün hut atasy öýüne gelýän ýaly bolup, Aýjahan daýzanyň bosagasyndan ätledi. Gözleri guduz itiňki kimin, mydama gyzaryp duran, içgä ir eýlenenligi sebäpli, gan-peti gaçyp, göm-gök bolup duran ýüz-keşpli, atan-satan bu kişini oglunyň henizem yzyna tirkäp ýörmesine Aýjahan daýzanyň soňa baka gahary gaýnap başlady. Garigi görende onuň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly bolýardy. Gany çogup, ýüregi titreýärdi. «Okaman geçen, okuwynam-a gutardy bi. Munuň ýene bi artyp bilen bile galyşyny» diýip, ol öz ýanyndan Öweze käýinýärdi. Her gün Garik sebäpli Öweze awusyny pürkmäge çemlenýärdi. Ýöne ýene gepiň ebeteýini tapman, pikirini goýbolsun edýärdi. Atasyz ýetim bolup ulalan ogluna nebsini agyrdýardy. «Goşun gullugyna gidensoň-a aýrylyşar şondan» diýip, öz-özüni köşeşdirýärdi.
Garik Öwezi gününe goýman, Gülälek bilen Emiriň duşýan ýerine-de äkitdi. Iki bolup ýaş juwanlaryň gep-gürrüňlerini ogryn diňlediler. Olaryň çaganyňky kimin sadaja gürrüňlerine Garigiň-de, Öweziňde gözi gitdi. Ýaş juwanlaryň kalbynyň çaganyňky kimin arassalygy olaryň edýän gürrüňlerindenem aňdyryp durdy. Olaryň gepi obadaky toýlar bilen klasdaşlaryndan aňry geçenokdy. Aşyklary diňläp, demlerini alman oturyşlaryna, Öwez bilen Garik özleri hakda pikir öwürdiler. Faýa daýzalara gelýän haýasyz aýallar, olar bilen özleriniň geçirýän sagatlary, aýdyşýan hapa sözleri ýadyna düşüp, oňaýsyz ýagdaýda galýardylar. «Men näme üçin şular ýaly bolmadymkam?» diýen arman olaryň ikisiniň beýnisinde-de at çapýardy. Gijäniň ümsümligi barha çuslanyp, misli, «Diňläň, synlaň! Hakyky ynsan çagasy nähili bolmaly!» diýýän ýaly, Emirdir Gülälegiň pyşyrdydan çala tapawutlanýan gürrüňlerini bu iki azgynyň gulagyna ýetirip durdy.
Gün geçdigisaýy Garigiň Gülälege bolan söýgüsi güýjedi. Ol dogup-döräli, beýle derdi-bela sataşyp görmändi. Hasratdan ýüregi sallanyp, agyrysy alyp barýardy. Keýpi ýokdy. Dünýä sygmajak bolýardy. Ol ejesiz-kakasyz bolup, her hili hor günleri başyndan geçirende-de, tussaglygyň kötel ýollarynda-da özüniň şeýle ejizlän pursatyny bilenokdy. Derdine çydaman, däliräýjek bolýardy. Bar zady ýykan-ýumran edäge-de, Gülälegi gujagyna alyp, bir ýerlere gaçyp gidäesi gelýärdi.
Ýaşyl ýapraklary saraldyp, solduryp, baldagyndan üzüp ugran güýzüň ortaky aýynyň ýekşenbä düşen günleriniň birinde Garik Öwezlere irgözinden geldi. Şol pursat Gülälek hem Öweziň gyz jigisi Nurjahanyň ýanyna gelipdi. Oktýabryň günleri dowam edýänem bolsa, maýyllykdy. Daşarynyň güneşli howasy jana şypa berýärdi. Gülälek bilen Nurjahan gapydaky tagta sekiniň üstünde tahýa jähek tutýardylar. Nurjahan jähegi çalýardy. Gülälek tikýärdi. Gülälegiň Nurjahanyň barmaklaryna ildirilen sapaklary bir geňsi kakyp alyp, tahýa çaltlyk bilen ýelmäp gidip oturyşy täsindi. Iş tikmesi gyzyň görküne öňküdenem artyk gelşik berýärdi. Gunça mysaly pökgüje dodaklar bek ýumlup, gür kirpikler süzülip, gyz ünsüni elindäki iňňede jemlände, akja ýaňaklarda çukanajyklar emele gelýärdi. Gara zülpler bolsa daşarynyň çalaja şemaljygyna gyzyň ýaňaklaryny sypap-sypap goýberýärdi.
Gülälek derwezä tarap bakyp otyrdy. Howla giren Garigiň gözleri ilki bilen Gülälege düşdi. «Wah, ol akja ýaňaklary şol zülpler bolup, meniň ellerim sypasa bolmaýamy?!» diýip, Garik duran ýerinde doňňara daşa dönüp, içini gepletdi. Ol nirä, näme üçin geleninem unutdy. Gülälege syn saldy durdy. Ahyry oňa Gülälegiň gözi düşdi. Şonda gyzyň özünden gorkup, tisginmesini onuň tegelenen gözlerinden Garik duýdy.
— Waý-eý, hana, ol adam geldi! — diýip, Gülälek gaýdyp Garige tarap seretmän, Nurjahana pyşyrdap, gep goşdy.
Gyz pyşyrdasa-da, Garik onuň sözlerini eşitdi. Özem gyzyň sözleri onuň ýüregine hanjar urlan ýaly etdi. Özüne «Ol adam» diýilmesini halamady. Bu sözler oňa özüniň bu jelegaýdaky adamlaryň hataryna goşulman, aýry hasaplanylýandygyndan habar berýärdi. Gülälegiň sözleri dile getirişem diýseň sowuk äheňdedi.
Nurjahan Gülälegiň pyşyrdysyndan soň yzyna çalt öwrüm edip, Garige tarap seredip goýberdi. Ony görende gaşlary çytyldy. Garige hiç hili gep goşman, ýüzüni kürşertdi-de, ýene işine güýmendi. Nurjahanyň ýüz kürşertmesem Garigiň öňki kemsinmesiniň üstüne urna boldy.
Garik gyzlara ýakyn geldi. Gözlerini Gülälegiň terje almany ýatladyp duran ýaňaklaryna dikip, gyzlara salam berdi:
— Salawmaleýkim!
Onuň salamyny hiç kim almady. Gülälek ziňkildäp gitdi-de, ýylan gören ýaly bolup, içini çekdi.
— Hih! Waý-eý, eje jan-eý! — diýip, gorky bilen pyşyrdady. Iňňesini elindäki tahýa sünjüp, ýakasyny tutdy-da, tüýkürdi. — Zähräm ýaryldy.
Nurjahan bolsa çümmüklenýän ýaly çyrlap, ejesini çagyrdy:
— Eje!
Onuň sesi şeýle bir ýiti çykdy welin, Aýjahan daýza ýüzüni ak tam edip, ylgap geldi.
— Näme boldy? Näme boldy? — diýip, gorkuly seslendi.
Nurjahan Garige tarap baş atdy:
— Ogluňy çagyr! Hana, dosty gelipdir. Munuň biziň ýanymyzda näme işi bar!
Garigiň ýüz-gözüni gök-nil edip, gyzlara tiňkesini dikip durşuny Aýjahan daýza-da halamady. Ol gözlerini elek-çelek edip, gaharly hüňürdedi:
— Gelen bolsaň, öýe gir, hanym! Aýyp bor beýdip, ýaş gyzlara göz dikip dursaň! — Şeý diýensoň, Aýjahan daýza gahar bilen tasap, içerik girdi-de, uklap ýatan Öwezi yralady. Oňa aldygyna käýindi. — Myhman çagyrdyňmy, ýolunda durarlar. Hana, ol dostuň gelip, jigiň dagyny gözleri bilen iýäýjek bolup dur. Näme işi bar onuň gyzlaryň ýanynda! Sen bu zatlaryň aýypdygyny öwretseň bolmaýamy oňa!
Öwez Garigiň gelenini duýdy. Ýerinden agras galyp, üst-başyny tertipledi.
— Men hiç kimi çagyramok — diýip hüňürdedi.
— Çagyrmaňda näme!—diýip, Aýjahan daýza sesini gataldyp gygyrdy. —Il seniň çakylygyňa seredip durmy! Geliberýärler-ä. Sen oglanjyk, dur bakaly. Seniň bilen bir gün egri oturyp, dogry sözleşerin! Atasyz ulaltdym, göwnüňe degmäýin diýip, seni başyňa giderdim men. Arma gidýänçäň zat diýmäýin diýip ýörün. Indi sabyr-käsäm püre-pür bolandyr meniň. Indi çydamok. Armyňa-da garaşjak däl, beýlekiňe-de. Sen ýa-ha bolar-bolgusyzlardan araňy açarsyň, ýa-da şu öýden garaňy saýlarsyň! Hä! Allanyň beren-ä ýeke ogul! Ony-da bermedi hasaplaýaryn!
— Gykylygyňy goý-how, goý! — diýip, Öwez ejesine hüňüdedi-de, daşaryk çykdy. Garigi garşylady. Ony mydama oturýan jaýlaryna salyp, özi ýuwnup-ardynmaga gitdi.
Iç girip, daş çykyp, ogluna çaý-suw berip ýören Aýjahan daýzanyň hüňürdisi galmady:
— Adamlaryňam bihaýadygyny! Bir ýere ýol salsalar, at tezegini guratmaz ekenler. Niräniň haramzadalaram muňa sataşýa.
Aýjahan daýzanyň gykylyklap diýýän sözlerini Garik eşidip otyrdy. Hemmeleriň özüni ýigrenýänligini duýmagyň ýakymsyz täsiri onuň gaharyny gaýnatdy. Gyzlaryň-da öz salamyny alman, ýakalaryna tüýkürişip, gorkup-ürküp duruşlary onuň gaharynyň möwjemesine itergi berdi. «Meniň ejesiz-kakasyz, öý-öwzarsyz ulalyp, şeýle günlere düşmegime men günäkärmi? Bular näme üçin meni äsgermejek bolýarlar?!» diýip, ol içini gepletdi. Gahary şeýle bir gaýnady welin, «Ýa bularyň barynyň içinden pyçak geçirip gidäýsemmikäm?!» diýip oýlandy. Moýmul-moýmul edip, çaýly çäýnegi düňküldedip, saçagyň üstüne çaý syçradyp goýup giden Aýjahan daýza-da gözüne ýigrenji göründi. Onuň çemçeleri dik duran ýerinden ite süňk oklan ýaly edip, oklap goýbermesi, käseleri şaňkyldadyp, döwäýjek bolup goýup gitmesi Garige: «Senden bizar bolduk» diýen ýaly boldy. «Bizar bolsaňam, gelerin. Ölýänçäň gelip, etjegimi ederin şu öýde!» diýip, gyzaran gözlerini petredip, Aýjahan daýzanyň her bir hereketini synlap oturan Garik içinden Aýjahan daýza bilen gepleşdi. «Hudaý meni şu güne salypmy, menem size hezil bermen. «Ýigrenýäniňiz üçin has beter zat görkezerin. Adamçylyk edäeniňizde-de sylajagym ikuçly sizi!» Garik esli oturansoň, özüniň deň-duşlaryna ezet berip gezen günleri hakda pikir öwürdi. «Olara-da azar berip, oňarypdyryn» diýip, özüniň şu çaka çenli edip gelen hereketlerini makullady. «Bujagaz daýzanyň oglunyň-da tumşugyna ýelmäp durmalydy kä wagt. Şony welin, oňarmadym. Zyýany ýok. Hiçden giç ýagşy. Munuň-da almytyny ýetirerin. Gowy günde ýaşaýanlary üçin, Allanyň özlerini ýalkany üçin gomparan bolýa bular!» Garik ýene öz göwnüne degenlere hyýalynda haýbat atdy: «Gomparyň bakaly! Menem sizi gowy gompardaryn!»
Ejesi saçagyň üstüni zatdan dolduransoň, Öwez-de geldi. Ejesinden käýinç eşidensoň, onuň-da keýpi ýokdy.
— Al, iýip-içiber — diýip, ol zordan mydyrdap, Garige çaý guýup berdi. Naharly jamy süýşürdi.
Keýpsiz bolansoňlar, şepeleriň ikisem seslerini çykarman iýip-içdiler. Öýkelese-de, bir garny aç, bir garny dok ýatyp-turup ýören Garik Aýjahan daýzanyň naharly jamyny boşadyp berdi. Saçaga goýlan zatlaryň baryny iýdi.
Çemçesini jama süýkäp-süýkäp alşy, çalt-çalt gäwüşemesi Garigiň özüni gahara aldyranyndan habar berýärdi. Aslynda guduz häsiýetli Garigiň gahary gelende nähili işlere ukyplydygyna belet Öwez onuň gan guýlan gözleriniň bakyşyndan çekindi.
— Al, çaý iç! — diýip, gorkusyndan, zol oňa çaý hödür edýärdi hem onuň yzly-yzyna boşadýan käseine çaý guýup berýärdi. Süýjüli gaby oňa tarap süýşürip-süýşürip, eňeginiň aşagyna dykaýjak bolýardy.
Garige mürähet gerek däldi. Ol daşy kagyzlyja süýjüleriň kagyzyny sypyryp, çigit çigitlän ýaly, zol agzyna atyp otyrdy. Agzyna düşen süýjüleri dişleri bilen şatyrdadyp ýençýärdi. Olardan gaharyny çykarýan ýalydy.
Daşarynyň arassa howasy girer ýaly açylyp goýlan äpişgeden Aýjahan daýzanyň gyzyna gep goşýany eşidildi.
— Gülälek gaýtdymy? — diýip, ol Nurjahandan sorady.
— Hawa — diýip, Nurjahan jogap berdi.
— Gülälek beýle gyssaga düşüpdir welin, näme, satjak bolýamy o tahýany? — diýip, Aýjahan daýza ýene sorady. — Jähek tutjak diýip, gün dogandan eňäýipdir-le bärik.
— Ýok-la, satanok. Birine berjek diýýä.
— Wiý, toba! — diýip, Aýjahan daýza hüňürdedi. — Oglan tahýany birine berjek diýýämi ol? Bi zamanyň gyzynda uýat-şerim galmandyr.
Nurjahan ejesine jabjyndy:
— Il bilen ne işiň, eje! Birine tahýa bereniň bilen uýat-şerim galmaýan bolýamyşmy? Biriniň doglan gününe sowgat etjek diýýä.
Nurjahanyň sözlerinden Gülälegiň tahýany Emire niýetläp tikenini Garigem, Öwezem çenledi. Bu habara Garigiň ýüregi sançdy. Emire gözi gitdi. Öz gününe kemsindi.
— Iliň ogl-a şeýle gerekli bolaýýa — diýip, daşarda Aýjahan daýza hüňürdedi. — Biziň oglumyza-da şeýdip, tahýa tiken tapylarmyka?
— Iliň ogly derekli, şonuň üçinem gerekli ol — diýip, Nurjahan ejesne igendi. — Seň ogluňda derek barmy, iliň gyzyndan tahýa sowgat alara?! Deregi bir wagt dargady seniň ogluň!
— Dereg-ä dargady — diýip, Aýjahan daýza gyzyny makullady.
Eneli-gyzyň gürrüňiniň soňy Öweze syrygdy.
— Özüň başyna goýberdiň ony — diýip, Nurjahan ejesini günäledi. Aýjahan daýza uludan dem aldy:
— Wah, başyna goýberip-goýbermän, men näme edeýin ony? Yzyna çopan bolup düşeýinmi? Çagaka sypdy-da ol elimden. Atasyz ulaldy, göwnüne degmäýin diýdim-dä!
— Göwnüne degmeli onuň, eje! — Nurjahan janykdy. — Öň degmedigem bolsaň, indi deg. Günde deg göwnüne. Hany göreli, käeleni bilen jany çykaýýamyka şonuň?! Töweregiňe üns ber, heý, şu jelegaýda seň ogluňdan başga yzyna bolar-bolgusyzy tirkäp ýören barmy?!
«Bolar-bolgusyz» diýlip, özüniň göz öňüne tutulýanyny Garik duýdy. Onuň ýüreginde Nurjahana bolan ýigrenç güýjedi.
— Ýuwaş bol, äpişge açyk, eşidäýmesin ol — diýip, Aýjahan daýza gyzyna duýduryş berdi.
Nurjahan gykylyklamagyny dowam etdi.
— Eşidip geçsin şol! — diýip, birem sypaýyçylyk etmän gepledi. —Şoňa eşitdirmek üçin ýörite diýýän. Öz ornuny, barmaly gapysyny bilsin. Şolar ýalyň gelmeli öýümi bu öý?! Özünde-de kem bardyr öýdenok, göreňokmy häli, utanç-haýany unudyp, eňegimize bitip durşuny! Gülälegi dagy gözi bilen iýäýjek bolýa. Bihaýa diýsäni! Derekli erkek kişi bolýan bolsa, gyzyň deňinden başyňy aşak salyp, geçibermeli bolar-da. Ýüz-gözi dagy näteňet artybyň. Görden çykanyň ýüzi ýaly. Barlap görseň, şonuň etmeýän haramlygy ýokdur. Şol sypaty bilen ne gözel adamlara salamam beren bolýar-a! Namysyň bolsa, ile çykma diýsene!
— Bes et diýýän indi. Bes et, boldy! — diýip, Aýjahan daýza gyzyna gygyrdy. — Dälirediň sen-ä.
Nurjahan gepiniň yzyny aga ýazdyrdy:
— Dälirejek. Ile çykarlygym ýok. Uly il seň ogluň gürrüňini edýä. Baran ýerimde menden «Öýüňize gelýän zat näme?» diýip soraýarlar. Aýt ogluňa. Getirmesini bes etsin şony öýe. Indi getirse, özüm kowaryn. Ol bu gün meniň jorama göz dikse, ertir birimize ýapyşar! Onuň şeýtjegini gyzaran gözleri aýdyp dur-a, eje! Seniň özüň gorkaňokmy, eje jan, ondan?! Eger öýde bolmasy bir iş bolaýsa, soň ile nädip çykjak? Özüňden bilermikäň diýdim, bilmediň sen. Kimi öýüňe goýberýäň sen?!
— Hany, goý agyňy! — diýip, Aýjahan daýza gussaly gepledi. — Seniň pikir edýän zadyňy menem müň ölçerip-dökýän. Öweziň armysy ýetip gelýä, şondan soň aýrylyşarlar-da — diýip ýörün.
Nurjahan agysyny goýdy. Ýöne gaharyndan köşeşmedi. Hüňürdedi:
— Garaşyber entek. Garaş isläniňçe. Gulluga gidýänçä bir iş goparmasa bolýa. Aram-aram ýüregim gysyp, dünýä sygmajak bolýan. Üstümize bir howp abanyp gelýän ýaly...
— Waý-eý, goýaweri, toba edeweri! — diýip, Aýjahan daýza gorkuly seslendi. — Allanyň özi gowusyny etsin!
— Öýüňe bidöwleti goýber-de, Alladan gowusyna garaş-da otur bakaly... Elbetde, Allanyň özi gowusyny etsin! Ýöne «Hudaýa ynansaňam, ynan, eşejigiňi welin, bekje duşa» diýýändir köneler.
Özüniň şeýle derejede äsgerilmezligi, sylanmazlygy, ýigrenilmegi Garigi ýüregine pyçak urlan ýaly etdi. Ol näme edýäninem bilmän, çaýdan boşan çäýnegi eline aldy-da, diwaryň ýüzüne pagşyldadyp urdy. Çäýnek çym-pytrak bolup, içindäki şemleri halynyň üstüne seçelenip gitdi. —Häýt, siziň bir... — diýip, çyrlap gygyrdy-da, Garik ýerinden syçrap turdy. Hapa sögündi. — Näme etdim-aý men bulara?! Diňe salam berenim üçinem bir şunça goh bolarmy-how!
Şeý diýip, ol gahar bilen daşaryk atyldy. Ol ejesidir jigisini bir bela sataşdyraýmasyn diýen gorky bilen, Öwez onuň yzyna düşdi. Garigiň bolşundan Öwez şeýle bir gorkdy welin, saňňyldama basyp, aýaklary titredi. Garigiň yzyndan ylgap:
— Garik! Garik! — diýmeden başga gepem tapmady.
Çäýnegiň pagşyldysy, Garigiň aýylganç sesi Aýjahan daýza bilen Nurjahanyň zähresini ýardy. Olar içerde Öwez bilen Garik uruşýandyr öýtdüler. «Waý-da-waý» bolşup, içerik atyldylar. Daşaryk çykyp barýan Garik bilen içeri girip gelýän Aýjahan daýzadyr Nurjahan bosagada pete-pet geldiler. Özüniň äsgerilmezlik edilýänine kemsinmeden gany depesine uran Garik eneli-gyzyň ikisinem bat bilen itip, gapdala zyňyp goýberdi.
— Ýaňkyja sözleriňiz üçin ikiňiziňem gözüňizi çykaryp bilýän! —diýibem, olara haýbat atyp gygyrdy. — Entegem, duzuňyzy iýenim üçin bu sapar zat diýmäýin. Ýene ýekeje gezek maňa erbet söz aýdanyňyzy eşidäýsem, diliňizi soguryp giderin. Siziňem menden üýtgeşik ýeriňiz ýog-a-how! Ýa Öwez menden artykmy?!
Nurjahan: «Öwezi sen zaýaladyň!» diýip, gygyrmak isledi. Ýöne öňem adam sypaty bolmadyk Garigiň ganyny gaçyryp, saňňyldap durşundan eýmenip, sesini çykaryp bilmedi.
Garik diýjegini diýip bolansoň, öýden çykyp gitdi. Öwez Garige eşitdirmek üçin batly sesi bilen ejesidir Nurjahanyň üstüne gygyrdy:
— Näme meň dostumyň göwnüne degdiňiz?!
Şeý diýip arlansoň, Öwez Garigiň yzyndan gitmek üçin daşaryk atyldy.
— Dostuň gursun, dosty gurmuş! — diýip, Aýjahan daýza gygyryp sögündi. — Dost bolarmy şondan! Ol, ynha, bir gün gelip, bizi soýubam gider! Derekli kişi duz iýdiren adamlara şeýdip topulyp bilermi?!
Öwez ejesine gepleýämiňem diýmedi. Batly-batly ýöräp, eýýäm esli arany geçen Garigiň yzyndan ýetmek üçin demi-demine ýetmän, daljygýança ylgady. Garigiň ýanyna baryp, hojaýynyna ýaranjak bolýan güjüjek kimin, onuň bir eýlesine, bir beýlesine geçip, delmurdy.
— Aýal-da olar, Garik. Olardan gaty görme sen — diýip, dostuna ýuwdunyp-ýuadunyp, gep goşdy. — Häzir yzyma gaýdyp baraýyn bakaly, men olaryň emini bererin. Gaýdyp saňa dil ýetirmez ýaly ederin!
Garik Öweziň gepinem diňlemedi. Ýüzüne-de seretmedi. Awtobus duralgasyna bardy. Јsgerilmese-de, Öwez onuň ýanyndan aýrylmady.
— Ýör, yzymyza baraly — diýip, birsyhly oňa ýalbardy. — Täzeden çaý içeli. Dynç alaly.
Garik ýene sesini çykarmady. Misli, Öwez özi bilen däl-de, ýer bilen gepleşýän ýaly, birsyhly gedemlik bilen dymmagyny dowam etdi. Içinden Aýjahan daýza daga sögündi: «Kimdirin öýdýä özüni olar. Bolsa bolupdyr girip-çykmaga tünegi. Islesem, baryny bir ýumrukda ýatyryp, öýlerini üstüne ýumrubam gidip bilerin. Özbaşdak öýüm ýok diýmesem, meniň nämäm kemmiş olardan? Işläp ýörsem, öýem edinerin-dä».
Awtobus geldi. Garik yzky gapydan mündi. Öwez-de onuň bilen mündi. Oňa wepalylygyny subut etmek isläp, onuň üçin bilet puluny töledi. Tä barmaly ýerlerine barýançalar gapdalynda oturyp gitdi.
Garik umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, öz bolýan otagynyň gapasyny açdy. Öweze barmysyňam diýmän, özi otaga girip, gapyny bat bilen ýapdy. «Gel-geç» diýilmedik Öwez Garigiň gapysynda ep-esli sadylla bolup duransoň, keýpsiz halda yzyna dolandy. Garigiň oglanlaryň başyna salan günlerini birin-birin ýatlap, özüni gorka aldyrdy. «Indi ol maňa-da gün bermez» diýen pikir kellesine gelende gorkusy has-da güýçlendi. «Belki, ejem daga-da zyýan eder. Indi näme ederkäm?»
Garik onuň üçin iň güýçli ýagydy. Öwez Garige hötde gelip biljek adam bardyr öýdenokdy. «Türmä-de girip çykypdyr. Düzelmändir-ä» diýip, birsyhly içini gepledýärdi. «Birden biziň öýümize zyýan etjek bolsa, kim onuň badyna kakar?!»
Özüni pikirlere hem gaýgy-gussa basdyran Öwez öýe gelende ejesidir jigisiniň üstüne it bolup jabjyndy. Çaga ýaly bolup, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp aglady:
— Näme üçin siz oňa zat diýdiňiz? Indi ol maňa gün bermez. Onuň halamaýan oglanlaryny nähili urup-ençýänini siz bir bilsediňiz!
Boýy ýeten oglunyň gorkudan saňňyldap, aglap durmasyna Aýjahan daýzanyň gözleri tegelendi.
— Wiý, munuň-a işi gaýdypdyr — diýip, gamgyn halda başyny ýaýkady. Gün berip-bermez ýaly, ýurduň eýesi şol artypmyşmy?! Elini bir degirsin, milisä aýdaýarys.
— Milise näme eder öýdýäň?! — Öwez barha sojady. — Mugallymlar diýen etdirip bilenok oňa.
Oglunyň ejizläp, bolup oturşyna Aýjahan daýzanyň hem ýüregi awady, hem gahary geldi. Ol:
— Asyl, sen onuň bilen gorkýanyň üçin tirkeşýämidiň? — diýp, Öweziň ýanyna gelip, onuň gözlerine dikanlady.
Ejesiniň sowalyna göni jogap gaýtarmasa-da, Öwez özüniň gorkusynyň baryny duýdurdy:
— Gorkmaýanlary gorkuzaýýa ol. Gorkmaýanlaryň başyna nähili gün salýanyny bileňok sen onuň!
— Hiý-wiý, işim gaýtdy! — Aýjahan daýza özüni ýere goýberip, Öweziň garşysynda çommalyp oturdy. — Men bolsam, bi ol artyby dost tutunyp getirýämikä diýýän öýe. Ýaşy dagy ep-esli uly görünýärem diýdim-le senden. Başda aýtsaň bolmaýamy sen ondan gorkýanyňy! Men ony saňa elini batyrmaz ýaly ederdim.
— Nädip ederdiň elini batyrmaz ýaly! — Öwez burnunyň suwuny çekdi. Aglap, birneme ýüregini gowzudansoň, gözýaşlaryny süpürdi. — Saňa güýjem bermeýä ol. Seni ýaňy nädip gitdi ol?
— Maňa güýç bermese, hökümet bar-a, oglum — diýip, Aýjahan daýza indi Öwez bilen mylakatly gepleşmäge durdy. — Aýdardyk aýtmaly ýerine.
— Ol öňem türmede oturyp gelen. Hökümedem düzedip bilmändir ony.
Aýjahan daýza ýene ganyny gyzdyrdy:
— Beýle bolsa, onuň ýanynda seniň asla köriň ýok. «Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň, belasy» diýilmänmidir. Oň ýaly adamlar bilen tirkeşiberseň, ahyr elter bir belanyň üstünden. Işiňden-ä çyk. Gaýdybam hiç ýere gitme. Oňa-da aýt. Gaýdyp şu gapydan ätläýmesin. Aňyrsy bir ýa-da iki aýdyr, seni goşun gullugyna çagyrarlar indi. On sekiziňem doldy. Gulluga gidýänçäň özüm eklärin.
Öwez sesini çykarman, dymdy. Aýjahan daýza gürrüňini gynançly dowam etdi:
— Wah, şony yzyňa tirkäp, öýe getireniňi başda-da halamandym men. Sypaty gelşiksizem bolsa, özi dereklimikä öýdüpdirin. Onuň bilen gorkup tirkeşýäniňi aýtsaň bolmaýamy öňräk. Okuwa-da goýbermezdim seni. Hökmanmy şol okuw. Beýle bela sataşanyňdan okamanyň muň paý gowy maňa. Ata-babaň okuw bilen geçipmi!
Nurjahan gahar bilen gepe goşuldy:
— Ah-eý, munuň özündendir-le hemmesi. Mekdepde okaýarka-da kim bir ýaramaz iş etse, şoňa ýan tazy bolar ýörer-dä. Şu öýe gelýän haramzadany-da näme üçin ala-böle şü yzyna tirkäp ýör?! Näme üçin ol başga kişä dost bolmandyr-da, diňe şuňa tirkelen ýaly bolup ýör?!
— Sen gepleme! — diýip, Öwez Nurjahanyň üstüne dazzarylyp gygyrdy. — Diliňi sograryn. Hälem bary senden boldy. Sen başladyň minni-minnini.
Nurjahan Öwezden çekinip durmady:
— Başlajagam! Diýjegem! Besdir, şu çaka çydadyk. Şol gapydan sekäýse, indi bizden gowulyga garaşma. Özüm palta alyp, maňlaýyny ýararyn.
— Eliňden geljek zady aýt!
— Geler! Gelmese-de, milise çagyryp gelip, senem onuň bilen bile ýygnadaryn! — diýip, Nurjahan gahardan titredi. — Bizi sylamasaňam, özüňi syla. Ýürek alyp tirkeşer ýaly zatmy şol! Onuň sypaty dagy näteňet! Gözleri mydama gyzaryp dur. Ýüzleri göm-gök! Häli onuň haýasyny giderip, bize seredişini gördüňmi?! Bir gün ol meni süýräbem gider! Aýal dagy alaýsaň, eliňden aýalyňy almanam hiç zatça görmez şol!
— Seni kim başyna ursun-aý! — diýip, burnuna salyp myňňyldady-da Öwez ýene dymdy. Garigiň Gülälege aşyk bolanyny, şoňa seredýänini aýtjak boldy. Ýöne gepiň il agzyna düşüp, ula giderinden, öz yzyna tirkäp ýöreniniň gyzlara göz dikýänini köpüň eşiderinden çekinip, dilini dişledi. Iki eli bilen kellesini tutdy. Soňam öýe girdi-de, ýassyk alyp, süýndi. Dynç alasy gelýärdi. Indi Garigiň özüne nähili seretjekdigi hakda alada edip, gaýga batdy. Ejesiniň işden çykmak hakda aýdanyny serinde aýlady. Ertiriň özünde zawodyň direktorynyň ýanyna baryp görmegi ýüregine düwdi.
-
myspaser
3 years ago
- ***
Şol günüň ertesi irden işe gelende stanogyň başynda keýpsiz hem gaharjaň halda duran Garigi görüp, ähli zat Öweziň huşundan çykdy. Garik Öweziň salamyny-da almady. Ýowuz häsiýetli dostunyň beýtmesi Öwezi has-da gorkuzdy. Öweziň bar gaýgysy Garige ýaranmak hem onuň keýpini açmak boldy. Garige nurbat ýasamak üçin gerekli demirleri getirip berdi. Gunortan naharyna barlanda, naharyny daşap berdi. Nahar üçin puly-da özi töledi. Garik Öweziň getiren taýýar demirlerinden nurbat ýasady. Beren naharlaryny iýdi. Sesini welin çykarmady. Özüni äsgermezlik edip goýberen daýzanyň oglunyň öz öňünde ýaýaplap ýörmesine onuň göhi gelýärdi. «Oguljygyňy welin islesem sylaryn, islemesem eýini ýetirip duraryn» diýip, ol öz ýanyndan Aýjahan daýza haýbat atýardy.
—Ejem «Işden çyk» diýýä. Direktora aýdyp göräýsem-mikäm? — diýip, Öwez Garige özüniň iş meselesi barada sala saldy. Öwez üçin Garikden maslahat soraman işden çykyp gitmek hem terslik ýaly bolup görünýärdi. Öweziň göwnüne bolmasa, ol hiç bir işi Garige geňeşmän etmeli däl ýalydy. Hiç bir zady Garikden bukmaly däl ýalydy. Öwezde Garige aýan däl syr bolmaly däldi.
Garik Öweze jogap bermedi. Öwez ýene Garigiň ýüzüne delmuryp bakdy:
— Basym goşun gullugyna-da çagyrarlar. Ýa şoňa çenli işläbersemmikäm?!
Garik ýene geplemedi. Ol demirleri gahar bilen şaňkyldadyp, biri-birine urup, lal açan ýaly bolup işläp durdy.
Halypasyndan birsyhly jogap bolmansoň, Öwez hem dymdy. Işi bilen boldy. Işden soň ýene Garige ýalbardy:
— Mende günä ýog-a-how, şepe. Men saňa hiç zat diýmedim-ä. Isleseň, ýör ýene öýe gideli, çaý içeli. Ejem dagy gaýdyp saňa hiç zat diýmez. Düýnem sen gaýdaňsoň, men oalara gygyrdym-ow.
Garik ýene Öweze gepleýämiňem diýmedi. Öz ýaşaýan ýeri bolan umumy ýaşaýyş jaýyna gitdi. Öwez hem ýene ýaranjaňlyk hem gorky bilen onuň yzyna düşdi. Goşa tirkelen ýaly bolup, onuň ýaşaýan ýerine bardy. Garik öňküleri ýaly, otagyna bir özi girip gidensoňam, ýüzüne urlan ýaly bolup, yzyna dolandy.
Şeýle ýagdaýda ýene iki gün geçdi. Hut tomus günlerini ýatladyp, ýekşenbeden bäri gyzyp duran howa birden üýtgeme bilen boldy. Salkyn aralaşyp, gögüň ýüzüne gara bulutlar üýşüp başlady. Öýlän bolsa pessaýdan pessaý öwüsýän ýel turdy.
— Howa üýtgeýä. Akrap başlandy — diýip, uly adamlar öz aralarynda gürrüň edýärdiler.
Pessaýdan başlanan ýeliň sagatsaýyn badyny üýtgetmesi, şemala başlaryny yraýan agaçlaryň saralan ýapraklaryny ýere döküp, şaglaşmasy, asmana üýşýän gara bulutlar duýgulara täsir edýärdi. Ýüreklere güýzüň özi kimin agraslyk berýärdi. Agyr howa ýürekgysgynçlyk döredýärdi.
Garik işden soň wepaly gul kimin öz hyzmatyny edip ýören Öweze gep goşdy:
— Men otaga baryp çaý oturtjak. Sen bolsaň, iýer-içer ýaly zat tapyşdyryp gel.
Öňem alýan aýlygynyň esli bölegini Garigiň bokurdagyndan geçirip ýören Öwez üçin şepesiniň ýumşy begenerlik bolmasa-da, onuň özüne gep goşmasyna Öweziň göwni açyldy. Ol Garigiň dil ýarmasyna guş bolup uçdy. Garik hakda beýnisinde at çapýan gorkuly pikirler şol pursat dyr-pytyr boldy. Sadyklyk bilen şepesine boýun bolup, bazara tarap eňdi. Kolbasa, ýaga bişen gutap alyp, şepesiniň ýanyna dolandy. Öwez gelende Garik kirden ýaňa reňki üýtgäp giden demir çäýnege çaý demläp, oýa batyp otyrdy.
Ol Öweziň getiren zatlaryny sesini çykarman symyşlamaga başlady.
— Iýiber senem — diýip, heniz gahary ýatyşmadygy mese-mälim bildirip duran sesi bilen Öweze mürähet etdi. Kirli käsä çaý guýup berdi.
Uzak gün stanogyň başynda durup ýadan Öwez-de açdy. Ol özüne hödür edilende, stoluň üstündäki zatlardan işdämenlik bilen iýmäge başlady.
Seslerini çykarman iýdiler. Iýmeli zatlary gutaransoň, Garik krowatyna geçip süýndi. Gözlerini süzdi ýatdy. Özüne «git» ýa-da «otur» diýilmänsoň, näme etjegini bilmän, Öwez şepesine seredip, biraz oturdy. Tutusyz aýnadan dünýäniň garalýany görnüp durdy. Güýzüň gysga gündizi eýýäm ornuny garaňkylyga tabşyryp ýördi. Ýel güýjeýärdi.
Garik pikire batyp, ep-esli ýatansoň, ýerinden galdy. Demir krowatyň gapdalynda duran şkafjykdan ýarysy içilen arak çykardy. Ondan bir käse guýnup, duran ýerinden ötüginden ötürdi. Öweze-de guýup berdi. Arak içesi gelmese-de, Garigiň sözüni ýykmakdan gorkup, Öwez hem öňüne itilen käsäni boşatdy. Garik ýene bir käsäni başyna çekensoň, boşan çüýşäni şkafjyga salyp goýdy. Keýpi kökeldi. Ençe günden soň ilkinji gezek ýylgyrdy. Ellerini biri-birine süýkäp, keýpli duýgusyny daşyna çykardy. Ençe gün bäri söwdasy oňmadyga dönüp, kürşerip ýören şepesiniň ýylgyrmasy Öwez üçin ogul jigisi bolan ýalydy. Ol hem şepesine ýylgyryş bilen jogap berdi.
— Indi bolsa gidýäs — diýip, Garik dabaraly gürledi. Otagdan çykmak üçin gapa ýöneldi. — Ýör!
Öwez onuň yzyna düşdi:
—Nirä?
— Baraňsoň bilersiň!
Özüniň günde münüp, öýüne barýan awtobuslaryna labyrlaryny atan wagtlary bir ýakymsyz duýgy kalbyna ornap, Öweziň ýüregi jigläp gitdi. Ol Garik öz öýlerine barýandyr öýdüp, pikir etdi. «Eýgiligemikä?! Ýa ar aljak bolýamyka?» diýip, gorky bilen pikir öwürdi. Ejesi, Nurjahan göz öňünde gaýmalady. «Birden olara topulyberse, näderkäm?» diýip, gaýga galdy. Paltadyr pilleriniň nirede durýanyny hakydasyna getirjek boldy. «Ejem daga degs-ä-hä kyn bolar-ow. Bir zat tapyp uraýanymda muňa güýjüm ýetermikä?»
Alada-pikirler bilen Öwez düşmeli ýerlerine nähili ýetenlerini duýman galdy. Garik ýeňinden çekip, düşmegi duýduranda, ol awtobusyň heniz öz öýleriniň deňine ýetmänini bildi. Garik kanalyň gyrasyndan geçýän uly ýoluň çatrygynda düşüp durdy. «Bize-hä baranok bi» diýip, Öwez awtobusdan düşüp durka ýene içini gepletdi. Emir bilen Gülälegiň duşuşyk ýerini ýatlanda ýene ýüregi jigledi. «Şol ýere bolaýmasa. O taýda näme işlejekkä bi?»
Öweziň diýşi ýaly boldy. Garik uly ýoldan geçip, ot-çöpleriň içi bilen kanalyň boýuna düşdi. Öwez hem ondan galmady. Kanalçylaryň goýup giden jaýyna ýetmäge esli ara galanda Garik aýak çekdi-de, özüni ýere goýberdi:
— Biraz oturaly şu ýerde.
Ol guran ösümlikden bir çöpjagazy döwüp aldy. Ony agzyna atdy. Çöpjagazy dişläp, dymdy.
Öwez-de onuň gapdalynda çökdi. Garigiň ýüzüne soragly bakdy:
— Sen Gülälegiň ýanyna barýamyň?
Garik «hawa» diýen terzde baş atdy.
— Olar bu gün bardyr öýdýäňmi sen? Seret, bu gün nähili şemal! Howa üýtgeýä. Maýyl günler bilen sowuk günler ornuny çalyşýa. Türkmenler «akrap» diýýä muňa. Bilýäňmi sen?
— Sen «Olar günde duşuşýa» diýdiň-ä — diýip, Garik gepini Gülälekdir Emire syrykdyrdy.
— Olar gowy günlerde duşuşýady. Beýle şemalda gelerler öýdemok men-ä...
Garik gözlerini süzdi:
— Bolsa bolany, bolmasa-da, gaýdybiýris yza.
— Bar bolsalar näme? Gepini diňlejekmi? — Öwez Garigiň ýüzüne ýylgyryp bakdy. — Gülälegi göresiň gelip dir-ow bu gün?!
Garik gepi bilen Öweziň zähresini ýardy:
— Bar bolsa, bu gün Gülälek meňki bor. Men oňa öýlenmäge gelýän!
Bu habara Öweziň endamy dyglap gitdi. Gözleri peträp, hanasyndan çykara geldi.
— Öýlenmäge? — diýip, geň galyp sorady. — O nähili, öýlenmäge?! Onuň halaşýany bar-a-how, Garik! Emir näme, ony saňa berer öýdýäňmi?!
— Lal bol! — Garik Öweze azgyryldy. — Özüňem ol ýere baranymyzdan soň meniň bir diýenimi iki gaýtaladaýsaň, öldürip, kanala ataryn seni, düşündiňmi?!
Öwez «hawa-da» diýmedi, «ýogam». Doňňara daşa öwrülip, Garigiň ýüzüne seretdi-de, öweldi galdy. Ol «şepe» diýip ýöreni beýle zatlara-da ukyplydyr öýdüp, hiç wagt pikir etmeýärdi. Şonuň üçin häzir Garigiň diýen gepi Öwez üçin bulutsyz asmanda ýyldyrym çakan ýaly boly.
— Indem ýöräli — diýdi-de, Garik ýerinden turdy.
Öwez sadyk gul kimin onuň yzyna düşdi.
Beton jaýjagazyň arka ýüzüne baryp, aýak çekdiler. Jaýjagazdan hüňürdi sesleri gelýärdi. Garik barmagy bilen Öwezi dürtüp, beton jaýa tarap baş atdy. Bu onuň: «Olar bar» diýdigidi. Öwez oňa düşündi.
— Hawa, bar, bar, sesleri gelýär — diýip, pyşyrdady.
Garik oňa: «Ýuwaş bol» diýen terzde dodaklarynyň üstüne barmagyny goýup, yşarat etdi. Öwrüm edip, şemalyň ugruna geçdiler. Bu ýerden aşyklaryň sesini gowy aňşyryp bolýardy.
— Şemal güýjeýä, gaýdaly! — diýip, Gülälegiň sesi eşidildi. —Yzynyň ýagşa sapmagy mümkin. Akrap başlady öýdýän.
— Ýene biraz oturaýaly — diýip, Emir Gülälege ýalbardy. — Şu gün, nämüçindir, sen gözüme has-da eziz görünýäň. Senden asla aýrylyp gidesim gelenok. Şu gün aýrylyşsak, soň gaýdyp duşuşmajak ýaly...
— Goýaweri, tapýan gepiň nähili seniň — diýip, Gülälek Emiriň sözlerine ör-gökden geldi. — Duşuşarys nesip bolsa ýene, näme duşuşman.
Ikisem biraz dymdy. Soň ýene Gülälek dillendi:
— Şu gün-ä, dogrusy, meniňem ýüregim gysýa. Şemaldan bolmagam mümkin. Şemal mydama ýürekgysgynçlyk döredýä. Häli, öýden çykanymyzda-da beýle güýçli öwüsmeýäd-ä bi. Gaýtjak wagtymyz ýolda uçurmasa-da biri indi.
— Öz-ä güýjeýär-aý — diýip, Emir agras gepledi. — Ýagyş ýags-a-ha, ýel köşeşerdi.
— Gideli, ejelerimizem gözlär häzir — diýip, Gülälek ýene gidermen boldy.
— Ejemiz-ä gözlemez. Çaga däl-ä biz indi — diýip, Emir Gülälegiň zol gaýtjak bolup durmasyna gynanýanyny bildirip, uludan dem aldy. — Ýöne beýle gaýdasyň gelýän bolsa gaýdaýaly.
Kagyzyň şakyrdysy eşidildi.
— Şuny seniň üçin ýörite tikdim. Doglan günüňe.
— Näme bi? Be, sen meniň doglan günümi ýadyňdan çykarmansyň-ow.
— Tahýa. Adyňy-da ýazandyryn nagyş bilen.
Garik Öwezlerde Gülälegiň tahýa dümtünip oturanyny göz öňüne getirdi. «Şuň üçin eken-ow ol tahýa» diýip, ol gep diňläp oturyşyna içini gepletdi.
— Edil deňelip biçilen ýaly, laýyjak — diýip, Emiriň sesi geldi. Nagyşlaram gaty owadandyr munuň. Häzir garaňkyda görnenok. Öýe baryp, synlaryn.
— Şemal uçuryp äkidäýmesin. Eple-de, şu gazete dolaý. Öýüňe baryp görersiň. Ýör, indem gaýdaly.
— Ejem dagy «Muny kim berdi?» diýse, näme diýeýin, Gülälek? Aýdaýynmy seň tikeniňi?
— Aýdyber. Ony doganyňam gördi tikip otyrkam.
— Bibimi?
— Hawa.
— Öýdäkilere gep düşündirmek üçin ikimiziň öňümizde hiç hili kynçylyk ýok-da onda?!
— Şeýle bolaýmagam mümkin.
— Şu gün sen meni nähili begendireniňi bir bilsediň, Gülälek!
— Men ýöredim onda.
— Bolýa, sag-aman bar! Menem häzir yzyň bilen ýörärin!
Gülälek beton jaýjagazdan çykyp ýetişmedi. Gitmek üçin ýaňy bir ädim äden halaty Öwezi yzyna tirkäp, onuň öňünde Garik peýda boldy.
Gülälek ýylan basan ýaly, tisginip, yza tesdi. Garaňky gijelerde-de ýigidiň ýüzüne göni bakmaga ejap eden gyz, yzyna gaýdyp, Emiriň gollaryna ýapyşdy:
— Hih! Bular kim, Emir?!
Güýjäp-güýjäp, betonlary-da goparyp zyňaýjak bolýan şemal göz açdyranokdy. Ýeliň badyna til simleri üzülip, çyralar öçüpdi. Ýaşaýyş jaýlary tarapda-da, ýoluň gyralarynda-da yşarýan yşyk ýokdy. Töwerek tüm garaňkydy. Şeýle bolansoň, Emir-de, Gülälek-de gabatlarynda duranlary birbada tanap bilmediler.
Emir olary tanajagam bolmady. Gülälegiň elinden tutdy-da, olardan çeträge geçip, ýöräp ugrady:
—Hany, ýör. Biziň bular bilen işimiz ýok. Öz ýolumyza ýöräli.
Garik Emiri bat bilen itip goýberdi-de, onuň golundan Gülälegi çekip aldy. Gyzy bagryna basdy.
Gülälek böwrüne pyçak urlan ýaly bolup çyrlady:
— Emir! Basym ylgap git-de, milisä habar ber!
Gyz Garikden sypjak bolup, onuň gujagynda ýylan bolup towlandy. Ýöne güýji ýetik daýaw erkek kişiden sypmak ejiz göwrä başartmady.
Emir elindäki gazete dolanan tahýany bir çete oklap, Garige topuldy:
— Goýber ony! Eger bize bir zat diýseň, ertir milisä aýdyp, gözüňde ot ýakdyraryn!
Garigiň gahara ýugrulan zoňtar gülküsi harasat şuwwuldysynyň içinde ýitip gitdi:
— Ha-ha-ha-ha! Gör-le munuň batyrjalygyny! Milisä aýtjakmyş! Ha-ha. Sen-ä meni gaty gorkuzdyň!
Şeý diýdi-de, Garik bar güýjüni jemläp, Emiriň ýüzüne sag eliniň tersi bilen ýelmäp goýberdi.
Mydama dawa-jenjeliň içinde gezip, ýumruklaşmadan ýetik tejribesi bolan ini-boýy ýetilen Garigiň dyňzap duran güýjüniň ýanynda heniz süňňi bekemedik Emir ejiz geldi. Ol idenekläp gitdi-de, ýer garbady. Emir ýerinden turýança Garik Gülälegi ysgaşdyrdy hem sypaşdyrdy:
— Gülälek diýseň, Gülälek! Gülüň ysy gelýä mundan! Eýjejikdigini!
Gülälek Garigi tanady-da, ýene çirkin gygyrdy:
— Emir! Öwezlere gelýän betnyşan adam bi! Ylga-da, ýola çyk! Iň bolmanda öten-geçen bardyr. Kömege çagyr birini! Bi bize eýgertmez! Guduza meňzeýä bi!
— Ýok, men seni taşlap, hiç ýere gitjekgä — diýip, Gülälege jogap berdi-de, Emir ýerinden turup, ýene Garige ýapyşdy:
— Goýber gyzy!
Garik Emiri ýene öňküsi ýaly urdy-da, Gülälegi oýnaşdyrmagy dowam etdi:
— «Betnyşan adam» diýmäň näme seň, keýgim hä?! Seniň ol ýigitsumagyňdan näme kem ýerim bar, meniň, ä?! Gulagym ýekemi? Aýagym dörtmi, hä?!
— Gabyr bol! Gabyr bol! — diýip, Gülälek oňa azgyryldy. — Seniň beýniň ýok!
Bu arada ýene ýerinden turup ýetişen Emir ýene gelip, Garikden aslyşdy.
Garik bir gapdalda sadylla bolun duran Öweziň üstüne gygyrdy:
— Öwez! Ýok et muny meniň ýanymdan! Azaryny ýetirme!
Öweziň adynyň tutulmagy Gülälegi-de, Emiri-de serpmeden gaýdan ýaly etdi.
— Öwez?! — diýşip, olaryň ikisi iki ýerden geň galyp seslendiler.
— Öwez! Senmiň bu guduzy biziň yzymyzdan getiren?! — diýip, Gülälek naýynjar gygyrdy. — Öwez jan! Sen biziň klasdaşymyz, goňşymyz, doganymyz ahyry! Emire kömek et sen! Öwez! Dogan!
Öweziň huşy başyndan geçdi. Guduzlaýan ýalydy. Onuň bozlap gygyrýan Gülälege ýüregi awamady. Misli, ýüregi-de, beýnisi-de doňan ýalydy. Onuň aňynda diňe bir zada düşünje bardy. Sadyklyk bilen Garigiň diýenini etmelidi. Şeýtmese, kimdir biri onuň janyny alaýjak ýalydy. Häzir-ä nije günläp özüne ýüz bermän, ýaňy bir gepleşip ugran şepesiniň diýeninden asla çykyp biljek däldi.
Ol öz pikirlerine gulluk etdi. Berk düwlen ýumruklary bilen Emiriň ýüzüne urup başlady. Aýaklary bilen çem gelen ýerine depdi. Emir Öwezden ýüz-gözüni goraglap, beton jaýat tarap yza çekildi hem Öweziň üstüne gygyrdy:
— Öwez! Guduz açdyňmy sen?! Kelläň ýerinde dälmi seniň?! Men saňa hiç hili ýamanlyk etmedim-ä, Öwez! Ikimiz klasdaş ahbeti! Biz bileje oýnap-ösdüg-ä! Bileje duz iýdig-ä!
Öwez Emiriň gepleýäninem duýanokdy. Ol diňe ýüpden boşanan göle ýaly patanaklap, Emiriň çem gelen ýerine urup, depip, ony aljyradyp alyp barýardy. Hemme zat göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi. Öweziň özüni sylamajagyna göz ýetiren Emir hem güýjüni jemledi. Iki bolup, biraz salym itnişenlerinden soň, olaryň ikisem ýere ýykyldy. Guma togalanyşyp, biri-biriniň saçlaryndan çekişip, ýüzlerinden ýolşup ugradylar. Emir birden Öwezi bagrynyň aşagyna aldy-da, bogup ugrady. Öwez Garigi kömege çagyrdy:
— Garik!
Garik Gülälegi goýberip, Emiri Öweziň üstünden aýyrdy. Ony ýüzin ýatyryp, gollaryny arkasyna towlap tutdy. Dyzlaryny biline diräp durdy.
— Gülälek, gaç! — diýip, Emir ýatan ýerinden Gülälege gygyrdy. — Sen halas bol! Bular maňa hiç zadam etmezler!
Gülälek gaçmady-da, Emire kömege ylgady. Baryp, Garigiň saçlaryna penje urdy. Özüni dürsäp ýetişen Öwez Gülälegi Garikden aýryp, çete zyňdy.
— Hol ýatan daşy al-da, ýelme munuň kellesine! Çalt bol! — diýip, Garik Öweze gygyryp, buýruk berdi.
Öwez bir wagt oturgyç hökmünde ulanmak üçin goýlan äpet daşlaryň birini hyklap, zordan galdyrdy-da, onuň bilen Emiriň kellesine urmak üçin ýöneldi.
— Emire degme, Öwez! — diýip, Gülälek ýykylan ýerinden emedekläp turup gelşine, Öweze tarap atyldy. Onuň öňüne böwet bolmak isledi. Ýöne ýetişmedi.
Emirem ýatan ýerinden:
— Öwez! Degme maňa! Ýalbarýan! — diýip gygyrdy. — Akylyňa aýlan, Öwez! Seniň kelläň üýtgäpdir! Däliräpsiň sen!
Emiriň iň soňky aýdan sözleri şu boldy. Öwez şol pursat elindäki äpet daşy onuň kellesinden eňterdi. Emir:
— A-a-a... edip seslendi-de, demsiz-düýtsüz süýndi galdy. Daş onuň beýnisini şol pursat mynjyratdy. Ýöne garaňky gijede ýarylan kelleçanak, ýigidiň ýüzüni boýan gan hiç kime görünmedi.
— Emir! Emir! — diýip, Gülälek ýüregini paralap, zaryn-zaryn aglady.
— Ine, büý-ä indi bize azaryny ýetirmez — diýdi-de, Garik keýpikök halda ýerinden turdy. Emiriň ýanyna geçjek bolan Gülälegi ýene bagryna basdy. — Indi eýjejigimiz bilen keýp çekeris!
— Goýber meni! Goýber! — diýip, Gülälek onuň ýüz-gözüni penjeleri bilen ýoluşdyrdy. — Sen aslynda derekli adam bolan bolsaň, Alla seni ýedi gapyda ýer tapman, entäp ýören ýetim edip ýaratmazdy!
Garik Gülälegiň gepine ünsem berenokdy. Ol keýpikök gülýärdi. Gülälegi sypaşdyryp, oýnaşdyryp, ahyry ýere ýykdy. Gyzyň maý tapsa kelemenleýän ellerini Öweze tabşyrdy:
— Bu eýjejigimiziň ellerini sakla, Öwez! Muňa hakyky erkek kişiniň kimdigini görkezeli!
Öwez Gülälegiň ellerini saklady.
— Öwez! Sen garamaňlaý bolarsyň! — diýip, Gülälek ýatan ýerinden oňa gygyrdy. — Hiç wagt seniň iliňkä meňzeş ykbalyň bolmaz! — Öweze şeý diýensoň, Gülälek eşiklerini çykaryp, ak bedenlerini ýalaňaçlaýan Garige sögünip gygyrdy. — Goýber meni, betnyşan! Goýber!
— Sem etsen-aý sesini! — diýip, Garik Öweze tabşyrdy. — Keýpi bozýa!
Bulardan özüne hiç hili rehim-şepagat bolmajagyna göz ýetiren Gülälek soňra olara ýalbarmaga başlady:
— Rehim ediň maňa, doganlar! Ile wejra etmäň! Haýsyňyza diýseňiz abraý bilen baraýyn! Ýöne zat diýmäň maňa!
Ene rehim bolmady.
— Sesini sem et diýýän! — diýip, Garik Öweze azgyryldy.
Gülälek töwerekden haraý isläp gygyrdy:
— Eje! Adamlar! Doganlar! Kömek ediň! Öldürýäler!
Gyzyň naýynjar sesi güýçli harasadyň goh-galmagalynyň içinde ýitip gidýärdi. Garik onuň maňlaýyna güýçli ýumrugy bilen gülçüldedip urdy. Öwez bolsa äpet aýalary bilen gyzyň agzyny tutdy. Şundan soň Garik seňselän gyzyň üstünde eşek bolup agynap başlady. Bu pursatda äpet daş bilen kellesi ýarylan Emir jan berip, ölüp barýardy. Ol açyk gözleri bilen Gülälege jebir berlişini iň soňky pursatda sessiz synlaýardy hem gutaryp barýan beýnisi bilen gyzyň naçarlaýan sesini duýýardy...
-
myspaser
3 years ago
- ***
Garik keýpini kökläp bolansoň, ne öli, ne diri bolup ýatan gyzy Öweze tabşyrdy.
— Al, senem keýpini görerin diýseň...
Şeý diýip, ol bir çete özüni oklap, dynç almak üçin arkanlygyna süýndi.
Gözüniň alnynda Garigiň keýp çekenini synlap, haram duýgulary oýanan Öwez mürähetden ýüz öwürmedi. Onuň-da Gülälegi gujaklap göresi gelýärdi. Ol Garikden rugsat bolandan, Gülälege aç gurt bolup topuldy. Ony çekeleme kemini goýmady. Işini birýüzli edensoň, Garigiň gapdalyna baryp, şepesine meňzäp süýndi.
— Beýdişip ýatsag-a, uklap galarys. Ertir bolsa bizi bu ýerden milisiýa ýygnar — diýip, Garik gapdalynda süýnen Öweze gep goşdy. — Bulary jähennem edip, özümizem ýola düşmeli.
Milisiýanyň ýatladylmagy Öweziň keýpini bozdy. Ol gorky bilen ýerinden turdy:
— Ýör onda, basymrak gideli bu ýerden. — Şeý diýip, ol bir gapdalda süýnüşip ýatan Gülälek bilen Emire tarap seretdi. — Bular bilen nä işimiz bar. Olaryň özleri turan wagtlary öýlerine giderler.
— Näme?! — diýip, soragly bakdy-da, Garik Öweziň gepine hahahaý-lap güldi. Soňam birden agraslandy. — Samsyk diýsä. Indi bular turup biler öýdýäňmi sen?! Turar ýaly etdiňmi sen olary?!
Garigiň sözleri Öweziň gulaklarynyň düýbünde bomba ýarylan ýaly etdi. Endamy gyzyp gitdi-de, şaglap der basdy. Gulaklary şaňlady. «Turar ýaly etdiňmi sen olary?!» diýen sözleri beýnisinde gaýtalady. «Diýmek, indi bu zatlar meň boýnuma atyljag-ow» diýip, içini gepletdi. Onýança-da süýnüp ýatan Emiri elläp gören Garik Öwezi has-da gorkuzdy:
— Munyň-a eýýäm gutarypdyr, endamy buz ýaly?
Gorkudan Öweziň dili tutuldy. Dişleri şakyrdap, üşedip başlady. Indi onuň kellesi birneme durlanyp, aýňalyp ugrady. Ejesiniň: «Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar...» diýip gygyrýan sesi gulaklarynda ýaňlanyp giden ýaly boldy. Elleri bilen kellesini tutdy. Adamyň ölenini ol ilkinji gezek synlap görýärdi. Öwez daşy alyp, Emiriň kellesiniň üstünden zyňanda onda adam öldürmek niýeti ýokdy. Diňe şepesine kömek edip, Emiri agyra ulaşdyryp, biraz ýatyrmak isläpdi.
Misli, iki sany guduzyň köşeşenini görüp, «Siz köşeşen bolsaňyz, menem bes etjek» diýýän ýaly, harasat hem biraz badyny gowşadyp, ýagyş sepeläp ugrady. Ilki iri-iri damjalar pat-patlap gaçmaga başlady. Soň bolsa bedreden guýulýan ýaly bolup, çabga guýdy.
Öwez kellesini tutup oturyşyna Gülälekdir Emir bilen çagajykka aýak ýalaň, baş açyk, bileje oýnan günlerini, soň mekdebe gidişlerini ýatlady. Mekdep ýyllary göz öňünde gaýmalady. Klasdaşlarynyň pert-pert sapak aýdýan pursalaryny ýatlady. Olaryň hut ýaňyja: «Öwez! Sen biziň klasdaşymyz-a!» diýşip zarynlap gygyryşlaryny hakydasyna getirdi. Birdenem:
— Eý, Hudaý! Men näme edipdirin, Garik! Men näme edipdirin! —diýdi-de, kellesine ýumruklap aglamaga başlady. — Men olaryň hijisinem öldürmek islämokdym!
Garik aşak eglip, Öweziň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Soňam azgyryldy:
— Bes et aňňyrmaňy! Sesiňi eşidip, milise-beýlekiniň gelerini isleýäňmi? Bu eden işiň üçin özüňe nähili jezanyň beriljegini bilýäňmi?!
Öwez iňňildäp biraz aglansoň, sesini goýdy.
— Atarlar indi seni! — Şeý diýip, Garik Gülälegi elläp gördi. —Bularyň biri öli, birem öli däl. Bu gyzyň ininiň ýylysy bar.
Gülälegiň ölmänligine Öwez begendi.
— Onda ony doktora äkideli, Garik — diýip, mydyrdady. — Ýoldan tapdyk diýeris.
Garik Öweziň ýeňsesine çalyp goýberdi:
— Paňkelle diýsä! Јkit doktora. Ertir özüne gelsin-de, ol gyz seniň janyňy jähenneme ibertsin! Hana, hol ýatany öldüreniňi aýtmaz öýdýäňmi?! Bu gyz aýtmanda-da, hökümetiň özem aýtdyrar saňa. Sen hökümet diýen zadyň nämeligini bileňok entek.
Hemme zatdan Öweziň öz jany süýji göründi. Ol şu pursatda özüniň diri galmagy üçin ähli zada kaýyldy.
— Indi näderis? — diýip, Öwez iki eli bilen kellesini tutup oturyşyna gaýgyly gepledi.
— Indi bulary etmelisi şeýle — diýdi-de, Garik süýnüp ýatan Emiriň aýaklaryndan tutdy. — Bar, adam geleni bildirmez ýaly, onuň baş ujundaky daşy alanja ýeriňde goý. Soň munuň egninden tut.
Gülälegiň öz tahýasy hem-de Emire sowgat berlen, daşy gazetli tahýa şemalyň badyna beton haýatyň düýbüne uçup barypdy. Bu wagt Öwez diwaryň düýbünde ýatan ol tahýalary görenokdy. Ol Emiriň baş ujunda ýatan harsaň daşy alyp, tahýalaryň duran çüňkünde tertipläp goýdy. Tahýalar daşyň aşagynda galdy.
Şundan soň iki bolup, Emiri göterip, kanala atdylar. Soňundan Gülälegi taşladylar. Gülälegi zyňyp, yzlaryna dolanan halatlary Garigiň aýagy palçyga typdy-da, ýykyldy. Ýerinden galjak bolanda ol hem kanala gitdi. Buz ýaly suwa hem kanalyň aşagynyň çägeligi sebäpli, barha özüne sormagyna zähresi ýarylan Garik bokurdagyna pyçak goýlan ýaly bögürdi:
— Öwez! Eliňi ber, Öwez!
Ol äpet göwräni çekip almak üçin elini uzadaýsa, özüniňem kanala gitjegini Öwez bilýärdi. Şonuň üçin ol Garigiň sesini eşitmediksirän bolup, öňe atyldy.
— Öwez! — diýip, Garik gark bolup barýarka ýene zähre ýaryp gygyrdy. —Çykaýsam, öldirin!
— Çykmanjyk geçseň gerek — diýip, mydyrdady-da, Öwez özüni çöp-çalamlara urup, demi demine ýetmän ylgady. Hem aglaýardy. Misli, onuň aýak yzlaryny ýitirmäge kömek etmek isleýän ýaly, ýagyş hem birsyhly guýýardy.
Ol daljygyp, ylgap-ylgap, kanalyň köprüsine ýetdi. Dünýäniň garaňkylygyna begenýärdi. Köpriniň ýanyna baransoň, şähere tarap ýöredi. Yzyndan ýeten maşyna el galdyryp mündi. Ilki şäheriň merkezine bardy. Merkezde düşüp, başga maşyna münübem, öýüne gaýtdy...
***
Aýnabat daýzanyň gulagyna kimdir biri çirkin gygyran ýaly boldy. Ýüregine pyçak urlan dek bolup, ýerinden galdy. Garaňkynyň içinde sermenip, Gülälegiň ýerini barlady. Gyzyň ýeri boş durdy. Hatda düşegem ýazylmandyr. Daşarda bolsa harasat dünýäni düňderäýjek bolýardy. Apy-tupanyň oýnundan töwerek lerzan alýardy. Demirler biri-birine urulýardy, şatyrdap döwülýän agaçlaryň sesleri gelýärdi.
— Eý, hudaý jan, bu nä görgüt boldugy, köşeşmejekmikä bi gurbany gitdigim — diýip, Aýnabat daýza özbaşyna hüňürdedi. Soňra gyzy Gülälegiň adyny tutdy. — Gülälek! Gülälek!
Oňa ses beren bolmady.
— Toba, hudaýym, özüň gowusyny edeweri! Bi harasadyň içinde bu gyz nirelerde entäp ýörkä? Şunça wagtlabam bir iliň öýünde oturma bormy şu çaka deňiç.
Aýnabat daýza ýerinden turup, çyranyň knopkasynyň ýanyna bardy. Elini diwaryň ýüzünde gezdirip, knopkany basdy. Çyra ýanmady.
— Be, çyrany-da öçüräýipdir bu gurbany gitdigim — diýip, hüňürdäp, harasada käýindi. — Beýle-de lerzan alma bormy! Bir çende bes edäýmel-ä.
Ýüregi bir ýakymsyzlygy duýýan ýaly, kalbyna howsala çökdi. Içeri gözüne dar göründi. Gaýdyp ýerine-de geçesi gelmedi. Ogly Gurbanyň ýatan ýerine seretdi. Ýorganyň daşyna kellesi çykmasa-da, Gurbanyň öz ornundalygy, güberilip duran ýorganyň aşagynda adam barlygy mese-mälim bildirýärdi.
Oglunyň ýatanyna gözi ýetse-de, Aýnabat daýza emaý bilen onuň ýanyna baryp, ellerini ýorganyň üstünde gezdirip gördi. Oglunyň başyny, aýaklaryny sypaşdyrdy.
— Gurban, Gurban — diýip, seslendi.
Gurban gaty süýji uklapdy. Şonuň üçin ejesine jogabam bermedi. Şeýle-de bolsa, Aýnabat daýza ogluna goňşularyna aýlanjagyny aýdyp gitmek isledi:
— Gurban, Gülälek gelmändir, oglum. Men goňşy-golamdan habar tutmaga gitjek. «Ejem niredekä» diýip, alada edäýme. Henizem gepe gyzyp otyrmyka ol gyz!
Gurban ýene ejesine jogap bermedi. Aýnabat daýza daşaryk ýöneldi. Garaňkyda sermenip, köwşüni geýdi-de, ilki bilen Näzik daýzanyňka bardy. Gygyranyň bilen gep eşitdirip boljak däldi. Şeýle bolansoň, Aýnabat daýza Näzik daýzanyň köçe tarapdaky äpişgesini kakdy:
— Näzik! Näzik!
Harasat Näzik daýzany-da uklatmandy. Ol hem ogly Emiri alada edip, diňşirgenip ýatyrdy. Näzik daýza Aýnabat daýzanyň sesini derrew eşitdi. Goňşusynyň bu harasadyň içinde bimahal çag äpişge kakyp ýörmesi ýüregine howsala çaýdy. «Eýgilikmikä?» diýen gorkuly pikir aňyna ornady. Derrew daşaryk çykdy.
Aýnabat daýza Gülälegiň ýoguny birden habar bermedi.
— A gyz, Näzik, Bibi öýdemi? — diýip, ilki Näzik daýzanyň gyzyny sorady.
— Hawa, Bibi ýatyr — diýip, Aýnabat daýzanyň bimahal gelmesine geňirgenip duran Näzik daýza-da birbada aladasyny basyp gepledi —Eýgilikmi, Aýnabat?
— Aýnabat daýza habaryny biriniň eşidäýmeginden gypynç edýän ýaly, töweregine ýaltaklap, pessaý gepledi:
— A gyz, Näzik, öýde Gülälek ýok-la, gyz?! Sizde dagy oturan bolaýmasyn diýip gelşimdi...
— Wi-iý! — diýdi-de Näzik daýza elini agzyna ýetirdi. Bizd-ä ýok ol, Aýnabat. Bu çaka çenli nirede gezýäkä ol gyz?!
Goňşularyň ikisem Aýjahan daýzalara tarap seretdi.
— Ýa bulardamyka? — diýip, Näzik daýza içki pikirini daşyna çykardy. — Ýör, bile göreli. Men saňa ýoldaş bolaýyn.
Iki goňşy bolup, Aýjahan daýzalara tarap ýörediler. Näzik daýza Emiriň öýde ýoklugyny aýdyp, howsalasyny duýdurdy:
— Emiriňem gün batmanka çykyp gidişi. Henizem gelenok. Käýiner öýdüp, kakasyna-da duýduryp bilemok şumat.
— Wah, Emir erkek oglardyr, oňa zat bolasy ýok-la — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzany köşeşdirdi. — Gülälek welin, gyz maşgala ahbeti. Gyzyň ýagysy azmy. Atylan kesek oňa gara sürter durar.
— Munuň ýaly garaňky gijelerde entäberse, oglana-da ýagy az duşasy ýok-la — diýip, Näzik daýza öz ogluny alada edip gepledi. — Oglan bolsun, gyz bolsun, çaga diýeniň öýde oturaýsa. Ýeri, gitjekmiň, düzüwli gün tapmadyňmy diýsene!
Goňşular Aýjahan daýzadan-da hoş habar eşitmediler. Aýjahan daýza Gülälegiň özleriniňkä gelmändigini, gyzy Nurjahanyň-da uklap ýatandygyny aýtdy. Soň ogly Öwezden nalyndy. Onuň ile meňzemeýän bir bihepbäniň yzyna düşüp, hiç wagt öýe wagtynda köwlenmeýändigini aýdyp, Öweze öz ýanyndan gargyndy:
— «Gaýdyp şonuň bilen tirkeşäýme» diýip, hol günjügem käýýäp-käýýäp goýberdim. Birki gün öýe wagtynda köwlenenem boldy. Ine, bu gün ýene ýok. Näme işleýäkä ol şu çaka deňiç o ile meňzemeýän haram bilen! Şu günem-ä dişimi çarhlap oturandyryn. Gelsin bakaly, ony ýa-ha öýden çykmaz ýaly ederin, ýa-da öýden bütinleý aýagyny keserin!
Aýjahan daýzanyň-da dert-aladasynyň özüne ýetikdigini bilen goňşular oňa sag-aman ýatyp-turmagy dileg edip, yzlaryna dolandylar.
— Aýjahanyň oglunyň tirkeşip ýören şol zadyn-a meniňem keşdim çekenok — diýip, ýolda Aýnabat daýza Garik hakda söz açdy. — Ýüz-gözi dagy näteňet gyz, onuň. Mydam görseň, göm-gök. Ýaş oglana meňzeş däl. Haýsy bendäniň çagasyka ol? Öwez onuň bilen nädip ýürek edip, tirkeşip bilýäkä?!
— Şon-a menem halamok — diýip, Näzik daýza uludan dem aldy. — Aýdyp durun-a bi çagalaň edýän zadyny näme üçin edýänini bilmänjik geçersiň diýip.
Şol wagt harasat birneme köşeşip, ýagyş ýagyp başlady.
— Eý, hudaý jan, bi gyz nirä gitdikä? Ýa milisä habar beräýsemmikäm? — diýip, Aýnabat daýza indi näderini bilmän, aljyrady. — Ýagşam ýagyp başlady... Men ony nireden gözläýin bu ýagyş-harasatda...
Birdenem çabga guýmaga durdy.
— Bu ölgençilikde sen hiç ýerigem gitme — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýza maslahat berdi. — Hudaýy çagyr-da, daň ataryna garaş indi. Belki, harasadyň geçerine garaşyp, ol-da oturandyr bir ýerde.
— Belki, şeýle bolsun-da — diýip, Aýnabat daýza ýüregine birneme rahatlyk çaýyp, öýne dolandy.
Näzik daýza-da öýüne girdi. Goňşularyň öýe girenine ýarym sagat geçip-geçmänkä Öwez tünegine dolanyp geldi. Taksi tölegini berip, howla atyldy. Otagyna baryp, öl-myžžyk bolan eşiklerini çykardy. garaňkynyň içinde sermenip, köne eşiklerini tapyp, terslin-oňlyn geýdi-de, ýerine geçdi.
— Hä, takyrdap geçen! — diýip, Aýjahan daýza içki jaýda ýatan ýerinden oňa sögünip gygyrdy. — Geldiňmi, it aýagyny iýen ýaly, kaňkap-kaňkap! Entek ertire bir çyk bakaly. Seni nädýänimi görersiň!
Öwez ejesine:
— Bolýa-laý! Iňňildemesene! — diýip, gygyrdy-da, ýorganyna sümüldi.
Ukusy tutup, ölüp barýardy. Şeýle bolansoň, başyny ýassyga goýandan, uka düşdi. Düýşünde ähli zady täzeden gördi. Gülälegiň çirkin sesi, Emiriň ýalbarmalary beýnisinde zenzele turuzýardy. Garigiň gorkunç ýüzi öňküdenem eýmençdi. Ol Öweze şeýle bir seredýärdi welin, Öwez öz-özünden ýüregi ýarylyp, ölüp barýardy. Düýşünde bir aglady, bir eňredi, bir Emire ýalbardy, bir Garige ýalbardy. Birden gorkup gygyrdy, birden nämedir bir zatlara hahahaýlap güldi. Daň atýança samrap çykdy. Ýagyşda galyp, süllümbaý ezilensoň, gyzgyny-da galyp, ot bolup ýandy.
— Ilk-ä entedi öýe gelmän. Indem samrap ýatyranok bi dogman geçen bizi — diýip, hüňürdedi-de, Aýjahan daýza basyrganýanyny duýdurmak üçin Öweziň ýanyna geldi. Ol pursat daň agaryp, töwerek ýagtylyp barýardy. Oglunyň üstünden ýorgany serpen Aýjahan daýzanyň ýüzüne Öwezden howur çabrap gitdi. Ol dessine Öweziň maňlaýyny elläp gördi. Oglan gyzgyndan ot bolup ýanýardy. Özüni bilmän samraýardy. Zol dilini çykaryp, guran dodaklaryny ýalaýardy.
— Bu-w! — diýip, seslendi-de, Öweziň maňlaýynyň howry ýüzüne uran Aýjahan daýza oňa käýinmeden geçip, Nurjahana gygyrdy. — Nurjahan-a, tur basymrak. Öwez ot bolup, ýanyp ýatyr. Muny doktora äkitmesek bolmaz!
Nurjahan hem Öweziň gyzgynyndan gorkdy. Hernäçe ady tutulsa-da, Öwez aýňalyp bilmedi. Diňe düşnüksiz mydyrdylar bilen aldygyna samraýardy.
Nurjahan uly ýola gidip, köçedäki telefon budkasyndan doktora jaň edip geldi. «Tiz kömek!» gelip, Öwezi keselhana alyp gitdi. Aýjahan daýza-da onuň ýany bilen bile gitdi.
-
myspaser
3 years ago
- ***
Bedreden guýulýan dek guýýan ýagşy diňdirip, daň atdy. Dalbarlarda galan üzümler harasadyň hem ýagşyň badyna üzülen monjuklary ýada salyp, ýerde seçelenişip ýatyrdylar. Akrap howany-da mazaly sowadypdy. Eýýäm köp öýleriň depesindäki peç turbasyndan çal tüsse burugsap görünýärdi. Öýlerde peç ýakylyp başlanypdy. Näzik daýzadyr Aýnabat daýza dagy-da peçleriniň içini arassalap, ot ýakdylar. Ýöne daň atsa-da, peç ýakylsa-da, Gülälek bilen Emirden habar bolmady. Gülälegiň Emir bilen halaşýandygyny aýdyp, Bibi ejesi Näzik daýzany birneme rahatlandyrsa-da, rahatlandyrdy welin, bir ýakymsyzlygy duýýan ýaly, ene ýüregem böküp, onuň kalbyna gussa guýup durdy.
— Aslynda, gaçmak nämä gerek?! Emir jan gyz alyp gaçmaly oglan däl-ä. Ol ýagdaýyny aýdaýanda-da oňa şol gyz berilmän durmazdy ahbeti.
— Menem şony pikir edýän — diýip, Bibem alada galdy. — Ýöne nirede bolsa-da, bularyň ikisem bir ýerdedir. Arada Gülälek Emire berjek diýip, tahýa tikibem otyrdy.
— Duşuşmak nämä gerek. Halaşsaň, hossarlaryňa aýdaga-da, gudaçylyga baraýmaly ahyry — diýip, Näzik daýza oglunyň eden işinden birsyhly nägile bolup, hüňürdedi.
— Ýaşlar-da bular, eje. Olara bir zady etme diýip bolýamy — diýip, Bibem zol ejesini köşeşdirdi. — Birki gün garaşaly. Öýe gelmese-de, okuwyn-a barmaly bor. Okuwyny zyňyp bilmez-ä ol bir gyz diýip, Näzik daýza Aýnabat goňşusynyňka ugrady:
— Şu zatlary aýdyp, Aýnabady-da köşeşdireýin.
Bibi ejesiniň Aýnabat daýzalara giderini islemedi:
— Bu zatlary aýtsaň, Aýnabat daýza gaty görer-ä, eje!
Näzik daýza ýolundan galmady:
— Gaty görse-de, aýtmaly bor. «Niredekä?» diýip, gaýgy edip otyr ol gyzyny.
Gyzy hakda «Gaçaýdymyka?» diýen pikir Aýnabat daýzanyň-da kellesine gelmän duranokdy. Ýöne ol gyzynyň kim bilen gaçjagyny çenläp bilmedi. «Akyllyjamykaň diýýädim welin, gyzym, sen ejeňi ýüzügara edäýjekmikäň?» diýip, ol gözüne ýaş aýlap, hyýalynda gyzy bilen gepleşdi. Pikir öwürdi. Emiriň gelmeýänligini Gülälek bilen baglajak boldy. «Näzik birneme arkaýyn görünýän ýaly welin, ýa ol aýal hemme zatdan habarly bolup, indem bihabarsyran bolýamyka?» diýip, içini gepletdi. Şeýle pikir etdigisaýy, Aýnabat daýzanyň gözüne Näzik daýza hakykatdan-da bir syry saklaýan ýaly, özem özüni gaty arkaýyn alyp barýan ýaly göründi. «Eger ogluňa gyzymy alyp gaçdyran bolsaň, ýüzüňi göräermikäm seniň! Goňşy bolup şeýtseň, meniňem-ä etjegim bardyr» diýip, Aýnabat daýza öz ýanyndan goňşusyna-da haýbat atdy.
Gyzyndan uç taparyn diýen umyt bilen Aýnabat daýza Aýjahan daýzalara irdenem bardy. Içerä serenjam berip, nahar-şoruň ugruna çykan Nurjahan onuň bilen howluda pete-pet gabat geldi.
Aýnabat daýza gepini aýlap durman, gönüledi:
— A gyz, Nurjahan, Gülälek gelenok-la, gyz, öýe! Ilkagşamky gidişi. Seniň bilýän zadyň ýokmy onuň nirä gitjegi hakda?
— Wiý — diýdi-de, Nurjahan eşiden habaryna gözlerini tegeledi. —Menä bilmedim. Birki günlükd-ä Gülälegi görmedim men. Bizem Öwez başagaý etdi. Agşam ýagyşda galypdyr. Gijesi bilen samrap, gyzdyryp çykdy. Ejem ony doktora äkitdi.
Öz gyzynyň aladasy böwrüne dürtüp duransoň, Aýnabat daýza Öwezli gürrüňe ünsem bermedi.
— Gyzdyrýan bolsa, hiç-le. Başga agyr kesel bolmasa bor. Däri-derman edilse, gyzgyn geçer gider — diýdi-de, ol gepini ýene öz aladasyna syrykdyrdy. — Şu ömrüne onuň öýde ýatmadyk güni ýokdur. Ýa Gülälek gaçyp gidäýdimikä, Nurjahan!
Nurjahan Aýnabat daýzanyň bu sowalyna içini çekdi:
— Hih! Gülälek gaçyp gidäermikä?! Ol gaçyp gitjek gyz-a bolmaly däl. Gaty agrasdy öz-ä.
— Pylan diýip bolmaz, gyzym. «Gyz ulalasa, haýa gider, igin alyp gaýa gider» diýmänmidir köneler! — diýip, Aýnabat daýza häzir gyzyna gaty bir ynamynyň ýoguny duýdurdy. — Gülälegem ilden üýtgeşik gyz däl. «Ere bakardan ýer gorkar, ýeriň damaryny gyrkar» diýýändirler. Gyz diýeniň ýetişensoň, ondan näme çykjagyny Allanyň bir özi biler! Sen, ýöne aýt maňa, gyzym, eger Gülälek gaçan bolsa, kim bilen gaçyp biler öýdýäň?
Nurjahan kyn ýagdaýda galdy. Gülälegiň Emire tahýa tikip, onuň bilen duşuşýanyny aýtjagyny-da bilmedi, aýtmajagyny-da. Bu syry bilse, Aýnabat daýzanyň goňşulary Näzik daýza bilen goňşy gatnaşygyny kesäýmegem ahmaldy. Nurjahan bolsa iki goňşynyň arasyny bozan kişi bolup galjakdy.
Aýnabat daýza Nurjahanyň ikirjiňläp, pikire batmasyndan gyzyň nämedir bir syry bilýänini aňdy. Gözlerine ýaş aýlap, onuň eginlerinden sypady:
— Eger bir zat bilýän bolsaň, aýt maňa, gyzym. Göwnüme her zat gelýä... Ýüregim karar tapanok. Göwnüme bolmasa, ol gyz bir bela sataşan ýaly...
Aýnabat daýzanyň gözüne ýaş getirmesine Nurjahan dözmedi.
— Men bir zat aýdaýyn saňa, daýza. Ýöne ol gepi menden eşideniňi aýtsaň-a maňa kyn bolar. Ejem bar, goňşular bar... Gyz halyma iki arada gep gezdiriji bolasym gelenok — diýip ol Aýnabat daýzanyň ýüzüne köpmanyly seredip, dymdy.
Gyzyndan bir uç tapyljagyna begenip, Aýnabat daýza ýene Nurjahanyň egninden sypady:
— Aýt, gyzym. Şu ýerden yzyma lal-jim bolup dolanaýyn. Hiç kim menden gep eşitmez. Diňe gyzymyň niredeligini bilsem bolýa.
— Eger ol gaçan bolsa... — diýdi-de, Nurjahan sözüne dyngy berip, Näzik daýzalara tarap seredip goýberdi. — Emir bilen gaçandyr.
Aýnabat daýza gaşlaryny çytyp, gözlerini çüýjertdi:
— Näme, olar halaşýadymy, gyzym?
— Ikisiniň bile duranyn-a göremok — diýip, Nurjahan bilýän zadyny aýan etdi. — Ýöne bir gün öýe bir tahýa jähek tutmaga geldi. Maňa jähek kakdyrdy. Şol tahýada Emiriň ady ýazylgydy. Gülälek ol tahýany Emiriň doglan gününe sowgatlyk üçin tikenini aýtdy.
— Hä, saçy kesilen — diýdi-de, Aýnabat daýza özi duýmazdan, gyzyna käýindi. — Bir tahýa-ha tiken bolýady şol. Men-ä ünsem bermändirin, mydama iş tikip ýörensoň. — Şeý diýensoň, Aýnabat daýza yzyna dolandy. Habary üçin Nurjahana minnetdarlyk bildirdi. — Bolýa, gyzym, taňryýalkasyn aýdan gepiňe. Ýüregimi biraz düşüşdirdiň. Sag-aman gelse, gaçanyna razy bolarys-la. Näzik daýzalaram erbet ýer-ä däl welin, ile gürrüň edip, ejesini beýle masgaraçylyga goýmaly däl ahyry ol gyz. Hä, bi ýaşlary bar-a...
Aýnabat daýza ýolda Näzik goňşusyna gabat geldi.
— Aýnabat, sen maňa käýinme welin, Bibiden bir habar eşitdim men —diýip, Näzik daýza ýaýdanyp, Aýnabat goňşusyna söz gatdy. — Özleri bir ýerden çykýança aýtman oňaýsam-da bolardy welin, aladaňy birneme kiparlaýyn diýýän...
Aýnabat daýza Näzik daýzanyň sözüni bölüp, öýkeli gepledi:
— Aýdybam oturma şony. Eşitdim men. Ol saçy kesilen seniň ogluň bilen gaçyp giden bolmaly. Gaçyp, ile ryswa bolup ýörmek nämä gerek diýsene. Adam ýaly aýdylanam bolsa, berilmän durulmazdy ahbeti şol gyz.
Näzik daýza goňşusynyň kinesini aňdy.
— Wah, Aýnabat jan, sen menden-ä kine etme, dogan — diýip, özelenip gepledi. — Meniň-ä özümem hut ýaňyja Bibiden eşitdim. Ýaşlar-da bular. Etjek işini aýdýalarmy bize! Meň oglum-a iliň gyzyny gepe goýjak ogul däldir, Aýnabat! Nije ýyl bäri dogan ýaly bolup, gatnaşyp otyrys. Biri-birimizden öýke etmäli-de, olaryň sag-aman gelerini diläli. Gaçan bolsalar, owarram. Janlary sag bolsa bolýa. Sen gaýgy etme. Agzyňy açan malyňy geçirip, seni razy ederin men. Ýöne, Allajan gowusyny etsin welin, meniň ýüregim böküp, agzymdan çykaýjak bolýa, Aýnabat. Başymyzda bir bela bar ýaly bolup dur.
Ilki gaharly hem öýkeli gelýänem bolsa, Näzik daýzanyň özelenip diýýän sözleri Aýnabat daýzanyň-da öňdenem howsalaly dürküldäp duran ýüregini gopdurdy. Ol goňşusynyň: «Başymyzda bir bela bar ýaly bolup dur!» diýen sözlerinden gorkdy.
— Hawa-la, goňşy — diýip, öýke-kinesini ýuwdup gepledi. — Sag-aman gelseler bor. Galan zadyň çäresini taparys.
Özara düşünişenlerinden soň goňşularyň hersi öz öýüne gidip, güzeren aladalary bilen boldular.
***
Bu pursat Öwez welin, keselhanada doktorlary başagaý edýärdi. Däri-derman bilen gyzgyny birneme gaýdyşsa-da, ol özüni tutubermedi. Içen aragynyň keýpi bilen Garikden gorkusyna nähili jenaýat edenini waka bolan pursatda duýmasa-da, özüne geldigiçe ol özüniň baş goşan ganly işiniň nähili aýylgançlygyna göz ýetirýärdi. Ol wakanyň bolanyna wagt näçe köp geçdigiçe Öweziň gorkusy beterleýärdi. Gorkudan aram-aram akyly üýtgän ýaly bolýardy. Gözlerini ýumdugy dem-düýtsüz ýatan Emirdir Gülälek göz öňünde janlanýardy. Gülälegiň «Klasdaşym!» diýip gygyrýan çirkin sesi gulaklaryny deşäýjek bolýardy. «Bi zatlaryň baryna sen günäkär!» diýip, hyýalynda Garik bilen gepleşýärdi. «Garik bilen tirkeşmeli däl ekenim. Aslynda hiç bir garagol oglanlaryň-da ýanyna barmaly däl ekenim» diýip, geçen ömür ýoluna göz aýlap, öz-özüne hasabat berýärdi.
Öweziň özi bu zatlary sesli aýdýan ýalydy. Öz sesini özem eşidýärdi. Daşyndan syn edeniňde welin, onuň sesi çykanokdy. Diňe dodaklary gymyldaýardy. Gaşlaryny kakyp, ellerini hereketlendirip, başyny ýaýkap, dodaklaryny bir çöwrüp, bir ýygnap, bir aglap, bir diňip oturan Öweziň nerwisiniň üýtgeýäni duýulýardy. Ol birki günläp hiç zat iýmän-içmän, diňe ukolyň aşagynda ýatdy. Aýjahan daýza gijelerine öýüne gaýtsa-da, gündizlerine keselhananyň agzyny garawullady.
Ganly wakanyň bolanyna iki gün geçende Emirdir Gülälegiň jesedi suwuň ýüzüne çykdy. Emiriň jübüsinden şäher kitaphanasyndan kitap almak üçin doldurylan hatyň çykmagy bilen merhumlaryň kimdigi, adresleri anyklanyp, milisiýa işgärleri tarapyndan olar öýlerine getirildi.
Gyzyny gaçandyr öýdüp, gaharlanyp oturan Aýnabat daýza bu belany görensoň: «Wah gaçyp gidenem bolsa, razy bordum» diýip, maňlaýyna urdy.
Emirdir Gülälegiň başyna salnan bu işe bütin töwerek gynandy. Milisiýa at tezegini guratman, goňşy-golamlara ýeke-ekeden gatnap, hernäçe pişe edinse-de, jenaýatdan uç tapyp bilmedi. Ýagyşda galyp, keselhanada ýaraman ýatan Öweziň bu işde eli bardyr öýdüp, hiç kim oý etmeýärdi. Sebäbi Öweziň Emir bilen tirkeşen wagtyny gören adam ýokdy. Asla ol öz töwereginiň hiç bir oglany bilenem tirkeşip ýörmänsoň, özem gündizlerine oba köwlenmänsoň, Öweziň barlygy, onuň-da özlerine goňşulygy asla köpleriň ýadyna-da düşenokdy. Goňşy-golamlar üçin Öweziň barynyň-ýogunyň parhy ýokdy.
Göwresiniň agyrlygyndanmy ýa-da kanala düşenden özüniň girdaba sataşanyndanmy, Garigiň jesedi suwuň ýüzüne-de wagty bilen çykmady. Ony Emirdir Gülälek tapylandan köp gün soň tapdylar. Hem-de kimligini anyklap bilmän, atsyz-sorsuzlaryň jaýlanýan ýerinde duwladylar. Suwdan adam jesedi häli-şindi tapylyp duransoň, Garigiň ölümi bilen Emirdir Gülälegiň ölüminiň arasynda baglanyşyk bardyr öýdüp hiç kim pikirem etmedi.
Ölümleriniň sebäbi anyklanmansoň, hossarlary Emir bilen Gülälegi çagbaly gijede kanala typyp ýykylandyr öýtdüler. Emiriň ýarylan kelleçanagy bu jenaýatda adam eliniň barlygyny habar berip duran-da bolsa, sorag-idegiň netijesinden wagty bilen uç tapylybermänsoň, Gülälekdir Emiriň ölümi boýunça jenaýat işem gozgalyp durmady. Olar üçin bellige alnan iş depderi tötänleýin uçralan betbagtçylykly hadysalaryň hatarynda hasaba alnyp, soňam ýapylyp goýberildi.
Juwan balalaryny aldyran iki ene aglap-aglap, bagyrlaryny ýere berdiler. Emiriň kakasy Kadyr aga bolsa oglunyň ölümine gynanyp, ýykylansoň, ýerindenem galyp bilmedi. Emiriň ugradylmagyna aý dolmanka ol hem amanadyny tabşyrdy.
Gorkudan Öweziň kellesi doly üýtgedi. Ilki günler ol özüni soramaga barýan ejesidir jigisini-de tanamady. Gyzgyny aýrylansoň, ony nerwisi üýtgänleriň keselhanasyna geçirdiler. Öwez ol ýerde ýarym ýyla golaý wagt ýatmaly boldy. Özüni bilip başlansoň, ýene baş goşan ganly hadysasy ýadyna düşüp, aram-aram samrady. Käteler bolsa ol wakany hyýalynda synlap, sessiz dymýardy. Lal-jim bolup, hiç kim bilen gürleşenokdy.
Keselhanadan boşap gelensoň, ol dymma boldy. Iň içki jaýa geçip, ses-üýnsüz ýatýardy. Öýe gelen-giden bilen işi ýokdy. Onuň üýtgäninden habarly goňşy-golamlar-da ony görjek bolup duranokdylar. Onuň halyny Aýjahan daýzadan sorap, ötägidýärdiler.
Öwez öňem ile goşulmaýşy ýaly, özüni tutansoňam, hiç kime goşulmady. Ýasa baranokdy, toýa gidenokdy. Köpçülige barsa, kimdir biri öz syryny biläýjek ýalydy. Nerwisi üýtgäp, keselhanada ýatanlygy üçin goşun gullugyndan-da galdy. Aýjahan daýza ogly sagalsa razydy. Şonuň üçin oňa il-güne goşulmaýany üçin iňirdäbem durmady. Hat-da onuň ýüregine täsir edäýmesin diýen gorky bilen oňa Emirdir Gülälegiň ölümi hakda-da hiç zat aýtmady.
Daşary çykyp oturmasa-da, soňy bilen gelen-gidene äpişgeden ogryn syn salyp, olaryň gepini diňläp, Öwez goňşularynyň özüne hiç hili göwün garaltmaýanlaryny aňdy. Aýnabat daýza-da, Näzik daýza-da käteler Öweziň ejesiniň ýanyna gelip, gümür-ýamyr edişip, iç döküşip gidip durdular. Olar-da Öweziň adyny ýamanlykda agzanokdylar. Hiç hili sud, prokuratura, milisiýa işgärleri özüni gözlänokdy. Bu zatlar Öweziň gorkusyny birneme aýryp, aladaly ýüregini köşeşdirýärdi. Nerwisi günsaýyn rahatlanýardy.
Galy wakanyň bolanyna iki ýyl geçensoň, gününi öýde oturyp geçirýän ogluna höwür bolsun diýen niýet bilen Aýjahan daýza ogluny öýerdi. Akyly üýtgäp-açylan ogla töwerekden gyz berilmejegini bilensoň, gelni başga obadan almaly boldy.
Öwez gelni bilenem birbada öwrenişip gitmedi. Kürteli gelne seretdigi, çirkin gygyryp, özünden haraý isläp aglaýan Gülälek ýadyna düşüp, gelinli otagdan çykyp gidýärdi. Nurjahanyň, ejesiniň ýalbarmasy bilen gaýtarma bolup giden gelniniň yzyndan gatnamasy ony aýalyna birneme ysnyşdyryp, oňa köçä, ile çykmaga, ýüregini açmaga hemaýat boldy. Öwez diňe aýaly gaýdyp gelensoň, onuň bilen ile meňzeş ýaşaşyp başlady.
Emirdir Gülälekli waka Öweziň aýagyny bolgusyz ýollardan ýygnady. Ol soňra bütin ömrüne öýi bilen boldy. Kerpiç guýdy. Täze jaý saldy. Howlusyny, öýüni bezedi. Söwda-satyk etdi. Asyl, adama gabak galdyryp, ýamanlyk edeýin diýmedi. Gaýtam çagalykdan ejesini diňlemän, çem gelenleriň yzynda geçiren bimany günlerini ýatlap, ahmyr çekýärdi. «Şeýle akyl näme üçin ýaşlykda, çagalykda aňa gelmeýärkä?» diýip, öz ýanyndan pikir öwürýärdi. Soňam öz-özüne käýinýärdi: «Aslynda özüm gep ýokmaz boldum-a meniň. Emir dagy çagaka-da akyllyjady. Deň-duşlarymyň arasynda başga-da akyllyja, düşbüje oglanlar kändi ahbeti! Ine, gepýokmaz bolsaň, ahyry almytyňy aldyň dälmi?!»
«Eger oglum bolaýsa, ony öýden çykarman» diýip, Öwez şert edýärdi. Ýöne ykbal onuň maňlaýyna ogul çaga ýazmady. Bar bereni ýeke gyz boldy. Gyzynyň adyna özi sebäpli bagty ýatan owadan klasdaşy Gülälegiň adyny dakdy. Ilki şeýtse-de, soň bu eden işine puşman etdi. Sebäbi her gezek gyzynyň adyny tutanda Gülälek klasdaşy, Emir hem olar bilen bolan ganly waka Öweziň göz öňünde janlanyp, ör boýuna galýardy. Bu ýagdaý her gün, her sagat, her pursat şeýledi. Gyzy Gülälege göze düşende-de, onuň adyny tutanda-da, Öwez ol wakany biygtyýar ýatlamaly bolýardy. Özüniň kast eden iki klasdaşy mydama ýadynda bolsa-da, Öwez olaryň adyny hiç wagt ýörite tutup, olary ýatlamady. Olaryň öz aňyndalygyny boýun alasy gelenokdy. Ölen-ýiten hossarlar ýatlanyp, anna agşamlarynda, sadaka-beýlekide aýat-töwir edilende-de, aňynda örboýuna galyp duran Gülälekdir Emir klasdaşynyň adyny Öwez dile getirenokdy.
Gyzynyň adyny üýtgedäýmegem niýet edindi. Soň ýene goýbolsun etdi. At bilen bile bir topar dokumentem üýtgedilmelidi. Soňam ony her kim geňlejekdi. Şeýle-de Öwez: «Goý, pahyryň ady ýerde galmasyn. Her gezek ady tutulanda tirsegine daýansyn» diýip, pikir öwrüp, gyzyna adyny dakyp, öz ýanyndan Gülälek klasdaşyna ýagşylyk edenden bolýardy.
Aýlar-günler kerwen gurap, Öweziň gorky-ürküsi mazaly aýryldy. Gyzy ese-boýa galdy. Ol indi özüniň ýeke dikrarynyň köpelip, daşynyň jygyl-juguldan doljak günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy... Birdenem, garaşman durka, harasat öýünde turdy... Ol dünede beýle-beýle zatlaryň-da bolup biljegi hakda hiç wagt pikirem edip görmändi...
***
— Öwez! — diýip, Emiriň sesi Öweziň gulagyna aýylganç pyşyrdap, ony pikirlerinden oýardy. — Daň agaryp gelýä! Howlugaly!
Öwez sese tabyn bolup, ýerinden turdy. Naýynjar seslendi:
— Nirä?
Ses oňa jogap bermedi. Diňe buýruk berdi:
— Bar, meniň ejem bilen Aýnabat daýzany çagyr. Özüňem çalt bol! Daň atyp gelýä-ä!
Öwez diýlenini edip, ilki Näzik daýzalara bardy. Hernäçe bek ýapylan bolsa-da, derweze Öweze aňsatlyk bilen açdyrdy. Ol öýe baryp, Näzik daýzanyň gapysyny kakdy:
— Näzik daýza! Näzik daýza! — diýip, pessaý gygyrdy. — Bärik çyksana, men Öwez!
Näzik daýza daşaryk çykdy. Hem ömründe gapysyndan gelmeýän Öweziň bu harasatly gijede daňyň öň ýany özüni çagyryp durmasyny geňledi.
— Öwez? — diýip, gorkuly seslendi. — Eýgilikmi? Bu bimahal çag näme işläp ýörsüň sen? Ýa Gülälege bir zat boldumy?
— Köçä çagyr! — diýip, Emiriň sesi Öweze buýruk berdi.
— Köçä çyk-da, maňa garaş, Näzik daýza — diýip, Öwez Näzik daýza belli bir zat aýtman, Aýnabat daýzalara tarap atyldy. — Men häzir Aýnabat daýzanam çagyraýyn.
— Heý, toba-a! — diýip, seslendi-de, Näzik daýza Öweziň bolup ýörşüni geňledi. — Munuň ýene kellesi üýtgäp ýörmükä? Ýa ýene Gülälek üçin çagyrýamyka?
Onýança Öwez Aýnabat daýzany-da çagyryp geldi.
— Indi öýüňe bar-da, ejeňi, aýalyňy çagyr — diýip, Emir ýene Öweze buýurdy.
Öwez diýlene boýun bolup, ejesi bilen aýalyny ukudan oýaryp, alyp gaýtdy. Aýjahan daýza bilen Güljeren köçede duran goňşulary görüp, Öwez özlerini şonuň üçin çagyrýandyr öýtdüler.
— Eýgilikmi, Näzik? Aýnabat? — diýip, Aýjahan daýza goňşularyna gep goşdy. — Bi mahal köçede näme işleýäňiz, gyz?!
— Men-ä Öwez çagyrdy — diýip, Näzik daýza jogap berdi.
— Menem — diýip, Aýnabat daýza-da seslendi.
Aýjahan daýza özbaşyna hüňürdedi:
— Toba! Bi onuň näme etdigikä? Bizem Öwez çagyrdy bu ýere.
— Indem gyzyň tiken ak köýnegini al-da, gyzyňy oýar! Onuň elinden tutup, köçä çyk — diýip, Emiriň sesi Öweze birsyhly buýruk berdi.
Öwez nagyş salnan ak biýz matany Gülälegiň epläp goýan ýerinden tapyp aldy. Gyzynyň elinden çekip turuzdy-da, köçä çykdy.
— Indi gaýralygyna ýöräber — diýip, ses oňa ýol salgy berdi. — Ejem daga-da aýt, yzyňa düşsünler!
— Ýörüň, hemmäňiz yzyma düşüň! — diýip, Öwez duranlary özi bilen gitmäge çagyrdy.
— Gyýuw, O gyzy nirä alyp barýaň? — diýip, Aýjahan daýza Gülälegi idenekledip barýan Öweze gygyrdy.
— Gepleme-de ýöräber! — diýip, ses Öwezi gyssady.
— Kaka jan, goýber meni, ýatjak. Meni nirä alyp barýaň sen?! — diýip, Gülälegem Öweziň elinden sypjak bolup, siltenjiräp barşyna zarynlap oňa ýalbardy.
Sesiň tabşyryşy ýaly, Öwez hiç kime jogap bermän, ýoly dowam etdi. Özem şeýle bir çalt ýöreýärdi welin, yzyndakylar oňa zordan eýgerýärdiler.
Ses Öwezi kanalçylaryň goýup giden jaýjagazyna eltende harasat öňküden-de güýçlenip, dünýäni çepbe çöwräýjege döndi. Näzik daýza, Aýjahan daýza, Aýnabat daýza, Güljeren dagy hem beton jaýjagazyň ýanyna gelip, batlaryny sakladylar. Olar geplemek isleýärdiler. Gülälegi Öweziň elinden almak isleýärdiler. Ýöne hiç özlerine erk edip bilenokdylar. Duran ýerinden gozganybam bilmediler, gepläbem. Şol pursat ýuwaşja ýöräp, olaryň ýanyna Emir geldi.
— Emir! Oglum! — diýip, Näzik daýza ony görenden, ýüregini elendirip seslendi. Ogluny gujaklamak isledi. Ýöne ýene gymyldap bilmedi. — Sen näme, dirimiň balam? Gel, bagryma basyp, mähriňden bir ganaýyn seniň, oglum. Nije ýyldyr, zar boldum-a saňa!
Emir ejesiniň ýanyna barmady. Ýöne oňa tarap naýynjar seredip goýberdi:
— Wagt ýok, eje! Ar alyş pursaty geldi! Meni güýmeme! — Ejesine şeý diýensoň, Emir Öweze buýruk bermesini dowam etdi — Indem meniň Gülälegimi näme edeniňi görkez bu duranlara! Özüňem çalt bol!
Öwez gyzynyň elinden tutup durşuna zarynlady:
— Özümi näme etseň, et, Emir! Klasdaş! Ýöne gyzyma degme!
— Ol seniň gyzyň däl, ol seniň özüň — diýip, ses gaharlandy. —Seret, onuň gözlerem seniňki, ellerem. Ýüz-keşbem sen, göwresem. Diňe jynsy taýdan saňa meňzeş däl ol. Hem ady başga. Ikinji Öwez ol. Häzir sen öz başyňa Gülälek bilen meniň başyma salan oýunlaryňy salarsyň.
Öwez Emiriň buýrugyna özüni aldyryp, gyzyny urup-urup, ýere ýykdy.
— Indem onuň geýimlerini sypyr-da, ol biýz köýnege sal! — diýip, Emir Öweze buýurdy.
Öwez diýlenini etdi. Gülälegiň eşiklerini sypyryp taşlady-da, ýaglygy bilen ellerini daňdy. Soň onuň başyna nagyşlanan, halta pisint tikilen biýz köýnegi geýdirdi. Gülälek birsyhly aglap, kakasyna ýalbarýardy. Ýöne Öwez onuň sesini eşidenokdy. Öweziň gulagyna diňe Emiriň buýrugy ýetýärdi.
— Hany meniň kelläme uran daşyň? — diýip, Emir Öwezden sorady. Öwez nije ýyl bäri beton jaýjagazyň çüňkünde ýatan agyr daşy ýerinden galdyrdy:
— Ine.
— Meniň kellämi nädip ýardyň? — diýip, Emir ýene Öwezden sorady. Öwez daşy ýarym biline çenli biýz halta sokulan gyzynyň kellesinden eňterdi:
— Ine, şeýdip.
— Gyzdan «hyrk» edip, aýylganç ses çykdy. Soň onuň gymyldysy galdy.
— Indi daşy ýerinde goý-da, Gülälegi näme eden bolsaň, şol işiňi ýene gaýtala — diýip, Emir buýruk bermegini dowam etdi.
Öwez kellesi ýarylan gyzynyň gymyldysyz ýatan göwresiniň üstüne özüni oklap, ony bagryna basyp, eşek kimin agyndy.
Bu pursatda hiç kim Öweze zat diýenokdy. Hemmeler sesini çykarman Öweziň bolşuny synlaýardylar.
Öwez halys bolup, özüni bir çete oklansoň, Emir ony ýene howlukdyrdy:
— Ony beýdip taşlama. Daň atyp gelýä. Gülälegi hem meni bukan ýeriňde buk. Özüň-de bukul. Ertir adamlar bilse, gowy bolmaz!
Öwez ak biýzden tikilen halta pisint köýnegi gyzynyň aýaklaryna çenli çekdi. Soň ony süýräp, kanala girip gitdi.
Şol pursat bir çetden Aýnabat daýzanyň gyzy Gülälek gelip, Emiriň ýanyna baryp durdy.
— Gülälek! — diýip, Aýnabat daýza gygyrdy. Gyzym! Sen nädip geldiň bu ýere?
— Gülälek ejesiniň gepine jogap bermedi. Oňa tarap gaýgyly nazaryny aýlap goýberdi-de, Emiriň elinden tutdy. Soň:
— Şu gün sen meniň ruhumy galdyrdyň, Emir! Sen meniň arymy ýerine saldyň, Emir! — diýdi.
Gülälek şeý diýensoň, Emir bilen bileje tirkeşip, öňe tarap ýörediler.
Aýnabat daýza bilen Näzik daýza ikisi iki ýerden naýynjar gygyryşdylar:
— Emir!
— Gülälek!
— Siz nirä barýaňyz? Diri bolsaňyz, indi bir öýe geliň ahyry!
— Emir!
— Gülälek!
Emirdir Gülälek ejelerine tarap ýene gaýgyly nazarlaryny dikip goýberdiler-de, harasadyň içinde gözden ýitip gitdiler.
Birden harasat ýatyp, ýagyş ýagyp ugrady. Güljeren bilen Aýjahan daýza-da aglaşyp gygyryşdylar:
— Öwez! Gülälegi nirä alyp barýaň, Öwez?! Suwa girme! Gark bolup ölersiň-ä!
Öwez-de hiç kime jogap bermän, kanalda ýitip gitdi...
Şundan soň Näzik daýza, Aýnabat daýza, Aýjahan daýza hem Güljeren dagy aglaşyp, yzlaryna dolandylar. Sebäbi çagba güýjäp, dünýäni suw-sil edip barýardy.
Yzlaryna dolanan pursatlary olaryň gözi gapdallarynda duran bir erkek kişä düşdi. Näzik daýza siňe syn salanda onuň öz adamsy Kadyrdygyny tanady. Onuň düneden ötenligi ýadyna düşüp, tisginip gitdi.
—Hih! Kadyr! Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? — diýip seslendi. — Sen näme, dünýä çykyp, gezibem bilýäňmi?
— Bu gün meniň arym ýerine salyndy — diýip, Kadyr aga Emiriň Gülälek bilen giden ugruna tarap seredip goýberdi. — Men indi dünýä arkaýyn çykaryn! Indi meniň ruhum direldi.
— Ol gitdi... Meni diňlemän gitdi — diýip, Näzik daýza-da Emiriň giden tarapyna seretdi. Uludan dem alyp, gözlerini ýaşlady.
— Hiç zady alada etme! Öz janyňa seret! — diýip, Kadyr aga Näzik daýza göwünlik berdi. — Emir hiç ýerik gidenok. Ol öz ýazgydynda.
Şeý diýip, Kadyr aga-da Emiriň giden ugruna tarap ýöredi. Adamsynyň hem oglunyň özüni ýeke goýup gitmesine Näzik daýza gynandy hem aglap başlady. Agysynyň arasynda:
— Kadyr! Emir! — diýip, birsyhly gygyrdy.
Çagba hem şeýle bir guýýardy welin, şaggyldysy gulaklary gapyp gelýärdi...
***
Näzik daýza öz sesine oýandy-da, hasanaklap ýerinden galdy. Ilki nämeleriň bolanyna düşünmän, alasarmyk ýagdaýda öýüň içine nazar saldy. Düýş görenini bildi. Düýşünde aglanam bolsa, ýaňaklaryndan syrygan ýaşlaryň ölüni elini ýüzünde gezdirende duýdy. Gözowalary hem çygjaryp durdy.
— Toba etdim, hudaýym, bu nämäniň alamatyka? — diýip, özbaşyna hüňürdedi-de, ilkagşamdan tok öçenligi sebäpli, agşam ýakynan pelteli çyrasynyň niredeligini görmek üçin ýassygynyň aşagynda ätiýaçlyk diýip goýan otluçöpüni çakdy. Ýanan otluçöpi çyrasynyň peltesine degirdi. Çyranyň çüýşesini geýdirip, ony ýykylmaz ýaly, bekje goýdy. Oglunyň diri däldigini ýatlap, ýüregini gysdyrdy. Gören düýşi sebäpli, tolgunmasyny basmak üçin dalana çykyp, bedreden suw alyp, bir owurt suw owurtlandy. Barmaklaryny ölläp, ýüreginiň üstüne öl çaldy.
— Toba, toba — diýip, ýene gaýtalady. — Adam pahyryň düýşüne herki zat girjek oguşýa.
Düýşünde Emiriň Öweze: «Öz başyňa-da Gülälek bilen meniň başyma salan oýunlaryňy sal!» diýen sözleri ýadyna düşüp, Näzik daýzanyň ýüregi jigläp gitdi. «Heý tob-a! Bi, Emiriň düýşüme girip, Öweze beý diýmesi nämäniň alamatyka, janlarym?» diýip, aladaly halda pikir öwürdi. Emiriň ýogalan günleri Öweziň kellesiniň üýtgäp, keselhanalarda kän ýatanyny ýatlanda ýüregi gopdy. «Ýa Emir janyň heläk bolmagynda Öweziň günäsi barmyka? Näme üçin şol wagt sagat gezip ýören Öweziň birden kellesi üýtgäýdi?! Eden işine gorkudan bolaýmasyn?!»
Pikir etdigisaýy, Näzik daýzanyň ýadyna kän zat düşdi. Öweziň bolşuny hakydasyna getirdi. «Soňy bilen, gutulyşansoňam, nije ýyl geçse-de, ol menden asla Emiri soramady-la?! Bile okadylar, oýnadylar, ösdüler. Näme üçin ol «Emir näme görnenok?» diýip, hiç wagt soramadyka?! Şu güne çenli näme üçin birem soramady?».
Näzik daýza birdenem özüniň Öweze göwnügaralyk etmesini ters saýdy. «Ýa ejesinden eşidip, oňaýdymyka?» diýip, içini gepletdi. Soň ýene bu pikiri bilen ylalaşman, öňki netijesine dolandy: « Aý, ýok, diýsem-diýmesem, Öwez Emir hakda agzalmanyny gowy görýän ýaly. Ýogsa, öý-işik boldy. Akyly durlandy. «Emirem şeýle bolaýypdyr-ow, Näzik daýza. Menem näsaglyk bilen sorabam bilmedim» diýmezmi ol ahyr bir gün! Goňşyň iti görünmese-de soralýandyr-a! Näme üçin Öwez Emiri soramady?!»
Bu zatlary aňynda aýlansoň, Näzik daýzanyň gahary gaýnap başlady. «Näme üçin bi pikirler öň meniň kelläme gelmedikä?» diýip, hyrçyny dişledi. «Şu gün daň atsa bolýa. Hökman baryp, Öwezden bu zatlary soraryn».
Şapyr-şapyr-şapyr edip, bedreden guýulýan ýaly bolup daşarda çagba guýýardy.
— Akrap geldi — diýip, Näzik daýza özbaşyna gepledi. — Bu gün pejem oturtmaly bolar. Howa-da sowapdyr.
«Emir jan ýogalan ýylam akrap şeýdip, harasat, çagba bilen gelipdi» diýip, Näzik daýza ogluny elinden gideren ýylyny ýatlady. «Hemme zat aram-aram gaýtalanýan ýaly».
— Näzik! Näzik! — diýip, Aýnabat daýzanyň sesi geldi hem derweze batly-batly uruldy. — Açsana gapyňy, Näzik!
Emiri ýitiren günem şeýdip, Aýnabat daýzanyň daň bilen gelenini ýatlap, Näzik daýza ýüregini elendirdi: «Eý toba, eýgilikmikä? Aýnabat bu gün näme irledikä?» diýip, içini gepletdi.
— Häzir! — diýip gygyrdy-da, Näzik daýza başyna don bürenip, derwezesiniň ýanyna bardy. Ilgençegi ýazdyryp, derwezäni açdy. —Aýnabat, eýgilikmi?!
Aýnabat daýza-da başyna don bürenipdi.
— Eýgilik-le, ýör, ýagyşda durmaly, öýüňe bir gireli — dýiip, ol Näzik daýzadan öň içerä ýöneldi. Dalana gelip, başyndaky donuny eline aldy. — Ýagaýşyny, sadagasy boldugymyň.
— Emir jan dagyny aldyran ýylymyzam akrap şeýdip, güýçli harasat goparyp, çagba bilen gelipdi, ýadyňa düşýämi? — diýip, Näzik daýza-da dalana gelip, donuny eline alansoň, Aýnabat daýza ýüzlendi.
Aýnabat daýza aglamjyrady:
— Şol ýyl gursun, hudaýym! Agşam hakyt, bir aýylganç düýş görüpdirin, Näzik. Öz sesime özüm oýanypdyryn. Ýüregim içime sygman, saňa aýdyp bereýin diýip gelýän häzir.
— Düýş gursun-la — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzany yzyna tirkäp, içerik girdi. — Menem gaty erbet düýş görüpdirin. Şondan gorkup turdum şumat.
Aýnabat daýza arkasyny diwara berip oturansoň, düýşüniň gürrüňine başlady:
— Düýşümde hakyt, Öwez meni köçä çagyrýar-da, Näzik. Bir görsem, köçede senem durmuşyň.
Aýnabat daýzanyň bu gürrüňine Näzik daýza tisginip gitdi:
— Heý, wi, toba! Aýnabat, menem hakyt şeýle düýş gördüm-dä, gyz! Onsoň ikimiz durkak Öwez Güljeren bilen Aýjahanam çagyryp gelýä...
Aýnabat daýza gözlerini gorkuly tegeledi:
— Hawa, hut şeýle bolýa, Näzik. Bu gije bir gudrat-a gopupdyr. Biz ýa-da uzakdakak özümizem bilmän, bir ýerlerik giden bolaýmaly?!
— Meniň düýşümde Öwez öz gyzy Gülälegi süsenekledip, kanala tarap alyp barýamyş. Biziňem barymyz onuň yzyna düşýämişik.
— Heý, toba-a — diýip, Aýnabat daýza sesini süýkürdi. — Menem şony gördüm-dä, Näzik. Hakyt barymyz hol, kanalçylaryň goýup giden beton jaýjagazyna barýamyşyk. — Aýnabat daýza sözüne dyngy berip, aglap ugrady. — Ol ýerde hakyt Gülälek jan bilen Emir hem barmyş. Öwez bolsa, daş edewersin, gyzynyň kellesine hol, onuň tikýän biýzini geýdirip, öz gyzynyň namysyny basgylaýarmyş.
— Ilki urýar-a ol gyzyny — diýip, misli bile synlan janly suratynyň gürrüňini edýän dek, Näzik daýza Aýnabat daýzanyň sözüni düzetdi. —Soň bolsa kellesinden ullakan daşy eňterýär.
— Hakyt şeýle-dä — diýip, Aýnabat daýza elini agzyna eltip, Näzik daýzany makullady. Hem birsyhly gorkup, gözlerini tegeledi. — Bu dünýäniň gudratyny görsene, Näzik. Ikimiz bir düýşi göräýipdiris. Beýle zadam bolýamyka, Näzik?
Näzik daýza Aýnabat daýzanyň bu sowalyna jogap bermän, Emiriň sözlerini ýatlatdy:
— Şol wagt Emiriň Öweze näme diýenini aňlap ýetişdiňmi, Aýnabat?
Aýnabat daýza «hawa» diýen terzde baş atdy-da, geplemäge çemlendi. Ýöne Näzik daýza oňa geplemäge maý bermän, sözüni dowam etdi:
— Emir Öweze: «Öz başyňa-da Gülälek bilen meniň başyma salan oýunlaryňy sal!» diýdi. «Hany meniň kelläme uran daşyň? Meniň kellämi nädip ýardyň?» diýip sorady. Saňa eşidildimi şu sözler?
— Hawa, hawa — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzany sesli makullady.
— Hakyt, şol şeý diýdi-dä, Näzik.
Näzik daýzanyň gözleri gaharly ýandy:
— Ýadyňa düşýämi, Aýnabat? Emir jan ýogalanda kellesi ýarylan eken. Ony kanalda bir zada urlandyr öýtdük. Kä wagtlar bolan zatlaryň düýşde oraşan görünýän halatlaram bolýar diýerdi köneler. Diýsem-diýmesem, goňşy jan, bu harasatly gijede bize çagalarymyzyň başyna düşen iş aýan bolan bolmaly. Üns berýäňmi sen bir zada, bileje oýnap-ösdüler, bile okadylar, heý, şü Öweziň Gülälek bilen Emiriň näme üçin görünmeýänini soran wagty ýadyňa düşýämi?
— Ýok — diýip, jogap berdi-de, Aýnabat daýza pikire batdy. — Onuň kellesi üýtgedi ahbeti, Näzik.
Näzik daýza gazaply pyşyrdady:
— Soň düzeldi ahyr! Näçe ýyl bäri seri sag-a onuň. Ýekeje gezek ýa Emir ýa-da Gülälek hakda söz açasy gelmedi. Goňşyň iti ýitse-de, soralýandyr-a.
Aýnabat daýza Näzik daýzanyň näme diýjek bolýanyny aňdy:
— Şu çaka üns bermeýşimizi diýsene muňa, Näzik. Sen Öweze göwün garaltjak bolýaňmy?
— Şu çaka çenli biziň gözümiz gapyk, aňymyz doň bolupdyr, Aýnabat. Elbetde, hasap-hesipler üçinem ýörite nesipli gün bardyr-da. Kim aň ýetiripdir bu düşnüksiz dünýä?! Bu gije bir gudrat bilen çagalarymyzyň başyna düşen ahwalata göz ýetirer ýaly, biziň aňymyz oýandy, Aýnabat. —Näzik daýza şeý diýip, has janykdy. — Göwün garaltma-ha däl, daň atsa bolýa. Göni baryp, Öwez bilen gepleşjek. Aýjahanam gaty görse, görüp geçsin! Emir jan bilen Gülälegiň heläk bolmagynda hökman Öweziň eli bardyr, Aýnabat. Ine, görersiň. Heý, ýigrimi ýyllabam bir dul degşir klasdaşyň niredeligini soraman bolarmy?! Üns berýäňmi sen şoňa?! Şonuň meňk-ä-de, seňk-ä-de gelmäge ýüzi ýok. Heý, şol ýeke gezek gapyňdan bardymy?! Baran däldir. Meňkä-de gelenok. Sebäbi çekinýän bolmaly. Bizi gören çagam birhili, sussy peseliberýär-ä şonuň.
Aýnabat daýza ýakasyny tutdy:
— Şu wagt sen aýdýaň welin, hakydama gelýä bolşy. Näme üçin bu zatlar öň biziň aňymyza gelmedikä? — diýip, Aýnabat daýza ýene şol bir sözlerini gaýtalady. Birdenem Näzik daýzanyň Öweze göwün garaltmasyna garşy çykdy. — Beýle bolmaly-la, gyz, Näzik. Ol Emir bilen Gülälege näme bolanyny ejesinden eşidendir-de, oňandyr. Sorap, biziň derdimizi gozgamajak bolandyr-da.
Näzik daýza Aýnabat daýza bilen ylalaşmady:
— Ejesinden eşidende-de başga kişi bolan bolsa, soraman oňup bilmez. On ýyldan, on bäş ýyldan sorardy welin, sorardy. «Şol wagt ýagdaýym bolmady» diýip, iň bolman, düýn sorasyn, öňňün sorasyn. Bizi görende müýnürgemesi näme onuň?! Sen näme etseň, şony et, daň agardygy, men-ä baryp, Öwez bilen egri oturyp, dogry sözleşjek. Bu gijeki ýaly düýş bize ýöne ýere görünýän däldir. Çagalarymyzyň bize ýetirip bilmän ýören ahydyr, ol, Aýnabat! Armandyr... Bu dünede öňde-soňda açylman galýan syr bolmazmyş-a...
Aýnabat daýza bu bolýan zatlara näme diýip, näme aýtjagyny bilmän, pikire çümüp, dymdy. Şol pursat Aýjahan daýzalar tarapdan galmagally, agy sesleri eşidildi. Aýnabat daýza bilen Näzik daýza donlaryny başlaryna atyşyp, daşaryk çykdylar. Derwezäniň gabadyndan Aýjahan daýza bilen Güljeren maňlaýlaryna urşup, tasaşyp geçip gitdiler. Olar aldygyna aglaşýardylar.
— A gyz, Aýjahan, eýgilikmi? Näme boldy? — diýip, Näzik daýza Öweze bolan gaharyny basyp, goňşusynyň yzyndan gygyrdy.
Aýjahan daýza ylgaşlap barşyna, aýak çekmän, nalynjyrady:
— Şu gün bagtymyz ýatdy öýdýän. Öýde Öwezem ýok, Gülälegem. Ol, biýzden tikilen köýnek artybam ýok. Düýşümde Öwez Gülälegi şol artyba salyp, kanala atýamyş. Nireden gözlejegimizi bilmän, ilki bir kanalyň boýuna baraýaly diýip barýas.
Aýjahan daýzanyň bu sözlerine Näzik daýza bilen Aýnabat daýza birhili boldy.
— Hi-wi... — diýip, Aýnabat daýza nädip dillenenini bilmän galdy. —A gyz, Aýjahan, şol düýşi menem gördüm, gyz, Näzigem görüpdir...
Aýnabat daýzanyň sözüni Aýjahan daýza eşitmedi. Ol ylgaşlap, eýýäm esli ara baran gelniniň yzyndan ýetmek üçin öňe atyldy.
— Degme, bu wagt olara gep düşündirip bolmaz — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzanyň ýeňinden çekdi. — Bularam hut biziň gören düýşümizi göräýdimikäler?! Görsene bu bolýan zatlary. Şol bir düýş hemmelere aýan bolýar...
«Ýör» diýilmese-de, Aýnabat daýza bilen Näzik daýza-da Aýjahan daýza daga ýoldaş bolmak üçin olaryň yzyndan ýöräp ugradylar. Esli ara ýetensoň, Aýjahan daýzanyň demi-demine ýetmän, biraz badyny saklady. Demini dürsemek üçin, çommalyp oturdy. Onuň yzyndan derrew Näzik daýza bilen Aýnabat daýza bardy. Olar öz deňine gelende Aýjahan daýza düneden näumyt halda özbaşyna gepledi:
— Ol, başymyza sataşan artybyň ahyr bir belanyň üstünden eltjegini bilýädim. Hakyt düýşümde Öwez hol, kanalçylaryň taşlap giden beton öýjagazynda öz gyzynyň namysyny basgylap, kanala atýamyş. Hudaýym, bu görlen ahwalat ýalan bolaýbilseýdir. Düýşde görülýän zatlaryň ters çykýan wagty-ha köpdür özün-ä.
Aýjahan daýza şeý diýip, ýerinden diklendi-de, ýene-de gelniniň yzyndan ylgaşlap gitdi.
Aýjahan daýzanyň «Başymyza sataşan artyp»diýip sögünmesi Näzik daýzanyň ýüregine ýakmady. Aýjahan daýzalara her annada göze görünmän gelip, azar beren güýç Näzik daýza üçin gowy bir zat ýaly bolup duýuldy. Oňa agramly söz diýenlerini islemedi. Öz pelsepeleri bilen gümra bolan Näzik daýza Aýjahan daýzanyň yzyndan: «Aryny alandyr-da» diýip gygyrmak isledi. Zordan dilini dişläp ýetişdi. «Hiç bir zat bilmezden, öňem aladaly goňşynyň göwnüne degip barýan-la men, toba!» diýip, içini gepletdi. «Şeýtan alyna gitseň, seni her ýoldan eltäýjek!»
Näzik daýzanyň näme hakda pikir edýänini duýan dek, Aýnabat daýza goňşusynyň ýüzüne soragly bakdy:
— Näzik! Aýjahan daýzalara göze görünmän gelýän zat ýa-da Emir janyň ruhumyka? Ol ar almaga gelýän bolaýmasyn?!
Aýnabat daýzanyň bu sözlerine Näzik daýzanyň ýüregi endiräp gitdi. Ol uludan dem aldy:
— Nä bileýin-dä, Aýnabat... Şol zat Aýjahan dagyny aljyradyp ýörkä meniň ýüregim-ä birhili, ýakymly duýgy çökýän ýaly bolýady. Kim göz ýetiripdir bu dünýä... «Erde jeset ýatsa-da, ar ýatmazmyş» diýýäler... Ar adamyny hiç wagt sypdyrmazmyş...
Ylgap barýan Aýjahan daýzanyň yzyndan maýdalyna ädim urup, goňşular dymdylar. Näzik daýza: «Aýjahana düýşleriň oraşan görnüp, düýşdäki zatlara käte oýalykda-da sataşylýandygyny aýdaýsammykam yzyndan ýetip?» diýip, pikir öwürdi. Soňam goýbulsun etdi. Bu ýagdaýda onuň bilen erjeşip oturmagy uslyp bildi.
Goňşular kanalçylaryň goýup giden jaýjagazynyň ýanyna baranlarynda ýagyş hem ýagmasyny goýdy. Daň agaryp, töwerege ýagtylyk çaýyldy. Güljeren kanalyň boýunda oturyp, ses edip aglaýardy. Bir gyradaky hyşanyň düýbünde akjaryp, uly biýz halta görünýärdi.
— Enesi! Adam çagyr! Öwezem şu taýda, Gülälegem! Bularyň eýýäm boljagy bolupdyr! Bagtymyz ýatdy, enesi-i! — diýip, Güljeren öz ýanyna ýetip barýan Aýjahan daýza aglap gygyrdy.
Aýjahan daýza adam çagyrmak üçin yzyna atyldy. Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Güljereniň ýanyna bardy. Halta pisint biýz köýnekden gyzyň ak injikleri çykyp durdy. Öweziň jesedi bilen içi Gülälekli, halta pisint ak köýnek ullakan gamşa direlip durdy.
Güljeren ýüzüni ýola tarap tutup oturyşyna gözlerini ýumup, kellesini elleri bilen tutup, başyny ýaýkap aglaýardy. Aýnabat daýza bilen Näzik daýza merhumlary çykaryşmaga güýçleriniň ýetmejegini bilip duransoňlar, derdi ýetik Güljerene-de azar berip durman, beton jaýjagaza tarap dolandylar. Adamlara şol ýerde garaşmagy ýüreklerine düwdüler.
— Heý, toba-a! Agşamky gören düýşümizde bolan zatlar huşda-da amal bolaýypdyr— diýip, Aýnabat daýza ýakasyna tüýkürdi. — Daş edewersin, tüf-tüf! Öwez pahyryňam boljagy bolupdyr...
— Hawa-la, gulak eşitse-de, göz görmesin. — Näzik daýza-da goňşusynyň edenini gaýtalap, ýakasyna tüýkürdi. — Men-ä ol pahyr bilen gepleşjek bolup durdum... Gepleşmäge-de ýetişmedik...
Beton jaýjagazyň öňünde olaryň gözüne ilki bilen ilen zat Gülälegiň ýagşa ezilip, palçyk bolup ýatan geýim-gejimi boldy. Iki goňşy Gülälegiň eşiklerini görüp, ýene ýakalaryny tutdular. Seslerini çykarman, biri-birine gözleri bilen düşünişip, baş atyşdylar. Düýşde görlen ullakan daş hem bir çetde togalanyp ýatyrdy. Beton jaýyň çüňkünde saralyp, guma siňip giden gazet Näzik daýzanyň ünsüni özüne çekdi. Onuň şol gazeti elläp göresi geldi. Üstüne düşen gumlary elleri bilen itişdirip, gazeti galdyrdy. Şol pursat çüýräp, pytrap giden gazet kagyzyndan patlap, ýere bir tahýa gaçdy. Ony Aýnabat daýza-da gördi.
—Tahýa—diýip, ol gorky bilen seslendi. Tahýany eline aldy. Ýerde ýatan tarapy zaýalanan bolsa-da, tahýanyň ýokary ýüzi abatdy. «Emir» diýlip, ak sapak bilen keşde çekilip ýazylan at mese-mälim bildirip durdy. —Bu Gülälek janyň tiken tahýasy, Näzik! Seret, bu ýerde seň ogluň ady-da bar! Seret!
Aýnabat daýza tolgundy.
— Gülälegiň tikenin-ä göremok. Ýöne, Emir janyň ad-a bar — diýip, Näzik daýza-da tahýany eline alyp, eýlesine-beýlesine seretdi.
Aýnabat daýza gazet tapylan çüňke tarap ýöredi:
— Ol ýerde ýene bir zat bar. ..
Guma siňen ýene bir tahýanyň bir çeti görnüp durdy. Aýnabat daýza ony garbap alyp, gumuny kakyşdyrdy. Ýüpekler solanam bolsa, Aýnabat daýza nagyş tikilişi boýunça ony tanady:
— Näzik, seret, bi hakyt Gülälek janyň tahýasy!
— Heý toba-a... — diýip, Näzik daýza birsyhly ýakasyny towlap, sesini süýkdürdi. — Aýnabat diýýän-ä, näme diýseňem, Emir jan bilen Gülälegiň başyndan inen bela şu ýerde inen bolmaly. Ýogsa olaryň tahýasy bu ýere nädip düşsün!
— Seň ogluňa tiken tahýasyny bermäge gelen pursaty bolan bolmaly näme waka gopanam bolsa. Seret, bi oglan tahýasynyň gazetde galyşyny. Heniz başa-da geýdirilmändir. Içliginiň tämizligini görýäňmi?
— Şu ýerde sataşýan ekenler-ow — diýip, Näzik daýza baş ýaýkady. —Çaga-da ol wagt olar... Bu ýerlere gelme nämä gerek diýsene! Nädip gorky-ürkini bilmän gelýäler bu ýerlere. Beýle boljagyny bilen bolsam, öýümi bermejekmi duşuşmak üçin...
— Beýle boljagyn-a bilmezdik. Halaşýanlaryny bilen bolsagam, öýümizem bermezdik — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzanyň gepini makullamady. — Üstesine, käýýärdigem.
— Bu diýýäniňem dogry — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzany makullady. — Biz ene-atalaram köp ýerde bimamla pikirlere guldurys.
Ikisem birhaýuk dymdylar.
— Öweziň gyzy bilen bu ýere gelip, bela sataşmasy ýöne ýere däldir, Aýnabat — diýip, Näzik daýza ýene öňki pikirlerine dolandy. — Näme diýseňem, Emir jan bilen seň gyzyň ölümi babatda şonuň günäsi bar bolaýmasa. Ol bu ýere öz günäsine sataşmak üçin gelen bolaýmasa... Görlen düýş, bu tahýalar, Öweziň nije ýyllarky bus-buslugy... Gowy üns ber... Saňa aýan bolup dur-a bolan zatlar. Hemmämiziň bir düýş görmämiz nämäniň alamaty?! Düýşdäki zatlaryň çyn bolmasy nämäniň alamaty?
— Näbileýin-dä... — diýip, Aýnabat daýza uludan dem aldy. —«Bilinmeýän syr kän, alynmaýan ar ýok» diýilýänidir belki, bu zatlar... Biz — diriler nämäni bilýäs. Adam aryny dirilikde alyp bilmese-de, belki, soň ýerine salýandyr... Bolan zatlar bir sebäp bilen ölä-dirä aýan bolmaly-da... — Şeý diýensoň, Aýnabat daýza Näzik daýzanyň ýoldaky aýdan sözlerini gaýtalady. — «Erde jeset ýatsa-da, ar ýatmaz « diýip, ýöne ýere aýtmadyk bolmaly könelerem...
— Merhumyň dili ýok, sesi ýok. Olar hem öz syrlaryny dirilere şeýdip, garaz bir tär bilen ýetirmelidirler-dä. Ýogsa, aram-aram gaty oraşan düýşler görülmezdi ahbeti — diýip, Näzik daýza pyşyrdady.
Şol wagt ileri tarapdan yzyna bir topar erkek kişini düşürip gelýän Aýjahan daýza göründi...
-
myspaser
3 years ago
- Soňy.
-
Yylgyn
3 years ago
- gorkdym
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Ýazyjynyn tasirli eserlerinin biri. Gije okasan gorkunc...
-
mertogly
3 years ago
- Su eseri we yene bir ikisini gecen yyl agsam 12 den daň 7 ä cenli okanym yadyma dusýa kompyuterde.Daňa cenli gozlerim gyzaryp gidipdi tasirli eser eken
-
Xyivenia
3 years ago
- Sagbolun @myspaser hayysymy yerine yetireniniz,ucin :)
16.04.2021 13:09
-
kwazimoda
3 years ago
- Gorkuly dal. Gyzyklyrak intresnjie. Sesli gulen yerlerimem boldy:)
myspaser 3 years ago- ***
Soňky döwürler Aýjahan daýza ýürekgysma keseline sataşdy. Birden-birden dünýä sygmajak bolýardy. Giň jahan gözüne dar görnüberýärdi. Ol muny garrylyga ýorjagynam bilenokdy, agtygy Gülälegiň ýetişýänine ýorjagynam. Gülälegiň ýetişip ugramagy diňe Öwezi däl, Aýjahan daýzany-da alada goýýardy. Ol ýekeje agtygyna şeýle bir öwrenişipdi welin, ony durmuşa çykarmalydygy ýadyna düşende, öýe sygman, düwläp-düwläp galyberýärdi. Köçä çykyp, ýüregini giňedýärdi. «Oglumyň birje ogul zürýady bolaýmady-da. Bu gyzam öýi boşadyp gider. Giýew diýeniňem kesekiniň erkegi. Ony öýe getirip boljakmy, bolmajakmy, kim bilýä. Getirjek bolanyňda ol geljekmi-gelmejekmi! Getireňsoň, göwnüň sygyşjakmy-sygyşmajakmy» diýip, häli-şindi alada bilen pikir öwürýärdi. Ol aladalaryny gelni Güljeren bilen ogly Öweze ýaňzydanokdy. Olary-da öz gaýgysyna batyrmak islänokdy. Ýüregini giňeltmek üçin käteler goňşy oba çykaran gyzy Nurjahanyňka giderdi. Gülälek hakdaky şol bir gürrüňleri bilen gyzynyň gulak etini gazardy.
— «Birim bar — müňüm bar» diýipdirler, eje diýip, Nurjahan ejesine göwünlik berýärdi. — Şükür et, Ýekeje zürýatsyz ötüp ýörenler bar-a dünýeden. Şol gyzam bolmadyk bolsa näderdiň?! Ine, nesipli gün gelip, öýe düşer welin, daşyňyzy çagadan dolduryp berer...
Gyzynyň gürrüňlerine Aýjahan daýza birneme köşeşerdi. «Belki şeýle bolsun-da!» diýip, birdenem şükür ederdi. Birdenem, ýene çig süýt emenligini edip, howsalaly pikirlere özüni aldyrardy. «Eri, birje ogly-da bolan bolsa bolmaýamy Öweziň. Gülälekden çaga önende-de, ol Öweziň yz-a bolmaýar. Başga kişiniň nesli bolýar-a. Çagasy ýene bolar diýip, kän garaşaýdym-da. Başy ýaşka Güljereni kowaga-da, başga birine öýeräýmeli ekenim. Beýden bolsam-da, soň ýene Öwezden hiç zat önmese näderdim?! Gülälek janam ýitirerdik. Güljerenem önelgesiz-ä däl. Gülälegi dünýä inderdi ahbetin ol. Soňky önelgesizligiň kimdenligini nä biljek?! Wagtynda doktora-da görnäýmediler. «Eliň bilen düzedip bolmaýa» diýilýän zatlar bi... Dünýäniň gudraty kän... Islegiňe görä ogullam bolup bolanok, gyzlam. Aýaly kowubam bolanok, täzesine öýlenibem. Adam pahyr özüniň däl-de, başga kimdir biriniň isleýänini berjaý edip ýören ýaly... Isläniňi däl-de, görmeliňi görýäň...»
Aýjahan daýza pikirlerine gümra bolup, bu gezegem gyzynyňkyda iki gününi dagy geçirdi. Giýewisi çopandy. Ol bir aý öýde bolsa, bir aýlap çöldedi. Aýjahan daýza giýewiniň ýok wagtyny çemläp, gyzynyňkyda häli-şindi ýüregini açar giderdi. Anna güni ol yzyna şaýlandy.
— Şu gije-de bolaýsana — diýip, gyzy ony ýene saklady. — Öň-soň ýeke özüm. Çagalar kiçi. Menem ölen-ýitenleň ruhuna ys edäýjekdim. Bir özüm töwir galdyryp oturmaýyn. Munuň ýalyda ýanyňda ýoldaş bolsa gowy. Özüňem namazly-töwirli kişi. Maňa töwir galdyryp berip git.
Ýüregi hernäçe yzyna atygsap duranam bolsa, Aýjahan daýza özüniň ýeke syrdaşy bolan gyzynyň göwnüni ýykmak islemedi. Galdy. Agşam ys edip, bile töwir galdyrdylar.
Gije Aýjahan daýza aýylganç düýş gördi. Düýşünde gapydan uzyn boýly, aýaklary atan-satan, hüýt gara zat girip gelýärmiş. Aýjahan daýza onuň ýüzüni görüp bilenok. Ol boýdan-başa gara şala bürenen ýaly. Bir seretse-de, hiç hili şal ýok-da, ol zat gap-gara tüweleýe meňzeýän ýalydy. Aýjahan daýza gara zadyň Gülälegiň ýanyna bararyndan gorkýar-da, agtygyny penalamak üçin Gülälege tarap atylýar. Gülälek öýüň bir çüňkünde öňküleri ýaly, iş tikip otyrmyş. Aýjahan daýza döş gerip, ony ýetip gelýän gara zatdan gorajak bolýar. Ýöne ýetişenok. Gara zat Aýjahan daýzadan öňürdip, Gülälegi çaga göteren ýaly ýokaryk göterýär-de, gapydan çykyp ugraýar. Aýjahan daýza onuň yzyndan ylgaýar. Gara zat Gülälegi göterip, şäherden çykýar. Kanalyň boýuna baryp, ony belent raýyşlaryň üstünde ýatyrýar-da, bogjak bolýar. Aýjahan daýza ylgap baryp, zadyň egninden tutup çekýär. «Edýäniň näme! Goýber gyzy!» diýip gygyrýar. Gara zat yzyna öwrülýär. Aýjahan daýza seretse, ol öz ogly Öwezmiş. Aýjahan Öwezden Gülälegi näme üçin bu ýere getirenini soramakçy bolýar. Onuň bolup ýörşüne gahary gelýär. Ýöne hiç zat sorap bilenok. Birsyhly:
— Öwez! Öwez! — diýip, gygyrýar.
Düýşi şu ýere ýeten halaty Aýjahan daýzany gyzy Nurjahan yralap oýardy:
— Eje, samraýaň sen!
Öz gören düýşüne Aýjahan daýzanyň keýpi bozuldy. «Eý, hudaý jan! Bu nämäniň alamatyka?!» diýip, gorky bilen pikir öwürdi. «Ýa öýde bir zat bolup ýörmükä?»
Ol çaý-çörege-de kän meýil etmän, yzyna howlukdy.
— Aýylganç düýş görüpdirin. Basymrak gideýin men! — diýip, gyzyna habaryny berdi. — Göwnüne bolmasa, öýde bir zat gopýan ýaly.
Nurjahan ejesine igendi:
— Eje jan, senem soňky wagtlar garrap ýörmüň, nämemiň, bir ýerde karar tapaňok. Bäri gelseň, aňryk gitjek, aňyrda wagtyň bäri geljek. Aglap duran çül-çagalary ýok. Özleri görer günlerini. Indi ogluň bilen gelniňem ep-esli adamlar bolupdyr-a. Gyzlaryny çykarsalar, basym agtyk görýän adamlar bolýar-a olar. Ýeke wagtym birje aý ýoldaş bolaýarlar maňa-da.
— Bir aý diýme, gideýin. Saňa alla ýar bolsun — diýip, Aýjahan daýza yzyna howlukdy. — Sen dogry aýdýaň, soňky wagtlar özümem bir hili bolupdyryn. Ýüregim dünýä syganok.
Onuň howsala düşmesi ýöne ýere bolmady. Öýüne gelenden, gelni Güljeren ýarym-ýaş bolup, oňa agşamky bolan zatlary gürrüň berdi.
Gün günorta bolanda Öwez oýanyp, daşaryk çykdy. Ol gyzynyňkydan gelen ejesiniň üstüne guduzlan ýaly bolup gygyrdy:
— Nädip geläýdiň, eje?! Entägem giýewiň maňlaýyny alyp oturmaly ekeniň-ä birki gün! Gitseň, öýüňe köwlenmelidir öýdeňok. Ýigrenýänim giýewisiniň eňegine bitip ýören adamlardy. Öz ejemizem şeýle boldy. Bu öýde nämeleň bolanyny bilýäňmi sen?!
— Ýuwaş! Ýuwaş! — diýip, Aýjahan daýza ogluna bir elini galgatdy. —Gidenim ik gün-le. Köwlenmez ýaly, ýyl aşyp gidemok. Giýewiň eňegine-de bitemok. Giýew çölde. Öýünde ýogam! — Aýjahan daýza ogluna gyssagly şeý diýensoň, demini dürsäp, biraz dymdy. Köýneginiň ýeňi bilen maňlaýyndan syrygýan burçak-burçak derini süpürip oturyşyna, başyny ýaýkady. — Öwf! Bi yssyny! Ýüregiňi çaşyryp barýa. — Birneme özüni dürsänsoň, Aýjahan daýza ogluna ýüzlendi. — Güljeren aýtdy baryny! Boljak işe çäre ýok. Boljak iş men otursam-da bolar, oturmasam-da. Gyzyň ýetişipdir. Ata bolupsyň, oglum. Oglan-oglanjyk däl-ä sen indi. Mensiz başyňy çarmany-da öwren. Haçana çenli meň başyma irişdäňi atyp gezjek sen?! Men öläýsem näme etjek?! Şonda-da «öýe geleňok» diýäge-de, käýýäp gaýdaýjakmy?! — Aýjahan daýza gepiniň soňuny öýkeli hüňürdä sapdy. —Toba-toba, mydama seni günäkärlejek bolup durlar, gyz!...
Öwez sesini birneme peseltdi:
— Ata bolamda näme! Bilýän zadym barmy meniň?! Her zadam bolsa, köpi gören sen. Bizden bir sanaç uny artyk iýen adam. Näzik daýza köp bilýän eken. Gülälek birinji gezek çaşanda, ol Gülälegiň agyz-burnuna sogan ýenjip çaldy-da, açaýdy-how ony. Ýaşy ulurak adamlaryň köpi göreni bildirýä-how!
— Näzik dogry edipdir. Al-arwahlar sataşyp, şeýtanlaýan adamy soganyň ysy basym açýandyr. Ýüzärligiň tüssesine-de köp bela-beterler gelip bilýän däldir.
— Biz şonam bilemzok-da — diýip, Güljeren pikire batyp gepledi.
— Bilýän zadyňyz barmy siziň?! Bilmeseňiz, biljek bolarlar! —Aýjahan daýza gelnine igendi. — Boýuňyzy bezäp, toý gez diýseň size. «Öýde ýüzärlik bolsun» diýibem, näçe gezekler aýtdym men. Heý, gepim ýer tutdumy?!
— Ýüzärlik bilen bela sowuljak bolsa, men häziriň özünde tapyp gelerin ony! — Öwez haltadyr orak alyp, ýola şaýlandy. — Häzir tüýs ýetişýän wagty onuň.
— Gyrak-bujaklarda kändir — diýip, Aýjahan daýza ogluna ýüzärligi nireden almalysyny salgy berdi. Soňam özüniň näme üçin agşam gelmänini düşündirdi. — Nurjahanam anna agşamy ys çykardy, tüwüjik bişirdi. Özem ýeke. «Töwir galdyryp berip gidäý» diýip duransoň, galaýdym bir gije. Wah, beýle zatlaryň boljagyny nä bileýin men. Bilen bolsam, gelerdim-le.
— Bolýa-la, gyz! — diýip, Güljeren gaýynenesini köşeşdirdi. — Her näme-de bolsa, sag-aman geçdi. Sowuldygy bolsun. Näme diýseňem, ýanyňda ýaşulyň bolsa, kyn pursatda ýüregiň suwly bolýan eken...
— Dagy näme! — diýip, Aýjahan daýza ony makullady. — Köpi gören köpi gören bor-da.
Aýjahan daýza çaý-suwuny içip, özüni tutansoň, Gülälegiň ýanyna bardy. Gepi ilki agtygynyň tikip oturan işine syrykdyrdy. Keşdäniň eýlesini-beýlesini dyrmalaşdyryp gördi:
— Tüweleme, Gülälek jan, ýakaň-a gowy bolýa. Özüňem çalt işläpsiň öýdýän. Men Nurjahan ejeňlere gitmänkäm başlapdyň-a bu ýakany. Eýýäm gutaryp barýaň.
Gülälek enesiniň gepine jogap bermedi. Işine dümtündi oturdy. Işini öňküleri ýaly çalt tikenokdy. Iňňäni maýdalyna sançýardy.
Aýjahan daýza agşamky hadysany ýadyna salyp, agtygyny gynandyrmak islänokdy. Onuň özüniň dil açaryny isleýärdi. Şu pikir bilen Aýjahan daýza sag eliniň aýasyny Gülälegiň maňlaýyna degirdi:
— Gyzgynyň-a ýok.
Gülälek onuň elini itdi:
— Azar bermesene, ene. Iňňäni elime dürtdürýäň häzir. Näme, meniň gyzgynymy barla diýdilermi saňa?!
Aýjahan daýza müýnürgedi:
— Geçen agşam ýaramansyň-a, guzym. Gyzgynyň barmyka diýip, özüm barlap görýän maňlaýyňy.
Gülälek ýene enesi bilen gepi ugrukdyrybermedi. Sesini çykarman, işine güýmendi. Ol agşamky bolan zatlaryň ählisini bilýärdi. Gulagyna eşidilýän ses, özüniň dünýäni duýman iş tikişi, bary ýadyndady. Bu sataşan belany gaýgy edip, gyzyň ýüregi häzirem daş asylan ýaly bolup durdy. Sorkuldap, yzaly sançýardy. Işe-de güýmenesi gelenokdy. Ýöne wagtyny geçirmek üçin syrym-süpürimem, tikin işinem bialaç edýärdi. Ýüzlerini ak tam edişip, gorkuşyp oturan ejesidir kakasynyň bolşuna dözmän, syr saklaýardy. Häzir ol ähli bolan zady enesine aýdyp, möňňürip, ýüregini gowzutmak isleýärdi. Ýöne ýene ejesiniň-de, kakasynyň-da gynanjagyny bilip, özüne erk edýärdi. «Belki, bu bir gün şeýle bolandyr. Belki, indi geçip gider» diýip, pikir öwrüp, öz-özüni köşeşdirýärdi.
Aýjahan daýza-da agtygyndan artykmaç zat sorap, onuň ýüregine düşüp durmady. «Geçer gider, belki, al-arwah öýe bir gijelik darap geçendir» diýip, pikir etdi.
Şunluk bilen Gülälekli gürrüň galdy. Soňky günler, gijeler hiç hili üýtgeşik hadysa gopmady. Gülälegiň hem öňki asuda bolşudy. Şeýle bolansoň, bütin maşgala ýene rahatlyk aralaşdy. Aýjahan daýza Näzik daýzanyň ýanyna gümür-ýamyra baryp, onuň öýündäkilere özi ýok wagty kömek edeni üçin taňryýalkasyn aýtdy. Agtygynyň halyna gynanyp, gözlerini ýaşlady:
— Göz boldumy, dil boldumy, ýaňy bir ýetişip, gapy açylaýjak wagty... Kim indi munuň başyna kürte atmaga ýürek eder...
— Hudaý bardyr, düzeler, gynanma — diýip, Näzik daýza goňşusyna göwünlik berdi. — Belki, geçdigidir. Gaýdyp zadam bolmaz. Eger ýene gaýtalanaýsa-da, molla çagyryp, okadyp göräýmeli bor.
— Ýa garaguşagyry tapynaýdymyka? — diýip, Aýjahan daýza pikire batdy. — Şol keselem şeýdip, duýdansyz tapylýamyş.
— Aý, ýok, garaguşagyry däl. — Näzik daýza ynamly gepledi. —Garaguşagyry bolan kişi dişlerini biri-birinden geçiräýjek bolup, gatap ýatýar, titreýär. Ýumruklaryny bek düwýär. Tutgaýy tutan wagty garaguşagyryly kişiniň ýumruklaryny açmagy her kim-her kim başarmaýaram. Güýçli kişi tapylaýmasa. Näsagyň agzyndan ak köpük gelýär. Onsoňam, garaguşagyry diýen zat bir başlasa, arasyna kän salym salman, häli-şindi bildirip durýar. Ol seniň annaňy-da bilenok, şenbäňi-de. Men garaguşagyra sataşan adamlary kän görüpdim.
— Eý, tob-a! —diýip, Aýjahan daýza uludan dem alyp, sesini süýkdürdi. Alada galdy. — Onda ol, meniň agtyjygyma sataşan bela nämekä, allajanlarym?!
Näzik daýza agras gepledi:
— Näbileýin-dä, Aýjahan! Bu düne göz ýetirerden çuň-da! Bir görseň, «Al-arwah ýok» diýip ýörler. Bir görseňem, adamlar nähilidir bir düşnüksiz zatlara sataşýarlar. Anna agşamlary ölüleriň ruhlary oýanyp, gapy-gapy gezýä diýerdi köneler. Ýöne onam gören adam-a ýok. Bi, kakyn-silkinli adamlara näme diýjek? Olar mydama kimdir biri bilen gepleşip ýörler. Olar doglanda kakynly bolup doglanoklar, ahbetin. Adama hemme zat soň sataşýa. Seniň agtygyňam kimdir biri bilen gepleşýä-de, soňam çaşyp ýykylýar.
— Dünede göze görünmeýän bir gudrat-a bar — diýip, Aýjahan daýza keýpini gaçyryp gepledi. — Şu gyza bir bela sataşjagyny düýşümde gördüm men, Näzik.
Bu sözlere tolgunyp, Näzik daýzanyň ýüzi üýtgäp gitdi:
— Goýsana, gyz?!
— Alla bar! — Aýjahan daýza sözüni dowam etdi. — Düýşümde ynsmy-jynsmy, bilemok, bir uzyn gara bela Gülälek jana topulýamyş. —Aýjahan daýza gepine birneme dyngy berip, gözlerine çyg getirdi. —Şu gyz öläýmese, Näzik...
— Goýaweri! — diýip, Näzik daýza Aýjahan daýzanyň al petinden aldy. — Toba et-de, sözüňi yzyna al. Hiç zadam bolmaz. «Düýşi görmekde däl, ýormakda» diýipdirler. Gowy zada ýorsaň, hiç zadam bolmaz!
Aýjahan daýza gözlerini süpürip, ýene bir uludan dem aldy-da, gamgyn halda sözüni dowam etdi:
— Ol gara zat Gülälegi çaga göteren ýaly göterip, bir ýerlere alyp gidýämiş. Men onuň yzyndan ýetip, egninden çekýän welin, ol öz oglum Öwezmiş. Bu gyzyň başyna Öwez sebäpli bir bela geläýmese... Gorkaýmasyn diýip, muny heniz Güljerene-de, Öweze-de aýdamok.
— Oňarýaň aýtmasaň — diýip, Näzik daýza Aýjahan daýzanyň gepini makullap, baş atdy. — Aýtsaň, olar gorkaram. Özüňem ýüregiň düşüşer ýaly, hudaýýolujyk paýlaý. — Şeý diýensoň, ol gepini dünýädäki gudratlara syrykdyrdy. — Bi, düýş diýen zada näme diýjek diýsene! Bir wagt menem oglum Emir janyň elimden gitjegini düýşümde görüpdim. Soň kakasynyň aýryljagy-da aýan boldy maňa. — Näzik daýza birdenem, öz gepleriniň Aýjahan daýzany has gorkuzjagy hakda pikir öwrüp, gepini üýtgetdi. Ýene goňşusyna göwünlik bermäge durdy. — Alada etme sen, belki, ol gara zat gudalardyr. Biri bilen guda bolup, Gülälegi çykarjaksyňyz. Gyz üçin gaýyn öýem atasy öýi ýaly bolýarmy näme! Aladadan, gowgadan doldurýarlar-a geleniň başyny. Agtygyň indi aladaly günlere gitmeli pursaty gelýändir. Gara zadyňdyr şol.
— Belki, şeýle bolsun-da, Näzik. Agzyňdan Hudaý eşitsin-dä! — diýip, Aýjahan daýza Näzik daýzanyň gepine birneme köşeşen ýalam bolsa, ýüreginden daş asylan dek bolup, gaýtmak üçin ýerinden turdy.
***
Çarşenbäniň güni batyp, anna gününiň ak iňrigi ýaňy bir töwerege süýt reňkini çaýyp ugrandan Gülälek böwrüne dürtülen ýaly bolup, tisginip oýandy. Ol özünde ysgynsyzlyk duýdy. Ýüregi bir zat syzýan ýaly, jigläp durdy. Onda-da ünsüni başga ýana sowjak bolup, daşarynyň ol-bi işine güýmendi. Çäýnek-käseleri ýuwdy. Töwerege sübse çaldy.
Gyzyň daň bilen düňküldäp ýörşi öýdäkileriň-de barynyň ýüregine dowul saldy. Hemmeler oýanyp, daşaryk çykdylar. Gapydaky tagta sekiniň üstünde ýatan Aýjahan daýza Gülälege gep goşdy:
— Balam, namaz wagtyndan-da ir oýanypsyň-la sen?!
Gülälek ýürek syryny ýene bukup saklady:
— Ukym tutmady-da, turaýdym.
Özi geplemänsoň, gyza artykmaç sowal bilen azar-da berip durmadylar. Hudaýýoly çörek kesmek üçin Güljeren çaý hem içmän, hamyr ýugurdy. Aýjahan daýza namazyny okansoň, Öweziň getiren ýüzärliklerinden gysym-gysym edip, boguşdyrdy. Soň olary Öweze berdi:
— Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde-de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň gabsalaryndan-da as. Üzüm dalbarlaryna bagla. Aşhananyň, hammamyň-da äpişge-gapylaryna daňyp goý. Her ýüzärligiň gapdalyna-da ýüpek daň-da, sogan asyşdyr.
Öwez diýlenini etdi. Güljeren bilen Aýjahan daýza bir tamdyr çörek bişirip, Hudaý ýoluna çörek paýladylar. Gün ikindä sananda mazaly ýag ysyny çykaryp, tüwi atardylar.
— Irgözinden molla-da çagyryp geläýsemmikäm? — diýip, Aýjahan daýza nähilidir bir abanyp gelýän howpy syzýan ýaly, gorkuly gepledi.
— Entek göreli. Belki, hiç zat bolmaz — diýip, Güljeren gaýynenesini köşeşdirdi. Gaýynenesine şeý diýse-de, onuň özi-de aladadan gagşaýardy.
Tüwi bişensoň, Aýjahan daýza goňşy-golama nahar eltip, ys dadyryp çykdy. Soň özlerine-de guýnup, saçak başyna geçdiler. Mydama edişleri ýaly, Öweze aýratyn jama guýdular. Güljeren, Gülälek, Aýjahan daýza üçüsem bir tabagyň başyna geçdiler.
Heniz jama el uzadylmandy. Günbatarda gün eňek atyp, gyzyl şöhlesini kiçeldip ugrapdy. Ertirden bäri gyzyp, adamlaryň eňkini agdyran howur birneme kiparlap başlapdy.
— Alyň onda, iýiberiň. Bismylla — diýdi-de, Aýjahan daýza öýüň ýaşulusy hökmünde nahara başlamaga rugsat berdi. Hemmeleriň eli nahara uzady. Öwez dört barmagynyň üstüne tüwi hem mündürip ýetişdi. Ýöne hiç kim agzyna duz salyp ýetişmedi. Edil şol halat guýynyň içinden gelýän ýaly bolup, Gülälelegiň gulagyna geçen annadaky tanyş ses eşidildi:
— Güläle-ek! Güläle-ek!
Gyz sese tisginip gitdi-de, jama uzan elini dessine yzyna çekip aldy. Töweregine ýaltaklady. Gygyryp, sese ses berdi:
— Hä?!
Öweziň eline alan tüwüsi jama gaçdy. Güljeren elini nahardan çaltlyk bilen çekip alyp, aglamjyrady:
— Ana! Ýene başlandy!
Aýjahan daýza tüwä ýeten elini yza-da çekip bilmedi, eline tüwi-de alyp bilmedi. Misli, doňan ýaly bolup, Gülälegiň ýüzüne tiňkesini dikdi galdy.
— Güläle-ek! Güläle-ek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?!
— Öňki gyzyl köýnegimi tikip boldum! — diýip, Gülälek oturan ýerinden sese jogap berdi. — Ertir ýene birini başlajak!
— Häzir başla! Ertir başlama! — diýip, ses Gülälege buýruk berdi. —Bol, häzir başla!
— Naharymy iýeýin-dä. Ajykdym men! — Gülälek ýalbaryjy gepledi. — Soň başlaýaýyn?!
— Iýme! — diýip, ses rehimsiz gygyrdy. — Menem sen sebäpli nahar iýmän ýörün. Senem iýme.
— Men sebäpli?! — Gülälek eşiden gepine haýran galyp, pikire çümdi. — Men hiç kimi nahardan goýamok. Sen meni biri bilen çalyşýan bolaýma?!
Ses gaharlandy:
— Gepiňi köpeltme! Maňa seniň düşündirişiň gerek däl. Ilki bilen öýüňizden asan ajy ysly zatlaryňyzy aýyr. Men olaryň ysyna çydamok. Ol yslar meniň ýoluma böwet bolýa. Soň bolsa, täze köýnegiňi tikip başla!
Gülälegiň näler sesiň garşysyna gidesi gelýärdi. Onuň hiç bir diýenini etmek islänokdy. Ýöne ähli zat erksiz bolýardy. Gyz öz erkine hereket edip bilenokdy. Özi duýmazdan, sese tabyn bolup barýardy...
— Bolýa! — diýip, sese jogap berdi-de, Gülälek saçaga elini süpürip, ýerinden turdy.
Ejesi-kakasy, enesi ony doňňara daşa dönüp synlaýardylar. Oňa näme diýjeklerinem bilenokdylar.
Gülälek elini krantdan sabynlap ýuwdy. Soň gapynyň eltutaryna gysdyrylyp goýlan plotensa mazaly süpürdi. Şondan soň kakasynyň asyp goýan sogandyr ýüzärlikleriniň barynyň ýüpüni üzüp, ýere zyňyp ugrady.
Gülälegiň bu bolşuna Aýjahan daýza özüne gelen ýaly boldy. Ol hem saçaga elini süpürip, çalt töwirini galdyrdy. Güljeren bilen Öwezem oňa eýerdiler. Aýjahan daýza Öweze:
— Çalt git-de, Pälwan mollany çagyryp gel! — diýip, tabşyrdy. Özi bolsa Gülälegiň ýanyna bardy. — Gülälek jan, aýyrma bu zatlary! Bular seni al-arwahdan goraýar-a!
— Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly zatlary ýere göm, ýa köçä taşla!
Gülälek geplemän, elindäki bir bogy ýüzärlik bilen Aýjahan daýzanyň ýüzüne şarpyldadyp goýberdi. Aýjahan daýza iki eli bilen ýüzüni tutup, yza tesdi:
— Bu gyzy hakyt al-arwah eýeläpdir.
Öwez mollanyň ugruna gitdi. Güljeren saçak-suprany ýygnady.
— Näzik daýzanam çagyraýynmy? — diýip, gaýynenesine sala saldy.
— Çagyrasyň gelse, çagyraý! — diýip, Aýjahan daýza gamgyn gepledi. — Muňa Näzik näme eder öýdýäň?!
Güljeren ylgap gidip, Näzik daýzany yzyna tirkäp geldi. Bu wagt Gülälek ähli ýüzärlikdir asylan soganlary ýygnap, olary gömmek üçin pil alyp, çukur gazýardy. Üzüm dalbarlaryndaky ýüzärlikleri eli ýetmäneligi sebäpli, oturgyja münüp alyşdyrdy.
Aýjahan daýza Näzik daýzany aglap garşylady:
— Näzik, bu gyz-a ýene başlandyr...
Gülälegiň bolup durşuny görüp, Näzik daýzanyň ýüregi jigledi. Bu wagt onuň kalbynda bir zatdan kanagatlanma duýgusyna meňzeş duýgy-da döreýärdi. Ol duýgy enäniň ýüregini ezip, agysyny tutdurýardy. Özem bir ýakyn hossara duşup, dert aýdyp aglanylýan agyny.
Näzik daýza öň Gülälegiň öz kakasynyň gözüne iňňe sokjak bolanyny ýatlap, «Birden elindäki pil bilen meniňem maňlaýymy ýaraýmasyn» diýen gorka gaplandy-da, gyzdan uzak aralykda badyny saklady. Oňa gep goşdy:
— Gülälek jan! Ol zatlary ýere gömmesene. Gereg-ä olaryň bary. Ýokardan asylanyny halamasaňam, ýygnap, goý bir ýerde. Soganlar-a nahara atmaga gerek. Ýüzärliklerem tütetseň, derdiňe em bolar!
— Piliňi taşla-da, ýanyna baryp, ol daýzanyň saçlaryny, ýüzüni sypa! — diýip, ses Gülälege buýruk bermegini dowam etdi. — Özüňem oňa aýt. Seniň derdiňe hiç zat em bolmaly däl. Sen erbet adam! Seniň ölüm pelläň ýakynlaşýar!
Sesden eşiden bu sözleri Gülälegiň ýüregini aşak gaçyrdy. Ol iki eli bilen ýüzüni tutup, aglamjyrady:
— Ölüm pelläm? — Öz ömrüniň paýawlanyny eşitmek gyza agyr degdi. —Beý diýme maňa! Entek meniň ýaşasym gelýä!
Ses gyzyň zarynlamasyna üns bermän, buýrugyny gaýtalady:
— Ol daýzanyň ýanyna bar-da, onuň saçlaryny, ýüzüni sypa! Özüňem oňa aýt. Seniň derdiňe hiç zat em bolmaly däl! Seniň ölüm pelläň ýakynlaşýar.
Gülälek diýlenini edip, Näzik daýzanyň ýanyna bardy. Onuň saçlaryny, ýüzüni sypady.
— Meniň derdime hiç zat em bolmaly däl, Näzik daýza! — diýip, gamgyn gepledi. — Men erbet adam.
Ejesidir enesini gynandyrmajak bolup, gyz sözleriniň baryny soňuna çenli aýtman goýdy. Gyzyň öz ýüz-gözüni, saçlaryny sypaşdyrmasyna Näzik daýzanyň ýüregi höpledi. Oňa näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi.
— Kakasynyň gözüne iňňe sokjan bolan bolsa, ejesini uran bolsa, munuň jyny bize düşüpdir — diýip, Aýjahan daýza agtygynyň bolşundan netije çykardy. — Ýaňy ýüzärlik bilen menem urdy bi. Ýerden ýuwaş çagady. Ýerden ses çyksa-da, mundan çykmazdy. Muňa beýle dälilik nireden ýolukdyka, Näzik?! — Aýjahan daýza soňra Näzik daýza delmuryp bakdy. — Seret, seni welin sypap dur.
Näzik daýza bu gopýan ahwalata baha bererden özüniň ejizdigini duýdurdy:
— Wah, goňşy, men-ä saňa näme diýjegimi bilýän däldirin!
— Sözleriňi doly aýt! — diýip, ses Gülälegiň gulagyny gazap başlady. Indi ol birneme ýakyndan eşidilýärdi. Gün mazaly ýere girip, gijäniň garaňkylygy töwerege goýulyk guýup ugrapdy.
— Aýtjakgä! — diýip, bu sapar Gülälek sesiň garşysyna gaýtdy. —Ejem gynanar. Öldürseň, öldüriber! Ölen çagym görerler ölmelidigimi!
— Gynansa gynansyn ejeň! Senem meň ejemi gynandyrdyň! — diýip, ses gaharlandy. — Aýt sözüň yzyny!
— Aýtman! — diýip, Gülälek bekine tutdy. — Men senem tanamok. Seniň ejeňem. Men dünýä inip, hiç kime ýamanlyk edemok. Hat-da garynjanam öldürip göremok men!
Ses Gülälegiň özüni aklamasyna pitwa bermedi-de, gaharlanmasyny dowam etdi. Gülälek bogulýan ýaly boldy. Bokurdagyny tutup, ögäp başlady. Demi tutulyp, gözleri hanasyndan çykaýjak boldy.
Daşdan synlaýan üçin onuň bolşy öz-öüzni bogýana çalym edýärdi. Aslynda weliin, gyz özüne dem bermeýän nämedir bir zady aýyrmak üçin ellerini bokurdagynyň daşynda aýlaýardy.
— Waý, munuň işi gaýtdy! — Güljeren çirkin gygyrdy. — Bu gyz öz-özüni bogup dur-a!
Duranlaryň bary gyza hemaýata ylgadylar. Onuň ellerini bokurdagyndan aýyrmaga synanyşdylar.
— Gülälek, aýyr elleriňi bokurdagyňdan! Sen öz-özüňi bogýaň-a! —diýip, Näzik daýza-da gyza gygyrdy.
Gülälek olary itdi:
— Aýrylyň! Siz maňa päsgel berýäňiz! Men öz-özümi bogamok! Men özümi bogýan eli aýyrjak bolýan!
Güljeren bilen Aýjahan daýza yza tesdi.
— Munuň gözüne bir zat görünýän ýaly — diýip, Aýjahan daýza gorky bilen gepledi. — Bokurdagynyň daşyndan el görünýämikä? Biz-ä görünýän zat ýok.
Güljeren alaçsyz halda özüni ýere goýberdi. Ol indi näme etjeginem bilenokdy. Aglajagynam bilmedi, gygyrjagynam. Gyzyna hemaýata barasy gelýärdi. Ýöne «Päsgel bermäň!» diýip, gygyryp duran gyzyň ýanyna ýene barmaga-da ýaýdandy.
— Munuň akyl-a ýerinde ýalam! — diýip, Güljeren gyzynyň geplerinden netije çykardy. — «Aýrylyň, päsgel berýäňiz» diýip dur-a ol. Bi biri bilen-ä gidişýä!
Aýjahan daýza maňlaýyna urdy:
— Wah, gidişenem gursun şunuň, gidişmedigem. — Aýryl, Näzik onuň ýanyndan! — diýip, Aýjahan daýza henizem Gülälegiň bokurdagyndan ellerini aýyrjak bolup dyrjaşýan Näzik daýzany-da çekdi. — Gaýt hany ýanyndan, göreli! Munuň soňy näme bolýa?!
Näzik daýza-da Gülälekden çete çekildi.
— Aýt! Aýt! Ölmelidigini aýt! — diýip, ses Gülälegiň gulagyny deşäýjek bolup gygyrdy.
— Aýtman! Aýtman! — diýip, gaýtalady-da, Gülälek demi tutulmadan özünden gidip ýykyldy.
— Ine, ýene öňki ýaly boldy! — diýip, Güljeren aglap, ýene gyzyna kömege ylgady.
Näzik daýza bilen Aýjahan daýza-da oňa hemaýat berdiler. Içerini yssy görüp, Gülälegi agaç sekide ýatyrdylar. Näzik daýza ylgaşlap, Gülälegiň gömmek üçin üýşürip goýan soganlaryndan birini alyp, onuň daşlaryny elleri bilen sypyryşdyrdy-da, gyzyň agyz-burnunyň daşlaryna çalyşdyrdy. Sogany elinde mynjyradyp, suwuny çykardy. Suwundan Gülälegiň boýunlaryna-da çaldy. Gülälek iňňildäp, özüne geldi. Başyna düşen ahwalata çydaman, aglady.
— Bizar boldum men mundan! Çydamok indi...
Aýjahan daýza agtygynyň ýüz-gözüni sypaşdyrdy:
— Sen kim bilen gepleşýäň, guzym? Aýdaý maňa! Kim ol seni bizar edýän haramzada?! Ýeriň teýinden çykmaz ýaly edeýin men şony!
Göze görünmeýän bela bilen gidişmeden Gülälek eýýäm ýadady. Ýöne ol hakda enesine-de aýtjagynam bilmedi, aýtmajagynam. Onýança gulagyna ýene öňki tanyş ses eşidilip ugrady.
— Güläle-ek! — diýip, ses gygyrandan, gyz ýerinden ýeňillik bilen turdy. — Ýüzüňdäki, boýnuňdaky sogan yslaryny ýuw, Gülälek. Entek ikimiziň gürrüňimiz kän-ä!
— Bolýa! — diýip, gulagasyjylyk bilen turdy-da, Gülälek krantdan el-ýüzüni, boýunlaryny sabynlap ýuwdy.
— Bagtym ýatdy! Bu gyz hakyt dälireýä! — diýip, Güljeren içi-içine sygman, aglap başlady.
Aýjahan daýza-da gözlerine ýaş aýlady. Ýüregi hernäçe agyryp duran-da bolsa, ol gelni ýaly möňňürmän saklandy. Näzik daýza goňşularyna birsyhly göwünlik berdi:
— Niýetiňizi gowa tutuň. Molla birki hepde okar welin, açylar gider. Häzirem azar bermäň oňa. Näme edýänine syn ediň-de, oturyň. Sizem bir ýandan çekeleseňiz, öňküdenem aňkasyny aşyrýaňyz onuň!
Güljeren bilen Aýjahan daýza Näzik daýzanyň diýenine gulak asdylar. Arkalaryny üzüm dalbary üçin dikilen sütünlere berip, özlerini ýere goýberdiler. Aýjahan daýza mertlige salyp köşeşse-de, Güljeren welin gözýaş dökmesini goýup bilenokdy. Özi sessiz otursa-da, ýaş damjalary onuň ýaňaklaryndan yzy üzülmän syrygyp durdy.
— Indi ýüzärlikler bilen soganlary ýere göm — diýip, şol arada ses Gülälege tabşyryk berdi. — Ýa-da köçä taşla!
Gülälek ýer dörüp durmagy kyn görüp, ýüzärlikler bilen soganlary etegine salyp, köçä daşamaga durdy.
— Ne gözel soganlar. Bulary nahara atsaňam boljak ahbeti, Gülälek jan — diýip, ejesi Gülälegiň öňüne badalga bolup, onuň etegindäki soganlary almaga synanyşdy. — Getir, men bulary öňküje ýerinde goýaýyn. Ýüzärliklerem görmek islemeýän bolsaň, kümä salaýaryn.
— Ol aýalyň ýüzüne ur-da, işiň bilen bol — diýip, ses Gülälege tabşyrdy.
Gülälek ejesiniň ýüzüne şarpyldadyp goýberdi-de, ýüzärlikdir soganlary köçä äkitmegini dowam etdi.
— Heý, toba-a! — diýip, agtygynyň bu bolşuny gören Aýjahan daýza ýakasyny towlap tutdy. — Bu gyza bir döw-ä çaldy.
Näzik daýza-da öwran-öwran toba etdi. Güljeren ýeke çagasynyň başyna düşen işe tap getirmän, aňkasy aşana döndi. Birden-ä göz owalaryny ýaşa dolduryp, Gülälek nirä ýörese, bile ýöredi, birdenem, ýene oturyp, gözýaş dökdi. Gülälegiň köçä sogandyr ýüzärlik daşap ýörenini görüp, Aýnabat daýza-da ýakasyny tutup geldi. Ol her kimiň ýüzüne gözlerini elek-çelek edip seredensoň, pyşyrdy bilen saglyk-amanlyk soraşdy.
Aýjahan daýza Aýnabat goňşusyny görende öňki mertligini saklap bilmedi. Hossar tapynan ýetim çaga ýaly, möňňürip goýberdi:
— Gurgundyrys-la, goňşy, geleweri, goňşy. Başymyza düşen işi bir synla sen! Bu gyz-a hakyt däliredi!..
— Hudaý bardyr, düzeler — diýip, Aýnabat daýza-da goňşularyna mylakatly sözüni gaýgyrmady. — Mert bol, Aýjahan. Güljeren, senem mert bol, gelin. Başa gelenini çekmeseň bolmaz!
— Çekmäňde nä alaç edersiň! — diýip, Güljeren birsyhly aglady.
—«El bilen düzedip bolmaýa» diýilýän zatlar şü — diýip, Näzik daýza pyşyrdady. — Indi, näme bolsa-da, Allanyň etjek işine garaşmadan başga çäre ýok. Ýöne hudaý janyň özi gowusyny etsin!
Soganlary hem ýüzärlikleri köçä daşap bolansoň, Gülälek ýene sabynlap el-ýüzüni ýuwdy. Plotensa alyp, süpürindi.
— Indi täze köýnegiňi tikip başla — diýip, ses Gülälege etmeli işini salgy berdi.
— Bolýa — diýip, sese jogap berdi-de, Gülälek aglap oturan ejesine ýüzlendi. — Eje, maňa sandykdan bir mata alyp ber. Täze köýnek biçinjek.
Gülälegiň sözüne hemmeler içini çekdi. Ýerli-erden Gülälege nesihat etdiler:
— Gülälek jan, anna agşamam bir köýnek biçip bolarmy?! Anna agşamy köýnegi biçmeg-ä beýlede dursun, tikmelem däldir!
— Köýnegi çarşenbe bilen şenbede biçmeli, Gülälek! Özünem agşam däl-de, gündiz bimçeli.
— Oňarsaň, anna agşamy hiç bir iş etmeli däl. Diňe iýip-içip, aýat-töwir bilen oturmaly!
— Gelnaljyň gelip barýamy şu wagt köýnek biçineriň ýaly!
— Bol çalt! Bol! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna çirkin gygyrdy.
Gülälek hem ýüregiňi ýaryp barýan çirkin ses bilen ejesine gygyrdy:
— Bol çalt! Men howlugýan!
Gyzyň sesi hemmeleriň inini dyglatdy.
— Diýenini et, häzir gaňyrşyna gaýdyp, gaharyny getirme! — diýip Aýjahan daýza Güljerene ýüzlendi. — Görýäň-ä onda erk ýoguny!
Güljeren aglamjyrap, içerik ýöneldi:
— Bagtym ýatdy, bagtym! Garamaňlaý bolmasam, bu gyzy dünýä inderermidim men!
Gülälek ejesiniň yzyna düşdi. Näzik daýza dagam onuň bilen bile girdiler. Güljeren sandykly jaýyna baryp, çyrany ýakdy. Eýýäm otaglar mazaly garaňkyrapdy. Soň sandygyň üstüne basylan ýüki düşürdi. Saçbagyna dakylan açary bilen öňi owadan nagyşly demir sandygynyň gulpu-ny ýazdyrdy. Onuň gapagyny galdyryp, birküç sany mataly düwünçek çykardy. Düwünçekleri Gülälegiň öňüne oklady:
— Al, balam, şu matalardan isläniňi saýlap al. Bularyň baryny seniň toýuňa niýetläp alyp goýupdym. — Şeý diýensoň, Güljeren ýene gepiniň yzyny aga ýazdyrdy. — Görýän welin, toýa buýurjak däl öýdýän bular...
— Goýaweri — diýşip, Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Güljerene göwünlik berdiler. — Ine, görersiň, ähli zat gül ýaly bolup gider.
Gülälek düwünçekleriň üçüsinem çözdi. Ondaky matalaryň bary owadandy. Gyzyl, ýaşyl, gök, mawy reňkli parçalar çyranyň ýagtysyna öwşün atýardylar. Owadanlygy bilen gözüňi deşip barýardylar. Olar Gülälek üçinem owadandy. Özüne galsa, Gülälek olaryň hemmesinem tikinjekdi. Gyz matalary işdämenlik bilen eline alyp, olary ýeke-ekeden sypaşdyrmaga durdy.
— Ony taşla, ol saňa gelişmez! — diýip, ses Gülälek haýsy matany ellese, onuň gulagyna çawuş çakdy.
Gülälek biygtyýar halda sese gulak asýardy.
— Bular gowy däl, bular maňa gelişmez! — diýip, ol birnäçe matany ejesiniň aýak aşagyna taşlady.
— Hih, — diýp, Güljeren nädip içini çekenini duýman galdy. —Bular-a iň gowy matalar, Gülälek jan. Bulary näçe pul döküp alanymy bir bilsediň sen!
Näzik daýza Güljereniň köýneginden çekip, pyşyrdady:
— Zat diýme!
Aýjahan daýza Güljerene azgyryldy:
— Näçe gezek aýdyl-da saňa, şoň gaňyrşyna gaýtma diýlip, diýlenini edäý indi!
Güljeren birsyhly dökülýän gözýaşlaryny süpürip, çete süýşdi. Gülälek ýene ençeme matany elledi. Haýsy matany ellese, gulagyna:
— Ol saňa gelişmez! Taşla! — diýen ses geldi.
«Maňa gelişmeýä» diýip, taşlaşdyryp, Gülälek düwünçeklerdäki matalaryň barynyň soňuna çykdy. Otuz-kyrka golaý matanyň birinem biçinmek islemedi. Öýüň içi gyzyl-ala ýüpek parçalardan ýaýyn boldy.
— Heý, toba-a! Heý! tob-a! — diýşip, bu ahwalata syn salyp oturyşlaryna Näzik daýza dagy ýakalaryny ebşitläp-ebşitläp tutýardylar.
— Öwezem gelmän geçdi-le. Guýa gaçdymyka ol?! — diýip, Aýjahan daýza gün ýaşmanka mollanyň gözlegine giden ogluna öz ýanyndan igendi. —Oturandyr baran ýerinde düşegini ýumşadyp. Wagtynda deprenäýmel-ä!
— Saňa ak biýz mata gowy gelşer! Biýz tap! — diýip, ses Gülälege buýruk berdi.
— Eje, maňa biýz tapyp ber! — diýip, Gülälek sesiň tabşyrygyny ejesine ýetirdi. — Maňa biýzden köýnek gowy gelşer!
Gyzyň sözleri ýene hemmäniň endamyny dyglatdy. Oturanlar gözlerini elek-çelek edişip, biri-birlerine nazarlaryny dikdiler. Hernäçe: «Gaňyrşyna gaýtma, gepleme» diýlip, tabşyrylyp durlandygyna seretmezden, Güljeren maňlaýyny pola ýazylan gülli halylara urup-urup, dat etdi:
— Waý, bu gyz özüne kepen biçinjek bolýa, doganlar! Waý, ýeke çagam elimden gitjek bolýa meniň!
Garrylar:
— Toba et! Toba et! — diýşip, Güljerene göwünlik berdiler. Göwünlik berselerem, Gülälegiň bolşuna olaryň öz ýüreklerem ýerinden gozganýardy.
— Basym bol! — diýip, gaharly ses Gülälegi birsyhly howlukdyrdy. Gülälek ejesini gyssady:
— Basym bol, eje! Janym çykyp barýa meniň. Howlugýan men.
Güljeren ýükleriň üstünde goýlan düwünçekden bir topbak biýz matany çykaryp, Gülälegiň öňüne oklady. Ýene agyly gepledi:
— Bukjaňa atjak aýak geýimleriňi taslamaga diýip alypdym bu biýzleri. Mundan köýnek tikinmeli bolduň-ow sen, gyzym!
Gülälek gaýçy getirip, biýziň epinini çöşledi. Ony garyşlap ugrady. Alty garyş bir sere ölçäp, kesmäge çemlendi.
— Bu ölçäniň saňa gysga bolar — diýip, ses nägile duýduryş berdi.
— Men ähli köýneklerimem şeýle ölçegde biçinýän — diýip, Gülälek düşündirdi. — Mundan uzyn bolsa, ýere süýrenip, hapa bolar.
— Ýere süýrenmez! — Ses gamgyn eşidildi. — Sen bu köýnegi geýeňde ýeriňden turmarsyň. Sen ony ýatyrkaň geýersiň. Has dogrusy, saňa ony geýdirerler. Sen bu köýnegiňi şeýle uzynlykda biç. Ol seniň aýaklaryňam ýapmaly, kelläňi-de.
— Bolýa — diýdi-de, Gülälek matany ýerde uzynlygyna ýazdy. Özi onuň üstünde süýndi. Soňra ejesine ýüzlendi. — Eje, kömekleş. Şuny kelläm, aýaklarym bilen ýapylar ýaly uzynlykda ölçe!
Güljeren aglap, çete gaçdy:
— Waý, ölçejek däl, elim baranok. Öz çagamyň kepenini biçjek däl men. Ölsemem biçmen!
Gülälek enesine nazar dikdi:
— Ene, sen kömek edäýsene!
Boýy ýeten agtygynyň synasyna laýyklap biýz kesmäge Aýjahan daýzanyň-da ýüregi etmedi.
— Balam, çem gelen ýerinden ýyrtaýsana — diýdi-de, Aýjahan daýza-da Gülälege biýz ölçeşmäge kömek etmedi.
— Bol çalt! — diýip, ses Gülälegi howlukdyrdy.
Gülälek Näzik daýza bilen Aýnabat daýzanyň ýüzüne delmuryp bakdy:
— Näzik daýza, Aýnbata daýza, siziň biriňiz kömek edýäseňiz-läň!
Eger gyza birden bir zat bolaýsa, yrymy biýz ölçelmesine syrykdyryp, goňşularyň özlerinden gaty görmeginiň mümkindigi hakda oýlanan Aýnabat daýza bilen Näzik daýza-da Gülälege kömek etmediler.
— Tur, gyzym, beýdip ýatma. Aýyp bor — diýip, Näzik daýza onuň elinden çekip galdyrdy. Gaçyran ýaglygyny kellesine daňdy. — Ölçeme-de şol biýzi, biçme-de.
— Biçmesem, bolanog-a, Näzik daýza — diýip, Gülälek zarynlady. — Ol meni günüme goýanog-a. Diýenini etmesem, bogup başlar.
Gülälegiň özi duýmazdan, özüne näme bolýanyny aýdyp goýbermesine hemmeler üşerilişdiler. Aýratyn-da Aýjahan daýza bilen Güljeren gyza gulak gerdi. Indi gyzyň bu edýän işlerini öz erkine etmeýänine olar göz ýetirdiler. Gyzy öz erkine goýmaýanyň nämedigini, kimdigini bilmek gerekdi. Gyza bu sowaly bermek Näzik daýzanyň-da aňynda bardy. Ol ýüregindäki sowaly Gülälege gönükdirdi:
— Kim ol, gyzym? Kim? Kim seni bogýar?
Gülälek gaýgyly halda uludan dem aldy:
— Bilemok... Men ony göremok. Sesini welin eşidýän...
— Gepläp güýmenme, bol! — diýip, ses ýene Gülälegi howlukdyrdy. —Hiç kim kömek etmese, özüň ölçe. Sen eýýäm tikip başlamalydyň ony!
Gülälek Näzik daýzadan ünsüni sowup, ýene sese gulak gabartdy.
— Bolýa, häzir — diýip, oňa jogap berdi. Biýz matanyň üstünde durdy-da, onuň bir ujuny kellesiniň üsti bilen aýlap, öňünden goýberdi. Matanyň ýere ýeten ýerinden ýene aýaklary bilen basdy. Şeýdip, dik duran ýerinden özi boýunyň ölçegini aldy. Matany kesdi. Soň ýeň-ýan kesmäge çemlendi.
— Ýeň-ýan gerek däl — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. Indiki etmeli işleri hakda görkezme berdi. — Kelle çykarmaga ýaka orny-da gerek däl. Nagyşlap bolaňsoň, ony halta ýaly edip tikersiň. Häzir bolsa deň iki eple-de, ortasyndan nagyşlap başla. Döşüň däl-de, ýüzüň üstüne düşjek ýerlerini nagyşla. Şol ýere tahýa nagşyny sal.
Gülälek diýen edijilik bilen iňňe-sapakly düwünçegini alyp, bir çüňke bardy-da, elindäki biýziň nagyş ornuny kesmäge oturdy.
Şol wagt Näzik daýzanyň maňlaý saçy ýene sypalanan ýaly boldy. Näzik daýza saçy däl-de, ýüregi sypalanan dek, täsin duýgyny başyndan geçirdi. Ýüregini näzijek çaga eli sypaýan ýaly boldy.
— Waý-eý — diýdi-de, ol özüni eýelän geň duýga tisginip, çete geçdi. Aýjahan daýza ýüzlendi. — A gyz, Aýjahan, dogrudanam, siziň öýüňizde bir zad-a bar. Häzir ýene meniň saçym sapalanan ýaly boldy. Geçen annada-da kimdir biri meniň saçymy sypap goýberen ýaly bolupdy.
Aýjahan daýza gözlerini petretdi, Näzik daýza seretdi. Geplemedem. Ol gözüniň alnynda bolup geçýän bu alamatlary synlap, aňkasy aşana dönüpdi.
Daşardan erkek kişileriň hüňürdisi eşidildi. Öweziň sesi geldi:
— Eje!
Güljeren atylyp, Öweziň öňünden çykdy-da, dat edip, aglamaga durdy:
— Öwez! Işimiz gaýtdy! Gyzyň hakyt, özüne kepen biçindi!
Bu sözlere Öweziň endamy dyglap gitdi. Ol aýalyna azgyryldy:
— Goý-aýt gepiňi, pederňenälet! Agzyňdaky gepi gara ýel kaksyn!
Öweziň ýanynda duran molla ýaşuluny bu wagt Güljeren seljerenokdy. Gyzynyň gaýgysy onuň gözlerini gapypdy. Ýaşuludan ýaşynmalydygy-da hakydasyna gelenokdy. Ol adamsy öz sözüne ynanmansoň, özüni ýere goýberip, pol ýumruklady:
— Hana, öýe gir-de, seret, Öwez! Ol gyz biýz matany nagyşlamaga başlady-y...
Ýaşy altmyşdan agan, orta boýly, etli-ganly Pälwan molla döşüne düşeňkirlän jowur ak sakgalyny sypalap, misli Güljerene: «Sesiňi goý» diýen terzde batly ardynjyrady.
Güljeren mollanyň ardynjyramasyna özüne geldi. Gözýaşlaryny süpürip, ýaşmagyny burnuna çenli süýşürip, göwresini dikledi.
Öwez Pälwan mollany yzyna tirkäp, ejesi dagynyň oturan otagyna girdi. Onuň aýaklary ädilýänem bolsa, gulaklary hiç zat eşidenokdy. Aýalynyň şum habary öňki gussanyň üstüne urna bolup, beýnisini doňdurypdy. Gelen çagy köçede ýaýyn bolup ýatan ýüzärliklerdir soganlary soramakçydy. Aýalyna olary ýygnamagy tabşyrmakçydy. Ol zatlar-da huşdan uçdy. Içerdäki çaşyp ýatan gyzyl-ýaşyl ýüpek parçalary görensoň-a dilem tutulan ýaly boldy. Bosagadan geçen ýerde özüni pola goýberip, çaga ýaly boýnuny burdy oturdy.
— Öwez! Guýa gaçdyňmy? — diýip, janyýangynly Aýjahan daýza oglunyň yzy bilen içeri girip gelýän Pälwan molla-da üns bermän, gazaply gygyrdy. — Haçandy gidişiň seniň! Bu gyzyň bolup oturyşyna sered-ä! Beýle ýagdaýda adamy ilkagşamdan okap başlamaly ahyry!
Öwez ejesine jogap bermedi. Ol asla ejesiniň özüne näme diýýäninem aňlap bilenokdy. Ak biýz mata nagyş salýan gyzyna gözlerini dikip, huşsuz halda öwelip galypdy.
Pälwan molla ýene ardynjyrady. Öz ýaşlaram esli bolsa-da, Pälwan molladan kiçiräk bolansoňlar, Näzik daýza-da, Aýjahan daýza-da, Aýnabat daýza-da ýaşmaklaryny agyz üste çekip, ses-üýnsüz oturdylar. Oňa baş atyp, saglyklaryny bildirdiler. Pälwan molla bosagadan geçensoň, hemmä deň ýüzlendi:
— Gurgunmysyňyz, goňşular? Saglykmy hemme?
Hemmeler ýene baş atdylar. Pälwan molla şundan soň Öweziň gapdalynda çöküp, Gülälege syn saldy-da, Aýjahan daýza ýüzlendi:
— Aýjahan, näme gep-gürrüň?! Şumy şol ýaramajak bolýan gyzyňyz? Öweze-de käýinme sen! Men sebäpli saklandy ol. Anna agşamsy bolansoň, biriniňkä tebärek çykarmaga gitmeli boldum. Öwez gelýänçäm garaşypdyr maňa.
Aýjahan daýza Pälwan mollanyň gepini baş atyp makullady.
Pälwan molla daşyna mahmal çekilen, ýarty ýassygyň möçberindäki uly kitabyny ýerde goýup, dyzlarynyň üstüne daýandy. Hiç kime seretmän gepledi:
— Şu gyzdan başgaňyz daşaryk çykyň. Men munuň derdini biljek bolaýyn!
Aýallar gulagasyjylyk bilen daşaryk çykdylar. Öwez welin doňňara daşa dönüp otyrdy. Bu bolýan zatlara gynanmadan ýaňa, misli, onuň ýüregi-de doňup galan ýalydy.
Pälwan molla Öweze tiňkesini dikdi:
— Öwez! Sen nämä otyrsyň? Okalan wagty dertli ýeke bolmaly!
Pälwan mollanyň özüne ýüzlenip, nämedir bir zatlar diýýänini görüp duran-da bolsa, Öwez onuň geplerini aňlap bilmedi. Beýnisi söz alanokdy. Ol sowuk nazarlaryny molla gönükdirip, aňkardy.
— Daşaryk çyk! Gyzy okaýyn diýýän! — diýip, Pälwan molla gepini ençe gezek tekrarlansoň, Öwez ysgynsyz halda diwarlardan ýapyşyp, ýerinden turdy. Başy aýlanyp, gözleri garaňkyryp gidýärdi. Hemmeler çykansoň, Pälwan molla öýde gyz bilen ikiçäk galdy.
— Gyzym, adyň näme seniň? — diýip, ol gyzdan mylakatly sorady.
— Gülälek. — Şeý diýdi-de, gyz edip oturan işinden başyny galdyryp, arkasyny diwara berdi. Aýaklaryny uzyn salyp, gözlerini süzdi. —Waý-eý, ýadadym. Ýadap ölüp barýan. Ukym tutýa.
— Ukyň tutan bolsa, işiňi taşlaga-da, ýataýarlar, gyzym — diýip, Pälwan molla Gülälek bilen mylakatly gepleşmegini dowam etdi. —Özüňem bi, ýaýrap ýatan matalaryňy ýygna öýüň ortasyndan. Ulugyz bar öýde beýdip, matalar çaşyp ýatsa, aýyp dälmi?
Gülälek işini bir ýana goýup, ortada ýaýyn bolup ýatan matalary gulagasyjylyk bilen ýygnaşdyrmaga durdy. Ýadawlygyna seretmezden, çalt işledi. Matalary derrew düwünçege düwüp, sandygyň üstünde duran düşekleriň ýokarsyna galdyrdy. Soň öňki ýerine baryp, aýaklaryny uzyn salyp oturdy.
— Berekella! — diýip, Pälwan molla gyzyň göwnüni galdyrmaga synanyşdy. Soňam gyza sowal bilen ýüzlendi. — Bi ak mata nagyş çekmäň näme, gyzym?
Ses Gülälege çawuş kakdy:
— «Gyz işine goşulma-da, öýüňe git» diý oňa!
Gülälek özüne diýlen sözi molla ýetirdi:
— Molla aga, meniň işime goşulma-da, iň gowusy, öýüňe git!
Pälwan molla gitmäge hyýallanmady. Sypaýy gepläp, Gülälegi özüne gulak asdyrmaga synanyşdy:
— Sen ýadaw bolsaň, ýassyk al-da, gyşaraý, gyzym! Saňa ýaranok diýdiler. Men seni dertden saplaýyn!
— Sende hiç hili dert ýok! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady. — Sen diňe toý köýnegiňi tikip ýadaýaň.
— Mende hiç hili dert ýok, men sagat, molla aga — diýip, Gülälek sesiň özüne aýdanlaryny ýene Pälwan molla ýetirdi. — Men diňe toý köýnegimi tikip ýadaýan.
Pälwan molla okamak niýetinden el çekmedi:
— Ýadaw bolsaň, ýadawlygyňy aýraryn. Sen irkil. Men bolsam, kitap okap, saňa päsgel berýän al-arwahlary kowaýyn.
— Mollanyň gepi köpeldi. Ol seni güýmeýä! Sen bu gün daň atýança köýnegiňi tikmeli, Gülälek! — diýip, ses pyşyrdady. — Mollanyň kitabyny eliňe al-da, ony taňryýalkasyn bilen ugrat. Özüňem basym bol!
Gülälek Pälwan mollanyň öňünde goýan kitabyny eline aldy-da, daşaryk ýöneldi:
— Ýörüň, molla aga, men sizi ugradyp geleýin. Siz maňa päsgel berýäňiz. Men daň atýança köýnegimi tikmeli.
Pälwan mollada alaç galmady. Ol dogumly ýöräp, bosagadan geçip giden ýaş gyzyň badyny saklap biljek däldi. Molla hyklap-çohlap, daşaryk çykan wagty Gülälek eýýäm derwezäniň agzynda durdy. Mollanyň kitabyny goltugyna alyp, daşaryk tasap barýan Gülälege hemmeler aňkarylyp seretdiler. Molla gyzy öýüne äkidip okajak bolýandyr öýtdüler. Onýança-da Pälwan molla içerden çykyp, Öweze ýüzlendi:
— Öwez! Gyzyňa sataşan bela maňa eýgerderli däl. Indi başyňa ne iş düşse, görübermeden başga çäre ýok. Gyz maňa asla gulak asanok. Ol diňe özüne gep öwredýäni diňleýä. Seret, häzir ol meni kowup dur. Maňa gulak asmaýan näsagy men okap bilmeýän.
— Çalt bol, molla aga! Men işimi tikmeli! — diýip, Gülälek ýene Pälwan mollany howlukdyrdy. Pälwan molla öz ýanyna ýeten halatam oňa kitabyny gowşurdy. — Geleniňe taňryýalkasyn! Gaýdyp geljek bolup, azara galyp ýörme! Barybyr, meniň şu bolşum bolar.
Kitabyny goltugyna alan Pälwan molla özüne seredip duranlara nazar aýlap, «Görýäňizmi ony!» diýýän terzde Gülälege tarap başyny salgap goýberdi.
— Bolýa-da, boljak işe çäre ýok — diýdi-de, soňra ol garaňkylyga siňip gitdi.
Hiç kim oňa «sag bolam» diýmedi, geleni üçin taňryýalkasyn-da aýtmady. Hemmeler Gülälegiň bolşuny çäresiz halda synlap durdular.
Mollany ugradansoň, Gülälek içerik girip, ýene tikin işine güýmendi. Özünem ses birsyhly howlukdyrýardy. Ol işläp-işläp, halys bolup çaşýardy. Özüne getirenlerinden soň ýene sesiň buýrugy bilen işine ýapyşýardy. Şeýdip oturyşyna ol daň agaryp, töwerege süýt reňk çaýylyp ugranda işini bir ýana taşlap, uka gitdi. Gülälegiň irkilenini görüp, goňşular hem öýlerine gaýtdy. Öwezdir Güljeren, Aýjahan daýza dagy bolsa gözlerine çiş kakylan ýaly bolup, Gülälegi garawulladylar. Gülälek ertesi gün güni bilen ýatdy. Oýanýan halaty bolsa ýene öňki sagat Gülälege öwrülip, öýüň işi bilen boldy. Biýz matasyny welin, nagyşlamasyny goýmady. Indi öýdäkilerem oňa bir işi «et-etme» diýip, sözem gatyp bilenokdylar. Gyzyň bolşuny sessiz synlap, sessiz gözýaş dökýärdiler. Bu zatlaryň soňunyň nähili soňlanjagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.
Her zadam bolsa Öwez ýalbar-ýakar bilen Gülälegi doktora gitmäge yrdy.
— «Tiz kömegiň» wraçy hossarlardan samrama kesellisi bolsa-da, çaga geçýändigini aýtdy maňa — diýip, Güljeren Öwez gyzy bilen doktora gitmäge şaýlanyp durka öýe gelen wraç bilen bolan gürrüňi ýatlatdy. Gaýynydyr Öweziň ýüzüne tiňkesini dikdi. — Men-ä hiç wagt özbaşyna gepleme keseline sataşmandym. Heý, siz, haçanam bolsa bir wagt şeýle keselçilige duçar bolup görüpmidiňiz?
Güljereniň sözlerine Öwez bilen Aýjahan daýza gözlerini elek-çelek edişip, biri-birileriniň ýüzlerine seredişdiler. Ikisiniňem ýüzi üýtgäp gitdi.
— Toba, toba! — diýip, Aýjahan daýza özbaşyna mydyrdady. — Gyzgyny galanda samramaýan adam barmy. Ýöne biz-ä beýdip, günüň-güni özbaşymyza samrap ýörenimiz ýadymyza düşenok.
Öwez köwşüni geýip, derwezä tarap ugrady.
— Sen bir şu wagt samsyk sowalyň bilen kelläni agyrtmasana! — diýip, gidip barşyna Güljerene käýindi. Gülälege ümledi. — Ýör, gyzym, howlugaly.
Gülälegi yzyna tirkäp, Öwez ilki maşgala wraçynyň ýanyna bardy. Ondan degişli haty alyp, psihiki kesellileriň keselhanasyna bardy. «Wraç-psihiator Nury Ataýew» diýlip ýazylan gapyny ýuwaşlyk bilen açyp, içerik boýnuny süýndürdi.
— Gel, agam, arkaýyn giriber — diýip, iş otagynda goýlan ullakan stoluň aňry başynda oturan, çal saçly, ýaşy boýunça Öwezden uly-kiçiligi bildirmeýän, tokgaja göwreli wraç Öwezi mylakatly garşylady. Ýerinden turup, myhmanlaryna oturgyç görkezdi. — Geçiň, ornaşyň.
Öwez Gülälek bilen görkezilen ýerde ornaşdy. Wraça bolan zatlary başdan-aýak gürrüň berdi. Nury Ataýew ony sesini çykarman diňledi. Ol şeýle bir rahat otyrdy welin, Öwez onuň ol sözlerine geň galýanynam bilmedi, ýa-da şeýle sözlerden bizar bolup, özüniň gepini gutararyna sabyrsyzlyk bilen garaşýanynam. Her zadam bolsa, ýüregindäki berç bolan derdini aýtdy.
Wraç Gülälek bilen birki agyz gepleşip gördi. Oňa her hili sowallar berdi. Boýnundan asylgyja demri bilen gyzyň dem alşyny, ýürek urşuny barlady. Gyzdan hiç hili kem tapmady. Gülälek wraçyň ähli sowallaryna akylly-başly jogap berdi. Gyzyň gep-sözi kellesi üýtgän adamyň gep-sözi däldi. Akyly dury adamyň gepidi. Her hili apparaturalar bilen kelläniň gan basyşy ölçelende-de üýtgeşik netije çykmady.
Durmuşyň her ugry boýunça beren sowalyna gyzdan jaýdar hem akylly jogaplar alan wraç Nury Ataýew Öweze:
— Gyzyň akyl-a ýerinde. Agyrýan ýerem ýok. Kelläniň gan aýlanyşyndan kem tapylmady. Beýle ýagdaýda däri-derman edip, muňa jebir berip ýörmäli —diýdi. — Men size rahatlandyryjy derman ýazyp bereýin. Samrap başlandan şony içiriň. Ýöne her gije ýekeje dänesini bermelidir. Artykmaç içirmek bolýan däldir. Goý, ol bütin gijäni uklap geçirsin.
— Her annada samraýa bu gyz. Ony tä ömri ötýänçä her annada ukladyp ýörmeli bormukak?! — diýip, Öwez alada galyp sorady.
— Häzirlikçe şeýtmekden başga çäre ýok, agam — diýip, wraç ýigit uludan dem aldy. — Isleseň, gyzyňy anna güni keselhana salyp, özümiz şu ýerde gözegçilik edeli. Tä daň atýança seredeli gyzyň bolşuna.
Öwez Gülälege bakyp, biraz dymdy:
— Näbileýin-dä Näme etseňiz, şony ediň. Ýöne şu gyzy dertden saplaýsaňyz.
— Gulagyňa ses gelen çagy sen ony diňlemän oturyp bilermiň? — diýip, wraç Gülälege ýüzlendi. — Hiç üns bermän gör.
Gülälek janyýangynly gepledi:
— Üns bermän bolanog-a! Şol ses gulagyma gelýä welin, misli, ýüregimi biri iňňe bilen gazalap başlaýan ýaly bolýar. Basymrak diýenini edip, gygyrmasyny goýdursam kaýyl gelýän. Men onuň ähli diýenini etmäge taýýar bolýan şol pursat. Geplemese bolýar. Geplese, sesi janymy alyp barýar. Ýöne şonuň diýenini edesim gelip dur. Özüme erk edip bilemok.
Wraçyň Gülälege derdini aýtdyryp bilenine Öwez begendi. Ol gyzynyň ýagdaýyna indi doly göz ýetirdi. Onuň sözlerine öwelip galdy. Birdenem, gyzynyň nagyşlap ugran ak biýz köýnegi ýadyna düşdi. Şol hakda soramak isledi. Misli, kakasynyň pikirini bilen ýaly, Gülälegiň özi sözüni ak biýz köýnege syrykdyrdy:
— Ol ses maňa ak biýzden toý köýnegini biçmegimi buýurdy. Soň bolsa ony nagyşlamagy. Men häzir onuň diýenini edip, köýnegi nagyşlaýan. Tikip bolamsoň näme boljagyny bilemok. «Geý» diýse, geýmeli bolaryn. Alajym ýok. Diýýän-ä, şol ses gelip ugransoň, hiç özüme erk edip bilemok diýip.
Wraç Gülälegi diňläp oturyşyna barmaklary bilen stoly tykyrdadyp, pikire batdy. Öwez oňa ýüzlendi:
— Şeýle näsaga siz öň sataşyp görüpmidiňiz? Bularyň soňy nähili bolýar?
— Şeýle näsaglar sataşýar — diýip, wraç pikire batyp oturyşyna, nazarlaryny äpişgelere tarap gönükdirip, gepi dowam etdi. — Olaryň soňunyň her hili gutarýany bar. Onsoňam, olar bärde bejergi alyp, çykyp gidýärler. Soňunyň nähili bolýanyny bize gelip, habar berip duranoklar. Wraçlaryňky näme, görkezilen möhletde bejergi geçirmek. Derman berilmeli, sanjylmaly pursat gutaransoň, näsag öýüne goýberilýär. Biz ähli näsagy ömri ötýänçä keselhanada daňyp goýup bilmeris-ä. Dogrumy, agam?!
— Dogry — diýip, Öwez Nury Ataýewiň gepini baş atyp makullady.
Nury Ataýew pikire batyp gepledi:
— Onsoňam... Bir zat hakda pikir etmek gerek. Biziň ylmymyz heniz dünýädäki köp syrlara göz ýetirmegi başaranok. Näme üçin bu gyz diňe anna agşamy samraýar?! Başga günler bolsa gowy?! Öňler bize şeýle zatlar hakda aýtmazdylar. Ylmy iş bilen meşgullanmag-a beýle-de dursun, beýle zatlar hakda pikirem alyşdyrmazdylar. Belki, geljekde bu ýagdaýlaryň üstünde işlener, beýle syrlaryň üsti açylar. Ýaşulular anna agşamy ölüleriň ruhy direlýä diýýärler. Ýa-da aýdalyň, anna agşamlary dertlileriň derdi güýçlenýär. Näme üçin?! Üns berip görüň, anna agşamy beýleki agşamlardan tukat ýaly... Näme üçin sadaka, aýat-töwir diňe anna güni, anna agşamy edilýär?! Näme üçin başymyza iş düşen halaty düýşümize düneden öten hossarlarymyz girýär. Köp adam ölüm, betbagtçylyk boljagyny düýşünde görüp, öňünden duýup bilýär. Bu zatlar nämäniň alamaty?! Bu zatlara jogap bermäge ylym heniz güýçsüz, agam. Ýöne ölüleriň ruhunyň direlişi babatda ösen döwletlerde ençe garaýyşlar bar. Belki, adamzat geljekde bu sowallaryň ählisiniň çözgüdini tapar.
Wraçyň sözleri Öwezi çuň pikire batyrdy. Ol iki elini nädip kellesine ýetirenini duýman galdy. Pikir etdigisaýy, öz beýnisem üýtgäp barýan ýaly boldy. Hopugyp ýerinden turdy.
— Seniň gepleriňe özümem birhili bolup barýan — diýip, ellerini ýüzünde gezdirip, aňyna ornan pikirleri kowýan ýaly, başyny silkeledi. — Dermanyňy ýazyp berseň, ýazyp ber. Biz basymrak öýe aşaly. Gyzam bu ýerde goýup durmaýyn. Başa näme gelse görübermeli bor.
Wraç Gülälek üçin rahatlandyryjy derman alar ýaly resept ýazyp berensoň, Öwez öýüne dolandy. Ýol ugrundaky dermanhanadan dermany-da satyn aldy.