SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 11

101. Şäherde syganlar zabastowka edenlerinde müňlerçe adam gelejeksiz galdy.

102. Biri wokzalda gidip barýan poýuzuň yzyndan elini galgydyp ylgap ýetip bilmän galypdyr. Biri ol ylgana:
- Gijä galaýdyňmy?
+ Ýo blä, poýuzy kowýan!

103. Ýolbars, aýy, towşan başga haýwanlar üýşüp kyrk-aýagy magazina ugradypdyrlar. Bäş minut garaşdylar gelenok, on minut garaşdylar gelenok, ýarym sagat garaşdylar gelenok. Ahyram ýolbars:
- Ol samsyk kyrk-aýak nämişleýäka buwagda çenli!? - diýip gaharlanypdyr. Gapyň ýanynda kyrk-aýak:
- Sögseňiz menä gitjegemdäl!!! - diýip köwşüni geýip otyran eken.

104. Bir gyzjagaz, oglan doganjygyndan:
- Söýgi näme? - diýip soraýar. Oglanjyk bolsa:
- Söýgi bu hergezek seň meniň sumkamdan şakolad ogurlanyňy bilsemem, ýene sumkamda şokalad goýmagym.

105. - Eje, aý ejeeee. Süýde syçan gaçypdyr.
+ Sen onsaň syçany çykardyňmy?
- Ýok, oňa pişigi zyňdym.

106. Bir çaga ejesine:
- Maňa şokalad alyp bermeseň, toýda saňa "Garry mama" diýip ýüzlenerin!

107. Aýaly ärine:
- Kuhnyda nämäň sesi boldaý?
+ Men gelejegi gördüm!
- Howwa onsaň näme gördüň?
+ Biz köööööp tarelka satyn alýas.

108. Şkafy açmanka näme geýjegini bilýän heý bir ýekeje gyz barmyka???

109. Zooparkyň gözegçisi bir gyza:
- Agyz, ol janawere käşir bermäň. Ol iýenok.
+ Hä nämçün? Ýaňa iýdi!?
- Zorlap käşiri soksaň, daňylgy duran janawere agyrylyhem bolsa alajy näme çydap durandyrda, ýogsada ol janaweriň agzy beýle tarapynda!!!

110. - Gyzym, aý gyzymjan, gel kakaňa bir aýlap näme öwrenenimizi aýdyp bereli. Häny aýlaryň adyny aýdyp başla. Ýan-war, few-ral, yzyny aýthany...
+ Hä howwa, M-art, Prel, Maý, ýun, ýul, gust, ýabr, ýabr, ýabr, ýabr.

Internet sahypalaryndan toplan we durmuşdan alan: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir