Degişgendiň, läliksiräp, oýnaklap,
İçgysgynç günlere taýsyz taraşdyň.
Soňky duşuşykda aglaňda hyklap
"Oýun etdim" diýeriňe garaşdym.
Ak Mersedes alkymyna atlanyp,
Gideňde kejebäň bilen yöreşdim.
Hyýalymda gelnaljyny duruzyp,
"Oýun etdim" diyeriňe garaşdym.
Goňşulykda boş goýulmaz çakylyk
Toýa bardym şatlyk şowhun guraşdym.
Men samsyjak şol pursadam çagyryp,
"Oýun etdim" diýeriňe garaşdym.
Ogryn bakdym çüyşeleriň üstünden,
Ýaryn bilen kürsa çaksyz ýaraşdyň.
Ah, şonda-da çykman umyt astyndan
"Oýun etdim" diýeriňe garaşdym.
Söymedigiňe gitdiň, kalbym çanadyp,
Bilmedim neneňsi başyň çaraşdyň.
İň bolmanda ýeke gezek jaň edip,
"Bagtly men" diýeriňe garaşdym.
...ol arada "aýrylşypdyr" diýdiler,
"Hyrka" dolan damak bilen göreşdim.
Gaýta dikläp umydymy(idilen)
"Oýun etdik" diýeriňe garaşdym...😔
Kerim Hally
"Sönmezek umyt..."
-
Prokuror777
3 years ago
- Gelejegi bar yigidin
-
Pegas
3 years ago
- "İçgysgynç günlere taýsyz taraşdyň."
Türkmen dilinde "taraşlamak" diýip söz bar. Ýöne "taraş" diýip söz ýok .
"Ak Mersedes alkymyna atlanyp"
"Alkym" sözi hakda sözlük şeý diýýär:
Adamyň, haýwanyň eňeginiň aşagy.
Indi nädip maşynyň eňeginiň aşagyna nädip atlanyp bolýanlygyny kim maňa düşündirip biljek?
""Hyrka" dolan damak bilen göreşdim."
Damak hyrka dolanok-da, hykga dolýar.
-
Prokuror777
3 years ago
- Pegas edebiyatcylar dusunyade...
-
yashalym
3 years ago
- Pegas edebiyatchy prokuror
-
Zalymm
3 years ago
- Tejenli shahyr gowy goshgulary baa awtor sagbol paylashanyña.
-
Arzuwum
3 years ago
- Kerim Hally Tejenli dal, Lebaply
-
sapalybegenjow000000
3 years ago
- Gaty gowy duzya Kerim
yashalym 3 years ago- Yene biri gidip baryar soymedigine...