Bir adam bir aýaly gowy görýär diýýär. Ol adamyñam 5 çagasy, gowy görýän ayalynyñam 5 çagasy bar eken. Soñ biri-birine öýlenýärler. Indi jemi 10 çaga bar. Soñ öýleneninden soñ uzak wagt geçip olaryñ 5 çagalary bolýa. Indi şeýdip olaryñ jemi 15 çagasy bolýar. Indi olar öýünde otyrkalar daşardan goh galmagal gelýä. Soñ adamsy aýalyna bar görüp gaýt näme bolýaka daşarda diýýär. Aýaly çykýa görýä we adamsyna:
- Senkiler bilen menkiler biziñkileri urýalar diýipdir.
*Bir balykçy ýoldaşynyñ ýanynda öwünýär.
- Geçen dynç güni men balyk tutdum. Edil meniñ elim ýaly.
- "Ýalan sözlemesenaý" diýip beýlekisi onuñ sözüni bölýär. Heýem bir balygam tüýli bolarmaý.
*Gazetde ýazylypdyr: Içmek, Çekmek zyýan. Taşladym.
- Haýsyny taşladyň, içmegimi çekmegimi?
- Gazet okamagy taşladym!
*Alkaş öýüne içgili ýagdaýda gelýär. Soñ ol alkaş ýatan aýalynyň ýanyna baryp:
- Ýeketägim, sen hemmesinden örän üstün, örän işeññir. Tualediň gapysyny açañda çyra ýanar ýaly edipsiñ, Ýapaňdada öçýär. Nädip etdiň ony? Men saña haýran! -diýipdir.
Aýaly hem:
- Wah kellesiz samsyk, Ýene holodilnige siýdiňmi?!
*Täze ýylda bir ýetim oglanjygyñ aýazbaba ýazan haty poçta gelip gowuşýar. Poçtañ işgärleri hem haty okaýar:
- Aýazbaba, Täze ýylyma maña galam, depder, hemem aýakgap sowgat bersene. Poçtañ işgärleri, ýetim oglanjyga gynanyp, pul goşup sowgatlary alýarlar. Onsoñ olaryñ pullary ýetmänsoñ depderi alman, diñe galam bilen aýakgaby alyp, oglanjyga ugradýarlar. Ertesi, oglanjykdan hat gelýär:
- Aýazbaba, sagbol! Sowgatlary aldym, ýöne depder gelmändir. Bilýän, sen onam ugradansyñ. Ýöne, poçtañ haramzada işgärleri depderi alyp galan bolmaly.
*Bay adam:
- Meniñ 2 sany maşynym, 5 sany awtobusum, 3 sany öýüm bar diýip baý garybyñ ýanynda öwünýär we garyba hem näme zadyñ bar diýýär.
Garyp:
- Meniñ oglum bar, Oglumada seniñ gyzyñ.
*Biri heleýi bilen gohlaşyp, 10-njy etažyň aýnasyndan özüni zyňjak bolup aýalyny gorkuzan bolýarmyş.
Aýalam:
- Bökme... diýip aýagyndan ýapyşýamyş, adamsam özüçe begenip:
- Bäh gowy görýän ekenow diyip, çişip durmyş welin, aýaly bir paket musor getirip:
- Boş gitme şunam alyp gitsene diýýär
Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
Eger mowzuk göwnüñize ýarasa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-)
6.04.2021ý 00:28
Sabirovv-yñ toplan degişmeleri #1 #Talyplar.com
-
@durdyyevv05
3 years ago
- +++
-
Black Wolf
3 years ago
- ++++🤣🤣🤣🤣😂
-
LUKMAN_GYZ
3 years ago
- +++++++++++
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- mertogly b/n pikirim den.Galanlaryna PLUS/_/@SHAHYRANA
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- mertogly b/n pikirim den.Galanlaryna PLUS/_/@SHAHYRANA
-
Xyivenia
3 years ago
- +++++++++
6.04.2021 12:55
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- +++++++++++♡¤☆¤
mertogly 3 years ago- Alkaş öýüne içgili ýagdaýda gelýär. Soñ ol alkaş ýatan aýalynyň ýanyna baryp:
- Ýeketägim, sen hemmesinden örän üstün, örän işeññir. Tualediň gapysyny açañda çyra ýanar ýaly edipsiñ, Ýapaňdada öçýär. Nädip etdiň ony? Men saña haýran! -diýipdir.
Aýaly hem:
- Wah kellesiz samsyk, Ýene holodilnige siýdiňmi?!
😂🤣😃