*Bu gün ýagyşyň aşagynda gowy ezildim welin maňlaýyma kimem ýazylan bolsa pozuldy öýdýän.

*Ezizim men häzir suwa böksem soň sen meni halas edermiň?!
- A Men häzir howwa diýsem bökermiň?

 *Oglan bilen gyz duşuşykda.
Gyz:
- Ezizim saña köriçege bolan ýerimi görkezeýinmi?
Oglan tolgunyp, ýüregi üýtgäp gidýär:
- Wah, görkezsene...
Gyz:
- Hol, daşy sary reñkli binany görýäñmi? Ana, şol hassahanañ 3-nji gatynda.

*Adamyñ gepi şeýle bir agyr bolýa welin käwagt şony göterenden ullakan agyr daşy götereniñem has gowy.

*Pulum az bolanda men oturyp pikirlenýärdim, ylgap gazanç etmäge gidemokdym. Dünýäde iň gymmatly zat - ideýadyr.
©Stiw Jobs

*Arzuw etmek gerek,
Arzuwa ýetmek gerek.
Arzuwa ýetmek üçin,
100 gram içmek gerek.
100 gram içmek üçin,
5 manat tapmak gerek.

*Gyz: Sizi söýýän!
Ýigit: Hahaha.
Gyz: Sizi söýýän!
Ýigit: Hahaha.
Gyz: Haçan duşuşýas.
Ýigit: Hahaha.
Gyz: Eger görüşsek Galaxy alyp berýäñiz.
Yýgit: Haçan duşuşýas? Haçan?!
Gyz: Wa Ha Hahahhha.

*Oglan:
- A gyz sen Kakañ ogrumy?
Gyz:
- A Ýok. Näme boldy?!
Oglan:
- Aý asmandaky ýyldyzlary ogurlap gözüñ içine goýaýypdyrda...

*Göräýmäne çözülmejek düwün ýok,
Ömür gysga düýn göreniñ bu gün ýok.
Her ädimde boýum ýaly boý tapdym,
Arman welin göwnüm ýaly göwün ýok.

*Öñler garañkylykdan gorkardym. Ýagyşdan bolsa gaçardym. Indi bolsa garañkylyk syrdaşym ýagyş bolsa göz yaşym.

Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv
Eger mowzuk göwnüñize ýarasa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-)
5.04.2021ý 1:37

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir