Kiçikäm ulalmak isleýärdim köp,
Ulalamsoň, çagalygym küýsedim.
Höwes etdim, barmak basyp, gün sanap,
Howlukmazdym beýle boljagyn bilsem.
Ýitirdim men, ilki bilen gülkimi,
Ýuwaş-ýuwaş gaýyp gitdi elimden.
Soňra, aldy menden sadalygymy,
Gowy günlerim geçip gitdi deňimden.
Arzuw-hyýallarym bardy elimde,
Ýaşardym arzuwmy geljege ýüwrüp.
Wah, wagty bir gezek üýtgedip bolsa,
Wagty geljege däl, geçmişe öwrüp.
"Düşündim men ähli zada,
Çagalygym ýitiren wagtym..!"
23.03.2021
Awtory: Bägül Baýramowa
"Çagalygym ýitiren wagtym"
-
Arzuwum
3 years ago
- Sagbol
-
A93
3 years ago
- Ýazyp biljek ýaly öz-ä
-
soho
3 years ago
- gaty gowy (+)
-
Tm.Mary.Tm
3 years ago
- 💯✌️cagalygym
-
BeZZaT.
3 years ago
- Geň goraymeli yeke oziňem yazyp bilyan ekeniňa
Mr.WriTer 3 years ago- Gowy çykypdyr, 👍👍👍