Essalowmäleýkim hormatly ýaşy ulylar we ýaşy kiçiler. Gowmy ýagdaýlarňyz, teni-janyňyz sagmy. Durmuşyňyzyň haýsy tarapyndan sorasam hem sizlerde ähli zat ýerbe-ýerdir diýip uly höwes bilen umyd edýän. (Her gezek şeýdip "Gudaçylyga gelen ýaly soraşmak şertmikä" diýip oýlaýan bolamagyňyz mümkin emma endik gursyn, şeýtmesem özümi gaty oňaýsyz duýýan)
Bu gün siz okyjylaryň gymmatly wagtyňyzy almagymdan magsat saýtdaki käbir zatlar we @Nirvana agzanyň mowzuklary barada şahsy pikirlerimi bildirip geçmekçi. Birki (1,2) sany goşgy ýazyp ýa-da üçdört sany hekaýa meňzeş zat ýazyp ýazyjy şahyr diýen ady gazanyp bolmaýandygyny gowy bilýändigiňize şübhesiz ynanýan. Şonuň üçin iküç sany goşgyny tanykydy bellik etmäge synanyşan adama "Tankydçy" diýen il halar ady dakmagam, edil peşeden (siňekden isleseňiz çybyndan romantikler üçin kebelekden) pil ýasamak ýaly bolup görünýär. Umuman internetde saýt diýilýän zat akylly adamlaryň pikir alyşmagy üçin amatly bolan ýer hasapaýan. Emma bilşiňiz ýaly saýtlarda akylly admlardanam has-da aňyrýan çet "Akyllly" adamlar kändigini hemmämiz bilýäs. Şol sepäpden ur, ýyk, tut, bas hemmä tapan-tupany ýygnap mowzuk açarman. Käbir diňe gürrüňdeşlik üçin açylan "Chat" mozuklara bolsa haýran galasyň gelýär. Içine girip okasaň "Plan düýin näme üçin mekdebe gelmediň?", "Planyşka häzir näme edip otyrsyň", "Üç günden bäri jorabymy tapamok, görmediňizmi?" (soňkyny özümden goşdym) ýaly maňzyňa batmajak teswirlerden dolydygyny görmek bolýar. Bolýa düşnükli şeýle saýtdakylar bilen gürrüňdeş bolmak islegi sizi birahat edýän bolsa şol gürrüňdeş bolmak isleýän ýakynlarňyzyň nomerini alyp "imo" diýlen sadagaň bolaýynda gruppa açyp gürrüňleşseň (tanyşsaň, näme üçiň düýin mekdebe barmandygyny sorasaňyz) bolanokmyka diýen sorag meni oýlandyrýar. Elbetde bu meniň şahsy pikrim bolanlygy üçin saýdyň ösmegine, aktiw agzalara we şuňa meňzeş, şuňa meňzeşlere gaýry (görüplik we ş.m) niýetim ýoklugyny hem bilmegiňizi islärdim. "imo" bilen saýtdaky gürrüňdeşligiň arasynda nähili tapawut barlygyna-da esaslansak meniň pikrim nädogry hem bolup biler. Eger okasym gelmeýän bolsa şolar ýaly gürrüňdeşlik mowzukara girmänem bilerdimä, diýmek gep özümde hem bolmagy mümkin.
Ýeri bolýa ýene bir şahsy pikrimem başga ýerden täzelikleri "Copy post"(başga saýtlardan ýa islendik bir ýerden kopiýalap saýda ýerleşdirýän) edip saýtda mowzuk açýan ildeşlere degişli. Elbetde "Edebiýat" bölümüne ýagny goşgy, hekaýa we ş.m-leri kopiýalap bolşy ýaly goýmak şert we bu düşnükli emma habaralar, umumy tazelikler, ylmy işler ýaly zatlaryň "Copy post" edilmegini kän bir goldamok. Sebäbi olar ýaly mowzugy okamak umuman gyzykly däl. Emma nähili görnüşde "Copy post" (indi şu sözi ýigrenip ugradym) habary has okgunly etmek üçin näme etmelidigini hem aýdyp bilýän. Haçanda şol bir maglumaty bolşy ýaly saýda ýerleşdirmän ony öňürti gowy okap çykyp soňra öz düşünşiň boýunça gysgaça mazmunyny hem-de şol barada şahsy pikriňi saýda ýerleşdirseň. Şonda maglumat göçürlenem bolsa beýany öz stiliňde bolanlygy üçin has gyzyklyrak we üýitgeşigiräk bolýar diýip hasaplaýan. Hat-da "tmcars"daky habarlary hem şeýtmek bolar.
Indi @Nirvana agzanyň mowzuklary barada hem şahsy pikrimi orta oklap geçsem. Ol agzanyň ilki "Meniň mowzuklarmy hem tankyd edip beriň" diýen sözinden men iki hili netije çykardym. Ol öz "Psihologiýa" baradaky mowzuklarny kämil hasaplap "Başarsaň şondanam kemçilik tapda" diýmekçi bolan bolmagy ýa-da ol öz mowzuklarnda kemçilik bar ýa ýoguny bilmäge gyzyklanýan bolmagy ahmal. Şul we şuňa meňzeş içki pikirler meni hasda @Nirvana agzanyň mowzuklarny okamaga ündedi we men öz okap ýören uzakdan-uzak romanymy çalasynlyk bilen alty günde okap çykdym we indiki okalmaly zadym "Psihologiýa" baradaky mowzuklardy. Elbetde köpläp adamlara ýolugan kesel bolmuş ýaltalyk mende-de azmy-köpmi ýok däl. Şonuň üçin @Nirvana agzanyň bary ýogy dört sany mowzugyny teswirleri bilen bile okap çykdym. Meni has gyzyklandyrany "Näme üçin meni hiç kim söýenok?!" atly mowzugy boldy. Ondaky adamlara psihologiki motiwatsiýa berýän maglumatlar öwgä mynasyp. Hat-da teswirlerde hem gyzykly gürrüňleri okamak bolýar. Has hem @Yyldyz agzanyň pikirlerini hem gyzyklanma bilen okadym. Asyl meniň "Psihologiýa" baradaky bilimim oba bugalterimiziň "Hasap-hesip" baradky biliminden tapawut etmeýändigini belläp geçeýin. (Bugalterimiz bilimsiz däl ol hakyky eşek) Emma şonda hem men okan we gören zadyma öz şahsy pikrimi bildirmäge synanşyp görmekçi. Adama näçe dogry maslahatlar bereniňe garamzadan ondaky maglumaty tiz unutmak(ýadyndan çykarmak) ukyby sebäpli şol berlen maslahatlar ýele sowrulýar. Mysal üçin alsak mundan birnäçe ýyl ozal Deýl Karneginiň "Dosty neneňsi gazanmaly" atly programma görnüşdäki kitaby okamak hemme ýerde "Ýoň" bolanyny köpçülik bilýän bolsa gerek. Ýadymda bolsa şol kitapda adama jemgyýetdäki öz ornuny eýelemek üçin gerek bolan ähli psiholgiki bilimleri, ýaşaýşa bolan motiwatsiýa, tanymal adamlaryň maslahatlary we şuňa meňzeşleri öz içine alýan kitapdy. Ony okan adam (eger ýatkeşligi gowy bolsa) durmuşda psihologiki meselelerden nädip baş alyp çykmagy öwrenmelidi. Hut şu saýtdakylyrayňam şol kitapdan habarsyz galany diýerli az bolsa gerek. Emma şol kitaby başdan aýak hyjuw bilen okanam bolsak ol aňymyzda gaty gitse iki aýdan köp wagt saklanyp bilmedi. Meniň diýjek bolýanym adam okan zadyndan özüne bilim özleşdirjek bolýan bolsa, ilki şony ýüz ugra okap geçmän gowy edip aňyna siňdirmeli şol bilim esasynda durmuşynda nähilidir bir özgerişlikler etmäge synanyşmaly. Şeýlelik bilen öwrenilen bilim amaly tejribede synalan ýagdaýda ýadymyzyda gowy saklanýar. @Nirvana agzanyň "Näme üçin meni hiç kim söýenok?!" mowzugynda hem esasan bagtly bolmak üçin öz-özüňi söýmek, öz-özüňe kem baha bermezlik, hat-da söýýän ynsanyňdanam güýçliräk özüňi söýmek, özüňi hormat edýän ynsan hökmünde gabanjaňlyk etmezlik barada birnäçe psihologik maslahatlar berlipdir.
Indi men mowzugy okan ýönekeý okyjy hökmünde şol mowzuga dälde psihologiýa ylmy barada öz şahsy pikirlermi beýan etsem. Psihologiý ylmynda berilýän psihologiki maslahatlar bilen dogrusy onçakly ylalaşyp bilmedim. Onuň sebäbi berilýän maslahatlar nädrogy diýmekçi bolamok şeýlekin men olary kabul edip bilemok. Häzirki döwüriň adamlarna özlerni söýmegi öwretmegiň zerurlygy barmyka? Onsuzam öz nebislerni söýýän käbir adamlara ýene-de özüňi söý diýmek?! Dogry özüňi söýmek bilen nebsiňi söýmegiň arasynda tapawut bar emma şol tapawudy adamlar bilýärmi, bilneok belli däl. Meniň bilen bu barada islendik adamam ylalaşman biler. Psihologiýanyň ýene bir meni geň galdyran ýeri "Aýnaň öňüne geçip özüň özüňe söýýänligiňi aýtmak". Buňa degişmeräk görnüşde özümi göz öňüme getirip pikir bildirsem: Otagdaky garniturda ýerleşen ullakan aýnaň öňüne geçip eňegini sakgal basan, saçlary ösgün keşpdäki gelşiksiz sudura seredip "Seni söýýän" diýmek üçin näçe çüýşäni boşatmaly boljakdygym hakda oýlandym. Bu pikrim degişme hem bolsa men aýanaň öňünde olar ýaly sözleri diýmegiň adama oňyn täsiri barmyka diýip çynym bilen oýlanýan. Eger kimdir biri şeýtsem özüme peýdaly täsir bolar diýip oýlaýan bolsa onda çyndanam şol adamda "Psihologiki" meseläniň barlygyna ynanýan. Belki men ýalňyşýandyryn emma psihologiki maslahatlar hemme adam üçin dälde diňe psihologiki ýardama mätäç adamlara degişli diýip hasaplaýan. Mowzukdaky ýazyn psihologiýanyň "Gabanjaňlyk" baradaky maglumatlary bilenem onçakly ylalaşyp bilmedim. Sebäbi söýgi bar ýerinde gabanjaňlygam bolýar. Gabanjaňlyk özüňi kemsitmek düşinjesi dälde söýýän adamyňy hiç kime we hiç zada dözmezlik menimçe. "Söýýän adamymyň göwni üçin öz pikrimden el çekemok" diýipdir käbirleri ýene birleri bolsa "Söýýän oglanymyň öýündäkileri meni halamasa oglan bilen gatnaşygy üzerdim" diýipdir. Hormatly şeýle pikirdäki doganlar şol söýgi diýip atlandyrýan emma söýgi bolmadyk duýgyňyza "Söýgi" diýip at dakmazlygyňyzy sizden ötünüp soraýan. Goý halaşýanym, gowy görýänim diýiň emma söýýänim bir diýmäň. "Ýalan söýgi, çyn söýgi" diýip ony toparlara bölýän bolsaňyz onda gowysy siz söýgä düşünmeýänligiňizi boýun alaýyň. Näme üçin şeýle düşünjäniň emele gelendiginem düşündürjek bolup synanşyp göreýin. Aslynda "Ýalan", "Çyn" ýaly toparlar sögüde dälde adamlarda bar. Ýagny admyň ýalany ýa-da çyny bolup biler emma söýgüniň däl. Emma bizler oňa ünüs beremizokda adamyň öž etmişini haýsydyr bir duýga ýüklemekçi bolýas. Söýgi bu edil güneş ýaly. Güneş hemişe şol bir nuryny zemine bagyşlap dur. Pasyllaryň özgermegine kä sowuk, käte yssy bolmagyna güniň dahly ýokdugyny, ýeriň hut güniň daşyndan aýlanýandygy hemmämizem bilýäs. Diýmek günem söýgi ýaly şol bir durkundan üýitgänok, ýer bolsa adamlar ýaly durnuksyz aýlanýar, uzaklaşýar we ýakynlaşýar. Söýgüniň ýalany we çyny bolmagyna hem adamlar sebäp bolýanlygyny hasaba alyp nädip ýene söýgüni günäkerlemek mümkin. Belki bu barada herkimiň pikri her hilidir emma meniň pikrim şeýleräk.
@Nirvana adyňyzy bilmänimden soň "Nirvana" sözi iňlisçedir diýip manysyny biljek bolup iňlişçe sözlügem dörüp çykdam welin onda olar ýaly söz ýok eken. Hernäme bolsa hem siz menden mowzuklarňyzy tankyd etmegi sorapdyňyz. Emma meniň psihologiýadan bilim derejämiň nähili ekenligini ýokarda hem belläpdim. Umuman siziň açýan mowzuklarňyzdan motiwatsiýa alyp bolýandygyna, okyjyňyzyň köpdügine tüýs ýüregimden begenýärin. Men mowzuklarňyzyň okyjysy hökmünde size bir maslahat bermekçi (Şahsy pikir diýip kabul etseňizem bolýa emma tankyd hökmünde däl). Sözümi düşnükliräk görnüşde beýan etjek bolup göreýin. Göz öňüne getiriň sizde psihologiýadan bilim bar we siz "Psihologiýany bilýänler" diýen gatlakda ýaşaýarsyňyz. Men we maňa meňzeş psihologiýadan bilimsizleri "Psihologiýany bilmeýänler" diýen gatlakda ýaşaýanlar diýip alaly. Göz öňüňizde birinji we ikinji gatlakda ýaşaýanlaryň görnüşini janlandyryp bildiňizmi? Bilen bolsaňyz dowam edýäs. Siz birinji gatlag wekili hökmünde psihologiýanyň nämedigini gowy bilýärsiňiz we şol baradaky bilimi ikiniji gatlak wekillerine hem özleşdirmäge kömek etmekçi bolýaňyz. Elbetde nähilidir derejede ony başardyňyzam. Dogry birinji gatlak wekilleri siziň sözleriňize gyşarnyksyz düşinýän bolmaly. Sebäbi olarda azda-kände ol bilim barada düşünje bar. Emma biz ikinji gatlak wekilleri siziň psiholgiýa degişli ylmy sözlerňizi düşinmekde kynçylyk çekýäs sebäbi bizde umuman ol bilim barada düşünje ýok. Bir abzasy okap ýekeje sözlemi zordan aňymyzda saklamagy başarýas. Öňüni okasaň soňy kelleden çykýa, soňyny okasaň öňi ýatda ýok. Umuman bir mowzugy dolylaýyn okanymyzda her ýerden bir söz aňymyzda galýar olary bolsa lenta düzip umumy many çykarmak biz ikinji gatlak wekilleri üçin ýeňil düşenok. Bu edil umuman fudbol tomaşa etmedik adama fudbolyň taktik shemalarny düşündirmek ýaly. Şonuň üçin siz psihologiki maglumatlary ýazanyňyzda ylmy dilde dälde adaty okyjynyň düşünip biljek dilinde (ylmy dilde dälde adaty gepleşik dilinde) ýazsaňyz hasam düşnükli boljagyna we okyjylarňyzyň köpeljegine ynanýaryn.
Mowzukdaky ähli sözler şahsy pikirim bolup islendik adam olar bilen ylaşman biler. Janyňyz sag bolsun minnetdar.
(Eger kimdir ahyrna çenli doly okan bolsa, onuň wagtyny biderek sarp etmegine sebäp bolan ýaly duýýan özümi...)
18.03.2021
Men "Takmynçy", "Talkançy" hat-da "Traktorçy" hem bolup bilerin emma "Tankytçy" däl.
-
yekejam.
3 years ago
- Awtor dogry bellapsiñiz.Mowzuklar,copy etyanler,chat acyanlar,soygi temasy,sada geplesik dilimizde maglumatlar yazmaklary- hemmesi gowy yazylypdyr.(elbetde dusunyan adam okasa gowy,dusunmeyan adam ucin bolgusyzlyk bolup biler).Mena bu pikirleriñize tankyt,ozuñize tankytcy diyip biljek dal.Size-de sag boluñ sada dil bilen yazyp dusundireniñiz ucin!
-
Nirvana
3 years ago
- Salam gowy Hudaya şükür siz gowumy?
{"Meniň mowzuklarmy hem tankyd edip beriň" diýen sözinden men iki hili netije çykardym. Ol öz "Psihologiýa" baradaky mowzuklarny kämil hasaplap "Başarsaň şondanam kemçilik tapda" diýmekçi bolan bolmagy ýa-da ol öz mowzuklarnda kemçilik bar ýa ýoguny bilmäge gyzyklanýan bolmagy ahmal.}
Men mowzuklarymy kämil hasaplamok. Tersine kämillige ýetmek üçin siziň pikirleriňizi bilmek isledim. Menem psihologiýaň çuňlugyna ýetemok. Psihologiýa degişli mowzuklaryň ählisini haýyştlar boýunça ýazdym we birnäçe günden soň pozupdym. Pozmazymdan öň okap, pikiriňizi beýan etmegiňiz meni diýseň begendirdi.
{Häzirki döwüriň adamlarna özlerni söýmegi öwretmegiň zerurlygy barmyka?
Onsuzam öz nebislerni söýýän käbir adamlara ýene-de özüňi söý diýmek?!}
Siz ýa-da käbirleriňiz ylalaşman bilersiňiz, emma gynansakda häzirki döwrüň adamlaryna özlerini söýmegi öwretmegiň zerurlygy bar. Esasanam özlerini başgalardan kem, özüne ynamsyz garaýan adamlara söýmegi öwretmegiň zerurlygy uly. Öz nebsine görä baha berilmeýän adamlara degişli özüňi söý diýmek. Sizede mälim bolşy ýaly daşky görnüşine görä baha berilýän ynsanlar kän. Şolara motivation hökmünde şol herekedi etmegi maslahat berilýär. " Ýalan söýgi, çyn söýgi ýok" diýmegiňize menem goşulýan. Söygi duýgusy hakykydyr. Her kim ony niýetine görä ulanyp, ýalan we çyn diýlip atlandyrylmagyna sebäp bolýarlar. Arada käbir agzalar bilen söhbetdeşlikde belläp geçipdim. " Men oglanada, gyzada gynanamok, diňe söýgä haýpym gelýär". Söýgüni günäkärlemek mümkin däl. Söýüp-söýlüp başarmasak bu söýgüň däl, biziň öz günämiz.
{Umuman siziň açýan mowzuklarňyzdan motiwatsiýa alyp bolýandygyna, okyjyňyzyň köpdügine tüýs ýüregimden begenýärin.}
Minnetdar, begenýäniňize menem begendim. Elbetde motiwatsiýa bolsun maksady bilen paýlaşypdym. Ýyldyz we beýleki agzalaryň özüne peýdaly mowzuk bolup, işine ýaran bolsa, has begenýärin.
"GATLAKLAR" mysalyňyza we näme diýjek bolýanyňyza men düşündim. Men okuwda we käbir çärelerde akademik dilde gürleşilensoň, şol görnüşde ýazyp öwrenşipdirin.
Nesip bolsa indiki temalarda maglumat paýlaşsam gepleşik görnüşinde (adaty dilde) ýazaryn.
Soňuna çenli okadym we wagtymy sarp edenime we siziň men we başgalar üçin wagtyňyzy sarp edeniňize degendiginden arkaýyn bolup bilersiňiz.
Pikirleriň üçin köp sag bolsun aýtýaryn!
-
Pegas
3 years ago
- "Dogry birinji gatlak wekilleri siziň sözleriňize gyşarnyksyz düşinýän bolmaly. Sebäbi olarda azda-kände ol bilim barada düşünje bar. Emma biz ikinji gatlak wekilleri siziň psiholgiýa degişli ylmy sözlerňizi düşinmekde kynçylyk çekýäs sebäbi bizde umuman ol bilim barada düşünje ýok. Bir abzasy okap ýekeje sözlemi zordan aňymyzda saklamagy başarýas..."
- diýlen ýerindäki kinaýa, teýenä düşündim diňe. Başga hiç zada düşünmedim.
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Menem ozume zor salyp okadym. Yone oñly dusunmedim.
-
yashalym
3 years ago
- yurtlaryn arasynda "kim maymyndan kop caga dogurtyar"diyen yarys gecirilyar.yarysa rus turkmen german amerikan inlis ve birnace yurtdan gatnasyalar.son rus 10 caga amerikan 12 caga ve beyleki milletler ondan kop dogurdypdyrlar.turkmen birjigni dogurdypdyr.turkmenler uysip ona :bizi masgara etdin bizi govsak gorkezdin ilin gozune" diyip ona gygyrypdyrlar.yekeje caga dogurdan sada turkmen :mana beren maymynlary erkekdi " diyip jogap beridpdir
-
A93
3 years ago
- Posty abzas-abzas edip, arasyny açyp goýuň. Şonda okmaga gowy bolýar. Ýadatmaýar
-
DonMaxx
3 years ago
- mowzugyn ady gowy dusipdir
yashalym 3 years ago- söýgi meseläňde seni goldaýan.