“Dogry” diýsem, “egri” diýdi,
“Egri” diýsem, “dogry” diýdi.
Bagta ýetsem: “Sen bagty
ogurladyň, ogry!” diýdi.
Aga-gara düşünmeýän
çagajykkam “uly” diýdi.
“Adamlary köp söýýärsiň,
Sen — söýginiň guly!” diýdi.
Hut şoň üçin adamlary
Söýmegimi assa-assa
kemiberdim...
A nebsimi
Söýüberdim has köp esse.
“Ynamyň kän. Iň gowusy,
Ynamyňy göm bir ýere!”
— diýdi.
Gömdüm.
(Ana, şonda
Ynam gaçdy, gör, kimlere...)
“Köp örtenýäň, köpem ýanýaň.
Ýakmakalar, özüň ýakgyn!”
— diýdi. Şonda emgenmän hem,
Ilkinjije söýgim ýakdym...
Şeýdip söýgim “jaýlan” günüm
Durmuş seçdi nabat-noglun.
Şondan soňra bildim:
Asyl,
Men — durmuşyň öweý ogly...
2012ý.
Sapa HOMMADOW
“Men — durmuşyň öweý ogly...”
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Täsirli we düşnükli dilde ýazylan goşgy eken.
-
Wonderfull
3 years ago
- 👍👍
-
Nirvana
3 years ago
- ...Durmuşyñ öweý gyzy men
(Aysapar Emelowa)
Meñ ömrümi oýun etdi özüne,
O:tdan alyp, suwa zyñdy duýgymy.
Dünýämi eýelän boşluk içinde,
Başym egip, bolup galdym gözgyny.
Her alan nepesim ejir kalbyma,
Her gören zadymdan gözüm gorkuly.
Yazmaklyga erkimem yok, ýuwaşdan,
Ýitirip barýarlar sözler durkuny,
Erkimi elime alyp bilemok,
Men göýä elleri zynjyrly bendi.
Bizi ahli zada mejburlan ykbal,
Bagtym alyp, maña hasratyn berdi.
Wah, bagtyma bir ädimjik galypdy,
Ýene hötjetligni görkezdi durmuş.
Meñ paýyma düşen-yalandy, galpdy,
Heniz görjeklerim öñümde durmyş...
Umytlarym ejiz, ýeñiler, bilýän.
Hasratlarmyñ goýup giden yzy men.
Cydaryn,
Ba$ga-ca ýolum hem yog-a.
Sebap, bu durmuşyñ öweý gyzy men.
-
Nirvana
3 years ago
- Okan wagtym birnäçe duýgulary başdan geçirýän. Tüweleme gowy goşgy, haladym.
Pegas
Minnetdar islegimi ýerine ýetireniň üçin!
Rugsat berseň "EJEME" atly goşgyňy paýlaşmakçy?!
-
Pegas
3 years ago
- Arkaýyn paýlaşyber, Nirvana)
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- +++++
Arzuwum 3 years ago- täsirli goşgy