Käbirleriňiziň bu teoriýany bilýändigiňize ynanýaryn, ýa-da belki, bilmän bu teoriýany durmuşyňyzda ulanýansyňyz. Bilýän ýa-da bilmeýänler üçin elimden geldiginden sada dil bilen düşündirmek we teswirlemek isledim.
“Bir binanyň aýnalarynyñ biri döwülen bolsa, beýleki aýnalaryny hem döwmekden gorkmazlar. Olar muny jenaýat hökmünde görmeýärler ". Bu sözlem okalanda kelläňizde bir zatlar peýda boldumy? Eger bolmadyk bolsa, mysallar bilen düşündirilende has gowy düşünersiňiz.
Döwülen aýna teoriýasy.
Bir synpda, üstüne gygyrylýan, kemsidilýän bir okuwçyny göz öňüne getiriň. Okuwçynyň hiç hili kemçiligi ýok, ýöne töweregindäkileriň özüne etýän hereketlerine garşy gelip bilmeýär. Kimdir biri gygyrsa, beýlekisi hem gygyrmakdan çekinmeýär. Ol gygyrýan bolsa, menem gygyryp bilerin, barybir sesini çykarmaz diýip pikir etýär...
Döwülen ýüregi döwüp, öñem döwükdi, diýip bilmeris. Eger döwülen bolsa, başga biri ony bejermeli, ony döwmeli däl. Ilki başlan adama duýduryş bermegiň ýerine, şol bir ýalňyşlygy gaýtalamak gowy däl bolsa-da, gynansakda, köp adam gaýtalaýar. Wagtyň geçmegi bilen, özüni şol ýagdaýa uýgunlaşdyrýar.
Başga bir mysal getirjek bolsak, awtoulag duralgasyndaky aýnalarynyñ biri döwülen, köneräk ulagy göz öňüne getiriñ. Şol awtoulagyň beýleki aýnalary hem döwülse, kän bir üns bermezler. Ýöne, täze bir maşynyň aýnasyny döwüp bilmezler. Bu täze we gowy ulagyň aýnasyny döwmäge hakyňyz ýok diýip pikir edýärsiňiz. Emma döwülen ulagda, hakyňyzyň bardygyna özüňizi ynandyrdyňyz. Munuň gülkünçdigini bilýärin, ýöne bolgusyzlygy sebäpli hakykaty inkär edip bilmeris.
Men köplenç döwülen aýna teoriýasyny ýürek bilen baglanyşdyrýaryn. Muny başga bir adam üçin däl-de, özüm üçin pikir edýärin. Ýüregiňi döwen birine garşy bolmasañyz, "ýok" diýmeseňiz başgalarynyñ döwmegine hem sesiñizi çykaryp bilmersiñiz. Bu ýagdaýa, isleseñiz "endik" diýiñ, ýa-da başga zat...
Gynansagam bolýan ýagdaýlar şeýle. Başga biriniň sizi gynandyrmagyna ýol bermäň. "Hiç kimiň size zyýan bermegine ýol bermäň!". Bu sözleri öz durmuş pelsepäñize öwüriň.
Makalany uzaldyp oturman, orta mekdep mugallymymyň aýdan, ýatdan çykmadyk we çykarmajagym sözüni belläp geçmek isleýärin:
"Ýüregi döwmek, Käbäni ýok etmekden has günälidir. Sebäbi Käbäni Hz. Ybraýym (a.s) gurupdyr. Ýüregimizi bolsa Allah ýaratdy".
16 ýaşly, "Ayçiçek🌻", lakamly bir gyzjagazyñ ýazan makalasy.
Terjime eden: Akif Türkmen
Rejelän: Nirvana
Döwülen aýna teoriýasy(Psihologiýa)
-
yekejam.
3 years ago
- Dogry+++ meniñ synpymda bardy seyle gyz.Name diyselerem jogap bermezdi.Oglanlar ustunden gulerdiler.Kabir gyzlam seyledi.Gyzyñ masgala yagdayy pesdi.Cekinyadi bizden,kemsinyadi.Soñ temalarada jogap bermedi.Gurleman 6 sagat geciryadi.Inede ykbal gulup bakdy.Durmusa cykdy hemme gyzlardan ilkinji bolup,cagajygy bar.Baran yerem gurplyja yasaya.Allajan uzagyndan bolsun.Gelejegi gowluk bolsunda ensallah!
-
Wonderfull
3 years ago
- Dogry+++ meniñ synpymda bardy seyle gyz.Name diyselerem jogap bermezdi.Oglanlar ustunden gulerdiler.Kabir gyzlam seyledi.Gyzyñ masgala yagdayy pesdi.Cekinyadi bizden,kemsinyadi.Soñ temalarada jogap bermedi.Gurleman 6 sagat geciryadi.Inede ykbal gulup bakdy.Durmusa cykdy hemme gyzlardan ilkinji bolup,cagajygy bar.Baran yerem gurplyja yasaya.Allajan uzagyndan bolsun.Gelejegi gowluk bolsunda ensallah!
Ämin in Şa Allah! 🌹
-
yashalym
3 years ago
- Akif_Turkmen, size bir sorag: Eger şol "aýnany" ene-ata döwýän bolsa näme etmeli?
-
Nirvana
3 years ago
- Yashalym, ene-ata öz çagasyny kemsitse diýjek bolduňmy?!
-
yashalym
3 years ago
- Nirvana, hawa şeýleräk ýagdaýlar göz öñüne tutsak nähili çözüp bolar?
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Şol Çaganyñ geljegi üçin hiç-hili gowy bolmaz. Oña töweregimizde sansyz mysallar bar.
-
Nirvana
3 years ago
- Bu ýagdaý bolup biler.
-
yashalym
3 years ago
- Akif_Turkmen, ol mysallary menem görýän...
Çözgüt soraýan...
-
Nirvana
3 years ago
- Adamyň özi hakda negatiw duýgulary bar bolsa we özüni söýmese, beýleki tarapa mähir we duýgurlyk görkezip bilmez. Aslynda, negatiw duýgularyny beýleki tarapa görkezmegi mümkin we munuň üçin ejiz adama, ýagny çagasyna bu pikiri görkezip biler.
-
Nirvana
3 years ago
- Ol ene-ata özüni söýmegi öwretmeli.
-
yashalym
3 years ago
- Ine mysal üçin: Çagany (öýli-işikli adam) beýleki bir doganyna garanyñda hiç-hili üns berilenok. Ýagny doganynyñ işi bitmeli inisiniñki bitmeli däl, ini agasyna kömek etmeli öz işini hojalygyny taşlap...
-
Nirvana
3 years ago
- Negativ duýgularyň artýan döwürlerinde dynç alyp, özlerini gowy duýup biljek ýerleriň bolmagy möhümdir. Çaganyň sagdyn ösmegi üçin we negativ duýgularyny taşlamak üçin, ene-ata hünärmenlerden goldaw almaly.
-
Nirvana
3 years ago
- Uly çagalar baradamy?
Bolýar bu baradada pikirimi ýazjak.
Ýöne şonuň esasy sebäbi "günäkärlik" duýgusy.
-
yashalym
3 years ago
- Hormatly hanym siz giñ ýeriñ gürrüñini etýäñiz:) heý-de çaga ene-atasyna siz psiholog lukmana görünmeli diýip bilermi:)
-
Nirvana
3 years ago
- Hormatly jenap, ony çaga ene-atasyna maslahat bermeli däl. Ene-ataň özi ýa-da uly garyndaş, tanyş maslahat berip biler.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Meñ bilýän çözgütlerim[barmyka bir:))]Türkmençilikde işe ýararmyka, şonda-da synanşyp göreýin hany:
Ene-ata bilen, Maşgala psihiýatrnyñ ýa-da ýankynlarynyñ gurruñdeşlik geçmegi peýdaly bolup bilerdi.
Iñ esasysy maşgala boljak ýaş çatynjalaryñ (başdan) maşgala we çaga terbiýesine taýarlanmasy.
Eger ol zatlar edilenem bolsa, çagalary okuw ýaşyna gelip, (köplenç bolýan zat) kakasy özini arakhorluga berip günde çagasyny uryp söwip kemsitýän bolsa, näme edip bolar? O ýagdaýda psihiýatra hiç diñlenmez, oba ýaşulylary Goñşulary, ýakynlary ara girip çagany zulumdan halas etseler gowy boljak, ýöne onam edip bilmeýer.
Ýazdygymça gara girdaba çümýän ýaly duýdym özümi :(
-
Nirvana
3 years ago
- Eger sen öýlenen hökmünde, şol ýagdaýdan närazy bolsaň, aç-açan gürleşip, içiňdäkileri dile getirip bilersiň.
-
yashalym
3 years ago
- "Ýöne şonuň esasy sebäbi "günäkärlik" duýgusy."
Ýeri günäkärem diýeli, şeýle bolaýanda-da ene çagasyna şeýle çemeleşmäge haky ýokmyka diýýän.
-
Nirvana
3 years ago
- Sen sessiz galmasaň, olaram saňa beýle etmez.
Sesiňi çykar, talap et!
"Ýuwaş bolsaň günüň kynda" diýilýärä.
-
Nirvana
3 years ago
- Elbetde haksyz.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Türkmençilikde "psihologiýa" diyseñ geñirgenerler, "psihiyatr" diyseñ, däli lukmany diyip gaçar.
Şonyñ üçin, türkmençilikde "PSIHOLOGIÝA" dälde, "BILGIÇLIK", diýseñ rahatsyz bolmazlar. "PSIHIÝATR" dälde, " BILGIÇ" diýdi diýseñ ynanarlar.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- yashalym, giñişleyin alaly, (Yolagçy agza senmi)
Eneñ atañ saña däde agaña goldaw berýär, seninkemsitýär, şeýlemi?!
-
Nirvana
3 years ago
- Bullshit!
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- *dälde
-
yashalym
3 years ago
- Nirvana, :) şol dile getirmeklik "ýok" diýmeklik. Çaga ene-atasyna "ýok" diýse nähili bolar?(ilçilik, gatnaşyk)
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Ahyrynda her ikisi hem, señ derdiñi diñläp aýdan zadyña görä saña jogap(maslahat) berýär.
-
yashalym
3 years ago
- "yashalym, giñişleyin alaly, (Yolagçy agza senmi)
Eneñ atañ saña däde agaña goldaw berýär, seninkemsitýär, şeýlemi?!":) estagfurulla dostum kimlere deñeýäniñi bir bilýäñmi?
Sen psihologiýa bilen gyzyklanýan bolsañ ýazyş stile seretmeýäñmi?:)
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- [yashalym
22 minutes ago
Ine mysal üçin: Çagany (öýli-işikli adam) beýleki bir doganyna garanyñda hiç-hili üns berilenok. Ýagny doganynyñ işi bitmeli inisiniñki bitmeli däl, ini agasyna kömek etmeli öz işini hojalygyny taşlap...]
_ _ _ _ _
Maşgalaly bolsa, aýalyny diñlesin, (öýlenenleriñ iñ gowy psihologi aýallary)
Aýalyñ garşy çykar, öz hojalygyñy taşlap agaña kömek etmegiñe, ýöne sen aýalyña el galdyrarsyñ, "sen goşulma özim bilýän" - diýip.
-
Nirvana
3 years ago
- Yashalym.
Hawa diýip, özüňi bagtly saýýan bolsaň, dowam et!
:)
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- [Sen psihologiýa bilen gyzyklanýan bolsañ ýazyş stile seretmeýäñmi?:)]
Juk
-
Nirvana
3 years ago
- Men ýolagçyny tanamok. Yöne bu Ýolagçy däl.
-
yashalym
3 years ago
- Bullshit! :) psiholog boljak adamlar göwniýetmezçilik etýär :) gaty gülkünç
Birinjiden men ol Yolagçy däl, ikinjiden siz her hili ýagdaýda-da adamy kemsitmeli däl
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- [yashalym
6 minutes ago
Nirvana, :) şol dile getirmeklik "ýok" diýmeklik. Çaga ene-atasyna "ýok" diýse nähili bolar?(ilçilik, gatnaşyk)]
Ömiñde hiç eneñ-atañ ýüzüne durup görmediñmi, "ýok" diýmediñmi?!
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- *ömriñde
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Göwni ýetmezçilik edemok, ýöne soran soragyñ jogabyny öziñ bilip duranlygyñy bilenim uçin birhili boldym :)
-
yashalym
3 years ago
- Maşgalaly bolsa, aýalyny diñlesin, (öýlenenleriñ iñ gowy psihologi aýallary)
Aýalyñ garşy çykar, öz hojalygyñy taşlap agaña kömek etmegiñe, ýöne sen aýalyña el galdyrarsyñ, "sen goşulma özim bilýän" - diýip.:)) baý jogapladyñow:) "iki at depişer arasynda eşek öler"
-
Nirvana
3 years ago
- Yashalym.
Men psiholog boljagymy sen bileňok.
Şonyñ üçin, türkmençilikde "PSIHOLOGIÝA" dälde, "BILGIÇLIK", diýseñ rahatsyz bolmazlar. "PSIHIÝATR" dälde, " BILGIÇ" diýdi diýseñ ynanarlar.
Bullshit!
Kemsitme däl ol, hakykat!
-
Nirvana
3 years ago
- Men siziň durmuşyňyza kemsitme gözi bilen garamok, garamarynam. Ýalňyş düşünişmäliň!
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- yashalym, öziñ jogabyny ýaz, ýalñyşmasam tanadym öýtýän :)
-
yashalym
3 years ago
- Ýeri bolýa gadyrdan psihopatologlar, ýañky meseläni gowja kelläñizde aýlap görüñ "gahrymanlaryñ" ýerinde özüñizi goýup görüñ!
Pikirleriñize indiki gelemde gararyn.
Öýke kine etmäñ, bu size gerek bolar!
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Bolýa, indiki gelýãnçãñ gowy jogaar taýynlap goýaryn.
Geleñde ýene-de bir sorag bilen gelgin!
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- *jogap
-
Nirvana
3 years ago
- Gahryman kim bolýar bu ýerde?!
-
Nirvana
3 years ago
- Yashalym bolup gelip, kakdyryp, ýaňsylap ýüzlenip gitmek hezil öýtýän.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Gahryman diýýãni, şol "çagasyna eziýet etýän ene-ata" bilen, "eziyet edilýän çaga", bolýan bolmaly
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Masgañ arkasynda özini rahat duýýandyr, belki
Ýazgarylmakdana halas bolýalar iñ azyndan:)
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- *ýazgarylmak gorkusyndan
Diyjekdim.
Bulam bir ösiş. Pikirini erkin beýan etmesi.
Psihiýatryñ wezipesi garşysyndakyñ kimdigine garamazdan, maslahat berip bilmekmikä :)
-
Garagul
3 years ago
- Gowy zatlary ýazýanyz.Menä sessiz okap gityan...men ýaly okyjy diñleyji köpdür bu temalary
-
Nirvana
3 years ago
- Hawa Akif_Turkmen dogry.
Ýazgarmadyga biz, tersine sorag berdi. Pikirimizi beýan etdik:)
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Nirvana, dogry biz ýazgarmadyk, ol barybir biziñ ýazgarmagymyzdan çekinýändir öýdemmok-da,
Öz adyndan bu soraglaryñ ýazylanyny görip, tanyşlarynyñ ýazgarmagyndan çekinendir. Köplenç bolýan zat :)
-
Ra
3 years ago
- @yashalym-yn aytyan zatlary gin yerin gurruni dogry psihiatr,psiholog turkmencilikde kan ulanylmayar,yone men pikirimce uly adam bolsan ene-atanam, doganynam garshyna gecirip gurleshmegi,yuzleshmegi basharmaly, eger shonda-da sana garshy cykyp sen pikirini yazgarsalar oz yoluna yeke ozun dowam etmeli bolyan.
Bashyna dushmese bilmersiniz diyyansin,yone seni sylamayan, sana dushunmeyan adam bolsa, hatda ene-atan bolsa hem gatnashygy peseltsen gowy bolar,belki yalnyshlaryna dushunip sen bilen gowy bolarlar.
Ilki bilen ozuni ozun sylamaly.
-
Nirvana
3 years ago
- Ra
Menem şony düşündirjek boldum.
Akif_Turkmen hawa, düşünýän:)
-
yyldyz.
3 years ago
- Bizin klasda 2sany gyz bar birnji bir gyz klasdashyn 2nji hem men:(
Men gurlejek mahalym damagym dolyp icindakileri aydyp bilmeyan.we shonun un hemmesi ustume gelya.ol men ustune gelp urshyp bashlan gyz hem.klasdaky gyz-oglan hemmesini mana dushman edip.sholara men hakda yaman zatlar aydyp. Menin bn salamlashmagada yanyma gelmez yaly edyaler...
-
yashalym
3 years ago
- Yyldyz jigimjan gaytargy ber, dymma. Gözlerinin oduny al gowy etde)
-
yyldyz.
3 years ago
- Yashalym wah gaytargy beresim gelya menin yone damagym dolya we hiczat diyip bilmeyan.diyjek vagtmam sozlerim colashyp has hem batyan
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Yyzldyz, öziñi öziñ kämilleşdir. Ýagny, "öziñi şolardan kem däldigiñe, olaryñam senden artyk däldigine" ynandyr.
Şonda, gaýtargy berip bilersiñ
-
Korolewa
3 years ago
- Salam aga gowmysynyz.
Gaty gowy zatlary yazyanyz, men gaty halayanda sheyle mowzuklary, teswirleri :) (has dogrusy psihologiyany) )
-
Korolewa
3 years ago
- Yyldyz, mende-de seninka menzesh yagday boldy on.
Yagny, men on sustupesdim, kopculige goshulyp bilemkkdym. Kopculikde gurlap oz pikirini ortaa atyp bilemokdym.Ozumi beylekilerdim pes sayyardym.
Emma indi duzeldim, Akif_Turkmen agamyn aydyshy yaly ozumi beylekilerden kem daldigme ynandyrdym we menem olardan kem bolmaly dal dp kopculige goshuldym sustupesligim tutsada goshuldum. Oz pikirimi gorkman orta atmagy owrendim.
-
Korolewa
3 years ago
- *pikirimi
-
Korolewa
3 years ago
- Başga biriniň sizi gynandyrmagyna ýol bermäň. "Hiç kimiň size zyýan bermegine ýol bermäň!".
Nirvana 3 years ago- Bedeniňizde 206 süňk bar hem bolsa, bir akmak gelip ýüregiňizi döwýär.
M. Longston