"Nikanyň güýji" (bolan waka)
Meň çagalyk ýyllarym uruş ýyllaryna gabat gelipdi. Bir ýandan uruş, bir yandanam açlykdy. Bir döwüm çöregem biz üçin ullakan baýlykdy...

Bir gün daşardaky işlerimi edip, ejem bilen kakama çaý demläp öýe girdim. Ejem bilen kakam Nabat diyip men hakda bir zat gürleşýädiler. Men azajyk ýanlaryna barman gapyda tisginip durdym, durmuşa çykarmak barada gürleşýärdiler, ýüregimi howsala gaplap alypdy. Onnada hiç zat eşitmedik ýaly ýanlaryna demlän çaýymy alyp bardym, kakam hiç zat gürlemän çykyp gitdi. Ejemem meni durmuşa çykarjakdyklaryny aýtdy, men diýere edere söz tapmadym. Näme diýip bilerdim men olara, meni uladyp şu ýaşa ýetirensoñlar olara garşy çykyp bilmezdim. Hiç zat gürlmedim, demlän çaýymy goýup, elime işimi aldymda el işim bilen boldum...

Inede aradan kän wagt geçmänkä, öýümize ýat adamlar gelip nika gyýyp, meñ ýerime bir halta bugdaý getirip menem düýäñ üsdüne mündürip alyp gitdiler. Ýat oba, ýat ýerlere barypdym, baran oglanymam 15-16 ýaşlarynda, ady Orazdy. Olam men hiç zat gürlemesemem öýündäkilere garşy çykypdyr, men baramsoñam uly goh etdi.

Men baran ýerimde kyrk gün bolamsoñ yzyma gaýtaryjy edip getirdilerde, soñam alyp gitmediler...

Aradan kän wagt geçdi, yalñyşmasam 5 ýyl geçendir. Ähli zat gowulaşypdy biziñem gün-güzeranymyz gowydy, ortaça ýaşaýadyk, bir gün obamyza bir oglan erik satyp geldi, bizem alaýaly diyip gelinejem bilen, daşaryk çykdyk. Erik satyp gelen oglab meni görüp, ysgyndan gaçan ýaly boldy, meñem ýüregim bir hili bolup gitdi, utanjyma ýere seredip durdym, birdan gelinejeme seretsem ol maña seredip ýylgyryp durdy. Biz erik alamyzsoñ, öýe girdik, näme bolan bolsa şonda bolupdy...

Aradan kän wagt geçmänkä bize meñ üçin guda geldilar, guda gelenlerem meñ şol bäş ýyl mundan öñ bir halta bugdaýa çalşylyp berilen ýerim eken, erik satyp gelen oglan bolsa Oraz eken...
Aradan bäş ýyl geçensoň Alla bizi duşurdy, muñada nikanyñ güýji diýilýä!

Soñy.

Hormatly okyjylar bu waka maña garry mamamyñ aýdyp bermegi esasynda ýazylan, göwnüñize ýarar diyip umyt edýan...

Bägül Baýramowa...

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir