Sadalykdan dogan kämillikdiň sen,
Dünýä içre täsin dünýädiň örän.
Seniň yhlas siňdiren güýzüň geldi,
Sen bolsa ýatyrsyň bu keşbi görmän.
Biz güýzi küýsedik basym-basymdan,
Onda Gurbannazar ýaşaýar diýip,
Sary ýapraklardan seni soradyk,
Poeziýan şolardan başlanýar diýip.
Poeziýaň gymmaty sözde ölçenmez,
"Ýer gögüň arasy" oň üçin darlyk.
"Ynam" bilen biza goýan "serpaýyň".
Şalaryň elinden gelmejek baýlyk.
Türkmen sährasyna güýz gelen çagy
Waspyňy ýetirýän sözlerim bilen.
Ýalňyz hemsyrdaşyň sary güýz ýaly,
Sadalykdan dogan kämillikdiň sen.
Isa Hojamerdanow
Sadalykdan dogan kämillik (1940.1-nji mart. Gurbannazar Ezizowa bagyşlanan)
-
Real.123.
3 years ago
- 👍👍
-
Nätänyş adam
3 years ago
- @Sada... Bolyar sizem sag boluň
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- ++++
-
sammy.kakabay
3 years ago
- Gowy gosgy eken +++
-
soho
3 years ago
- (+)
-
Xyivenia
3 years ago
- Gaty gowy gosgy+++++
Su gun Miras kanalyndan hem dine Gurbannazar Ezizowy gorkezip dur
1.03.2021 20:01
Sada... 3 years ago- Goshgyny haladym minnetdar bu gun paylashanna.