Ertir, baharyň ilkinji güni öz gysga ömrüne garamazdan XX asyr türkmen edebiýatynda uly yz goýan şahyr Gurbannazar Ezizow aramyzda gezip ýörenliginde 81 ýaşamalydy. Baharyň ilkinji gününde biziň ýadymyzy täzeläp, guwanjymyzy, buýsanjymyzy belende göterip, türkmen edebiýatynda şygryýet älemini özgerden şahyrymyz Gurbannazar Ezizow kalplara dolýar. Şonuň üçinem bahar Gurbannazar şahyry getirýärmi, Gurbannazar şahyr bahary getirýärmi, anyk kesgitlemek kyn. Çünki olar göbek bagy bilen aýrylmaz baglanyşykly.
Ol 1940-njy ýylyň 1-nji martynda dünýä indi, 35 ýyldan soň — 1975-nji ýylyň güýzünde bolsa aramyzdan gitdi. Şeýle gysga ömür menzilinde şahyr häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň arasynda öz mynasyp ornuny tapdy.
Gurbannazar Ezizow, onuň döredijilik mirasy barada döwürdeşleri, pikirdeşleri, ýazyjy-şahyrlar, edebiýatçylar, žurnalistler tarapyndan köp zat ýazyldy we aýdyldy. Ýöne şahyryň döredijiligi hakyky şahyr sungaty hökmünde egsilmez, köpgyraňly dünýä bolmagynda galýar.
Her täze nesil bu ýiti zehiniň döreden eserleri bilen tanşyp, özi üçin ony täzeden açýar, şahyryň döredijiligi barada özüçe pikir ýöredýär.
Gaýtalanmajak özboluşly şygryýeti onuň geçen asyryň 60-njy ýyllarynda şygyr sungatyna gelen ýaşlaryň öňbaşçysyna öwrülmegine getirdi. Mundan başga-da, ol 60—70-nji ýyllaryň türkmen edebiýatynyň täze ugurlaryny esaslandyran şahyrlaryň biridir.
Gurbannazar Eziziow döredijiligi halkymyzyň dürli neslini birleşdirýän seýrek şahyrlaryň biridir. Baharda gelen Gurbannazar täze baharlary getirer. Täze baharlary getiren Gurbannazar Ezizow biziň ýadymyzy, aňymyzy hemişe täzelär durar. Dünýä dursa, söýgüli şahyrymyz biziň bilen müdimilik galar. Çünki ol — häzirem biziň aramyzda, biziň ählimiz üçin eziz Ezizow...
“Ezizowyň emri bilen...”
-
Nirvana
3 years ago
- Salam. Söze çeper bolsañyz, doglan gün gutlagy ýazyp beräýiñ?!
-
Pegas
3 years ago
- @Nirvana, menem adaty sözler bilen gutlaýan)
-
soho
3 years ago
- (+)
-
Nirvana
3 years ago
- Pegas.
Menem şeýle her ýyl şol bir gutlag bolmasyn diýýän. Kyn görmesen adaty sözleriñi ýazaý. İkimiziñki nähilem bolsa tapawutlydyr:)
-
Pegas
3 years ago
- Durmuş — gradasiýa. Sen ony Görogly ýaly şüweleňli ýaşa, ______! Sergeý Ýeseniniň döredijiligine ylham berşi ýaly, şu ýaşyň durmuş ýoluňa has-da ullakan bagt, wepaly söwer ýar eçilsin! Doglan günüň gutly bolsun!
-
Xyivenia
3 years ago
- Sagbolun Sapa aga gowy gutlag
-
Nirvana
3 years ago
- Pegas
Gutlagyñ üçin Tañryýalkasyn🙏
-
A93
3 years ago
- Şu ady şeýle bir gowy görýän men. "Ezizowyň emri bilen"
Yazmamedow_Mekan 3 years ago- +++++++++++++++