Sebäp bilen dahyl oldy güzerim,
Aklym haýran etdi şol mämeleriň.
Namyradam, neteý düşdi nazarym,
Üsti altyn-kümüş, pul mämeleriň.
Men Mejnunam,
Leýli saçyň barmydyr,
Jan kastyna owsun uran marmydyr,
Bilmen pudakdaky goşa narmydyr,
Bir-birine ogşar ol mämeleriň.
Bir eser ýetişdi, düşdüm düzlere,
Mübärek jemalyň ildi gözlere,
Serim sadka bolsun dilber, sizlere,
Şu mahal bazara sal mämeleriň.
Gel indi olturyp, golumny kesgin,
Birew dahl eýlese, öldürgin, asgyn,
Ýüz gula azatlyk möhrüni basgyn,
Ujundan müň çory al mämeleriň.
Sen abat eýleseň köňlüm saraýyn,
Ak otagda alma bile uraýyn,
Dürli-dürli halat-serpaý bereýin,
Ýene kemi bolsa al mämeleriň.
Näzli dilber, eger barsam kendiňe,
Bişek elim ýeter tylla bendiňe,
Aman-nurbat tarhan eýle gandyňa,
Şekerden şirindir bil, mämeleriň.
Gözümniň röwşeni, serimniň täji,
Göwün kerweninden alar sen pajy,
Dünýä lezzetiniň baryndan süýji,
Tagamly, lezzetli bal mämeleriň.
Men Seýpelmelek men,
sen onuň ýary,
Belli ýaňra kyldy bu yşkyň zory,
Indi istemes men şeýle mydary
Ýetmese bir ýandan el mämeleriň.
Bilbil hyruç edip çekende, nala,
Mätäjini salar sed müň hyýala,
Ýaňagyň ýaz güni açylan läle,
Mysaly melewşe gül mämeleriň.
Mätäji
Mämeleriň
-
soho
3 years ago
- Kan açylyaray soñky wagt shu goshgy...
-
Mr.WriTer
3 years ago
- soho 1 minute ago
Kan açylyaray soñky wagt shu goshgy...
Meň geçen gezek açan Mämeleriň diýen goşgym Kemine şahyryňky, bu Mätäjiniňki
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @mr.writer ++like hoa bul hol gunki goshgy dal
-
soho
3 years ago
- bidereklik hasap edyan, shular yaly temada goshgy yazyanlara welin birhili dushunemok, wasp etmane bashga sy:na gutaran yaly...
-
Mr.WriTer
3 years ago
- soho 1 minute ago
bidereklik hasap edyan, shular yaly temada goshgy yazyanlara welin birhili dushunemok, wasp etmane bashga sy:na gutaran yaly...
Äý bulam bir şahyr ylhamydyrda
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @soho xmm adyna dushunmedm nam manyda ol che to gou dal zat yalila
-
Mister X
3 years ago
- Mämeleriñ - göwüsleriñ diymek
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- wai tovo gy shondan bashga zat yuokdumy yx ((
-
Реалист01
3 years ago
- 😁😁
-
Гость
3 years ago
- Mätäji seretme oňa
LUKMAN_GYZ 3 years ago- ++++++++++++