Internetde söhbetdeşlikler gurlanda, gönüden-göni habarlar, öýjükli telefonlar arkaly SMS alşylanda smaýlikler has köpçülikleýin ulanylýar. Smaýlik (iňlisçesi smiley – ýylgyrmak) söhbetdeş taraplaryň öz duýgularyny habarda görkezýän şekiljiklerdir. Söhbetdeşlikde berilýän şekiljikler-smaýlikler siziň duýgyňyzy, başdan geçirmeleriňizi berip biler. Internetdäki söhbetdeşlikde ulanylýan smaýlikler bu günki gün gazet-žurnallarda hem ulanylyp başlandy.
Söhbetdeşlikde smaýlikleri kompýuteriň klawiaturasyndan tekst görnüşinde ýazýarlar, habary alyjyda olar şekil görnüşine öwrülýärler. Internetdäki söhbetdeşlikde duýgyňy klawiaturadaky belgileriň yzygiderliligi görnüşinde bermegi 1984-nji ýylda ilkinji bolup Skott Falman teklip etdi.


Degişme görnüşli habarlary ibermek üçin ýylgyrmagy, gynanmagy şekilleriň yzygiderliligi bilen ýazmagy teklip etdi. Ilkinji bolup adamyň ýylgyryp duran sary şekiljigini amerikan suratkeşi Harwi Bell işleýän kompaniýasyna çekip berdi.

Şekiljik işgärleri müşderiler bilen duşuşanlarynda, telefonda gepleşenlerinde ýa-da resminamalar bilen işlänlerinde ýylgyryp ruhuny galdyrmak üçin niýetlenilen. Aragatnaşyk we senagt ulgamlarynda döredilen şeýle şekiljikler-smaýlikler haryt belgisi hökmünde seredilip, olaryň eýelerine awtorlyk hukugy berilýär. Ilkinji smaýligi dörediji Harwi Bell her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara ýylgyrma güni hökmünde baýramçylyk geçirmegi teklip etdi.
Ilkinji smaýlikden biziň günlerimize çenli adamyň duýgusyny, ýagdaýyny, hereketini, keşpleri, teswirlemeleri görkezýän smaýlikler nusgawy hökmünde döredildi.

2-nji suratdaky Skott Falman
3-nji suratdaky Harwi Bell

çeşme: bilgirje.ashgabat.in

Bilim, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir