Suwuň reňksizdigini hemmämiz okandyrys ýa-da eşidendiris. Bilermenler suwuň hem reňkiniň bardygyny belleýärler. Suwuň diýseň solak gök reňkiniň bardygyny aýdýarlar. Daş-töweregimize syn edýän bolsak, akar suwlaryň köpüsi mele reňke ýakyn bolýandygyny görendiris. Sebäbi onuň düzümindäki gyrmançalar suwuň şeýle reňkde bolmagyna täsir edýär. Deňiz suwy bolsa, gök bolýar. Onuň hem sebäbi suw asmanyň reňkini yzyna serpikdirmegi bilen baglydyr. Şeýlelikde, ol bize mawy bolup görünýär. Emma aşagy ak reňkli uly göwrümli ýapyk howza syn edenimizde hem onuň dolulygyna düýbi görnüp duran däl-de, solak hem bolsa gök reňklidigini görýäris. Şeýle hem buzuň içine seredilende hem gök reňkiň bardygyny görýäris. Bularyň hiç birinde hem asmanyň reňkiniň täsiri ýok.
Ýeri gelende aýtsak, deňiz suwunyň reňkinde diňe asmanyň reňki däl, eýsem suwda ýaşaýan örän kiçi jandarlaryň we otlaryň hem täsiri bar. Derýadyr kiçiräk köllerde bolsa, suw köplenç ýagdaýda bulançak bolýar. Bulanyk suw şöhläni has köp yza serpikdirýär. Şol sebäpli onuň içini görüp bolmaýar.
Çeşme: bilgirje.ashgabat.in
Suw haýsy reňkde?!
-
loveee_@
3 years ago
- hahaha mugallym suwuň reňki ýok diýdimi
-
loveee_@
3 years ago
- eger-de suwuň reňki ýok bolsa biz onda ony nädip görýäris?
-
Yylgyn
3 years ago
- Suw oz renkinde
-
loveee_@
3 years ago
- Suwuň reňki barmy ýa ýok diýýäňiz
-
loveee_@
3 years ago
- @Yylgyn barmysyňyz sizem
-
Yylgyn
3 years ago
- Hazirlikce yylgyn men Yazmamedow_Mekan
-
loveee_@
3 years ago
- Düshünmedim @Yylgyn diýip girýän Mekanmy?
-
kondidant_98
3 years ago
- loveee_@ hawa suwun renki yok! sen hazir bir renksiz guta suw salyp gor nahili renk! yada kyrantdan akdyryp gor! bilermenler bilenok eken!
-
Paris
3 years ago
- 😕😕😕😕
-
loveee_@
3 years ago
- hmmmmm hawa kyrantdan akdyrsaga reňk ýok, onda çyndanam bilermen ýalňyshýamyka?
-
Paris
3 years ago
- Salam hemma
-
loveee_@
3 years ago
- salam gowmy
-
Paris
3 years ago
- Gou
-
Paris
3 years ago
- Sen nail
-
loveee_@
3 years ago
- gowy menem Hudaýa şükür
-
Arzuwum
3 years ago
- mowzugy çat'a öwrüpsiňiz menem gyzykly çekeleşik bolupdyr diýip girdim
kondidant_98 3 years ago- mugallymym bilen jedel edip tas 2 alypdym, suwun renki yok!