Nämeden gaça durmaly:
1.Ertirlik edinmezlikden. Köp adamlar agşamyna giç ýatýarlar, şonuň üçin olaryň ir bilen peýdaly zatlar bilen meşgullanmaga wagty bolmaýar. Eger-de siz ilkinji naharlanmaňyzy kabul etmän geçirseňiz, onda tiz wagtdan kanagatlandyrylmasy hökmany bolan açlyk duýgusyny duýup başlarsyňyz.
Ertirligiň goýberilmegi günorta arakesme wagtynda ýokary derejeli işdäniň sebäbi bolýar, bu bolsa aşa köp iýmeklige getirýär. Wagtyň geçmegi bilen semizlik we süýji keseli ýüze çykyp bilýär.
2. Köp adamlar pikirlenýän wagtynda ýazýan esbaplaryny «gemirýärler», olarda bolsa zyýanly mikroorganizmler ýygnanýar.
3. Stol başynda dowamly oturmak ýadawlyga getirýär we saglyga negatiw täsir edýär. Iň bolmanda, sagatda bir gezek ýeriňizden turmaga we edarada gezmelemäge çalşyň.
4. Zyýanly iýmit bilen naharlanmak. Şokolad önümleri, çipsiler we beýleki açlygy kanagatlandyrýan belli zatlar organizm üçin zyýanly. Iň gowusy hoz ýa-da miwe kişdeleri bilen iýmitlenmeli.
5. Eger-de siz bütin gün monitor bilen işleşmeli bolýan bolsaňyz, onda göz üçin kyn bolmadyk maşklary ýerine ýetirmäge çalşyň. Işden soň gajetleriň kömegi bilen «dynç aljak» bolmaň: göreje dynç gerek.
6. Göwräni nädogry tutmak. Oňurga bilen meseläniň ýüze çykmazlygy üçin bedeniň durşuna üns beriň.
7. Günorta arakesmäni iş stolunyň başynda geçirmek gerek däl. Ilkinji nobatda bu gigiýena talaplaryna laýyk däl. Üstesine-de, beýnä rahatlyk gerek, muny bolsa iş ýerinde oturyp gazanmak kyndyr.
8. Eger-de siz özüňizi erbet duýýan bolsaňyz, onda işde galmak hökmany däl: iň gowusy etmeli işleriň göwrümine garamazdan, bejergi almaga çykyň.
9. Şeýle-de, ir ýatmalydygyny we günüň dowamynda 7-8 sagatdan az ýatmaly däldigini ýatdan çykarmaly däl. Bu doly derejede dynç almak we güýjüňi toplap ýetişmek üçin ýeterlik.
Çeşme: tmcars.info
Nämeden gaça durmaly
-
soho
3 years ago
- maslahatyn uchin minnetdar!
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- +++++++++++++++++++++++++
-
loveee_@
3 years ago
- sagboluň saglygyňyza serediň
-
Ylmytalyp
3 years ago
- Awtory ozunizmi? Mumkin bolsa cesmesini gorkezseniz? Yetireninize sag bolun
-
loveee_@
3 years ago
- Çeşme:tmcars.info
-
Гость
3 years ago
- Asa kop iymeklik semremeklige sebap bolyar diyaler weli semremejek adam name edende-de semremeya.A tersine suw bn corek iysede semreyanler bar.semremek iyyan iymitine dal-de organizmine bagly zat,yagny olam bir kesel
-
Гость
3 years ago
- Maryly gyz mlds aktiw gatnasyanay.
-
loveee_@
3 years ago
- sag boluň adym Aýlar @gost Maryly gyz diýseňiz birhiliräk dämaý
-
Гость
3 years ago
- Bolya indi Aylar diyayerin.Name ucin birhili?
-
loveee_@
3 years ago
- Aý bilmedimdä
-
Гость
3 years ago
- Aylar indi tema acsan asagynda nirden alanlygynam yaz bolyamy.Ustunlik!dowam ediber.
-
loveee_@
3 years ago
- ok sagboluň goldaýanyňyz üçin
-
Korolewa
3 years ago
- Yetirenin ucin minnetdar
-
loveee_@
3 years ago
- sagboluň sizem okanyňyz üçin
Arzuwum 3 years ago- barsy maňa degişli bularyň))